بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Pygamberimiz Muhammet (s.a.w.) aýdypdyr: «Ynsanyň bedeninde dört sany gymmatlyk bardyr. Ol gymmatlyklar dört zat bilen harap bolýandyr. Gymmatlyklar: akyl-paýhas; din; sadalyk we haýyrly amallar. Akyl-paýhas gahar bilen harap edilýär. Din bahyllyk bilen harap bolýar. Sadalyk şöhrat islemek bilen harap bolýar. Haýyrly amallar töhmet bilen harap bolýar».

Başy » Kitaplar » Pygamber tebipçiligi » «Si» harpy.«Jim» harpy. «Ha» harpy.

«Si» harpy

ث

·     ثومSarymsak. (Allium sativum). Gyzgyn-gurak tebigat­ly. Içege agyrysyny, ýellenmäni aýyrýan oňat serişde. Sargy hökmünde ulansaň deridäki ýaralary bitirýär. Ony iýmek suw üýtgemesinde(suw üýtgän çaglari)peýdaly. Aýba­şy­nyň ak­magy, düwünçegiň ýoldaşyny agyrysyz çykar­mak, kelleagyry, göz kesellerini bejermekde ulanylýar.

Bir hadysda: «Eý, Aly, sarymsagy çigligine iý. Eger ýany­ma perişde gelmeýän bolsa, menem sarymsak iýerdim» diýil­ýär. Başga bir hekaýatda bolsa Alynyň: «Resulalla sarymsagy bişirmän iýmekligi gadagan etdi» diýen sözleri getirilýär.

Sarymsak sowuklama bilen kesellänlere, sowukganly, ýar­py göwresi şel bolan adamlar üçin örän oňat iýmit. Içegede dö­rän agyryny, ýellenmäni aýyrýar. Sowuklama kesellerinde, awuly haýwanlar çakanda zäheriň garşysyna iň oňat serişde. Owradylan sarymsagy ýylan ýa-da içýan çakan ýerine sargy edip ýapsaň tiz şypa berer. Ol bokurdak agyrysyna peýdaly we gakylyk goparyjy serişde hökmünde bellidir. Bulardan başga-da onuň örän köp peýdasy bar.

Enes: «Bu miwäni iýen kimse metjidimize golaýlaşmasyn» diýdi. Sarymsagyň agyzda galan ýakymsyz ysyny porsuja (por­sukert سذاب) otuny çeýnemek bilen aýryp bolýar.

·     ثلح و جليدGar we buz. Olary iýmek aşgazana we bagra örän zyýanly. Esasanam bu saly gowşak, ejiz adamlara ýiti täsir edýär.

«Jim» harpy

ج

·     جبنÝag. Täze ýaglaryň tebigaty sowuk-çygly. Köne ýag­laryň tebigaty gyzgyn-gurak bolýar. Iň oňady şol ikisiniň ara­lygyndaky ýagdyr. Täze ýag örän ýokumly we semrediji bol­ýar. Duzly ýagy köp iýmek teniňi arrykladýar, ýöne jynsy hö­we­siňi artdyrýar.

Ümmi Selme Pygamberimize gowrulan ýag eltendigini, Pygamberimiziňem ony iýip, täret almazdan namaz okan­dygyny gürrüň berdi.

Gowrulan ýag aşgazan-içege ýaralaryny bitirmekde we içgeçmä garşy iň oňat serişdedir.

·     جرجيرAjybalgaz. (Nasturtium officinale).Tebipler oňa «Äşäniň oty» diýibem at berýärler. Ajybalgaz gyzgyn-çygly tebigatly ösümlik bolup, jynsy gatnaşyga bolan höwesiňi joşur­ýar. Bu ot hakynda Pygamberimiz: «Ajybalgaz ýara­maz gök önümdir. Göwnüme bolmasa, ol dowzahda bitýän ýaly» di­ýip­dir.

