بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Alymlar bilen oturyşgyn. Sebäbi Allatagala, göýä ýeri asmanyň ýagmyry bilen direldişi kimin, kalplary ylym nury bilen direldýändir.

Başy » Kitaplar » YLYM BARADA KITAP » Ylmyň artyklygynyň akyl jähetden subutnamalary.

    Bu bapda ylmyň artyk taraplary we onuň gadyr-gymmaty bilen tanyşmaklyk göz öňünde tutulýar. Ylym göze görünýän maddy zat däldir. Şonuň üçin ol sypatlaryna görä bilinýär. Onuň sypatlary öwrenmeklik bilen ýüze çykýar. Zeýdiň parasatlydygyny ýa-da parasatly däldigini parasatyň manysyny we hakykatyny bilmezden kesgitlemekçi bolýan kişi ýalňyş netijä gelýär. «Fazylat»[1] sözi «fazl» sözünden gelip çykýar we ol söz «zyýada» diýmekligi aňladýar. Bir işe iki sany zat gatnaşan wagtynda ol ikisiniň biriniň beýlekisinden artyk bol­maklygy mahsusdyr. Artyk zat kem zatdan kämildir. Meselem, at eşekden ýük götermek   taýdan hem-de   ýyndamlygy we keş­biniň gözelligi jähetden artykdyr. Eger «eşek atdan köp ýük göterýär» diýilse hem, «eşek atdan artykdyr» diýilmeýär. Ýöne onuň bu artyklygy beden kuwwatynyň artyklygyny aňlatsa hem many tarapdan artyklygyny aňlatmaýar. Bir tarapynyň artyk­lygy bilen zat kämil bolmaýar. «Haýwan» diýip onuň bedeni däl-de, eýsem onuň manysy we sypaty göz öňünde tutulýar. Eger sen şu mana düşünseň, onda seniň alan ylmyň başga zat­lardan    has  artykdygy  taraplydygy saňa mälim bolar. Beýle dü­şünjäni sen atyň eşekden artykdygyny deňeşdirmek usuly bilen aldyň. Emma bu artyklyk doly artyklyk däldir. Ylym bir tarap­laýyn däl-de, eýsem doly artyklyga girýär. Çünki ylym Beýik Taňry tarapyndan taryplanan zatdyr. Perişdeleriň we pygam­ber­leriň ýanynda hem ylmyň hak-hormaty uludyr. Atyň näzi­kligi diňe eşegiň gödekliginden ýagşydyr.

Halanylýan nepis zat üç ýagdaýy sebäpli halanylýar: Özün­den başga zat üçin islenilýän zat; özi üçin islenilýän zat; özünden başga zat üçin islenilýän we özi üçin islenilýän zat­laryň jemi. Özi üçin islenilýän zat özünden başga zat üçin isle­nil­ýän zatdan hormatlydyr we artykdyr Özünden başga zat üçin islenilýän zadyň mysaly dirhemler we dinarlardyr. Eger Alla­tagala durmuşy hajatlaryň pulsuz berjaý bolmagyny aňsatlaş­dy­ran bolsady, onda ol ikisinden peýda bolmazdy we olar gym­ma­ty bolmadyk ownuk daşlara öwrülerdi. Özi üçin islenilýän zat ahyret bagtyýarlygy we Allatagalanyň razylygy jähetden lez­zet almakdyr. Özi üçin we özünden başga zat üçin islenilýän zat – bedeniň sagdynlygydyr. Adamyň sagdynlygy bir tarapdan bedeniň agyry-dertlerden salamat bolmagy üçin, beýleki tarap­dan arzuwdyr hajatlaryň berjaý bolmagy üçin gerekli bolýar. Bu jähetden ylma nazar salsaň onuň özüni lezzetli bir zat hökmünde görersiň.Bu ýerden ylmyň özüň üçin islenilýän zat­dy­gyna göz ýetirersiň hem-de onuň ahyret saraýynyň bagty­ýar­lygyna etmegiň we Taňra ýakynlyk gazanmagyň serişdesidigini bilersiň. Bu zatlara diňe ylym bilen ýetişilýär. Ylym ynsany ebedi bagtyýar etjek ägirt zatdyr we ebedi bagtyýarlyga eltýän iň gowy serişdedir. Oňa diňe ylym we amal bilen ýetilýär. Amal bolsa diňe ylym bilen berjaý edilýär. Bu sebäpden dün­ýä­däki we ahyretdäki bagtyň asly ylymdyr. Diýmek ol özge zatlardan artykdyr.

