بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Hatim al-Ýaasama rahmetullah aýdypdyr: «Kimde-kim dört zady başga dört zatsyz tassyklaýan bolsa, biliň, onuň aýdýany ýalandyr: 1) kim Allahy söýýän diýip-de, haramy terk etmeýän bolsa, onuň tassyklamasy – ýalandyr; 2) kim pygamberi (s.a.w.) söýýän diýip-de, garyplara we mätäçlere ýaramaz garaýan bolsa, onuň tassyklamasy – ýalandyr; 3) kim jenneti söýýän diýip-de, sadaka bermeýän bolsa, onuň tassyklamasy – ýalandyr; 4) kim dowzah odundan gorkýan diýip-de, günä işlerini taşlamaýan bolsa, onuň tassyklamasy – ýalandyr».

Başy » Kitaplar » YLYM BARADA KITAP » Giriş.

Elbetde, oýlanýan,ýüregi bar bolan adam üçin
bu zatlarda nesihat bardyr.[1]

 

BISMILLÄHI-R-RAHMANY-R-RAHYM

GIRIŞ

   Birinjiden, Taňrynyň beýikligini hakyky taryplaýjylardan kemter taryplaýan hem bolsam, men Ony üznüksiz we çäksiz taryplaýaryn. Ikinjiden, onuň ähli pygamberlerine, aýratyn hem adam­zadyň we pygamberleriň serweri Muhammet alaýhys­sa­lama alkyş aýdýaryn we ýalkawlyk isleýärin. Üçünjiden, «Ih­ýauulumid-din»[2] atly kitabymy ýazmaklygym üçin kalbyma yl­ham nuruny guýandygy sebäpli damarlarymda Beýik Taňra çäksiz şükranalyk duýgusy tirseldeýär. Dördünjiden, eý, özüni ulumsy tutup, pespäl adamlara göwni ýetmeýän we sowatly adam­laryň dürs sözlerini inkär edip, özüni hondanbärisiräp te­kep­birlige salýan kişi! Men seniň gapyllyk tümüňden hakykat daňyna çykmaklygyňa ruhy taýdan goldaw bermekligi çyndan maslahat berýärin. Çünki, seniň ruhy göýdükligiňi görüp, di­lime daňylan dymmaklyk düwüni çözüldi we men ondan söz­le­mek monjugyny düzmekligi niýet edindim. Sende nadanlyk meý­da­nynyň çygryndan çykyp, hakykat örüsiniň çäklerine ara­laş­ma­gabolanymtylyş yhlasyň durnukly däldir we özüňden nadanlyk derdini gidermeklige bolan yzygiderlitutanýerliligiňýokdur. Halkyň asylly däplerine eýermeklige derek, tersine haý­sy­dyr bir bedasyl adamyň ýaramaz täsirine düşmeklige me­ýil­lisiň. Beýle meýil bolsa kalbyňy päkläp, Taňra yhlasly ybadat etmekligiňe böwet bolýar.

Alym Taňry bendesini Taňrynyň dürs ýoluna gönükdir­mek­lik üçin jany-teni bilen öz ylmyna amal etmelidir. Şeri­ga­tyň eýesi bolan Pygamber alaýhyssalam (goý, Beýik Taňrynyň oňa salamaty we ýalkawy bolsun!) alymlar barada «Kyýamat gü­ni iň agyr azap beriljek adam, özüne berlen ylymdan peýda­lan­magy Allanyň nesip eýlemedik alymydyr» diýdi.

Eý, alym! Pygamber alaýhyssalamyň bu sözi köpçüligi gurşap alan nadanlyk derdinden gutarmaklygyň üçin ylmyňy dilewarlyk bilen adamlara wagyz etmeklige borçly edýär. Eziz ömrümden kasam bolsun, bu asylly işden çetde durup, özüňi tekepbirlik bilen alyp barmaklygyňa seniň asla hakyň ýokdur. Çünki, tekepbirlik hem, nadanlyk hem ynsany ruhy betbagt­çy­ly­ga alyp barýan düýpli sebäpdir.

Her bir bende Beýik Taňrynyň ýoluna gadam urýandyr. Bu saparyň ugraýyş menzili bolan dünýä onuň yzynda galýar, mak­sat tutan arzuwly duralgasy öňünde bolýar. Onuň ýoly uzak­dyr, göteren azygy ujypsyzdyr, howp-hatary uludyr we päs­gel­çilikleri köpdür. Taňry hemme zady görüjidir we bu ýol­daky ýaramaz etmişleri ýazgaryjydyr. Eý, alym! Sen ylmyňy ile ýaýmak we oňa amal etmekligi ündemek bilen köp bendäni Taňrynyň dergähinde ýüzügara bolmakdan saklarsyň. Çünki, ben­de ahyret ýolunyň betbagtçylyklaryndan gapyldyr we aly­myň öwüt-nesihatyna gönüden-göni mätäçdir.