 جرادÇekirtge. Gyzgyn-gurak tebigatly, ýokumlylygy az bolan haýwan. Çekirtgäni yzygider iýip ýörmek horluk derdine uçradýar, süňňüňi arrykladýar. Ibn Abu Awfy: «Biz Pygam­be­ri­miz bilen ýedi jeňe gatnaşdyk, iýmitimiz hem çekirtgedi» diýdi. Bu hakynda Omar: «Gowrulan çekirtge iýesim gelýär» diý­se, Enes: «Pygamberimiziň aýallary bir-birege çekirtge sowgat ederlerdi» diýdi.

·     جزرKäşir.(Dancus). Bu ösümlikde ýellendiriji we gyz­gynlyk ýaly täsirler bar. Käşir nahara bolan işdäňi açýar. Käşir tohumyny içmek aýbaşyň we peşewiň agyrysyz akma­gyna peýda berýär.

·     جمارHurma maňzy.Ak reňkli, sowuk-gurak tebigaty bolan, içgeçmäni saklaýan we haýal siňýän miwe. Ibn Oma­ra salgylanyp aýtmaklaryna görä, Pygamberimize hurma maň­zy­ny getirip berenlerinde: «Ynsanlaryň arasynda mu­sul­ma­na nä­hi­li hormat edilen bolsa, daragtlaryň arasynda-da hurma aga­jy­na aýratyn bereket berlendir» diýipdir.

·    جوز الطيبMuskat hozy. (Juglans muscus).Gyzgyn-gurak tebigatly. Durkuňy saklamakda, agzyňda ýakymly ysyň döremeginde peýdalanylýar. Onuň ukladyjy täsiri bolup, ada­ma edýän täsiri haşhaş samanynyňky ýalydyr. Işsiz adamlar wagtyny hoş geçirmek üçin, onuň üstüne zagpyran we şeker goşup ulanypdyrlar. Muskat hozy nahary tiz siňdirýär, ýöne ony aşa köp ulanýanlaryň tiz zaýalanma­gyna sebäp bolýar.

·     جوز الهندKokos hozy.Hindi hozy. (Juglans indica). Gyz­gyn we çygly tebigatly. Jynsy höwesiň artmagyna ýardam berýär. Ol edil kedr hozy ýaly täsir edýär.

·     جوزHoz. (Juglans regia).Gyzgyn-gurak tebigatly. Kähalatlar kelleagyryň döremegine getirýär. Aşgazan üçin ýaramsyz, siňmesi agyr bolan ösümlik. Hozuň ter-täze miwesi guran miwesinden has peýdaly. Ary baly bilen garylan hoz bokurdak agyrylaryny aýyrýar.

Ibn Sina: «Injir, hoz we porsuja otuny iýmek ähli zäheriň garşysyna dermandyr» diýdi.

Diskorit hem edil şonuň ýaly aýtdy. Ol: «Eger heläk edi­biljek zatlardan öň ulanylsa gorap saklar, soň ulanylsa zäherini aýrar» diýdi.

Muhezzepden rowaýat etmeklerine görä, «Mansuryň ýany­na giremde, onuň hoz bilen ýag iýip duranyny gördüm. «Bu näme?» diýip soranymda, ol maňa bakyp: «Kakam maňa atam­dan eşidip gürrüň berdi. Ol hem Pygamberimiziň hoz bilen ýag garyp iýip duranlygyny görüpdir we onuň nämeligini sorapdyr. Şonda Pygamberimiz: «Ýag bir dert, hoz hem bir dert. Iki dert birleşse derman bolýar» diýipdir.

«Ha» harpy

ح

·     حبة سوداءGaraçörek.(Nigella). Buhary oňa ikinji dere­jeli, gyzgyn-gurak tebigatly ösümlik diýdi.

Abu Hureýreden eşidip, şeýle rowaýat etdiler: «Size garaçöregi ulanmagy maslahat berýän. Onda ölüm awusyndan özge ähli kesele şypa bardyr».

