بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Käbir akyldarlar aýdypdyrlar: «Takwalygyň öňünde bäş sany päsgelçilik bar, kim olary geçip bilse takwalyga ýetdigidir: 1) kynçylygy ýeňillikden ileri tutmak; 2) zähmeti dynçlykdan ileri tutmak; 3) kiçelmäni beýgelmekden ileri tutmak; 4) dymmaklygy dilewarlykdan ileri tutmak; 5) ölümi ýaşaýyşdan ileri tutmak».

Başy » Kitaplar » YLYM BARADA KITAP » Oňlanylýan ylymlardan oňlanylýan mukdaryň beýany

   Eger biler bolsaň, ylym bu jähetden üç hili topara bölünýär:

1. Azy hem, köpi hem oňlanylmaýan ylym;

2. Azy hem, köpi hem oňlanylýan ylym (Bu toparyň oňlanylýan muk­dary köp bolsa, şonça gowudyr);

3. Ýeterlik mukdarda oňla­nyl­ýan, artykmaç mukdarda oňlanylmaýan ylym. Bu topar mis­li bedeniň hallary ýalydyr. Bedende, meselem saglyk, görk az bolsa, oňlanylmaýar. Ýaramaz ahlak hem köp bolsa oň­la­nyl­maýar. Tygşytlylyk, sahylyk az hem bolsa oňlanylýar. Tarhan­ dökerlik halanylmaýan ahlakdyr. Munuň tersine, jomartlyk, ba­tyrlyk halanylýan gylykdyr. Oýlanşyksyz hereket etmek hem oňlanylmaýar.

Azy hem, köpi hem oňlanylmaýan ylym barada aýdylanda, onuň din üçin hem, dünýä üçin hem peýdasy ýokdur. Çünki, onuň peýdasyndan zyýany köpdür. Mahlasy, olardan peýda ýok­dur. Meselem, jady, tilsimler, ýyldyzlar ylmy. Bu ylymlara meşgul bolmak onsuz hem gysgalygy bilen gadyr-gymmaty be­ýik bolan ömri boş zada sarp etmek jähetinden zaýa edýär. Gymmatly zady zaýa etmek bolsa halanylmaýar. Çünki, gym­matly zady zaýa etmegiň zyýany çak edilişinden zyýada bol­ýar. Sebäbi, ömrüň zaýa bolýan pursatynyň üsti bilen dün­ýä­däki ençeme gadyrly maksatlar hasyl edilýär.

Azy hem, köpi hem oňlanylýan ylym barada aýdylanda, onda ol Taňryny tanamak, Onuň sypatlaryny, işlerini, öz ben­de­lerine, halkyna kesgitlän düzgünlerini we ahyret üçin dün­ýä­de goýan tertip-nyzamlaryny bilmekdir. Bu ylym Taňrynyň zatyny (özüni) bilmek üçin zerurdyr. Ony bilmek ynsany ahyret bagtyýarlygyna ýetişdirýär. Bu ylym göýä, kenarlaryna nazar ýetmeýän deňiz ýaly çäksizdir. Onuň kenarlaryna Taňry­nyň rehmetine miýesser bolanlar gadam basýarlar. Onuň etrap­la­ryndan diňe dürli ruhy derejeler berlen pygamberler, weliler we ylymdan ýetdik paý alan alymlar seýil edýärler. Bu ylym kitaplarda beýan edilmedik ýaşyryn ylymdyr. Onuň inçe syrla­ry­na ahyret alymlary ýetişýärler. Beýle alymlaryň alamatlary başdan belli bolýar. Olar yhlaslary, kalplarynyň päkizeligi we dün­ýä aladalaryndan azatlygy bilen tapawutlanýarlar, ahlak päk­ligi bilen pygamberlere, welilere meňzeýärler. Bu ylma ym­tyl­ýan alym diňe Taňra çäksiz yhlasy bilen däl-de, eýsem ylymdan rysgal paýynyň ýeterlik mukdarda berilmegi bilen hem ýüze çykýar. Elbetde, Taňra yhlasly bolmak dogry ýola gönükmegiň ýeke-täk açarydyr.