Hakyň ýoluny görkezijiler bolan alymlar pygamberlerden baýlyk däl-de, eýsem ylym paýyny alan mirasdüşerlerdir. Bu dö­würde beýle alymlar galmady diýen ýaly. Ýöne alymlaryň käbirleri öz borçlaryna sowuk-sala garadylar, şeýtanyň alyna dü­şüp, bozuk ýola girdiler we geldi-geçer dünýäniň baýlygyna ko­walaşyp, borçlaryndan daşgary zatlara başagaý boldular. Ne­ti­jede, adamlary ýagşy işleri etmeklige ündemekligiň deregine, olaryň özleri hem bozuklygyň ýoluna düşdüler. Din ylymlary Hakyň ýoluna gönükdiriji täsirli serişdeler bolmagyň ýerine, ha­kykatyň ýiti ýagtysyny kemeldip, ýurtlara öçügsi şöhle saç­dy­lar. Din alymlary pitwalary çykarmaklygyň üsti bilen mese­le­leriň çözgütlerini bermekden başga ylmyň ýokdugy baradaky kesgitnamany öňe sürüp, adamlaryň aňyna bulaşyklary saldy­lar. Dilewar adamlar sazlaşykly kyssa bilen ýazylan düşünmesi kyn bolan sözler bilen çykyş edip, sowady pes bolan kişileriň hakykatyň syrlaryny aňlamaklarynyň öňüne böwet goýdular.

Ahyret ýolunyň ylmyny we öten ýagşyzadalaryň miras gal­dyran däplerini Päk Taňry öz kitabynda «fykh»,[3] «parasat»[4], «ylym», «ýagtylyk», «nur», «hidaýat»[5], «ruşd»[6] diýen ýaly söz­ler bilen atlandyrdy. Ýöne ol adamlaryň arasynda hyýaly dü­şünjelere we rowaýatlara öwrüldi. Men dindäki beýle nog­san­lyklary we onuň abraýynakölege salýan garaňky manyly söz­leri görüp, şu «Ihýauulumid-din» atly kitaby ýazmaklygymöhüm hasapladym. Onda irki döwrüň ylymlarynyň esas edip goýan meýilnamalaryny hakyky görnüşinde açyp görkez­mek­ligi we pygamberleriň hem öten ýagşyzadalaryň beren peýdaly nesihatlaryny beýan etmekligi maksat edindim.

Men bu kitabymy dört sany çärýege[7] böldüm Olar: yba­dat­lar çärýegi, adatlar çärýegi, heläk ediji zatlar çärýegi we halas edi­ji zatlar çärýegi. Men kitaby ylym baradaky söz bilen aç­dym. Çünki, ylym örän möhüm ruhy gymmatlykdyr. Sen Py­gam­ber alaýhyssalamyň dilinden aýdylan sözlere görä ybadat edýärsiň. Çünki, Pygamber alaýhyssalam: «Ylym öwrenmeklik her bir musulmana parzdyr» diýdi. Maksadym peýdaly ylym bi­len peýdasyz ylmyň arasynda tapawut goýmakdyr. Çünki Py­gam­ber alaýhyssalam: «Biz peýda bermeýän ylymdan gora­mak­lygy üçin Taňrydan pena soraýarys» diýipdir. Şeýle hem döwrümiziň adamlarynyň dürs zatlary nädürs zatlardan aýyl-saýyl etmän, olaryň salgyma kowalaşyp, ters ýola düşüp, ylym ho­zunyň gaty gabygy bilen çäklenip, dogry ýoldan aýry­lan­dyk­laryny äşgär etmekdir.

Ybadatlar çärýegi on kitaby öz içine alýar: ylym barada ki­tap; akydanyň (ynanjyň) kadalary barada kitap; täretiň syrlary ba­rada kitap; namazyň syrlary barada kitap; zekatyň syrlary ba­ra­da kitap; orazanyň syrlary barada kitap; hajyň syrlary barada ki­tap; Gurhany okamaklygyň edepleri barada kitap; zikrler we di­legler barada kitap; Taňryny taryplamaklygyň wagtlary we ter­tibi barada kitap.