Arap dilinde «Habbatus-söwda» diýilýän, garaçörek ösüm­li­gini parsça «Şowniz» atlandyrýarlar. Al-Jeremi Hasandan eşi­dip, ol ösümligiň gorçisadygyny (خردلhardal, sary-gülli ösüm­lik) aýtdy. Hyrawy bolsa onuň terpentin (batam,بطمhwoýaly agaçlardan alynýan smolaly jisimleriň garyndysy) agajyndan başga zat däldigini aýdypdyr.

Abdyllatyp: «Şowniz» garaçörekdir. Oňa «hindi tmini» hem diýilýär. Onuň saglyga berýän peýdasy çaksyz köpdür. Şo­nuň üçin onuň ähli derdi-belany aýyrýan kämil dermanlygy hakdaky gürrüňler köp ýaýrady. Elbetde bu ýerdäki «ähli derde derman» diýen söz, onuň ähli derde däl-de, örän köp derde dermandygyny aňladýar. Allatagalanyň «Ol ähli närseden ba­gyş edilen[1]» diýen sözleri hem muňa mysaldyr.

Şu dermanda hem şonda aýdylyşy ýaly kesel bejeriji täsir köpdür. Elbetde munuň anygyny Alla we onuň resuly Muham­met pygamber bilýär. Biziň ylmymyz oňa ýeterden ejiz. Py­gam­berimiziň bu hakda agzap geçmegi onuň: «ٍٍSäher turup, ýedi sany hurma bilen ertirlik edinýän adama şol günüň do­wa­mynda zäher we jady täsir edip bilmez» diýşi ýaly ýa-da «El­bet­de siňegiň bir ganatynda zäher, beýleki ganatynda şypa bar­dyr» diýip aýdyşy ýalydyr. Sebäbi biz muny eşitsegem, onuň nädip şeýle bolýandygyna akylymyz çatmaýar. Şunuň ýaly zatlar örän köp bolup, bu habarlaryň ählisi Pygam­beri­mi­ziň keramatyna nyşandyr.

Garaçörek (şowniz) sowuklama bilen bagly ähli kesellere peýdaly. Oňa özge zatlaryň käbirini goşsaň welin gyzgynlyk bilen bagly dertleri hem tiz bitirýär. Bu edil tebipleriň zag­py­ra­nyň üstüne kamfara dänesini goşup ulanyşy ýalydyr. Garaçörek ýellenmäni, heýwere keselini aýyrýar, dört günden gaýtalanýan gyzzyrmany bejerýär. Burun dykylmasyny açmakda, bokurdak mäzleriniň çişmesiniň aýrylmagyna, ýeli çykaryjy hökmünde, çygly aşgazany guratmakda, peşewiň, aýbaşynyň we süýdüň kadaly hem agyrysyz akmagynda giňden ulanylýar. Ony sirke bilen garyp, garnyň üstüne sargy edip ýapsaň «kädi çigidi» (حب القرع) diýilýän aşgazan gurçugyny öldürýär. Güýçli ýoňlamany, dümewi bejerýär. Onuň sykylyp alnan ýagyny ysgamak ruhy ke­sellerini bejermekde peýdaly. Siňňili we haly aýyrmak üçin giňden ulanylýar. Ony sürteseň saçyňy we sakgalyňy tiz ösdür­ýär, saç agarmasynyň öňüni alýar. Tmin gaýnadylan suwdan bir mysgal alyp içmek demgysmany aýyrýar, möý çakanda zä­he­rini ýok edip, şypa berýär. Her günde tmin gaýnadylan suwdan 2 dirhemlik[2] içmek it dişlemesi zerarly dörän agyryny aýyryp, heläk bolmakdan gorap saklaýar. Ony tütetmek mör-möjekleri, çybyn-çirkeýi gidirýär. Tmini çörek bilen iýmek iç ýellenmesini aýyrýar, kelleagyry, ysmaz, ýüz ysmazy (gyşar­masy) ýaly dertlere peýda berýär, çakyzaň tutanda, pulsuň iş­leý­şini gowulandyrmakda, bürme keselini (سبات), huşsuzlygy, başaýlanmany we bokurdak mäzleriniň çişmesini bejermekde iň oňat serişde. Tminiň peýdalary örän köpdür. Onuň ählisini bilmek isleýänlere tebipleriň ýazyp giden uly eserlerini oka­magy maslahat berýän. Sebäbi şol kitaplarda tminiň peýdasy hakynda bu kitaba sygmajak örän köp peýdalar beýan edilen. Şol ösümligiň şeýle peýdalydygy hakynda tebipler bilen bolsa, onda ol hakynda Pygamberimiz, gör nämeleri bilendir? Öňki ötenleriň az sanly ylmy öňki-soňkyň serweri bolan Pygam­beri­miziň ylmynyň ýanynda hiç zatdyr. Goý oňa, onuň maş­ga­la­syna we dost-ýaryna kyýamat gününe çenli hemişelik salawat bolsun!