Şeýle hem zadyň artyklygy miwesiniň hormaty bilen bilin­ýär. Ylmyň miwesi älemleriň hökümdary bolan Taňra ýakyn­lyk hormatyny gazanmakdyr, perişdeleriň menzillerine aşmak­dyr we ahyretde ýokary derejelere eýe bolmakdyr. Emma onuň dünýädäki miwesi hormat, mertebe, hökümdarlara parasatly­lygy öwretmek ýaly zatlardyr.

Ylymlaryň dürli görnüşleri bar. Ol görnüşleri biz soň beýan ederis. Olar biri-birinden artyklygy boýunça tapawut­lan­ýar. Emma ylmy öwrenmekligiň we ony öwretmekligiň artyk­ly­gyna biziň ýokarda beýan eden zatlarymyz güwädir. Eger ylym işleriň ýagşysy bolsa, onda ony öwrenmeklik ýagşy işdir. Bu ýerden ony öwretmekligiň peýdaly işdigi aýandyr. Adam­la­ryň maksatlary dinde we dünýäde jemlenýär. Ylmyň maksady bolsa şol maksatlary beýan etmekdir. Dünýäniň nyzam-tertibi bolmasa, diniň hem nyzam-tertibi bolmaz. Çünki bu dünýä ahyre­tiň ekin meýdanydyr. Ol ekin meýdan bolsa Allata­ga­la­nyň huzuryna eltiji guraldyr. Elbetde, şol guraly dogry peýda­lanan adam Taňrynyň huzuryna ýakynlyk tapar. Bu dünýä uýan kişiniň beýle ýakynlyga ýoly ýokdur. Çünki bu dünýä wagt­la­ýyn watandyr.

Adamzadyň işleri diňe dünýäniň emri bilen nyzam-tertibe salynmaýar. Ynsanyň işleri, kärdir hünärleri gysgaça üç topara jemlenýär. Olaryň birinjisi ýaşaýyş üçin zerur bolan  esaslardyr. Olarsyz bu dünýäde ýaşaýyş ýokdur. Ol esaslar dörtdür: eke­ran­çylyk iýim-içim üçindir, tikinçilik geýinmek üçindir, binalar ýaşamak üçindir we syýasat ýaşaýşyň sebäpleri bolan jemgy­ýetçilik gatnaşyklaryny düzmek we olary ýöretmek üçindir. Olaryň ikinjisi ýokarda agzalan zatlaryň her biriniň tebigy   aýratynlyklarydyr  we olaryň ýerine ýetirýän hyzmatlarydyr. Me­selem, demir ussaçylygy ekerançylyga hyzmat edýär. Kär­leriňher biri öz gurallary bilen başga kärleriň hyzmatynda durýar. Meselem, egirmek, dokamak kärleri öz gurallary bilen tikinçiligiň hyzmatynda bolýar. Olaryň üçünjisi esaslary kämil we zynatly ediji zatlardyr. Meselem, un we çörek ekeran­çy­ly­gyň ahyrky netijesidir. Reňklemek we tikmek hem tikinçilik käri üçin edil şunuň ýalydyr. Munuň özi agzalaryň adamyň tu­tuş göwresine goşmaça zat bolşy dünýäniň işine goşmaça zat­lardyr. Tutuş göwre hem üçe bölünýär. Onuň esaslary bara­da aýdylanda, onda olar ýürek, bagyr we kelledir. Olara hyzmat ediji zatlar bolsa aşgazan,[2] damarlar,[3] arteriýalar,[4] nerw[5] we we­na­dyr.[6] Emma göwräni kämil görnüşe getiriji zatlar dyr­nak­lar,[7] barmaklar[8] we gaşlardyr.[9] Bu zatlara baş bolujy olaryň esaslarydyr. Esaslaryň başy syýasatdyr we ýagdaýy gowulaş­dyr­maga bolan ymtylyşdyr. Bu zatlaryň her biriniň kämil bol­magy zerurdyr. Syýasat adamlaryň ýagdaýlaryny gowulaş­dyr­maga we olara dogry ýoly salgy bermäge gönükdirilendir.

Dünýäde we ahyretde halas ediji syýasat dört görnüşlidir: Birinji, pygamberleriň (goý, olara Beýik Taňrynyň ýalkawly bolsun!) syýasaty we olaryň aam-u[10] has[11] adamlar üçin höküm­leri; Ikinji, halypalaryň, patyşalaryň we soltanlaryň syýasaty we olaryň aam-u has adamlar üçin hökümleri; Üçünji, alym­laryň Allatagala hem onuň dini üçin syýasaty we aam-u has adamlar üçin hökümleri. Alymlar pygamberleriň mirasdüşer­le­ri­dir. Olaryň has adam üçin çykaran düzgünlerine aam adamlar düşünmeýärler. Dördünji, wagyzçylar we olaryň aam adamlar üçin hökümleri. Bu dört görnüşli  syýasatyň başy pygamberleriň syýasatydyr.

