Başy » Kitaplar » YLYM BARADA KITAP » Parzy kifaýa bolan ylmyň beýany (II)
Beýle ahlaklaryň çöwre tarapy oňlanylýan ahlaklar bolup, olar tagatyň we Taňra ýakynlygyň çeşmesiniň gözbaşlarydyr. Olaryň hakykatlarynyň sebäplerini, miwelerini, terbiýelenişini öwrenýän ylym ahyret ylmydyr. Bu ylym ahyret ylymlarynyň pitwalarynda parzyaýndyr. Bu ylmyň görkezmelerini berjaý etmedik kişi bu dünýäde hökümdaryň tabşyryklaryny berjaý etmedik adamyň onuň gylyjyndan heläk bolşy ýaly,ahyretde Beýik Taňrynyň gazabyna sataşyp heläk boljakdyr. Fakyhlaryň parzyaýna ähmiýet berşi dünýä işlerine ähmiýet berşinden has ýokarydyr. Çünki, parzyaýn ahyretiň bähbitleri bilen baglanyşyklydyr. Eger fakyhdan bu ahlaklaryň biri barada, meselem yhlas ýa-da Taňra bil baglamak, ýa-da ikiýüzlülik barada soralsa, onda ol onuň parzy aýndygyny we oňa ähmiýet bermezligiň ahyretde heläk ediji zatdygyny aýdar. Eger sen ondan birnäçe parzyaýn barada sorasaň, onda ol saňa telim jiltlerden mysallary aýdyp berer. Saňa onuň sözlerini gije-gündiz dynuwsyz öwrenmekligiň, ýat beklemekligiň olardan gapyl bolmazlygyň zerur. Çünki, bu zatlar diniň ähmiýet berýän zatlarydyr.
Eger bende diniň hakyny berjaý etjek bolsa, onda ol ilki parzyaýn bolan zatlary, soňra parzy kifaýa bolan zatlary öwrenmelidir. Ýurtda gaýry dinlerden bolan ençeme tebipler bar. Tebiplere olardan ilki tebipçilik ylmynyň fykh ylmy bilen baglanyşykly zatlaryny, soňra başga zatlaryny öwrenmek wajyp. Biz ylym bilen şeýle tertipde meşgul bolýan adamlary az görýäris. Olaryň köpüsi galapyn fykh ylmynyň üstünde dawa-jedel etmeklige meşgul bolýarlar. Ýurt bolsa pitwa we jogap berýän fakyhlardan doly. Eger olar parzyaýnyň wajypdygyny bilýän bolsalar, onda adamlaryň parzy kifaýa bilen başagaý bolup ýörmeklerine we wajyp däl zatlara meşgul bolup ýörmeklerine rugsat bermezdiler. Tebipçilik ylmy ahyret işlerine ýetmekligi ýeňilleşdiriji serişde bolmaýar. Ýetimleriň hakyny iýmeklik, wezipä kowalaşmak, dost-ýarlary hökümet işlerine çekmek, göwnüňe ýaramaýan adamlara azar bermek ýaly ýaramaz ahlaklar fakyhlaryň bozuklygy sebäpli ýüze çykýar.
Din ylmy ýaramaz alymlaryň bardyklary sebäbinden ýitip ýok bolmaga ýakyn geldi. Ýöne Beýik Taňrynyň özi hak işe ýardam berijidir! Biz Onuň özünden beýle alymlaryň şerinden saklamak üçin pena soraýarys. Beýle alymlaryň adamlara al salmagy geçirimli Taňrynyň gaharyny getirýär we şeýtany şatlandyrýar. Adamlar daşky sypatyny bejeren kişileri batyny ylymlary kalbynda ornaşdyran welilerden takwa hökmünde öňe sürýärler.
Ymam Şapygy (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!) Şeýban Ragynyň (çopanyň) öňünde çaganyň mekdepde mugallymyň öňünde oturyşy ýaly çök düşüp oturardy hem-de: «Şeýle ýagdaýda näme edeýin» diýip, dürli zatlar barada sorardy: «Heý, seniň ýaly alym adam, munuň ýaly çarwa arapdan ylym öwrenermi?» diýip, sorapdyrlar. Onda ol: «Bu adam biziň bilmeýän zadymyzy bilýär» diýip jogap beripdir.
Ahmet ibn Hanbal (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!) bilen Ýahýa ibn Mugyn ikisi Magruf Kerhiniň[27] ýanyna baryp, düşünmeýän zatlaryny ondan sorardylar. Ol ikisi zahyr ylymda makamlary boýunça Magruf Kerhiden pesdi we ondan köp zatlar hakynda sorardylar. Olar nädip soramasynlar.
«Sebäbi Pygamber alaýhyssalamdan:«Eger Gurhandan we sünnetden tapmadyk meselämiz bilen ýüzbe-ýüz bolsak, näme edeli?» diýip soranlarynda: «Siz ýagşyzadalardan soraň we olary özüňize nesihatçy tutunyň» diýipdir. Şonuň üçin: «Zahyr alymlar ýeriň zynatydyr, batyn alymlar bolsa asmanyň zynatydyr» diýilýär.
Jüneýit[28] (goý, Beýik Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Maňa ussadym Sary Sakaty bir gün menden: «Sen meniň ýanymdan gideniňden soň kim bilen söhbet edip otyrsyň?» diýip sorady. Men: «Muhasyby[29] bilen» diýdim. Ol: «Sen dogry edýärsiň. Onuň edebinden we ylmyndan al. Emma kelam hakdaky sözlerine gulak salma. Ony kelamçylara goý» diýdi. Soň men ussadymyň: «Alla seni öňürti hadysda alym etsin we soň sopy etsin. Öňürti sopuçylyk ylmyny bermesin» diýendigini eşitdim. Ol bu sözi bilen hadys ylmyny okanyňdan soň tasawwuf (sopuçylyk) bilen meşgullananyň baýlyk tapjakdygyny, ylymsyz sopuçylyga giren kişiniň heläk boljakdygyny aýtmak isledi».
Sen maňa: «Näme üçin kelam we pelsepe ylymlarynyň görnüşleri baradaky pikiriň hakynda söz açyp, olaryň oňlanylýan ýa-da oňlanylmaýan ylymlardygyny açyklamaýarsyň?» diýersiň. Meniň saňa bu nukdaýnazardan aýtjak jogabym şeýle bolar.