·     حب الصنوبرKedr hozy.Gyzgyn-çygly tebigatly, ynsan tohumyny artdyrýar. Turşy nar bilen garyşdyryp ulansaň zäher­lenmä garşy oňat serişde bolup hyzmat edýär.

 حرف، حب الرشادSalat. Kres-salat. (Lactuca sativa).Gyzgyn gurak tebigatly ösümlik bolup sowuk howa sebäpli dörän ganly içgeçme keselini bejerýär, jynsy höwesiňi oýarýar. Kres-salaty tütedip ýakmak mör-möjekleri, çybyn-çirkeýleri giderýär. Içegeleriň ýellenmesini, aşgazanda döreýän agyryny, sanjyny aýyrýar. Kres-salat edil gorçisa (خردل) ýaly täsir edýär. Pygamberimizden rowaýat etmeklerine görä: «Iki zatdaşypa bardyr: Biri sabyrlylykda, ýene biri kres-salaty peýdalan­mak­da» diýipdir.

·   حصرمGök üzüm (bişmedik). (Viris vinifera).Sowuk-gurak tebigatly bolup, öt bilen (safra) baglanyşykly keselleri bejerýär. Üzümiň sykylyp alnan suwy içgeçmäni we gusmany aýyrmakda iň oňat serişdedir. Jynsy höwesiňi oýarýar. Sykylyp alnan üzüm suwuna narpyz ýa-da burç garyp içmek ýürek bulanmany dessine kesýär.

·   حريرÝüpek.Gyzgyn-gurak tebigatly bolup, iň oňady tebigy, entek önüme öwrülmedik işlenilmedik ýüpekdir. Ol endama ýakymly bolup, ýüpek geýimleri geýmek bitiň dö­re­me­gine päsgel berýär. Bu pikir Ibn Sinanyň «Ýüpek geýim geý­mek bitleri döredýär» diýen sözüniň tersinedir.

Buharynyň we Müslimiň rowaýat etmegine görä, Pygam­berimiz Ibn Awfa we Zübeýda ýüpek eşik geýinmäge rugsat beripdir. Çünki olaryň endamynda gijilewük bar eken. Başga bir rowaýatda bolsa söweş möwsüminde ol ikisiniň bitden, büreden zeýrenip Pygamberimize şikaýat edenligi, Pygambe­ri­miziň bolsa olara ýüpek eşik geýinmäge rugsat berenligi aýdylýar.

Ýüpek eşik geýinmek gara öthaltanyň (söwdaýy) zyýanly zäheriniň bölünip çykmagyny azaldýar, ýürek-damar keselleri­ni bejerýär, olaryň işleýşini güýçlendirýär. Ýüpek geýim geý­mek erkeklere gadagan edilen zatdyr.