  Emma belli bir bölegi oňlanylýan ylym barada aýdylanda, biz bu görnüş ylym hakynda parzy kifaýa bolan ylmyň beýa­nyn­da öňde aýdyp geçdik.

    Her bir ylymda öwrenmegiň belli çäkleri bolýar. Olar – iň az çäk, ortaça çäk we aňyrbaş çäk. Sen ömrüňi ortaça çäkde ahy­ryna çenli saklap, iki hili adamyň biri bolup, ýa-ha öz neb­siň bilen meşgul bolup, ýa-da nebis arzuwlaryndan geçip, ylma meşgul bol! Eger nebsiň bilen meşgul bolsaň, onda saňa öz halyňa laýyk bolan ylmy we amallary öwrenmegiň gerek. Me­se­lem, namaz, täret, oraza ...

  Saňa ähmiýetli zatlaryň biri – kalbyň häsiýetlerini we olar­dan oňlanylmaýan zatlary bilmegiň gerek. Çünki, ynsan açgöz­lük, göriplik, ulumsylyk ýaly oňlanylmaýan häsiýetleri bilmek arkaly heläkçilikden halas bolýar. Oňlanylmaýan ahlaklardan gapyl bolmak bedendäki ýaranyň ähmiýet berilmezligi sebäpli azmagy ýalydyr. Çykuwy mysal edip alynsa, ol göýä bedeniň daşynda emele gelen dert ýaly bolup görünýär. Ýöne onuň içki sebäpleri bolýar we ganyň hapalanmagy sebäpli ýüze çykýar. Tebip çykuwyň daş hem içki sebäplerini bilmek bilen ony be­jer­megiň anyk ýollaryny kesgitleýär. Alymlar barada aýdylan­da hem, edil şunuň ýalydyr. Olaryň köpüsi zahyr[1] amallardaky kemçilikleri düzetmegiň ýollaryny salgy berse, ahyret alymlary olaryň tersine batyn[2] amallarda bar bolan kemçiliklerden (meselem, şer daragtynyň kalbyň töründe zyýanly köklerini ur­magynyň sebäpleri, ony köki-damarlary bilen kalpdan sogur­magyň ýollary) halas bolmagyň usullaryny salgy berýärler. Alym­laryň aglabasy kalplary päklemek maksady bilen agzala­ryň amallarynyň ýeňildigini we kalplaryň amallarynyň kyndy­gy­ny göz öňünde tutup, zahyr amallara ýapyşdylar. Munuň özi dermany ajylygy sebäpli içip bilmeýän hassa ajylygy aýyrmak üçin başga maddalary goşup, derman berlişi ýalydyr. Madda­la­ryň artmagy derdi ýeňilleşdirmän, tersine güýçlendirýär.