Adatlar çärýegi on kitaby öz içine alýar. Olar: iýip-iç­mek­li­giň edepleri barada kitap; nikanyň edepleri barada kitap; ga­zanç etmekligiň düzgünleri barada kitap; halal hem haram ba­ra­daky kitap; adamlar bilen söhbetdeş bolmaklygyň we olaryň dür­li gatlaklary bilen gatnaşykda bolmaklygyň edepleri barada ki­tap; özüňi çolalylyga çekmek barada kitap; sapara çyk­mak­ly­gyň edepleri barada kitap; diňlemeklik we aşa hyjuwly hala düş­meklik[8] barada kitap; adamlara ýagşy işleri etmekligi bu­ýur­mak we olary bozuk işleri etmeklikden saklamak barada ki­tap; Pygamberimiziňdurmuşy, edepleri we pygamberlik ahlagy barada kitap.

Heläk ediji zatlar çärýegi on kitaby öz içine alýar. Olar: kal­byň ajaýyplyklaryny düşündiriji kitap; nebsi terbiýelemek barada kitap; garyn we jyns nebisleriniň apatlary barada kitap; diliň apatlary barada kitap; gazabyň, töhmetiň we göripçiligiň apatlary barada kitap; dünýäni ýazgarmak barada kitap; baý­ly­gy we gysgançlygy ýazgarmak barada kitap; mertebä ymtyl­ma­gy we ikiýüzlüligi ýazgarmak barada kitap; ulumsylygy we şöh­rat­parazlygy ýazgarmak barada kitap; öwünjeňligi ýaz­gar­mak barada kitap.

Halas ediji zatlar çärýegi on kitaby öz içine alýar. Olar: toba barada kitap; sabyr we şükür barada kitap; howpda we umytda bolmak barada kitap; garyplyk we takwalyk barada kitap; ýekehudaýlylyk[9] we Oňa bil baglamak barada kitap; söý­gi, meýil, ysnyşyk we razylyk barada kitap; niýet, dogruçyllyk we yhlaslylyk barada kitap, gözegçilik we hasap etmek barada kitap; pikirlenmek barada kitap; ölümi ýatlap durmak barada kitap.

Men ybadat çärýeginde ybadat etmekligiň edepleri, onuň däpleri we manylary barada aýdaryn. Ybadat etmek ynsana ahyre­tiniň aladasynda bolmak üçindir. Oňa ähmiýet bermezlik ynsany ahyret bagtyýarlygyndan mahrum edýär. Ybadatyň syr­lary bilen tanyş bolmak sada musulmanlaryň her birine wa­jyp­dyr. Adat çärýeginde men adamlaryň arasyndaky ahlak gatna­şyk­larynyň edepleri we takwalygyň syrlary bilen tanyşdyraryn. Munda beýan edilýän zatlary bilmeklik hemme musulmanlara hökman däldir. Olary öwrenmeklik ruhy Hakyň ýoluna düşen tak­walara degişlidir. Heläk ediji zatlaryň çärýeginde men her ýaz­garylýan gylyk-häsiýetler, nebsiňbozuk arzuwlaryndan gu­tulmaklygyň,kalby olardan päklemegiňtärleri barada söz aça­ryn. Ahlaksyzlygyň sebäpleri, ol sebäpleriň döredýän apat­la­ry, apatlaryň alamatlary we olardan gutulmaklygyň ýollary barada hem bu çärýekde gürrüň ederin. Şeýle hem onda şumowzuk bi­len baglanyşyklyaýatlarda, hadyslarda we alymlaryň söz­le­rin­de aýdylan zatlardan mysallar berler. Halas ediji çärýekde men öwgä mynasyp häsiýetler, höwes edilýän,görelde alarlyk gylyklar we olary döredýän sebäpler, asylly ahlagyň miwesi ba­rada söhbet ederin. Bu çärýekde ýatlanyp geçilýän ahlak sy­pat­lary welilere[10] we syddyklara[11] mahsusdyr. Olary berjaý et­meklik bilen ynsan Taňrysyna ýakynlyk derejesini gazanar. Elbetde, sen ünsüňi jemlemek bilen meniň aýdan zatlaryma dü­şü­nersiň we sözlerimiň berjek miwelerinden peýda taparsyň.