Başga bir hadysda aýdylyşyna görä, gadagan (haram) edi­len zatlary derman hökmünde peýdalanmaga rugsat berlipdir. Şa­pygy mezhebinde gijilewük we ýene-de birnäçe derdi bejer­mek üçin ýüpek geýinmeklige rugsat berlen. Emma Ymam Mälik ony gadagan etdi, belki-de onuň ýeterlik delili bolmagy mümkin.

Abu Musadan rowaýat etmeklerine görä, Pygamber alaý­hyssalam: «Allatagala altyny we ýüpegi ymmatymyň zenan­la­ry­na halal edip, erkeklerine haram etdi» diýipdir. Abu Der­da­dan eşidip, gürrüň bermeklerine görä, Pygamberimiz: «Allata­gala derdi we dermany bile iberdi. Her derdiň özüne derman ýaratdy. Özüňizi şolar bilen bejeriň, ýöne gadagan edilen zat­lara ýüz urmaň» diýipdir. Pygamberimiziň: «Özüňizi bejeriň» diýen sözi buýrukdyr.

Onuň gadagan edilmesi şol zadyň haramlygyna delildir.

Pygamberimiz hem saglygyny bejerdýärdi. Bu hakda Abu Hüreýreden eşidenler «Halal zat bilen özüni bejerene şypa bardyr. Haram bilen saglygyna seredene Hudaý şypa bermez» diýdi. Başga bir hadysda: «Pygamberimizden «şerap-çakyrda şypa barmydyr?» diýlip soralanda, «Ol derman däl-de, dert» diýipdir.

Abu Hüreýre: «Hapa zatlar bilen özüňi bejermegi Pygam­berimiz gadagan etdi» diýdi. Ibn Agraby «hapa», «hapysa» diýen söze düşündiriş berip, şeýle diýdi: «Arap dilinde hala­nylmaýan zada hapa, hapysa diýilýär. Eger «hapa söz» diýilse ol sögünçdir, «hapa millet» diýilse kapyrlardyr, «hapa tagam» diýilse gadagan edilen, haram bolan tagamlar göz öňünde tutulýar. «Hapa şerap» bolsa zyýanly içgi diýildigi».

Osman ibn Abdyrahman: «Bir tebip Pygamberimiziň ýanyn­da gurbaganyň derde dermandygyny ýatlady. Pygambe­rimiz hem bize gurbagany öldürmegi gadagan etdi» diýdi.

Taryk ibn Suweýd Pygamberimize garap: «Eý, Resulalla, biz öz topragymyzda bitýän üzümleriň sykylyp alnan suwuny içýäris» diýende: «Ýok, beýtmäň» diýipdir. Taryk ýaňky sö­züni ýene gaýtalap: «Biz onuň bilen syrkawlaram bejerýäris» diýende, «Ol şypa däl-de, derdiň özüdir» diýip, Pygamberimiz jogap beripdir.

Hattaby: «Üzüm şerabyny içmekligiň günädigi üçin, Py­gamberimiz ony «dert» diýip atlandyrdy» diýdi. Meniň pi­kirimçe onuň aýdan bu sözünde peýda ýokdur. Sebäbi üzüm şeraby hakda soran adam ony içmegiň günädigini bilmän duranokdy. Ol diňe şonuň tebigy peýdasy hakda soraýardy. Pygamberimiz bolsa ony inkär etdi. Herki zadyň dogrusyny Alla bilýär. Ýöne käbir keseller üçin onuň (gutulgysyz) der­mandygy mälim. Pygamberimiz ony dünýä durmuşyndan aý­ryp ahyrete, tebigatdan aýryp şerigata baglap aýdypdyr. Käbir kimseler, arak-şerabyň haram edilendigi üçin Allatagala onuň dermanlyk täsirini aýrypdyr diýýärler. Anygyny Alla bilýär.