Eger sen ahyretiňi hem-de ebedi heläkçilikden gaçyp, ha­las bolmagy isleýän bolsaň, onda batyn ylmyndan biziň «Heläk ediji zatlar» atly çärýegimizde berilýän ruhy dertleriň sebäp­le­ri­ni we olary bejermegiň ýollaryny bilmäge ymtyl. Şonda sen «Halas ediji zatlar» atly çärýegimizde beýan edilen taryply maksatlara ýetişersiň. Çünki, kalp oňlanylmaýan ahlaklardan howatyr etse, şonda ol oňlanylýan ahlaklara eýe bolar. Ýer ha­şal otlardan arassalanandan soňra özünde gerekli ekini we da­ragt­laryň miwelerini ýetişdirýär. Ýerden haşal otlar aýrylmasa, ondan islenilýän hasyl alynmaz. Sen bu halyňda parzy kifaýany ödeýän adamlar bilen parzykifaýada bolan amallary berjaý et­mäge meşgul bolma! Bolmasa, samsyk ýaly özüňi heläk eder­siň. Onsoň, saňa halas bolmaga serişde tapylmaz. Munuň özi köýneginiň içine ýylan ýa-da içýan giren bir kişiniň ony siňek öldürgiç bilen öldürmekçi bolýan wagtyndaky samsyklygyna meňzeýär. Beýle hereket bilen ol peýda tapmaýar we ýylanyň ýa-da içýanyň özüni çakmagyndan halas bolup bilmeýär. Eger sen nebsiňden gutulyp, päklenseň, onda özüňdäki içki we daş­ky kemçiliklerden dynyp bilersiň we asylly endiklere aňsatlyk bilen eýe bolarsyň. Soňra parzy kifaýa bolan amallara ýuwaş-ýuwaşdan meşgul bolup başla, Taňrynyň keramatly Kitabyny öwrenip ugra, soňra Pygamber alaýhyssalamyň sünnetini özleş­dirmäge giriş, soň tefsiri, Gurhana degişli beýleki ylymlary, hökümleri üýtgedilen aýatlary, hökümleri ýatyrylan aýatlary we başga ylymlary öwren. Soň mezhep ylmyna, soň fykh yl­my­na, fykh ylmynyň usulyýetine we özge ylymlara meşgullan. Şu usul bilen ömrüň her pursatyny ylym öwrenmäge sarp et. Ömrüňi diňe bir ylmy çuňlaşdyrmaga meşgul bolup geçirme, eýsem başga ylymlary hem öwren. Çünki, ylymlar köpdür, ömür bolsa gysgadyr. Bu ylymlar serişde hem başlangyçdyr. Olar özleri üçin däl-de, eýsem başga ylymlary özleşdirmek üçin gerekdir.

    Maksat edilen ylmy unutmak bolmaz. Oňa has köpräk üns merkezini jemlemek gerek.

Dil bilimlerinden iň az çäk-arap di­li­ne düşüner ýaly we şoldilde gepleşer ýaly derejede bilinse ýe­ter­lik bolar.

Nahw ylmynda iň az çäk – Gurhan we sünnet bilen baglanyşykly çylşyrymly sözlemlere düşüner ýaly dere­je­de öwrenmekdir. Tefsir ylmynda iň az çäk – Wahydy Nyşa­pu­rynyň tefsirine düşüner ýaly mukdarda öwrenmekdir. Çünki, bu kitap gysga hem düşnükli beýan edilendir we göw­rümi bo­ýunça Gurhana üç essedir. Ony mundan artykmaç öwrenmek aňyr­baş çäk bolar. Ony aňyrbaş öwrenmäge bir ömür ýeterlik däl­dir. Hadyslary öwrenmekde iň az çäk-iki sany «Ygtybarly hadyslar» atly kitaby özleşdirmekdir. Emma alymlaryň atlary­ny ýatlamak barada aýdylanda, onda bu ylmy özüňden öňki alymlar bilen tanyş bolar ýaly, olaryň kitaplaryna salgylanar ýaly derejede öwrenmek iň az çäk bolar. Saňa iki «As-sahyh» («Ygtybarly hadyslar»)[3]atly kitabyň metnini ýat tutmak hök­man däl. Olary ýat beklemek ortaça çäk bolar.