Kelam ylmy Gurhandan we hadyslardan gelip çykýan delilleri öz içine alýar. Deliller ýoýulmaga sezewar bolandyklary sebäpli ýa-ha oňlanylmaýan jedellerden (Jedeller bedgatdyr. Bedgatyň beýany öz ýerinde, yzda berler) ýa-da gapma-garşy taglymatlara eýerýän akymlaryň döreden özara pitnelerinden we din bilen hem, yslamyň ilkinji asyrynda düzülen esaslar bilen hem baglanyşygy bolmadyk, gulaklara ýakmaýan toslamalardan, manysyz sözlerden, adamyň tebigatyny ýadawlyga salyjy uzyn-uzyn makalalardan we girişlerden ybaratdyr. Biziň döwrümizde kelam ylmy baradaky parasat Gurhanyň we sünnetiň talaplaryna ýugrulyp özgerdi. Alymlar bu ylmy şübhelerden päkläp, maksada laýyk tertibe saldylar. Bu parasat zerurlyk sebäpli ýüze çykdy we ol bedgatçy alymlaryň ündewlerine garşy göreşmegiň ygtybarly serişdesi derejesine ýetirildi. Biz bu parasat barada, eger Hudaý halasa, indiki bapda aýdyp geçeris.
Emma pelsepe ylmy barada aýdylanda bolsa, onda ol diňe ýeke özi özbaşdak ylym bolman, eýsem dört sany bölümiň özara baglanyşygyna daýanýar.
Olaryň birinjisi, hendese[30] (geometriýa) we hasap ylmydyr. Bu iki ylym, öňde aýdylyp geçilişi ýaly, mubah ylymlardyr. Olara içgin aralaşmakdan diňe oňlanylmaýan ylymlaryň täsirine düşmekden heder edýän alymlar saklanýarlar. Bu iki ylma meşgul bolýanlar olaryň syrlaryna çuňňur aralaşmak bilen çäksizligiň öňünde ejiz gelmekleri sebäpli bedgata sezewar bolýarlar. Munuň özi derýanyň kenarynda duran çaganyň suwa gaçmakdan gorkmagynyň ýa-da döwrüň musulmanlarynyň kapyrlar bilen gatyşmakdan heder etmekleriniň mysaly ýalydyr.
Olaryň ikinjisi mantyk[31] ylmydyr. Ol hem şol bir delilleri beýan ediş nukdaýnazaryndan derňeýär we kelam ylmyna degişli edilýär.
Olaryň üçünjisi ylahyýet ylmydyr. Ol Taňrynyň zatyny (özüni) we sypatlaryny öwrenýär. Bu ylym hem kelam ylmynyň düzümine girýär.Pelsepe barada aýdylanda hem ony pelsepeçi alymlar ylmyň özge bir usullary bilen däl-de, eýsem käbir akymlaryň küpürlige, nazaryýetçi alymlaryň bolsa bozuk garaýyşlara düşendikleri bilen özbaşdak ylym hökmünde öňe çykardylar. Edil şunuň ýaly, mugtazyly akymynyň taglymaty hem özbaşyna bir ylym däldir. Çünki, ony esaslandyryjylar mütekellimlerden bolan nazaryýetçi alymlaryň bir toparydyr. Olar özleriniň bozuk taglymatyny ylym hökmünde öňe sürdüler.
Olaryň dördünjisi tebigat ylymlarydyr. Olaryň käbiri şerigata we hak dine tersdir. Munuň özi nadanlykdyr we tebipleriň garaýyşlaryna laýykdyr. Çünki, tebigatçy alym hemme jisimlere özgermek we hereket etmek jähetinden garaýar. Emma tebigat ylymlary olara mätäç däldir. Diýmek, kelam ylmy hem bedgatyň hyýallaryndan köpçüligiň kalplaryny goramak nukdaýnazaryndan hemme ylymlara mätäçlik çekýär. Bu mätäçlik bedgatyň peýda bolmagy bilen baglanşykly ýüze çykdy. Edil şuňa meňzeş mätäçlik hajylaryň ýolunda araplaryň olara zulum etmekleri we ýol urmaklary sebäpli hem döreýär. Eger araplar beýle hereketlerini taşlasalardy, onda gorag mätäçligi aradan aýrylardy. Bedgatçylar özleriniň dini manysyz ýoýmalaryny bes etseler, onda dine sahabalaryň (goý, Taňry olardan razy bolsun!) döwründäki bolşundan artykmaçlyk girizmek gerek bolmazdy. Şonuň üçin mütekellim özüniň dindäki çägini bilmelidir. Onuň dindäki tutýan orny hajyň ýolundaky goragçynyň orny ýalydyr. Mütekellim goragdan we nazaryýetden mahrum bolsa, onda ahyret ýoluny söküp bilmez, kalplary bu ýola gönükdirmegi başarmaz. Onuň ýaragy dini ylymlardan ybarat bolmalydyr. Mütekellimiň dinde ynançdan başga ýaragy bolmaly däldir. Ol şol ynanjy köpçülige ýaýratmalydyr. Ol ynanç kalbyň we diliň amallarynyň jeminden ybaratdyr. Mütekellim köpçülikden jedel we gorag kärini ele alandygy bilen tapawutlanýar.
Emma biziň mukäşefe ylmynyň beýanynda Taňryny tanamak, Onuň sypatlary, işleri bilen tanyşmak we Taňry bilen bendesiniň arasyndaky gatnaşygy bilmek babatda aýdan zatlarymyz dogrusynda aýdylanda bolsa, bu zatlar kelam ylmyndan hasyl bolmaýar, belki kelam ylmy olara gorag perdesi bolar. Taňryny bilmek yhlas etmek bilendir. Yhlas etmegi bolsa Taňry dogry ýola gönükmegiň girelgesi edip goýdy. Bu nukdaý nazardan Taňry: «Biz özümize yhlas edýänleri hökman dogry ýola salarys. Elbetde, Taňry ýagşy işlere yhlas edýänler bilendir»[32] diýdi.
