بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Adyl ýürek adamlaryň şatlyk çeşmesidir. Adyl soltan ähli ýer ýüzüniň şatlygynyň gözbaşydyr. Zalym ýürek adamlara gaýgy-gam getirýän çeşmedir. Zalym soltan ýer ýüzüniň gaýgy-gamynyň gözbaşydyr.

Başy » Kitaplar » Pygamber tebipçiligi » Dermany ulansaň gowumy ýa-da terk etseň?

Derman ulanmaklyga rugsat berlendigi hakda bir pikire uýýarlar. Bir topar adam Pygamberimiziň: «Özüňizi bejeriň, saglygyňyza serediň!» diýeni üçin, derman ulanmagy ýagşy zat hasaplaýar. Çünki Pygamberimiziň özem sag we syrkaw halaty öz saglygynyň aladasyny edipdir. Ol sagdyn wagty hurmany garpyz bilen, az iýmek, günorta çagy sowuk nahar iýmek, hyýar, kişmiş, hurma ýa-da şolar ýaly öň ýatlan zatlarymyzyň şiresi bilen saglygyny gorapdyr.

Syrkawlan pursady bolsa…

 «Resulalla köp syrkawlardy. Onuň ýanyna arap we ajam tebipleri gelerdi. Biz ony tebipleriň salgy beren dermany bilen bejererdik» diýip, Äşäniň gürrüňlerinde ýatlanylýar.

Kagbul Ahbaryň aýtmagyna göra, Allatagala: «Saglyk we şypa meniň elimde, siz saglygyňyza serediň, şypasyny özüm bererin!» diýipdir.

Käbir adamlar bolsa derman ulanmazlygy gowy gördüler. Merweziniň sözlerine esaslanyp, Ymam Ahmediň mümkin boldugyndan dermandan ýüz öwrenligi hakda gürrüňler bar. Ol: «Derman ulanmak rugsatdyr, ulanmazlyk bolsa bir gez beýik dereje (mertebe)» diýipdir.

«Derman ulanmakdan gorkýan syrkawyň ýagdaýy nähili bolýar?» diýip, Ymam Ahmetden sorapdyrlar, ol: «Derman ulanmak Hudaýa bolan töwekgellik ynanjyňa zeper ýetir­me­ýär» diýip jogap beripdir.

Bir gezek Ymam Yshakdan: «Hassa adam derman içse oňat­my ýa-da ony terk etse?» diýip soralypdyr. «Hudaýyň kö­megine bil baglan adam, dermany terk etse göwnejaý ýaly» diýip, Ymam Yshak jogap beripdir. Ymam Yshagyň sözüne Ibn Apbasyň aýdan rowaýaty delildir: «Bir zenan Pygam­berimiziň ýanyna baryp: «Eý, Allanyň ilçisi, meni sagaltmagy üçin Hudaýa doga etsene!» diýipdir. Pygamberimiz oňa garap: «Isleseň, Hudaýa doga edeýin, saňa şypa berer, isleseň agyra sabyr et, saňa jenneti berer» diýende, ol: «Eý, Pygamber, onuň ýaly bolsa sabyr edeýin» diýipdir.

Pygamberimiz alaýhyssalam: «Ýetmiş müň adam uçmaha bisowal girer. Olar tenlerini oda köýdürip, bejergi almadyklar, gizlenip gep diňlemedikler, agyz alartmak üçin gep gezdirme­dikler, yrym-ýoruma uýmadyklar, betgüman bolmadyklar we her bir işde Hudaýyň enaýatyna bil baglanlar» diýdi.

Alaeddin ibn Attarda aglaba musulmanlaryň «derman ulan­mak hökman däl» diýen pikire uýýandyklary hem beýan edil­ýär.

Onuň wajyplygy hakda Ahmet ibn Teýmiýäniň eserlerinde agzalýar we Hezreti Pygamberiň: «Rugsat berlen zatlar bilen bejeriň» diýen sözleri getirilýär.

Abu Bekr Syddyk syrkawlan çagy, ondan: «Seniň üçin te­bip çagyrmalymy?» diýip, sorapdyrlar. Abu Bekr: «Tebip meni eýýäm gördi» diýipdir. Adamlar: «Ýeri ol saňa näme maslahat berdi?» diýenlerinde, ol: «Men öz islän zadymy edýärin» diý­di» diýipdir. Elbetde Abu Bekr bu ýerde Hudaýy göz öňünde tutýar.

Abu Derdadan: «Nämeden ejir çekýäň?» diýip sorapdyrlar. Ol: «Günälerimden» diýip, jogap beripdir. «Küýseýän zadyň nä­me?» diýenlerinde, «Taňry şepagatyny» diýip, jogap berip­dir. «Seniň üçin tebip çagyrmalymy?» diýenlerinde, «Tebip her­näçe ylymly, dermany güýçli bolsa-da, meniň ýazgydymy düzedip bilmez» diýip, jogap beripdir.