   Bu çäkde zehiniň derejesiçe, akylyň çatyşyça ýatlamak ýagşydyr. Aňyrbaş dereje – gowşak, güýçli we dürs ygtybarly ha­dyslary seljermegi, hadys rowaýatçylarynyň atlaryny, ömür beýanlaryn bilmekdir. Emma, fykh ylmy barada aýdylanda, onda iň az çäk-Muzanynyň[4] (goý, Taňry oňa rehimdarlyk et­sin!) «Al-muhtasar» («Gysgaça beýan») atly kitabynyň maz­mu­ny­ny özleşdirmekden ybaratdyr. Ortaça çäk-onuň üç essesi bolup, ol «Al-wasyt» («Ortaça beýan») atly mezhep ylmyna degişli kitaby özleşdirmäge barabardyr. Aňyrbaş çäk – «Al-basyt» («Giňişleýin beýan») atly kitaby özleşdirmekden ybarat­dyr. Kelam ylmynda iň az çäk-irki döwrüň sünnileriniň okan «Hi­maýat al-Mu‘takydat» («Ynançlaryň hemaýaty» ) atly kita­by özleşdirmekdir. Biziň «Kitab kawagydal-akaýyd» («Aka­ýy­dyň kadalary baradaky kitap») atly eserimizden ýüz sahy­pa­ny özleşdirmek ortaça çäk bolar. Bu çäge bedgatçylar bilen je­del­leşmek üçin, olaryň adamlaryň kalplaryna aralaşdyrýan bo­zuk garaýyşlaryny inkär etmek bilen, adamlaryň kalplaryndan beýle garaýyşlary çykarmak üçin mätäç bolunýar. Munuň özi sowatsyz adamlaryň olaryň garaýyşlaryna berilmezlerinden öň bolmasa, peýda bermeýär. Bedgatçy jedelde seniň üstündigiňi we özüni dymmaga mejbur edendigiňi bilip, senden ötünç so­rar. Ýöne ol garaýyşlaryndan geçmegi kyn görer we başga biri­niň ýanynda ejiz gelen meselesine jogap berip biler. Sen ikinji sapar ony kuwwatly delilleriň üsti bilen hüjüm edip, boýun syndyryp bilersiň. Bu ylma içgin girişmedik adam bedgatçynyň  jedelde hakykatdan gyşarmasy bilen ylalaşar. Eger bedgatçy öz garaýyşlaryny gorap, hüjümini güýçlendirse, onda ol sussypes­lik ýagdaýyna düşer. Köre-körlük bilen berilmek[5] ynanjy ber­kidýär, ýöne giňişleýin düşünje almagyň öňüne böwet bolýar. Munuň özi ýaramaz ahlakly alymlaryň apatlaryndandyr. Olar ha­kykata kemsitmek, sylamazlyk gözi bilen garaýarlar. Olar deňlik, deňeşdirmek, özara gatnaşyk jähetden dawa tutýarlar. Olar bozuk zatlarda üstün bolmak üçin delilleri toplaýarlar we taglymatlaryndaky maksatlary ugrunda erjelliklerini güýçlen­dir­ýärler. Elbetde, olar köre-kör hüjüm etmek ýoly bilen däl-de, eýsem mähribanlyk hem geçirimlik etmek we nesihat ber­mek ýoly bilen hereket eden bolsalar, onda üstünlik gazanar­dylar. Emma köre-körlük, ýalançylyk, paýyş sözler bilen adam­lary özüňe meýil etdirip, eýerdip bolmaýar. Hakykat ýüzünde bolsa adamlar heläk bolýarlar we olaryň kalplaryna bedgat ornaşýar. Olar köre-körlügi adat edinip, serişde hökmünde ulan­dylar, ony «diniň goragy», «musulmanlaryň diregi» diýip at­landyrdylar.

   Soňky asyrlarda ýüz beren gapma-garşy garaýyşlaryň neti­jesinde dörän bedgat eserler sahabalaryň döwründe ýokdy. Se­niň ölüm howply bu zäherden özüňi daşda saklamagyň gerek. Ol zäher fakyhlaryň hemmesiniň garşysyna göreşip, inkär ediji we bejergisi ýok bolan dertdir. Onuň döredýän şertleri we apat­lary baradaky netijämiz yzda geler.