Kapyrlar, bozuk, ýaramaz we günäli adamlar ony öwüp aň­rybaş derejä ýetirdiler.

Arak-şeraby gadagan edip, bizi yslam ýoluna gönük­dir­me­gi, Hudaýyň bagyş eden nygmatlarynyň biridir. Ony gadagan etmekde biziň dinimiziň kämilligi we Hudaýyň bize bolan mähri ýatyr. Ony içip ýörmek Hudaýyň bizde ýaradan kämil zatlaryny gidirer, ol akyldyr. Eger ony satyn alyp bolýan bolsa, ähli ruhlar baýlygy däl-de, şony gazanmak üçin jan ederdi. Arak-şeraby içen adam onuň zyýan-zelellerini dessine duýup başlar. Kim ondan içse erkini giderer we ýaramazlykdyr gada­gan­lyklara baş urar. Haram edilen jynsy gatnaşyga ýüz urar, hatda akylyny aldyryp, haram gatnaşygy halal saýar. Ondaky ähli ýaramazlyklary, egin-başa buşugyp ýörmek, ýorgan-dü­şe­ge, köýnek-geýime gusmak ýaly zatlary özüne endik edi­ner. Hudaýyň şonuň ýaly gadaganlyklarynyň biri bolan – özüňe kast etmeklige çenli alyp barar. Çakyry çakdanaşa köp içeniň şol zerarly ýogalmagy mümkin, ýa-da birnäçe günläp iýgisiz, içgisiz, özüne gelip bilmän gyzdyryp ýatar. Köp bendeleriň duçar bolan şol belasyndan Hudaýyň özi öz mähri bilen sak­lasyn! Eger şu aýdylanlara sähelçe gümanyň bolsa, onda alymlardan sorap görmegiňi maslahat berýärin.

·   حلبةBoýdäne. (Trigonella).Gyzgyn-gurak tebigaty bo­lan ösümlik. Ony gaýnadyp içmek aýbaşyň agyrysyz we ýeňil ak­masyna peýda berýär. Aşgazan-içege ýollarynda dörän sanjyny aýyrýar. Ony iç ýuwmada hem, gaýnap hem ulanyp bolýar. Bu ot hakda Pygamberimiz: «Boýdänede ne­neňsi peýdaň bar­dy­gyny bilselerdi, ymmatym ony agramyna gyzyl berip, satyn alardy» diýdi.

Onuň esasy häsiýetleriniň biri agzyňda ýakymly ys döred­ýär, deri we peşew sebäpli ýüze çykan ýaramaz, porsy ysyň deregine jana ýakymly hoşboy ys berýär.

·   حلويHalwa-süýji.Eger onuň düzüminde şeker köp bolsa, ol gyzgyn-çygly önümlere degişli. Ol bogaz çişini bejerýän serişde hökmünde belli, üsgülewige peýdalydyr. Halwa örän ýokumly iýmit bolup, eger onuň düzüminde ary baly bar bolsa, öt haltasynda (söwdaýy) agyry-derdi bolan adamlary bejermek üçin iň oňat serişdedir.

Äşe hem Pygamberimiziň halwany we baly halaýandygyny aýdypdyr.

 حلوي الخبيصةHabys halwasy.(ýag we hurma garylyp ýasal­ýan süýji) öt bilen baglanyşykly keselleri, inçekeseli bejerýär. Ol ukusyzlykdan ejir çekýänler üçin iň oňat şypadyr.

