بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Hatim al-Asama rahmetullah aýdypdyr: «Dört zadyň gymmatyny diňe dört kişi biler: 1) ýaşlygyň gymmatyny, diňe garrylar biler; 2) abadançylygyň gymmatyny, diňe bela-betere duçar bolan biler; 3) saglygyň gymmatyny, diňe hassalar biler; 4) ýaşaýyşyň gymmatyny, diňe ölüler biler».

Başy » Kitaplar » YLYM BARADA KITAP » Ylmyň, ylym öwretmekligiň we ylym öwrenmekligiň artykmaçlygynyň we bularyň akly hem nakly delilleriniň beýany.

YLMYŇ, YLYM ÖWRETMEKLIGIŇ WE YLYM ÖWRENMEKLIGIŇ ARTYKMAÇLYGYNYŇ WE BULARYŇ AKLY[1] HEM NAKLY[2] DELILLERINIŇ BEÝANY

 

   Gurhanda bu ylmyň artykmaçlygy barada şeýle deliller ge­tirilýär: «Allatagala hem, perişdeler hem, adyllyga durnukly alymlar hem Alladan başga Hudaýyň ýokdugyna güwälik ber­ýärler».[3] Oýlanyp gör! Beýik we Päk Taňry özüni ilkinji orun­da, perişdeleri ikinji orunda, ylym ählini bolsa üçünji orun­da goýýar. Saňa ylmyň hormatynyň, sogabynyň hem ähmi­ýe­ti­niň uludygyny aýratyn nygtaýar. Beýik Taňry: «Allatagala siz­den iman getiren we ylym berlen adamlaryň derejesini belende göterýär»[4] diýdi. Ibn Apbas[5] (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!): «Alymlaryň derejesi mömin musulmanlaryň dereje­sin­den ýedi ýüz esse artykdyr» diýip, Pygamber alaýhyssa­lam­dan hadys rowaýat etdi. Beýik Taňry («Eý Muhammet! Sen adamlara»): «Eýse bilýän adam bilmeýän adamlar bilen (de­re­je­de) deň bolarmy? diýip aýt»[6], «Elbetde, Bendeleriň arasynda Taňrysyndan iň köp gorkýanlar –alymlardyr»[7] diýdi. Beýik Taňry: «(Eý Muhammet!) Sen sözleriňe ynanmazçylyk edýän adamlara: «Men bilen siziň araňyzda Alla we Kitap ylmyndan habardar imany bar kişi ýeterlik güwädir» diýip aýt»[8], «Ki­tap­dan habardar bolan biri: «Men ony (Bylkysyň tagtyny) göz-açyp ‏‏ýumýançaň saňa getirer»[9] diýdi. Bu sözüň üsti bilen Be­ýik Taňry bu işiň ylym güýji sebäpli başarjaňlyga eýe bolan­dy­gy­ny aýtmak isledi. Beýik Taňry: «Ylym berlen kişiler: «Size haýplar bolsun! Iman getiren we ýagşy işleri eden adamlar üçin Allatagalanyň sogaby berler» diýdiler»[10] diýdi. Bu aýatda ahyre­tiň derejeleriniň ylym bilen bilinjekdigine yşarat bar. Beýik Taňry: «Biz uşbu mysallary adamlar sapak alsynlar diýip getirýäris. Ýöne olara alymlardan başga adamlar düşünip bil­mez­ler»[11] diýdi. Beýik Taňry: «Eger Pygamberden ýa-da özle­rin­den bolan ygtyýar eýelerinden (alymlardan) höküm barada so­rasalar-dy, onda olar hökümiň hakykatyny çykaryp berer­di­ler»[12] diýdi. Alymlaryň hakykat baradaky çykarýan dürs neti­je­lerini inkär etmeklik Taňrynyň sözlerine şek ýetirmeklige alyp barýar. Çünki, Allatagala özüniň hökümlerini adamlara aýan etmekde alymlaryň tutýan ornuny Pygamberleriň mertebesi bilen deň tutdy. Beýik Taňrynyň: «Eý Adam zürýatlary! Biz (şeýtanyň açmak isleýän) uýat ýerleriňizi ýapar ýaly bir lybas we ýene bir ýelek[13] (takwalyk lybasyny) berdik. Elbetde, tak­wa­lyk lybasy haýyrlyrakdyr»[14] diýen aýatyndaky «lybas» sözüniň üsti bilen ylmyň, «ýelek» sözüniň üsti bilen bolsa anyk mag­lu­matyň, «takwa lybasy» sözüniň üsti bilen haýanyň göz öňünde tutulýandygyny alymlar nygtaýarlar. Beýik Taňry: «Biz olara iman etjeklere dogry ýoly görkezmek we rehmet etmek üçin ylym bilen beýan edilen kitaby inderdik»[15] diýdi. Beýik Taňry: «Biz olara ylym bilen gürrüň bereris»[16], «Bu zatlar ylym ber­lenleriň kalplaryndaky anyk delillerdir»[17], «Taňry ynsany ýarat­dy we oňa beýan etmekligi öwretdi»[18] diýdi. Allatagala muny ynsanyň özüne Taňry şeýle nygmaty berendigine şükür etmegi üçin aýdan bolsa gerek.

 

 


[1]Akly deliller– akyla daýanýan deliller.

[2]Nakly deliller – sahabalaryň, tabygynlaryň we alymlaryň atlaryndan kitap­lar­da getirilýän deliller.

[3]Gurhanyň 3-nji «Äli Ymran» süresiniň 18-nji aýaty.

[4]Gurhanyň 58-nji«Mujadala» süresiniň 11-nji aýaty.

[5]Ibn Apbas – Abdylla ibn Apbas, Pygamber alaýhyssalamyň doganoglany, meşhur hadys rowaýatçysy. Ol 688-nji ýylda dünýäden ötýär.

[6]Gurhanyň 39-njy «Zümer» süresiniň 9-njy aýaty.

[7]Gurhanyň35-nji«Fatyr» süresiniň 27-nji aýaty.

[8]Gurhanyň13-nji «Ragd» süresiniň 43-nji aýaty.

[9]Gurhanyň 27-nji «Neml» süresiniň 40-njy aýaty.

[10]Gurhanyň 28-nji «Kasas» süresiniň 80-nji aýaty.

[11]Gurhanyň 29-njy «Ankabut» süresiniň 43-nji aýaty.

[12]Gurhanyň 4-nji «Nisa» süresiniň 83-nji aýaty.

[13]رِیـشٌ Riş – bu sözüň dil sözlüklerindäki manysy «ýelek» diýmekligi aňladýar, aýatda  bolsa «bezeg eşigi» manysynda ulanylýar.

[14]Gurhanyň 7-nji «Agraf» süresiniň 26-njy aýaty.

[15]Gurhanyň 7-nji«Agraf» süresiniň 52-nji aýaty.

[16]Gurhanyň 7-nji «Agraf» süresiniň 7-nji aýaty.

[17]Gurhanyň 29-njy «Ankabut» süresiniň 49-njy aýaty.

[18]Gurhanyň 55-nji «Rahman» süresiniň 3-nji we 4-nji aýatlary.