  Bu netije tejribesi bar bolan adamlaryň agzyndan çykýar. «Adamlar nadanlyk sebäpli biri-birine duşmandyrlar» diýen na­kyly aýtsalar hem sen olara ähmiýet berme. Sen bu sözi ömrüni bu ugurda ötüren adamyň nesihaty hökmünde kabul et! Ol ilki alymlaryň eserlerine goşmaça kesgitlemeler girizdi, ola­ryň sözlerini takyklady, jedelleriň hakykatyny beýan etdi. Taňry oňa parasat berip ruhlandyrdy. Sen pitwalary şerigatyň diregi hökmünde kabul edýänleriň sözlerine aldanma. Olar şerigatyň gowşak beýan edilen meselelerini bilmeýärler we gapma-garşy garaýyşlary ýarag edinýärler. Her bir mezhepde gowşak beýan edilen meseleler bar. Olar beýle meseleleri je­del­li kesgitlemeleriň üsti bilen çözýärler. Aslynda jedelli kes­gitlemeler sahabalaryň döwründe hem, ilkinji alymlaryň döw­rün­de hem ýokdur. Sahabalar we ilkinji alymlar pitwalaryň gow­şak ýerlerini özgelerden ýagşy bilýärdiler. Pitwalaryň mez­hep ylmynda peýdasy hem ýokdy, fykh ylmy üçin zyýanlydy. Müftiniň aňyndaky zat fykh ylmyna gabat gelse hem köplenç jedeliň şertlerine laýyk bolmaýar. Kim jedeliň dessurlaryny öz tebigatyna görä düzse, ol aňyny jedeliň düzgünlerine boýun egdirýär we fykh ylmynyň kesgitlemelerini berjaý etmekden boýun gaçyrýar. Jedel ylmy bilen at-mertebe gözleýän adam meşgul bolýar. Ol mezhep meseleleriniň gowşak taraplaryny gözleýär we şu ýolda ömrüni ötürýär. Ol zamananyň şeýtan­la­ryn­dandyr. Sen olardan häzir bol! Sen Taňrynyň razylygyny akyl­lylar bilen bolsaň taparsyň we özüňi kesgitlärsiň. Çünki, ölüm, hasap, jennet, dowzah seniň öňüňdedir. Özüňe peýdasy ýet­jek zatlar we öňüňdäki zatlar barada oýlan. Galan zatlary bir gapdala goý. Käbir ussatlar käbir alymlary düýşlerinde görüp­dir­ler we olardan: «Siziň jedelleşýän ylymlaryňyz barada näme habar aýdarsyňyz?» diýip sorapdyrlar. Olar jogabyň deregine ellerini salgap goýberipdirler, uludan demlerini alypdyrlar we gijäniň içinde gözden gaýyp bolupdyrlar. Olaryň jedelleriniň iki rekagat namazça peýdasy bolmandyr. Pygamber alaýhys­sa­lam: «Dogry ýoldaky adamy jedel azaşdyryp biler» diýdi.

Soň­ra ol şu aýaty okady: «Olar (bu mysaly) diňe siz bilen jedel­leş­mek üçin getirdiler. Olar jedelleşmegi gowy görýän dawagär kowumdyr»[6]. Bu hadysa şu aýat manydaşdyr: «Olaryň kalp­la­rynda hakykatdan egrelmek bar»[7]. «Olar jedelkeş adamlardyr. Siz olardan häzir boluň».[8] Öten alymlaryň biri şeýle diýipdir: «Zamananyň ahyrynda bir kowum geler. Olara amallaryň ga­py­sy ýapyk we jedelleriň gapysy açyk bolar». Bir hadysda: «Siziň amaldan ruhlanýan zamanyňyzda jedelden ruhlanýan bir kowum geler» diýilýär. Meşhur bir hadysda: «Allatagalanyň ýigrenýän adamy jedele berlen kişidir» diýilýär. Başga bir hadysda: «Jedelleşmegi öwrenen kowum amaldan uzaklaşýar» diýilýär. Elbetde, has dogrusyny Taňrynyň özi ýagşy bilýändir!


[1]Zahyr–aýan.

[2]Batyn –aýan bolmadyk, ýaşyryn.

[3]Bu ýerde Buhary bilen Müslimiň «Sahyh» («Ygtybarly hadyslar») atly kitaplary göz öňünde tutulýar.

[4]Ysmaýyl ibn Ýahýa Muzany – şapygy mezhebiniň ymamy. Ol 262/876-njy ýylda ölýär.

[5] Köre-körlük bilen berilmek – ýagny diňe belli bir dini garaýyşy öňe sürüp, galan hemme dini we dünýewi taglymatlary bozuk hem biderek hasaplamak.

[6]Gurhanyň 43-nji «Zuhruf» süresiniň 58-nji aýaty.

[7]Gurhanyň 3-nji «Äli Ymran» süresiniň 7-nji aýaty.

[8]Gurhanyň 63-nji «Munafykun» süresiniň 4-nji aýaty.