Ylym adamlaryň ruhlaryny ýaramaz hem heläk ediji ah­laklardan halas edip, dürs  terbiýelemäge, olary halanylýan we bagtyýarlyga ýetiriji ahlaklara ugrukdyrmaga gönükdiri­len­dir. Bu ýerde maksat ylym öwretmekden ybaratdyr. Biz: «Munuň özi beýleki kärlerden artykdyr» diýip aýdýarys. Çünki kärleriň artyklygy üç zat bilen bilinýär: Birinjisi, kärlere ýetişdiriji te­bigy duýgy bilen, Meselem, akyl ylymlarynyň dil ylym­la­ryn­dan artyklygy. Çünki, parasata akyl bilen, dile bolsa diňlemek bilen ýetilýär. Sebäbi akyl diňlemekden hormatlyrakdyr. Ikin­ji­si, umumy peýdalara düşünmek bilen, meselem, ekerançylygyň peýdasynyň  zergärligiň peýdasyndan artyklygyna düşünmek. Üçünjisi, bu ýerde käriň serişdesi hem artyklyk bilen baglydyr, meselem, zergärçilik derini eýlemekden hormatlydyr. Çünki zergärçiligiň serişdesi altyn-kümüşdir, eýlemekligiň serişdesi bolsa ölen malyň derisidir.

Dini ylymlaryň ahyret ýoluny öwrenýändigi hemmä mä­lim­dir. Elbetde, bu ylymlara aklyň kämilligi we päk zehin bilen ýetilýär. Akyl ynsanyň hormatly sypatlarynyň biridir. Akylyň beýany barada biz soň aýdarys. Akyl bilen Allatagalanyň ama­na­ty kabul edilýär. Onuň peýdalarynyň netijesi bilen bolsa Päk Taňrynyň dergähine bolan ýakynlyga erişilýär. Muňa hiç hili şek-şübhe ýokdur. Çünki ylmyň peýdasy we miwesi ahyretiň bagtyýarlygyndan ybaratdyr.

Ylmyň hormatly ornunyň bardygy şeksizdir. Mugallym adamlaryň kalbyndaky duýgularyny we ruhlaryny ugrukdyry­jy­dyr. Ýeriň ýüzünde hormatly işleriň biri ynsana ýagşy işleri etmekligi ündemekdir. Ynsanyň hormatly agzasy onuň kalby­dyr. Mugallym onuň kalbyny kämilleşdirmek, ondaky duýgula­ry oýarmak, kalbyny päklemek we ony Beýik Taňra ýakynlyga ugrukdyrmak bilen meşgullanýar. Bu ýerden ylym öwretmek Beýik Taňra ybadat etmek bolar. Çünki, Allatagala alymyň kal­by­ny öz sypatyna mahsus bolan ylym bilen açýar. Şonuň üçin alym Taňrynyň hazynalarynyň hazynaçysyýalydyr. Oňa bu hazynadan gerekli zady alyp, mätäç bendäniň hajatyny rowa etmek üçin sarp etmäge rugsat bardyr. Ylym Päk Taňry bilen onuň bendeleriniň arasynda Taňrynyň rehmetine ýetişdiriji we olary jennete ugrukdyryjy serişdedir. Goý, Allatagala bizi öz reh­metine ýetişen we jennete ugrukdyrylan kişilerden etsin! Goý, her bir päk bendä Taňrynyň ýalkawy bolsun!



[1]فـَـضِـیـلـَـة ٌFazylat – artyk tarap, gowy tarap.

[2] مِـعـْـدَة ٌMi‘da – aşgazan.

[3] عـُـرُوقٌUruk, (birlik sanda عِـرْقٌyrk) –damarlar.

[4] شـَـرَابـِـیـنَŞerabin – arteriýalar, iri damarlar.

[5] اَعـْـصـَـابٌA‘sab, (birlik sanda عَـصَـبٌasab) – nerw.

[6] اَوْرِدَة ٌAwryda, (birlik sanda وَرِیـدٌwerid) – wena, ownuk damar.

[7] اَظـْـفـَـارٌAzfar (birlik sanda ظـُـفـْـرٌzufr) – dyrnaklar.

[8] اَصـَـابـِـیـعُAsabi‘(birlik sanda اِصْـبـَعٌisba‘) – barmaklar.

[9] حـَـاجـِـبـَـیْـن ِHajibeýn – iki gaş. (birlik sanda حـَـاجـِـبٌhajib) – gaşlar.

[10] عـَـامَّـة ٌAamma– aam,sowatsyz, garaçy.

[11]خـَـاصَّـة ٌHassa –has, sowatly.