بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ýahýa bin Mu'az ar-Razit rahmetullah hamdu-dogalarynda aýdypdyr: «Eý Allahym, gijäniň hiç gözelligi ýokdur, egerde ol Saňa hamdu-senalar aýdylman geçirilen bolsa. Gündiziň hiç bir ajaýyplygy ýokdur, egerde ol Saňa ybadat edilmän geçirilen bolsa. Bu dünýäniň hiç bir hezili ýokdur, egerde onda Sen zikr edilmeseň. Ahyriýetiň hiç ajaýyplygy ýokdur, egerde Seniň onda magfyriýetiň bolmasa. Jennetiň görki ýokdur, egerde onda Seni görmesek».

Başy » Kitaplar » YLYM BARADA KITAP » Ylym öwrenmekligiň sogaby

    Bu mazmundaky aýatlar köpdür.

Olardan: Beýik Taňry: «Olar din ylmyny öwrenmekden gaçmadyk bolsalar, onda yzda galmazdylar»[1] diýdi.

Allatagala: «Eger siz bilmeýän bolsaňyz, ylym ählinden soraň»[2] diýdi.

Bu mazmundaky hadyslardan:

Pygamber alaýhyssalam: «Kim ylym öwrenmek üçin ýol ýörese, Allatagala oňa jennetiň ýoluny açar»;

«Perişdeler ylym talybynyň üstüne razylyk bilen ganatlaryny ýaýarlar»;

«Ylymdan bir baby öwrenmek ýüz rekagat namaz okandan haýyrlyrakdyr»;

«Ylymdan bir baby öwrenmek dünýäden we ondaky zatlardan ýagşyrakdyr»;

«Siz ylmy Hytaýda bolsa hem ol ýere gidip öwreniň»;

«Her bir musulman äre we musulman aýal maşgala ylym öwrenmeklik parzdyr»;

«Ylym – açarlary sowal bolan hazynalardyr. Şonuň üçin sorap duruň. Sowal bermekden dört sany adam sogap ta­par: soraýjy, alym, diňleýji we ylmy söýüji»;

«Nadan nadan­ly­gy üçin dymmaly däldir,[3] alym alymlygy üçin dymmaly däl­dir»[4];

«Alymyň mejlisinde bolmak müň rekagat namazdan, müň syrkawyň halyny soramaga barmaklykdan we müň jynaza namazyna durmaklykdan haýyrlyrakdyr» diýdi.

Oňa: «Gurhan okamaklykdan hem ýagşymydyr?» diýip sowal berildi. Py­gam­ber alaýhyssalam: «Gurhanyň ylym bolmasa nepi ýetmeýär» diý­di. Pygamber alaýhyssalam: «Kim ajaly ýeten wagty yslamy janlandyrmak üçin ylym öwrenmeklige meşgul bolup duran bol­sa, jennetde alymlar bilen onuň arasynda bir dereje bolar» diýdi.

Mertebeli adamlaryň we alymlaryň bu mazmunda aýdan sözlerinden mysallar:

Ibn Apbas (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!): «Men ylym gözleýji adam bolup muşakgat baryny çekdim we göz­lenýän adam bolup hormat tapdym» diýdi.

Ibn Melike (goý, Beýik Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Men Ibn Apbas ýaly baş­ga kişini görmedim. Geplände onuň ýüzi örän mähribandy, sözleri adamlara düşnükli beýan edýärdi we ylmy ýagşy bilmeklik bilen adamlara pitwa bererdi» diýdi.

Ibn Mübärek: «Ylym öwrenmeýän adamyň özüne hormat goýulmagyny is­leý­şine men haýrandyryn!» diýdi.

Danalaryň biri: «Iki hilu ada­ma rehmet edilişi ýaly, hiç bir kişä rehmet edilmez: biri dü­şün­mese-de ylym gözleýän kişi, beýlekisi hem ylym gözleýän we oňa düşünýän kişi» diýipdir.

Abyddarda[5] (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!): «Meniň üçin uzak gije namaz okandan bir meseläni öwrenmek ýagşydyr» diýdi. Ol ýene: «Alym we ylym öwrenýän sogapda şärikdir. Galan adamlar zir-zibildir we olardan peýda ýokdur» diýdi. Ol ýene: «Ýa-ha alym bol, ýa-da ylym öwrenýän bol, ýa-da ylym diňleýji bol, dördünji bir adam bolma, ýogsa heläk bolarsyň» diýdi.

Ata[6]: «Ylym mejlisi ýetmiş sany oýun mejlisindäki kemçilikleriň üstüni ýapar» diý­di.

Ymam Şapygy (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!): «Ylym nepil namazyndan[7] haýyrlyrakdyr» diýdi.

Ibn Abdyl­he­kem[8] (goý, Beýik Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Men Mä­ligiň[9] ýanynda boldum. Ol dürli kitaplary okaýardy. Öýle na­ma­zynyň wagty geldi. Men nepil namazyny okamak üçin ki­tap­larymy ýygnadym. Mälik maňa: «Eý, namaz üçin turan kişi! Eger seniň niýetiň dürs bolsa, ylym namazdan ýagşyrakdyr» diýdi.

Abyddarda (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!): «Sä­her bilen ylym öwrenmäge gitmegi Hak ýolunda söweş hasap­la­mazlyk – akmaklyk bolar» diýdi.

 


[1]Gurhanyň 9-njy «Toba» süresiniň 122-nji aýaty.

[2]Gurhanyň 16-njy «Nahl» süresiniň 43-nji aýaty.

[3]Ýagny, bilmeýän zadyny soramalydyr.

[4]Ýagny, bilýän zadyny aýtmalydyr.

[5]Abyddarda Hazrajy Ensary – sahabalaryň biri. Ol soňra Damaskyň kazysy we ymamy bolýar we 652-nji ýylda dünýäden ötýär.

[6]Abu Eýýup Ata ibn Abu Müslim Horasany (671-753 ý. ý) - meşhur muhaddis.

[7]Nepil namaz – parz bolmadyk, sogap üçin meýletin okalýan namaz.

[8]Abdyrahman ibn Abdylla ibn Abdylhekem ibn Aýan ibn Abulkasym – 871-nji ýylda ölen taryhçy alym.

[9]Mälik ibn Enes – mäliki mezhebini esaslandyryjy ymam (715-795 ý. ý).