بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ynsanlara ylym öwrediň, sebäbi olar ylmyň ähli zatdan ýokarydygyny bilmeýärler.

Başy » Kitaplar » YLYM BARADA KITAP » Adamlaryň gapma-garşy garaýyşlar baradaky ylmy kabul etmekleriniň sebäbiniň, çekişmäniň we jedeliň görnüşleriniň, erkin jedel alyp barmagyň şertleriniň beýany.

    Eger biler bolsaň, Pygamber alaýhyssalamdan soň haly­palyk dürs ýolda bolan dört çaryýara[1] ýetdi. Olar Allatagalanyň hökümlerini ýagşy bilýän ymam alymlardy, fakyhlardy we pit­wa çykarmakda garaşsyzdylar. Olar fykh ylmyna seýrek ýag­daý­da bolaýmasa ýüzlenmeýärdiler we ony durmuşda gabat gelýän ýagdaýlaryň çözgütlerinde ulanmaýardylar. Çünki, olar ahyret ylmynyň alymlarydylar. Olar adamlaryň dünýä işleri bi­len baglanyşykly pitwalary çykarmakda çekeleşýärdiler. Pitwa bermejek bolup, özlerini goraýardylar. Bu işde diňe Taň­ra bil baglaýardylar.

   Çaryýarlardan soňra hökümet başyna gelen halypalar fykh ylmyna muwapyk däldiler we pitwalary, hökümleri berjaý et­mek­de alymlaryň kömegine ýapyşmaga mejburdylar. Muňa ga­ra­mazdan tabygynlar sahabalaryň goýan ýollaryna eýerdiler. Haly­palar kazy bolmagy talap edenlerinde, olar beýle jogapkär­çi­lik­li işe baş goşmakdan boýun towladylar we halypalardan gaçdylar. Beýle alymlar barmak basyp sanardan köpdür. Soňra fakyhlar hökümdarlaryň ýanynda hormat eýesi boldular. Fa­kyh­lar hökümdarlaryň pitwa çykarmakda talaplarynyň güýçli bolandygy sebäpli pitwa ylmyna ýykgyn etdiler. Soňra akaýy­dyň (ynanjyň) kadalaryna üns berýän hökümdarlar ýüze çyk­dy­lar. Olar her bir meselede özleriniň delillerini öňe sürdüler. Şeý­le­likde, kelam ylmynyň çekişme we jedel bölümi orta çykdy. Adamlar janypkeşlik bilen kelam ylmyna meşgul bolup başladylar. Alymlar bu ylma bagyşlap öz eserlerini döretdiler, olarda jedel gurnamagyň ýollaryny beýan etdiler, gapma-garşy garaýyşlardan ybarat bölümleri orta çykardylar. Özleriniň mak­sat­larynyň dini goramakdygyny, Pygamber alaýhyssalamyň sün­ne­tiniň päk saklamakdygyny, sünneti dürs hasaplama­ýan­laryň we bedgatçylaryň hereketini basyp ýatyrmak ugrundaky göreşdigini nygtadylar. Şeýle hem fykh ylmynyň weýran edil­megine sebäp bolan köre-körlük döredi. Bu köre-körlük fykh ylmynda çekişmäniň ýüze çykmagyna getirdi. Munuň özi adam­laryň kelam we beýleki ylymlardan daşlaşyp, gapma-gar­şy garaýyşlara meşgul bolmaklaryna alyp bardy. Jedele berilen alymlar özlerniň maksatlarynyň şerigatyň inçe syrlaryny kes­git­le­mekden, mezhep meseleleriniň gowşak beýan edilen ýer­le­ri­ni anyklamakdan we pitwa ylmynyň usulyýetini taý­ýar­la­mak­dan ybaratdygyny tekrarladylar. Olar Abu Hanypa, Şapygy, Mä­lik, Ahmet, Sufýan Söwri (goý, Taňry olardan razy bolsun!) ýaly tanymal alymlaryň goýan kesgitlemelerini inkär ediji jedel häsiýetli kitaplaryny ýazdylar. Bu bozuk iş biziň döwrümizde hem dowam edýär. Biz onuň özümizden soňky asyrlarda nähili derejä eýe boljakdygyny bilmeýäris.

 


[1]Dört çaryýar – Abu Bekr, Omar, Osman, Aly.