Yslam ymmatynyň mertebeli alymlary fakyhlar we mütekellimlerdir. Olar Taňrynyň ýagşy adamlarydyr. Onsoň olaryň derejeleri din ylmynda nähili beýle pes derejä inderilýär?» diýip aýdarsyň. Bilip goý! Hakykaty Hakdan däl-de, eýsem ynsanlardan gözleýän, azaşmaklyk çölünde azaşar. Eger sen hakykat ýolagçysy bolsaň, onda Haky tana. Eger şeýtseň hakykat ählini taparsyň. Sahabalar kelam we fykh ylymlaryny däl-de, eýsem ahyret ylmyny, onuň ýolunda ýöremegi bilendikleri bilen beýleki adamlardan tapawutlanýardylar. Abu Bekr (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!) oraza köp tutandygy ýa-da namaz köp okandygy ýa-da söz, ýa-da rowaýat köp aýdandygy, ýa-da köp pitwa berendigi bilen däl-de, eýsem Pygamberleriň serweri (goý, Taňrynyň oňa ýalkawy we salamaty bolsun!) güwä geçişi ýaly, kalbynyň asyllydygy bilen tapawutlanýardy. Seniň hem bu syryň gözleginde talabyň güýçli bolsun! Çünki ol nepis göwherdir we syrly dürdür. Pygamber alaýhyssalamyň daşyny müňläp sahabalar (goý, Taňry olaryň hemmesinden razy bolsun!) gurşap alýardy. Olaryň hemmesi Taňryny tanan alymlardy. Pygamber alaýhysallam olary öwerdi. Ýöne sahabalardan ýekeje kişi kelam ylmyny bilýärdi we on töweregi adam diýäýmeseň, galany pitwa hem berip bilmändir. Ibn Omar[33] (goý, Taňry ondan razy bolsun!) özünden bir meseläniň çözgüdi barada pitwa soran kişä: «Sen pylan emiriň ýanyna git! Ol adamlaryň garamatyny monjuk düzümleri ýaly edip boýnuna dakdy. Muny hem onuň boýnuna geçir» diýerdi. Ol bu ýerde pitwa çykarmaklyga hökümdarlaryň ygtyýarlydygyny göz öňünde tutdy. Omar (goý, Taňry ondan razy bolsun!) dünýäden ötende, Ibn Mesgut:[34] «Ylmyň ondan dokuz ülüşi öldi» diýdi. Adamlar oňa: «Beýle diýmek bilen sen nämäni göz öňünde tutýarsyň?» diýdiler. Ol: «Men bu ýerde ylym hökmünde hökümler we pitwalar ylmyny däl, ilähi magrypeti (Allany tanamaklygy) göz öňünde tutýaryn» diýdi. Görýärsiň, ol, kelam we jedel ylmyndan gürrüň hem gozgamady. Sen näme üçin Omaryň ölümi bilen ondan dokuz ülüşi giden ylma höwes etmeýärsiň? Kelam we jedel ylmynyň gapysyny hezreti Omar ýapypdy.
Şeýle-de Seniň: «Alymlaryň tanymalragy fakyhlar we mütekellimlerdir» diýen sözüňe meniň jogabym şeýledir: «Taňrynyň dergähinde mertebeli bolmak bilen adamlaryň ýanynda mertebeli bolmak başga-başga zatlar. Abu Bekriň (goý, Taňry ondan razy bolsun!) şöhraty halypalyk bilendi. Ýöne onuň ýaşyryn mertebesi hem bardy. Ol onuň kalbynyň asyllylygydy. Omaryň (goý, Taňry ondan razy bolsun!) şöhraty syýasat bilendi, mertebesi bolsa taňryhonlyk ylmy bilendi. Onuň ölümi bilen bu ylmyň dokuzdan bir ülüşi gitdi. Şeýle hem onuň mertebesi özüniň hökümdarlygynda raýatlaryna adyllygy, mähribanlygy bilen Taňra ýakynlyk gazananlygyndadyr.
Şöhrata kowalaşýan adam üçin şöhrat heläk ediji bolup biler. Mertebe ýaşyryn hem bolup biler. Ýaşyryn mertebä fakyhlaryň we mütekellimleriň köpüsi ýetip bilmeýär. Alymlar mertebe jähetinden ylym hem pitwa bilen Taňryny gözleýjilere Pygamber alaýhyssalamyň sünnetini goramak bilen tapawutlanan, beýle hereketden şan-şöhrat yzlamaýan alymlara bölünýär. Bular Beýik Taňrynyň razylygyny gözleýän alymlardyr. Olaryň Taňrynyň dergähindäki mertebeleri pitwalary we nazaryýetleri bilen Taňrynyň jemalyny gözleýişlerine görä däl-de, eýsem ylymlaryna amal edişlerine görädir. Çünki, her bir ylym amal edilşine görä miwe berýär. Her bir amal ylym däldir. Tebip hem ylmy bilen Taňra ýakynlyk gazanyp biler. Ol ylmyna Taňry razylygy üçin amal etse, sogap tapar. Soltan Taňry bilen halkyň arasynda durýar. Eger ol Taňrynyň razylygy üçin iş ýöretse, Taňry ondanrazy bolar we din ylmyna ökdeligi üçin däl-de, Taňra ýakynlyk gazanmak maksady bilen eden amaly üçin sogap gazanar.
Taňra ýakynlyk getirýän zatlaryň üç sany görnüşi bolýar:
1. Ýönekeý ylym. Ol aýanlyk ylmydyr.
2. Ýönekeý amal. Ol Soltanyň adyllygy, işi tertip-nyzam bilen alyp barmagy we ş. m.
3. Ahyret ýolunyň ylmy. Bu ylmyň eýeleri alymlar we amal edijilerdir. Sen özüňe bakyp, Taňry üçin ylym öwrenen we amal eden adamlaryň toparynda bolmaga çalyş. Munuň özi seniň üçin möhüm zatdyr. Bir şahyr şeýle aýdypdyr:
Eşiden zadyňa däl, ynan göz bilen görseň,
Gün dogansoň ne peýda, Zuhala[35] sary ýörseň.