Beýleki alymlar hem,men hem bu mowzuga bagyşlap köp kitaplar ýazdyk. Ýöne meniň bu kitabym ol eserlerden mazmun jähetinden bäş sany sypat bilen tapawutlanýar: 1. Bu mow­zu­gyň çylşyrymly zatlaryny çözýär we gysga beýanlaryny giňeld­ýär. 2. Çaşyran zadyny tertibe salýar we pytradan zadyny düz­gü­ne salýar. 3. Uzaldan zadyny gysgaldýar we anyklap bil­me­dik zadyny takyklaýar. 4. Köp ýerde gaýtalap getiren bir za­dy­ny gaýtalamaýar we subut edip bilmedik zatlaryny subut edýär. 5. Düşünmesi kyn ýerlerine düşündiriş berýär we gapma-garşy gelýän ýerlerine düzediş berýär.

Beýan etmek ýoluna çykan her alym belli bir maksat tutup, öz ylym saparynyň meýilnamasyny hususy dünýägaraýşyna gö­rä düzýär. Men olaryň maksatlaryny yzygiderli beýan eden ýer­lerini inkär etmeklikden saklandym. Olaryň käbiri göz öňün­de tutan mowzuklaryny kämil beýan etdiler, beýleki bir­le­ri bolsa bu wezipäniň hötdesinden gelip bilmediler. Soňra baş­ga alymlar bu işe ýapyşdylar. Olaryň käbiri başga kitaplardan çyk­gytlar getirenlerinde säwlik goýberdiler, özge birleri bolsa säwlige ýol bermediler. Ýöne olar hakykatyň üstüni ýapyp du­ran gaty açyp bilmediler. Ine, şu kitabyň baş maksady şol mag­lu­mat­lary dürs jemläp, beýan etmekden ybaratdyr.

Meniň bu kitaby dört sany çärýege bölmekligim iki zat se­bäpli boldy. Olaryň birinjisi esasy sebäp bolup, ol takyklamak we düşündirmekdir. Çünki, maksady ahyrete gönükdirilen ylym – mugamala ylmyna[12] we mukäşefe[13] ylmyna bölünýär. Men mugamala ylmy hökmünde ylma amal etmeklige we mukäşefe ylmy hökmünde ylmyň hakykatyny açyjy zatlara düşünýärin. Bu kitabyň baş maksady mugamala ylmyny beýan etmekden ybaratdyr. Mukäşefe ylmyny bolsa, eger ol ylym öw­renýänleriň maksady bolsa hem, syddyklaryň nazaryýetiniň mad­dasy bolsa hem kitaplarda beýan etmeklige rugsat ýokdur. Mugamala ylmy täsinlikler ylmyna eltiji ýoldur. Ýöne py­gam­berler (goý, Beýik Taňrynyň olara ýalkawy bolsun!) adamlar bilen diňe ahyret ýolunyň ylmy we bu ylma degişli ne­sihatlar barada sözlediler. Olar täsinlikler ylmy barada adam­la­ryň aň ýetirişi ukyplarynyň çäklidigini göz öňünde tutup, syrly hem göçme sözleriň üsti bilen mysallary getirip sözlediler.

Alymlar pygamberleriň mirasdüşerleridir. Olaryň baýlygy sabyrlylyk we pygamberlere uýmaklyk ýoly bilen özlerini adyl alyp barmakdan ybaratdyr.

Mugamala ylmy aýan ylma [14] we ýaşyryn ylma [15] bölünýär. Men aýan ylym hökmünde beden agzalary bilen edilýän işleri bilmeklige, ýaşyryn ylymlara bolsa kalp bilen edilýän işleri bilmeklige düşünýärin. Kalbyň ýetirýän işleri agzalara ýa-ha adatyň, ýa-da ybadatyň üsti bilen ýetirilip berjaý edilýär. Bu ylym iki sany ýarym bölege[16] bölünýär: Äşgär ýarymy we gizlin ýarymy. Äşgär ýarymy agzalar bilen baglanyşyklydyr. Bu bö­lüm hem öz gezeginde adat bölümini we ybadat bölümini öz içine alýar. Emma gizlin bölümi barada aýdylanda, onda ol kal­byň hallary[17] bilen baglanyşyklydyr. Nebis ahlagy ýaz­ga­ryl­ýan[18] we öwülýän[19] häsiýetlere bölünýär. Bularyň jemi bolsa dört bo­lar. Mugamala ylmy barada aýdylanda, onda ol hem şu bölüm­le­re bölünmekkadasyndan daş çykmaýar. Ikinji sebäp: Men mertebäni hem abraýy öňe sürmek bilen ýaraglanan, Beýik hem Päk Taňrydan gorkmaýan gopbamsylar bilen jedelleşip, ola­ryň pikirleri bilen ylalaşmaga mejbur talyplaryň fykh yl­my­ny içgin öwrenmeklige höwesleriniň yhlaslydygyny we güýç­lüdigini gördüm.