·   حمصNohut. (Cicer).Gyzgyn-çygly tebigaty bolan ösüm­lik­dir. Gara nohut ýokumlylygy we şypa beriji täsiri taý­dan gy­zyl nohutdan güýçli. Gyzyl nohut bolsa ak nohutdan ýokumly hasaplanýar. Nohut käteler içde ýellenmäni dö­redýär. Ol jynsy höwesiňi oýandyrmakda, ynsan tohu­my­ny, zenan süýdüni art­dyrmakda, reňkiňi gowulandyr­mak­da iň oňat serişdeleriň biri hasaplanýar. Hamyr ýugur­makda hamyrmaýa nähili orun tutýan bolsa, nohudyň ynsan süňňüne edýän täsiri, berýän peý­dasy hem edil şonuň ýalydyr. Tebipleriň aýtmagyna görä, «Jynsy gatna­şyga taýyn bolmak üçin 3 sany zat zerur. Şolaryň ählisi nohutda bardyr».

·   حمام وحشيGögerçin.Tebigatynda çyglylyk az bolan guş. Gögerçin jüýjesiniň tebigaty has çygly bolýar. Gögerçin eti jynsy gatnaşygyň güýçli bolmagyna uly kömek berýär. Gany­gyzgyn ýa-da guduzlama keseline duçar bolanlara gögerçin etini bişmedik gök üzüm bilen bile iýdirmeli. Eldekileşdirilýän gögerçinleriň eti guruşma, damar çekme kesellerine, sandyra­ma­sy bolan adamlara, igleme derdi bolanlara oňat şypa hök­mün­de tanalýar.

Hüseýinden eşidip aýtmaklaryna görä, gije höwürtgesinde ýatan guşy örüzmeli däl, çünki gije olar üçin dynçlyk çagydyr.

·   حمار وحشيGulan.Gyzgyn-gurak tebigatly haýwan bo­lup, onuň etini iýmek ganyňy goýaldýar. Bil we böwrek agyrysyny bejermek üçin onuň ýagy oňat dermanlaryň biri hasaplanýar. Abu Katadanyň gulan awlamakda meşhurlyk gazanandygy hakda aýdýarlar, emma Pygamberimiz öýde saklanýan gulanyň etini iýmegi gadagan edipdir.

·   حنظلTürşek. (Citrullus colocynthis).Gyzgyn-gurak te­bi­gatly, onuň dänesini we paçagyny iýmekden gaça durmaly. Gyrgyçdan geçirilen türşek bilen pisse maňzy garylyp alyn­ýan ýagyň şypa beriji täsiri bar. Biýarasynda ýekeje miwesi bolan türşek jana howp salyjydyr.

Resulalla: «Ikiýüzli adamlar edil türşek ýalydyr, olaryň ysy ýok, tagamy bolsa ajydyr» diýdi.

·   حنطةBugdaý. (Triticum aestivum).Gyzgyn tebigatly, çyglylygy we guraklygy kadaly bolan ösümlik. Ony gowrup iýseň, aşgazanda we içegede gurçugyň döremegine, içiň ýel­len­­megine getirýär. Ony degirmende un edilip üwelenden soňra birnäçe gün garaşyp, soň hamyr edip, bişirip iýmek gerek.

·   حناءHyna. (Lawsonia).Sowuk-gurak tebigatly. Ony gyzgyn tebigatly ösümligem hasaplaýarlar. Agyzda we agyz boşlugynda dörän ýaralary bitirmekde, agsyl (قـُـلاع) derdini bejermekde, gyzgyn çişleri ýatyrmakda peýdalanylýar. Hy­na­nyň gaýnadylyp alnan suwuny ýananýere çalsaň tiz bitirýär. On­dan alnan boýag saçyňy gyzardýar we oňat täsir edýär. Dyrnaklaryň döwülmeginiň öňüni alýar. Kese­liň başlangyç döwründe hyna bilen boýansa, mama bilen kesellän adama mama golaýlaşmaz we asla ýokaşmaz. Özem bu synag edilip görlen zat.

Ümmi Selme şeýle rowaýat etdi: «Resulalla bir ýerine ýara çyksa ýa-da eline tiken batsa hökman hyna çalnardy». Buha­ry­nyň «Taryhynda» şeýle diýilýär: «Başym agyrýar diýip Py­gam­­berimize ýüz tutanlara gan aldyr, aýagym agyrýar» diýen­lere hyna çalyn (boýan!) diýen sözlerden başga zady aýtman­dyr».