Indi, biz öten fakyhlaryň ömür beýanlary baradaky söhbetimize geçeliň. Sen mezhep başy fakyhlaryň yzyndan ýöränleriň olara nähili zulumlary edendiklerini we kyýamat güni iň uly duşmanlarynyň olardygyna göz ýetirersiň. Çünki, bu fakyhlar ylmy Taňry razylygyndan başga zat üçin ulanmaklygy maksat edinmediler. Biz olaryň ahwallary barada «Ahyret alymlarynyň alamatlary» diýen bapda söz açarys. Olar diňe fykh ylmyna berilmän, eýsem kalplar ylmyna hem meşgul boldular we ömürlerini ylymlaryny öwretmeklige we kitap ýazmaklyga sarp etdiler. Bu fakyhlar pitwa ylmynda garaşsyz alymlardy. Biz aşakda Şapygy, Mälik, Ahmet ibn Hanbal, Abu Hanypa we Sufýan Söwri (goý, Taňry olaryň hemmesine rehimdarlyk etsin!) barada yslamyň fakyhlarynyň aýdan sözlerini getirýäris. Olaryň her biri ybadathon, takwa, ahyret ylymlaryny ökde bilýän we adamlaryň dünýewi we ahyret bähbitlerini goraýan fakyh alymlardy.
Ymam Şapygy (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) gijäni üçe bölüp, onuň üçden bir bölegini ylym üçin, üçden bir bölegini ybadat üçin we üçden bir bölegini uka sarp ederdi. Rabyg şeýle aýtdy: «Şapygy (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) oraza aýynda Gurhany altmyş gezek namazda hatm ederdi. Onuň talyplaryndan bolan Buwaýty hem ussadyna öýkünip, oraza aýynda her gün Gurhany hatym ederdi» Hasan Karabisi: «Men Şapygynyň ýanynda birnäçe gije ýatdym. Ol gijäniň üçden birini namaz okap geçirýärdi we her rekagatda elliden ýüze çenli aýat okaýardy. Özi hem rehmet aýatlary gabat gelende Allatagaladan hemme musulmanlar üçin rehmet soraýardy, azap aýatlary gabat gelende Taňrydan azapdan halas etmegini dilärdi» diýdi. Onda howpda we umytda bolmak gylyklary jemlenendi. Elli aýat bilen çäklenmegi onuň aýatlarynyň syrlaryna çümmegine we syrlar barada oýlanmagyna delildir. Şapygy (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) şeýle aýtdy: «Men on ýyldan bäri doýa garna tagam iýmedim. Çünki, doýmak göwräni agraldýar, kalby doňýürek edýär, aňy gidirýär, ukyny getirýär, ybadata gowuşgynsyzlyk döredýär» diýdi. Onuň dokluk baradaky paýhasy hakynda we ybadata yhlasly ýapyşyşy dogrusynda oýlanyp gör. Ol doklukdan ybadat üçin saklandy. Çünki, ybadatyň başy-tagamy az iýmekdir. Şapygy (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) şeýle aýtdy: «Men Taňrynyň ady bilen ýalandan hem, çyndan hem ant içmedim». Gör, onuň Taňra sylag-hormaty nähili eken! Munuň özi onuň Beýik Taňryny içgin tanaýanlygynyň alamatydyr.
Şapygydan (goý, Taňry ondan razy bolsun!) bir mesele barada soralypdyr. Ol bir salym dymyp durupdyr. Oňa: «Eýsem sen sowala jogap bermejekmi?» diýipdirler. Ol: «Men dymmaklygyň ýa-da jogap bermekligiň haýsynyň artykmaçdygyny düşünýänçäm dymmaklygy saýlap adym» diýipdir. Gör, onuň diline ygtyýar edişi nähili eken! Çünki, dil fakyhlarda iň bir musallat getiriji agzadyr. Şonuň üçin ol dilini saklap, ondan üstün gelýär we diňe anyk jogaplary berýär. Bu ymam artykmaç sözi sözlemeýärdi.
Ahmet ibn Ýahýa ibn Wezir şeýle aýtdy: «Şapygy (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) bir gün çyra bazaryna çykdy. Biz onuň bilen bile barýardyk. Ylym ählinden bolan bir kişi bir adama paýyş sözleri aýdýardy. Şapygy bize tarap öwrülip: «Siz beýle sözleri aýtmakdan diliňizi saklaýşyňyz ýaly, gulagyňyzy hem diňlemekden saklaň. Çünki, diňleýji aýdyjy bilen şärikdir. Akmak öz gabynda hapa zady görüp, ony siziň gabyňyza boşatmak isleýär. Erbetleriň sözlerini diňleýänleriň günäkär boluşlary ýaly, diňlemän ret edýänler hem bagtlylyga ýeterler» diýdi.
Şapygy (goý, Taňry ondan razy bolsun!) şeýle aýtdy: «Bir dana beýleki bir dana şeýle hat ýazdy: «Maňa ylymdan paý berildi. Sen ylmyňy günä garaňkylygyna bulama! Ýogsa sen ylym ähliniň ylymlarynyň nury bilen ýörejek gününde (ýagny, kyýamat gününde) garaňkylykda galarsyň».
Şapygy (goý, Taňry ondan razy bolsun!) ýeneşeýle aýtdy: «Alla söýgüsi bilen dünýä söýgüsini kalbymda bir ýerde jemlärin diýip öňe sürýän adam ýalançydyr».
Humeýdi şeýle aýtdy: «Şapygy (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) hökümdarlaryň biri bilen Ýemene gitdi, ol ýerden on müň dirhem bilen Mekgä bardy. Onuň üçin Mekgeden çykylýan ýerde çadyr dikdiler. Onuň ýanyna çar tarapdan adamlar gelip başlady. Ol ýanyndaky ähli pullary paýlap, ol ýerden çykyp gitdi. Bir gezek hammama girip çykanda, hammamça köp pul berdi. Ýene bir gezek onuň gamçysy elinden gaçyp, ýere düşdi. Bir adam gamçyny ýerden galdyryp, oňa berdi. Ol onuň bu hyzmatynyň haky üçin oňa elli dinar berdi». Şapygynyň (goý, Taňry ondan razy bolsun!) sahylygy uçursyz zordy.
Sahylyk-takwalygyň başydyr. Çünki, ol gowy görýän zadyňdan özüňi saklamakdyr. Sahylyk bar bolsa, mal senden aýrylmaz. Takwalyk dünýäni özüňden pes tutmakdyr. Onuň takwalygynyň güýçlüdigine, Taňrydan gorkusynyň zordugyna we ahyret aladasyna gujur bilen ýapyşandygyna şu rowaýat delildir.
