بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Käbir akyldarlardan habar berlişine görä, bir akyldardan sorapdyrlar: «Seniň ýagdaýlaryň nähili?», ol şeýle jogap beripdir: «Rebbim bilen ylalaşykda. Nebsim bilen dawada. Ýaradylanlar bilen – öwüt-nesihatda. Bu dünýe bilen diňe zerurlykda».

Başy » Kitaplar » Pygamber tebipçiligi » Pasyllara görä edilmeli işler.

Ýaz paslynda gan aldyrmak, ýeňlemek,hoşboý yslary se­pinmek ýaly işler bilen meşgullanmaly, köp jynsy gatna­şykda bolmaly. Tomus paslynda holeranyň möwjemeginden saklaýan sowuk iýmitlere ýüzlenmeli, jynsy gatnaşygy azaltmaly, gan aldyrmakdan gaça durmaly, suwa köpräk düşünmeli. Güýz paslynda sowuk tagamlar bilen ertirlik, gyzgyn tagamlar bilen günortanlyk edinmeden häzir boluň. Melanholiýany (söwda­ýylygy, sussypeslik, salygowşaklyk, göwniçökgünlik) döredi­bil­jek islendik iýmitden gaça durmaly, hammama köpräk gir­meli. Gyş paslynda galyň eşikler edinmeli, ýokumly we goýy iýmitler, çorba (çörek dogralan çorba - الثرائد) bilen nahar-lan­syn. Buharynyň rowaýat etmegine görä, «Äşäniň zenanlaryň arasyndaky hormaty, çörek dogralan çorbanyň beýleki tagam­laryň arasyndaky beýikligi ýalydyr», «Çörek dogralan çorbada bereket bardyr». Bu pasylda eti we et önümlerini köp iýmeli. Içgeçme, gan aldyrma, gusma-gaýtarma ýaly halatlardan sakla­nyp, hereketi we jynsy gatnaşygy köp etmeli.