Abu Hüreýre hem Pygamberimiziň: «Ýehudylar we tersalar hyna çalynmaýar. Siz olaryň tersine boluň» diýenini aýtdy.

Ahmet ibn Hanbal: «Ähli - kitaba1 meňzejek bolup çal sa­çyny üýtgetmeýänleri halamok». Pygamberimiz: «Çal saçy­ňy­zy üýtgediň, ýöne ähli-kitaba meňzemäň» diýdi.

Ahmet: «Ýekeje gezegem bolsa hyna çalnyp gör. Ýehudy­lara meňzemezlik üçin hyna çalynmagyňy isleýärin» diýdi.

Abu Zerden eşidip aýtmaklaryna görä, Pygamberimiz: «Garrylygyňyzy hyna bilen üýtgetmek iň oňat emdir» diýipdir.

Abu Rafyg Pygamberimiziň ýanynda otyrka, onuň eli bilen başyny sypap: «Size boýaglaryň serweri bolan hynany ulanma­gy maslahat berýärin. Ol jana ýakymly we jynsy höwesiňizi güýçlendirýän zatdyr» diýenini gürrüň beripdir.

Enes: «Hyna çalynyň, ol siziň juwanlygyňyzy, görküňizi we jynsy höwesiňizi artdyrar» diýdi.

Muwaffak Abdyllatyp: «Hynanyň reňki ýakymly (ýuwan) gyrmyzydyr. Ol söýgi güýjüni heýjana getirýän, atyr ysly zatdyr. Ötüp giden adamlaryň hemmesi diýen ýaly hyna bilen boýanardy. Mysal üçin Muhammet Hanapyýa, Ibn Sirin we başga-da birnäçeler şeýledir. Abu Bekr, Omar, Abu Ubeýde dagylaram hyna çalynýan eken. Ibn Omar bolsa hyna bilen sakgalyny sary reňke boýapdyr» diýdi.

Ümmi Selmäniň Pygamberimiziň, saçyndan bir taryny öz­lerine görkezendigini, onuň hem hyna we nil boýag bilen boýa­landygyny gördük diýip, Buharynyň kitabynda ýatlanylýar.

Enes hem Pygamberimiziň boýalan saçyny görüpdir. Indi Ümmi Selmäniň «Resulalla bir ýerine ýara çyksa ýa-da eline tiken batsa, hökman hyna çalnardy» diýen sözlerinde durup geçeliň.

Elbetde, ýarany bejermek üçin, täze etiň ösüp çykmagy üçin, ondaky çyglylygy guradýan serişdeler gerek. Hyna hem ýaraly ýerde etiň ösmegine päsgel berýän çyglylygy guradýar. Tiken hakda aýtsak, hynada beden agzalaryny ýumşadyjy güýç bolup, ol tikeniň aňsat çykmagyna ýol açýar. Hynany ýüň geýimleriň arasynda goýsaň, ony oňat saklaýar, güýe düş­mez­ligine ýardam berýär.

Synag geçiren käbir adamlar şeýle diýdi: «Hynanyň ýap­ragyny suwda ezmeli, soňra sykyp şiresini almaly. Her günde 40 dirhem agramyndaky hyna şiresini 10 dirhemlik şeker bilen garyp içmeli we guzy eti bilen naharlanmaly. Bu düzgüni 20 günläp ýerine ýetirseň heýwere keseliniň öňüni alýar we bejerýär.


[1]Gurhanyň «Garynjalar» süresiniň 23-nji aýaty.

[2]Dirhem ¾ölçeg birligi, takmynan 1 dirhem 3,12 grama deň.

1Ähli-kitap ¾Töwrata we Injile uýýanlar.