Bir gün Sufýan ibn Uýaýna [36] çuň manyly bir hadysy rowaýat edende, Şapygy muňa çydaman, özünden gitdi. Sufýana: «Ol öldi» diýdiler. Ol: «Zamananyň ýagşy adamsy ölüpdir» diýdi. Abdylla ibn Muhammet Balawydan şeýle söz aýdylýar: «Men we Omar ibn Nebata ikimiz oturyp, ybadathonlar we takwalar barada söhbet etdik. Omar: «Men Muhammet ibn Idris Şapygydan (goý, Taňry ondan razy bolsun!) takwarak hem dilewarrak adamy görmedim» diýdi. Bir gün men, ol we Harys ibn Lubeýt üçümiz Sapa gitdik. Harys – Salyh Murrynyň[37] ýagşy şägirtleriniň biridi. Ol Gurhan açyp, okap başlady. Onuň sesi gulaga ýakymlydy. Ol şu aýaty okady: «Bu gün (kapyrlaryň) geplemeýän we olara geplemäge rugsat berilmeýän gündir. Olar ötünç sorarlar».[38] Men Şapygynyň (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) bu aýaty diňläp, reňkiniň üýtgändigini, göwresiniň titräp başlandygyny, güýçli tolgunma düşendigini, özüni ýitirendigini gördüm. Ol özüne gelensoň: «Eý, Taňrym! Özüň meni kezzaplaryň makamyna düşmekden we gapyllyk belasyndan saklawer! Eý, Taňrym! Aryplaryň kalplary Seniň erkiňe tabyndyr. Eý, Taňrym! Jomartlyk mülküňden maňa sahylyk ülşüni eçil! Aýyp ýapmak hazynaňdan hormata mynasyp bolmak nesibäni ber! Etmişimi jemalyň keremi bilen geçir!» diýdi. Soňra biz Harys bilen ýolumyzy dowam etdirip, Bagdada geldik. Görsem ymam Şapygy hem ol ýerde eken.Men bir gün Dejle derýasynyň kenarynda oturyp, täret almaga başladym. Meniň ýanyma bir adam gelip: «Eý, oglan! Täretiňi ýagşy alsaň, Taňry saňa dünýäde we ahyretde ýagşylyk eder» diýdi. Men öwrülip garasam, bir topar jemagat bir alymyň yzyna düşüp barýar. Täretimi tamamlap, onuň ýanyna bardym. Ol maňa ýüzlenip: «Seniň menden hajatyň barmy?» diýdi. Men: «Hawa Allatagalanyň özüňe öwreden ylmyndan maňa bir zat öwret» diýdim. Ol: «Kim Taňra yhlasly bolsa, ol halaslyk tapar. Kim şu gün dinine mähriban bolup, takwalyk etse, ertir onuň gözleri sogap görmek bilen şatlanar. Saňa ýene bir zat aýdaýynmy?» diýdi. Men: «Hawa» diýdim. Ol: «Imanyňy emri magrup,[39] nehi münker[40] we Taňrynyň emrini berjaý etmek bilen kämil et. Ýene bir zat aýdaýynmy?» diýdi. Men: «Hawa» diýdim. Ol: «Dünýäde takwa bol, ahyretde sogap umyt edýän bol, hemme işleriňi Taňry üçin yhlasly et. Şonda sen halas bolujylaryň toparyndan bolarsyň» diýdi. Soňra ol gitdi. Men: «Ol kim?» diýdim. Adamlar: «Ol Şapygy» diýdiler. Gör, ol nähili wagyz edýär eken! Munuň özi onuň takwalygyna, Taňrydan howpunyň çäksizdigine delildir. Beýle howp we takwalyk diňe Taňryny tanan adamlarda bolýar. «Elbetde, Taňrydan Onuň alym bendeleri gorkýandyr»[41] Şapygy (goý, oňa Taňry rehimdarlyk etsin!) Gurhandan we hadyslardan gelip çykýan ylymlary ýagşy bilendigi sebäpli beýle howpa we takwalyga eýedi. Çünki, Gurhanda we hadyslarda öňdäkileriň we soňdakylaryň pähim-paýhaslary bardyr.
Şapygynyň (goý, Taňry ondan razy bolsun!) kalbyň syrlarynyň we ahyret ylymlarynyň alymydygyny ondan miras galan paýhaslardan bilmek mümkin. Ondan bir gezek ryýa[42] barada soraldy. Ol muňa: «Ryýa – alymlaryň kalp gözleriniň öňüne haý-höwesiniň ornaşdyran bir pitnesidir. Alymlar nebisleriniň arzuwyna tabyn bolup, oňa meýil etseler, amallary zaýa ederler» diýip jogap berdi. Şapygy (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) ýene: «Sen şöhratparaz bolmakdan gorkýan bolsaň, onda ne mukdar sogap isleýändigiň, haýsy azapdan gorkýandygyň, nähili geçirimlilige şükür edýändigiň, nähili belanyň özüňi howsala salýandygy barada oýlan. Eger sen bu zatlaryň biri barada pikir ýöretseň, onda amalyň saňa kiçi bolup görner» diýdi. Gör, ol ryýanyň we şöhratparazlygyň hakykatyna nähili kesgitnama berýär. Bu zatlaryň ikisi hem kalbyň uly apatlaryndandyr.
Şapygy (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Kim özüni haramdan saklamasa, ylmy oňa peýda bermez» diýdi. Ol ýene: «Kim ylmy bilen Taňrynyň erkine tabyn bolsa, ol Taňrynyň syrlar hazynasyndan peýdalanar» diýdi. Abdylkadyr ibn Abdyleziz şeýle aýtdy: «Ol ýagşy hem takwa adamdy. Men ondan takwalygyň meseleleri barada sorardym». Şapygy (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Sabyrly bolan adam derejä ýeter. Derejä diňe kynçylyk çekmäge sabyr etmek bilen ýetilýär. Eýse, sen Beýik Taňrynyň Ybraýym alaýhyssalamy, Süleýman alaýhyssalamy, Musa alaýhyssalamy, Isa alaýhyssalamy synagdan geçirip, dereje eýesi edendigini bilmeýärsiňmi? Derejä ýetmek hallaryň ýagşysydyr. Beýik Taňry: «Biz Ýusuby kynçylyklar görkezmek bilen derejä ýetirdik»[43] diýdi. Eýýup alaýhyssalam kynçylyk-muşakgat çekmekden soňra derejä ýetdi. Bu jähetden Allatagala: «Biz oňaili-maşgalasyny we olar bilen goşup, ýene şolaryň sanyça bala-çagalary bagyş etdik»[44] diýdi.