Men bu kitapda kalplary sypaýy meýillere çekmek maksa­dyndan ugur almadym, tersine fykh ylmynyň mowzuklary nuk­daý­nazaryndan beýan etdim. Käbir alymlar tebipçilik ylmyna me­ýil­lendirmek bilen kalplary sypaýyçylyga çekmäge syna­nyş­dy­lar. Başga alymlar bu işi ýyldyzlar ylmynyň[20] jedwellerini düz­mek bilen amala aşyrmaklygy maksat tutdular we ony «Sag­lyk jedweli»[21] diýip atlandyrdylar. Elbetde, olar kalplary kitaplary okamaklyga ymtyldyrmaga belli bir goşant goşdular. Emma kalplary ebedi dirilige peýda berýän ylma ymtyldyrmak beden saglygyna peýda berýän tebipçilik ylmyna ymtyldyr­mak­dan has ähmiýetlidir. Çünki, bu ylmyň miwesi kalplary we ruhlary baky ýaşaýşa ýetişdirýän tebipçilik ylmydyr. Bu ýerden pany dünýäde beden bozuklygyny bejerýän tebipçilik yl­myn­dan kalbyň bozuklygyny bejerip, ony baky dirilige ýetişdirýän te­bip­çilik ylmynyň tutýan orny boýunça has ýokarda dur­ýan­dygy mälim. Biz Päk Taňrydan özümizi akyl-paýhasa gönük­dirmegini dileýäris. Elbetde, Allatagala sahydyr we jomartdyr!



[1] Gurhanyň 50-nji «Kaf»süresiniň 37-nji aýaty.Gazaly bu aýatyň mazmunyny kitabynyň baş şygary hökmünde kabul edipdir. Bu sebäpden ony öňde getirýär.

[2]«Ihýauulumid-din» –«Dini ylymlaryň janlandyrylyşy» .

[3]فِـقـْـه ٌFykh – düşünmek, bilmek.

[4]حِـکـْمـَـةParasat – hikmet, danasözleriulanmakbilenpikiröwürmek.

[5]هـِـدَایـَةHidaýat– dogryýol.

[6]رُشــدٌRuşd– hakýol.

[7]رُبـْـعٌRub‘ –çärýek.Bu sözi «jilt» manysynda ulanmak ýerlikli bolar. Çünki, kitabyň her çärýegi aýratyn jiltdir.Her çärýek kitaplara bölünýär. Ol kitaplaar «Kitap» manysynda däl-de, eýsem «Jiltleriň mowzuklary» manysynda ulanylýar.

[8]وَجْـدٌWejd – aşa hyjuwly hala düşmek (ekstaz).

[9]تـَـوْحـِـیـدٌTowhyt– ýekehudaýlylyk.

[10]وَلِـیٌWeli – Taňrynyň dosty.

[11]صِـدِیـقٌSyddyk – iňňän dogruçyl adam.

[12]عِلـْـمُ المـُـعـَـامـَـلـَـةِYlm al-mu’amala – mugamalaylmyalyp-satyş ylmy, ýagnybendebilenbendäniň aarasyndakygatnaşyklarybeýanedýänylym.

[13]عِـليـمُ المـُـکـَـاشـَـفـَـةِYlm al-mukäşife – mukäşefeylmy, Taňrynyň syrlarynyaýanedijiylym, aýanlykylmy, ýagnyTaňrybilenbendesiniň arasyndakygatnaşyklarybeýanedýänylym.

[14]عِـلـْـمٌ ظـَـاهِـرٌYlmunzahyr – aýan ylym.

[15]عِـلـْـمٌ بـَـاطِـنٌYlmy batyn – ýaşyryn ylym.

[16] شـَـطـْـرَیـْـن ِŞatraýn – iki sany ýarym.

[17] اَحْـوَالُ القـَـلـْـبِAhwal al-kalb – kalbyň hallary.

[18] مـَذمـُـومٌMezmum – ýazgarylýan ýa-da halanmaýan häsiýetler.

[19] مَـحـْمـُـودٌMahmud –öwülýän ýa-da halanýan häsiýetlr.

[20] عـِـلـْـمُ اﻠﻬـَـیْـﺋـَـةِYlm al-heý’a – ýyldyzlar hakyndaky ylym.

[21] تـَـقـْـوِیـمُ الصِّـحـَّـةِTakwim as-syhha – saglyk jedweli.