Töwekgellik – ýüregiň sydky-jan bilen Hudaýa bil bag­lamasy, daýanmasydyr. Ýöne töwekgel Hudaýyň ýaradan se­bäp­lerini we sebäp bolýan beýleki zatlary inkär etmeýär, gaýta sebäplere ýapyşmak, Hudaýa töwekgellik edenler üçin hök­mandyr. Ussat tebip ilki zerur zatlary ýerine ýetirýär, soňra üstün­lik gazanmak üçin Hudaýa bil baglaýar. Daýhanam edil şonuň ýalydyr. Ilki ýeri bejerýär we tohum sepýär, soňra onuň ösmegi we ýagyş ýagdyrmagy üçin Hudaýyň enaýatyna bil baglaýar. Allatagala: «Ätiýaç çärelerini görüň[1]» diýdi. Pygam­berimiz bolsa: «Her zada dogry düşüniň we Hudaýa töwekgel­lik ediň» diýip aýtdy. Pygamberimiziň: «Gapylaryňyzy ýapyň» diýmesi, ýa-da gowakda üç günläp gizlenmesi muňa mysaldyr.

Keseliň ötüşip, dermanyň peýda etjegi-etmejegi näbelli, gorkuly bolsa ýa-da bir adam zäherli dermanlary bilip ýa-da bilmän içse, Pygamberimiziň sözüne laýyklykda gödek ýal­ňyşýandyr: «Özüni zäherlän adamyň zäheri, jähennem odunda öz eline nahar edilip berler».

Abu Hüreýra: «Uhut söweşinde ensarylardan biri ýaradar boldy. Pygamberimiz Medinede ýaşaýan iki tebibi çagyrdy we «Muňa melhem ediň!» diýdi.

Ýene bir rowaýata görä, Resulalladan: «Eger ýazgyt üýt­gemeýän bolsa, derman ulanmagyň, tebipçiligiň haýry barmy?» diýip soralanda, ol: «Hawa! Çünki derman ulanmagyň özi ýaz­gyt» diýip jogap beripdir.

Hylal ibn Ýassaf: «Pygamberimiz zamanasynda bir adam syrkawlady. Pygamberimiz bize tebip çagyryp gelmegi tabşyrdy. Ol: «Tebip diýýärsiňmi?» diýende, «Hawa» diýip, Pygamberimiz jogap berdi.

Bir gezek Pygamberimiz bir hassanyň halyny soramak üçin, onuň ýanyna barypdyr. Hassa agyra döz gelip bilmän ýatan eken. Pygamberimiz tebip çagyrmaklaryny buýrupdyr. Syrkaw soramaga baranlar we hassanyň garyndaşlary: «Eý, Resulalla, siz tebip diýýäňizmi?» diýip, geňgalyjylyk bilen sorapdyrlar. Pygamber alaýhyssalam: «Hawa, tebip çagyryň!» diýipdir.

Bu hadyslaryň ählisini Abu Nagym «Pygamber tebipçiligi» atly kitabynda beýan etdi.

Zeýt ibn Eslem: «Ýaralanyp gany durmaýan bir adamy bejermek üçin, Pygamberimiz Beni Enmar taýpasyndan iki ada­my çagyryp: «Tebipçiligi haýsyňyz gowy bilýärsiňiz?» diýip soranda, biri ondan: «Ajaly ýetmedik adama derman berme­giň näme haýry bar?» diýip sorapdyr. Pygamberimiz: «Derdini beren Alla, dermanyny hem berer. Belki, derman onuň tiz sagalyp gitmegine sebäpdir» diýipdir. Pygam­beri­mi­ziň: «Tebipçiligi haýsyňyz gowy bilýärsiňiz?» diýip, soraýşy ýaly, bu ugurdan başy çykýan, ussat birini saýlamak gerek.

Şonuň üçinem Galen: «Nadan tebip, gyzdyryp ýatan syr­kawyň ýanyna baryp gaýdansoň ýaramaz bejerýändigi, az bilýändigi we nadanlygy üçin onuň derdi iki esse artar» diýdi. Äşäniň: «Pygamberimiz köp syrkawlardy, onuň ýanyna ara­byň-ajamyň tebipleri üýşerdi» diýýän hadysyny owal ýatlap­dyk.

Derman meselesinde gaýry dinli tebibiň sözüne uýmak dürsdür. Emma şerap we şoňa meňzeş haram edilen zatlardan derman maslahat berse, agyz açmak, oraza tutmak, oturyp namaz okamak ýaly meselelerde oňa gulak asylmaýar. Bu ugurda diňe musulman tebibiň sözi kabul edilýär.

Gaýry dinli tebibiň ot-çöpden taýýarlaýan dermanyny ulanmazlyk hakda Ahmet ibn Hasanyň sözünde: «Müşrigiň ýasan dermanyny içmek halanylmaýar» diýilýär.

Merwezi: «Ymam Ahmet maňa, nasrany (hristian) tebibiň maslahat berýän dermanlaryny satyn almazlygymy tabşyryp: «Oňa haram edilen zäherli we nejis zatlary garyşdyrmagy müm­kin» diýdi.

 

 


[1]Gurhanyň «Aýallar» süresiniň 71-nji aýaty.