Şapygynyň (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) beýle sözleri onuň Gurhanyň syrlaryna içgin aralaşandygynyň we pygamberleriň hem welileriň makamlaryna ýetendiginiň delilidir. Bu zatlaryň hemmesi ahyret ylymlaryndandyr.
Şapygydan (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Adam haçan alym bolar?» diýip soraldy. Ol bu sowala: «Okan her bir zadyna gowy düşenenden soň beýlekisine geçmek we ol ýerdäki kemçilikleriniň öwezini dolmak arkaly alym bolar» diýdi. Jaliniusa (Galene): «Sen bir dert üçin köp dürli derman ulanmagy buýurýarsyň» diýildi. Ol: «Aslynda derdiň dermany birdir. Ýöne şol dermanlaryň biriniň beýleki bir dermanlara goşulmagy, ol dermanyň zyýanly täsirlerini azaltmak üçindir. Ýene derman kämahal güýç bilen ters täsir edip, hassany öldürip biler. Ýöne beýleki dermanlar onuň güýjüni azaldar we onuň diňe şypa beriji häsiýeti galar» diýdi.
Şapygynyň (goý, Taňry ondan razy bolsun!) Taňrynyň ýeke-täkligini bilmekde derejesiniň beýikligine delil bolýan mysallar köpdür. Emma onuň fykh ylmyna bolan erk-isleginiň güýçlüdiginiň we Taňrynyň razylygy üçin paýhas nazaryýetiniň giňliginiň delili hökmünde şeýle söz rowaýat edilýär: «Syrkaw ýatyrka özüni soramaga gelen Rabyga: «Meniň maksadym maňa degişli edilmezden bilýän zatlarymy adamlara ýetirmekdi» diýipdir. Gör, onuň kalby Taňrynyň razylygyndan başga niýete düşmekden nähili derejede päk eken! Abu Söwr (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Men Şapygy ýaly alymy asla görmedim. Onuň ýaly alymy gören adama hem duşmadym» diýýär. Ahmet ibn Hanbal (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Men dört ýyldan bäri okan namazlarymda Şapyga ýagşy dileg edýärin» diýdi. Gör, dileg edijiniň oňa hormaty nähili eken, dileg edilýän derejesi nähili eken! Oňa dileg eden alymlar her asyrda köpdür. Ogly Ahmet ibn Hanbala: «Şapygy nähili adamdy? Näme sebäpden oňa doga-dileg edýärsiň?» diýip sowal berdi. Ahmet ibn Hanbal: «Eý, oglum! Şapygy (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) dünýäniň ýanynda gün ýalydy. Adamlara garanyňda saglyk ýalydy» diýip jogap berdi. Ahmet ibn Hanbal: «Eli syýa çüýşäni tutan her bir adamyň Şapygy ýaly mertebesi bardyr» diýdi. Ýahýa ibn Sagyt Kattan:[45] «Kyrk ýyldan bäri her bir okan namazymda ylma we dogry ýola salandygy üçin Şapyga bagyş edip doga-dileg edýärin» diýdi. Şonuň üçin Taňry Kattana ylymlaryň gapylaryny giňden açdy.
Biz onuň ahwaly barada şu mysallary getirmek bilen çäklenýäris. Çünki, beýle mysallar köpdür. Biz bu mysallary şyh Nasr ibn Ybraýym Makdisiniň (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) Şapyga bagyşlap ýazan «Mertebeler» atly kitabyndan aldyk.
Ymam Mälik barada aýdylanda, bu alym hem bäş sany ahlak bilen häsiýetlendirilen adamlaryň biridir. Oňa: «Eý, Mälik! Sen ylym talap etmek barada näme aýdarsyň?» diýildi. Ol: «Ylym gözel zatdyr. Ýöne sen gündelik durmuşyňda gerek bolan ylmy talap et» diýdi. Ol din ylmyna şeýle bir hormat goýardy welin, hatda bir hadys rowaýat etmekçi bolsa hem, hökman täret alardy, onsoň düşegine geçip oturardy, sakgalyny darardy, hoşboý ysly jisimlerden üstüne seperdi, soňra söze başlardy. Oňa bu häsiýeti barada sowal berildi. Ol: «Men Pygamber alaýhyssalamyň hadyslaryna hormat goýulmagyny halaýaryn» diýdi.
Ymam Mälik: «Ylym bir nurdur. Taňry ony islän ýerine ýaýýar» diýdi. Ymam Mälik ýene: «Dinde jedel etmek hiç zatdyr» diýdi. Şapygy (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) şeýle diýdi: «Men Ymam Mäligi gördüm. Ondan kyrk sekiz sany mesele barada soraldy. Ol: «Bu meselelerden otuz ikisini bilmeýärin» diýdi we galan on alty meseläniň çözgütlerini aýtdy. Özüne göwni ýetip gopbamsyraýan alymlar «bilmeýärin» diýip, pespällik görkezmezler. Şonuň üçin Şapygy (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Mälik alymlaryň arasynda ýiti şöhleli ýyldyz ýalydyr. Meniň üçin Mälik ýaly alym ýokdur» diýdi.
Aýdylyşyna görä, Abu Japar Mansur[46] mejbur edilen talak baradaky hadysyň rowaýatyny aýtmagy gadagan edipdir. Soňra ol hile gurnap, bir adamy gizlinlikde Ymam Mäligiň ýanyna iberdi. Ymam Mälik bu hadysy, rowaýaty halkyň arasynda aç-açan aýdyp; «Zor bilen aýalyny boşadanyň aýaly talak bolmaz» diýdi[47]. Abu Japar Mansur oňa gamçy urdurdy. Ýöne Ymam Mälik ol hadysyň rowaýatyny aýtmagy goýmady. Ýene-de ol: «Kişi rowaýat eden hadysynda ýalançy bolmaz. Dogruçyl aýtsa garranda syrkawlamaz. Akly ýitmez. Duýgulary gitmez» diýipdir.
Onuň takwalygyna şeýle gürrüň delildir. Möminleriň emiri Mäti[48] bir gezek ondan: «Seniň öýüň barmy?» diýip sorady. Ol: «Ýok. Men Rabyga ibn Abu Abdyrahmandan eşiden hadysymy gürrüň bereýin. Kişiniň asly öýüdir» diýdi. Harun Reşit[49] hem ondan: «Seniň öýüň barmy?» diýip sorardy. Mälik «Ýok» diýdi. Harun Reşit oňa üç müň dinar berip: «Muňa öý satyn al» diýdi. Mälik puly aldy, ýöne ony sowmady. Harun Reşit Hyjazdan Yraga gaýtmakçy bolanda ymam Mälige: «Seniň meniň bilen bile gitmegiňi isleýärin. Sebäbi men Osmanyň (goý, Taňry ondan razy bolsun!) Gurhany adamlaryň arasyna ýaýradyşy ýaly, «Al-muwatta» («Hadys gollanmasy») kitabyny adamlaryň arasyna ýaýratmak isleýärin» diýdi. Onda Mälik: «Kitaplary «Al-muwatta» kitaby bilen alyş-çalyş etmäge hiç hili isleg ýok. Sebäbi Pygamber alaýhyssalamdan soň sahabalary dürli ýurtlara gitdiler we baran ýerlerinde adamlara eşiden-gören zatlaryny aýtdylar.
Pygamber alaýhyssalam: «Ymmatymyň arasyndaky gapma-garşylyk olar üçin rehmetdir» diýdi. Siz bilen gitmegime mümkinçilik ýok.
Pygamber alaýhyssalam ýene: «Eger bilseler, olar üçin Medine has ýagşydyr»; «Oduň demiriň posuny aýryşy ýaly, Medine hem erbet adamlary dep eder» diýdi. Ine, bular hem beren pullaryň. Isle alyň, isle hem goýuň. Siz eden peşgeşleriňiz üçin maňa Medineden gitmegi teklip edýärsiňiz. Emma men dünýäni Resulyllanyň şäheri Medine bilen çalyşmaryn» diýdi. Munuň özi Mäligiň takwalygynyň delilidir we onuň dünýä bolan söýgüsiniň azdygynyň subutnamasydyr. Takwalyk kalpda dünýä üçin boş ýeriň bolmazlygydyr. Süleýman alaýhyssalam öz mülkünde takwady. Şapygy (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Men Mäligiň gapysynda Horasan atlaryny we Müsür gatyrlaryny gördüm. Men oňa: «Seniň gowy atlaryň bar eken» diýdim. Ol: «Eý, Abdylla! Ol atlaryň bary menden sowgat bolsun!» diýdi. Men oňa: «Sen münmek üçin özüňe bir at galdyr» diýdim. Ol: «Men at münüp, Pygamber alaýhyssalamyň aýak basan topragynda atyň yzyny galdyrmaga Taňrydan çekinýärin» diýdi. Gör, onuň sahylygy we Medinäniň topragyna hormat goýuşy nähili eken! Ol atlaryň baryny bir gezekde peşgeş berdi. Munuň özi onuň Taňrynyň razylygy üçin ylym isländiginiň we ylmy dünýäden öňe tutandygynyň delilidir.
Mälikden şeýle gürrüň aýdylýar: «Men Harun Reşidiň huzuryna bardym. Ol maňa: «Eý, Abu Abdylla! Biziň özara ylalaşyga gelip çagalarymyza «Al-muwatta» kitabyňy öwretmegimiz gerek» diýdi. Men: «Möminleriň emirini Taňrynyň özi sylasyn! Bu ylym sizden, ýagny kuraýşdan çykýar. Eger siz ony äsgermän, hormat goýmasaňyz, onda ol pese düşer. Ylym hiç kimiň aýagyna gitmez, ylmyň bar ýerine geliner» diýdi. Ol: «Siz dogry aýdýarsyňyz» diýdi we çagalaryna: «Metjide baryp, beýlekiler bilen diňläň» diýdi.
Emma ymam Abu Hanypa (goý, Taňry rehimdarlyk etsin!) barada aýdylanda, ol ybadathondy, takwady, arypdy we ylmy bilen Taňrynyň jemalyny isleýän dindardy. Onuň takwalygy barada Ibn Mübärek gürrüň berdi: «Ymam Abu Hanypa gije namazy köp okardy. Gijäni ybadat bilen geçirerdi». Hammat ibn Süleýman şeýle aýdýar: «Ol gijäni oýa geçirerdi» Bir gün ymam Abu Hanypa (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) ýol bilen ýöräp barýardy. Bir adam oňa eşitdirip: «Ine, şu kişi gijäniň baryny oýalykda geçirýär» diýdi. Şondan soň ymam Abu Hanypa gijäniň baryny ybadat bilen geçirdi. Ol «Men ybadatymdan bolmadyk zat bilen wasp edilmegim, ýagny etmedik işim bilen taryplanmagym sebäpli Taňrydan utanýaryn» diýdi. Onuň takwalygy barada Rabyg ibn Asym şeýle diýdi: «Men Abu Hanypa bilen Ýezit ibn Omar ibn Hubeýranyň ýanyna bardym. Ol Abu Hanypany beýtilmala[50] ýolbaşçy bellemek isledi. Abu Hanypa onuň bu teklibinden boýun towlady. Ol Abu Hanypa bu sebäpden ýigrimi gamçy urdurdy». Gör, ol häkimlikden nähili gaçdy we azap baryny gördi!
Hekim ibn Hyşam Sakafy Abu Hanypanyň Şamda başyndan geçen bir waka barada şeýle diýdi: «Abu Hanypa amanata örän wepadar adamlaryň biridi. Hökümdar hazynalarynyň açarlaryna onuň eýelik etmegini, eger ylalaşmasa, oňa gamçy urmaklygy buýurdy. Ymam Abu Hanypa Taňrynyň azabyna derek hökümdaryň azabyny saýlap aldy. Aýdylyşyna görä, ymam Ibn Mübäregiň ýanynda ymam Agzamyň garşysyna şeýle diýlipdir: «Dünýäniň ähli baýlygy hödürlenende hem ondan gaçan alym barada nädip beýle gürrüň edýärsiňiz». Muhammet ibn Şujag Abu Hanypanyň şägirtleriniň birinden eşiden sözüne salgylanyp, Abu Hanypa barada şeýle gürrüň aýtdy: «Möminleriň emiri Abu Japar Mansur Abu Hanypa on müň dirhem bermegi buýurdy» diýdiler. Abu Hanypa bu puly almaga göwnemedi. Ol puly almaga barmaly gün ertir namazyny okady, soňra eşigine bürenip, geplemän oturdy. Möminleriň emiriniň ilçisi Hasan ibn Kahtaby puly alyp geldi we Abu Hanypanyň ýanyna bardy. Abu Hanypa ilçi bilen gepleşmedi. Hasan ibn Kahtaba: «Sen näme biz bilen sözleşmeýärsiň? Ýa-da seniň adatyň şeýlemi?» diýdi. Abu Hanypa: «Siz puly jaýyň burçundaky şu haltajyga goýup gidäýiň» diýdi. Soňra ogluna wesýet etdi: «Eger men ölsem, siz meni jaýlasaňyz, sen şu haltajykdaky puly alyp, Hasan ibn Kahtabanyň ýanyna git we oňa: «Sen Abu Hanypa goýan amanat zadyňy kabul edip al diý» diýdi. Abu Hanypa ölenden soňra, ogly kakasynyň tabşyrygyny berjaý etdi. Hasan ibn Kahtaba: «Seniň kakaň dinine örän gaýym eken» diýdi.
Aýdylyşyna görä, halypa ony kazy wezipesine bellemekçi bolupdyr. Ol: «Men bu wezipä laýyk däldirin» diýipdir. Halypa ondan: «Näme üçin?» diýip sorapdyr. Ol: «Eger dogrusyny aýtsam, men beýle wezipä ýaramaýaryn. Eger ýalan sözlesem, onda men ýalançy bolaryn. Ýalançy bolsa, kazylyga ýaramaz» diýip jogap gaýtarypdyr.
Abu Hanypanyň ylmy ahyret ýoludyr we din işleriniň ýoludyr. Onuň magrypeti[51] beýik Taňrynyň razylygy üçindir. Munuň özi Taňrydan howp etmeginiň güýçli bolandygynyň delilidir.
Şuraýk Nahgy:[52] «Abu Hanypa köp dymýan, köp pikirlenýän we adamlar bilen az sözleşýän adamdy» diýdi. Munuň özi bu ymamyň batyn ylmy erkiniň güýçli bolandygynyň we diniň möhüm işlerine meşgullanandygynyň delilidir. Kimde dymmalyk we takwalyk bar bolsa, oňa ylym berlendir.
Ine, şu getirilen sözler üç ymamyň hallary baradadyr. Emma ymam Ahmet ibn Hanbal, Sufýan Söwri (goý, Taňry bu iki ymamdan razy bolsun!) barada aýtsak, bularyň yzlaryna düşenler az, aýratynam Sufýan Söwriniň yzyna eýerenler azdyr.Ýöne olaryň ikisi hem ybadathonlyk we takwalyk bilen meşhurlyk tapdylar we bu iki ahlak bilen özlerini ortaçykardylar. Bu kitapda olaryň hallary we sözleri barada mundan artykmaç aýtmaklygyň hajaty ýok. Indi sen olaryň dünýä işlerine garşy bolan hallary, sözleri, işleri barada oýlanyp gör! Şonda sen ahyret ylmynyň beýleki ylymlardan artykmaçdygyna göz ýetirersiň.
[27]Abu Mahfuz Magruf ibn Firuzan Kerhi – yslamyň beýik alymlarynyň biri. Ol 204/820-nji ýylda aradan çykýar.
[28]Abulkasym ibn Muhammmet Jüneýit Bagdady (822-910) – beýik sopy pirleriň biri.
[29]Abu Abdylla Hars ibn Eset Muhasyby – sopy pirleriň biri. Ol 243/858-nji ýylda dünýäden ötýär.
[30] اَلهـَـنـْـدَسـَـة ُAl-hendese – geometriýa.
[31]اَلمـَـنـْـطـِـقُAl-mantyk – logika.
[32]Gurhanyň 29-njy «Ankabut» süresiniň 69-njy aýaty.
[33]Abdylla ibn Omar – halypa Omaryň ogly. Ol 693-nji ýylda Mekgede 84 ýaşynda dünýäden ötýär.
[34]Abdylla ibn Mesgut – sahabalaryň biri. Ol 653-nji ýylda Damaskda ölýär.
[35]Zuhal – Ömrizaýa ýyldyzy.
[36]Abu Muhammet Sufýan ibn Uýaýna ibn Abu Ymran Meýmun Hilaly Kufy (725-813) – meşhur hadysçy alym.
[37]Ýagny, Salyh ibn Bişr Murry – ymam Şapygynyň döwürdeş alymy.
[38]«Murselat» 77-nji süresiniň 36-njy aýaty.
[39]Emri magrup– adamlaryýagşyişlerietmägeündemek.
[40] Nehi-münker – adamlarybozuk işlerietmezlige ündemek.
[41]Gurhanyň 35-nji «Fatyr» süresiniň 26-njy aýaty.
[42]Ryýa– özüňi mertebeli edip görkezmäge çalyşmak.
[43]Gurhanyň 12-nji«Ýusup» süresiniň 21-nji aýaty.
[44]Gurhanyň 21-nji«Enbiýa» süresiniň 84-nji aýaty.
[45]Abu Sagyt Ýahýa ibn Sagyt ibn Furuwwah Ahwal Kattan – basraly ymam. Ol 198/814-nji ýylda dünýäden ötýär.
[46]Abu Japar Mansur –apbaslylar neberesinden bolan halypa Mansur. Ol 754-774-nji ýyllarda halypalyk edýär.
[47]Bu ýerde gürrüň äriniň üç gezek talak eden, soňra: «Men seni yzyňa almagy halal etmek üçin başga bir är bilen nikalaşdyrýaryn» diýip, aýalyna şert goýan äriň ýagdaýy barada barýar. Ikinji är aýaly nikasyna alýar we onuň bilen ýakynlyk edýär. Ýöne ol aýalyň talagyny bermeýär. Beýle ýagdaýda aýalyň ikinji ärine zorluk bilen aýalynyň talagyny berdirmek dürs däldir.
[48]Mäti ibn Mansur – apbaslylar neberesinden bolan halypa. Ol 775-785-nji ýyllarda hökümdarlyk edýär.
[49]Harun Reşit – apbaslylar neberesinden bolan meşhur halypa. Ol 786-809-njy ýyllarda hökümdarlyk edýär.
[50]Beýtilmal – meýletin töleglerden ýygnanan döwlet hazynasy.
[51]Magrypet– Ýeke-täk Taňryny tanamak.
[52]Abu Abdylla Şureýk ibn Abdylla ibn Hars Nahgy – hadysçylaryň biri. Ony 178/ 792-nji ýylda Kuteýba ibn Müslim öldürýär.