Başy » Kitaplar » YLYM BARADA KITAP » Talybyň we mugallymyň edepleriniň beýany.
Ylym öwrenmekde edepler köpdür. Olary on sany wezipä jemleýärler.
Birinji wezipe. Ahlagy bozujy nebisden we oňlanylmaýan wasplardan päklenmedir. Çünki, ylym kalbyň ybadatydyr we Allatagala içki duýgular bilen ýakynlaşmakdyr. Daşky agzalaryň nejasatdan päklenmese namazyň dürs bolmaýşy ýaly, içki duýgularyň ýaramaz ahlaklardan päklenmezden kalbyň ybadaty dürs bolmaýar. Pygamber alaýhyssalam: «Yslam päklik esasynda bina bolan zatdyr» diýdi. Bu hadysda «päklik» sözünden daşky agzalary we içki duýgularyň päkligi göz öňünde tutulýar. Allatagala: «Müşrikler[1] nejisdirler (ýagny, päk däldirler)»[2] diýdi. Beýik Taňry bu aýatyň üsti bilen nejasatyň we päkligiň diňe daşky agzalar bilen çäklenmeýändigini ýaňzydýar. Müşrigiň eşigi we bedeni nejasatdan päk bolup biler. Ýöne onuň içinde ýaramaz ahlaklar möwç urýar. Nejasat – daşky görnüşde bar bolan hapalykdyr, ýaramaz ahlak bolsa içki görnüşdäki hapalykdyr. Möminiň nejasatdan hem ýaramaz ahlakdan hem päk bolmagy gerek. Ýaramaz ahlak haly hem, maly hem heläk ediji zatdyr. Pygamber alaýhyssalam: «It bar bolan öýe perişdeler girmez» diýdi. Kalp perişdeleriň düşleýän öýüdir, täsirlerine düşürýän we karar tapýan ýeridir. Gahar-gazap, nebis islegleri, göriplik, ýigrenç, ulumsylyk, özüňi gowy görmek ýaly ýaramaz ahlaklar itlerdir. Beýle üýrege, ýagny itleribar bolan öýe, elbetde, perişdeler girmez. Ylmyň nuruny Allatagala diňe perişdeleriň üsti bilen kalba salýar. Beýik Taňry: «Allanyň bir ynsan bilen gürleşmegi bolan däldir, diňe ylham arkaly, ýa-da bir ilçi-perişde iberip, öz izin-ygtyýary bilen wahy[3]arkaly sözlär»[4] diýdi. Kalplara iberilýän ylym paýy hem edil şunuň ýalydyr. Bu wezipe ylma wekilçilik edýän perişdeleriň üsti bilen berjaý edilýär. Ol perişdeler mukaddesdirler, päkdirler, oňlanylmaýan ahlaklardan azatdyrlar. Olar diňe ýagşy ahlaklara erklidirler we Taňrynyň rehmet hazynasyndan ýagşy ahlaklary alyp, olary kalplara ornaşdyrýarlar. Men: «Öý sözünden diňe bir «kalp», «it» sözünden «gahar-gazap» hem beýleki oňlanylmaýan ahlaklar göz öňünde tutulmaýar, eýsem kalba duýduruş hem-de içki duýgulardaky bozuklyklar bilen daşky agzalardaky nejasatyň aratapawudy göz öňünde tutulýar» diýip aýdýaryn. Daşky päklik bilen içki päkligiň arasyny tapawutlandyrmak ygtybarly ýoldur. Alymlaryň, ýagşyzadalaryň goýan usulyýetidir. Ygtybarlylyk – köpçülik üçin kesgitlenen anyk çözgütdir. Ygtybarlylykda pent-nesihat we gymmat baha görkezmeler bolýar. Dünýä özüniň mazmuny boýunça panydyr. Ol bir kişiden başga kişä ötýär. Sen adamlaryň öýi bolan öýden Taňrynyň bina eden öýi bolan kalbyň öýüne öt. Sypat üçin ýazgarylan itden däl-de, eýsem häsiýeti üçin ýazgarylan itden geç. Häsiýeti üçin ýazgarylan it wagşylykdyr, ruhuň hapalygydyr.
Biler bolsaň, kalp gahar-gazapdan, açgözlükden, dünýä üçin ýarak itiň häsiýetine eýe bolmakdan doludyr. It many jähetden, kalp bolsa keşp jähetden aňyň suraty däl-de, many görkeziji nurudyr. Suratlaryň hem bu dünýäde köplenç ýaşyryn manylary bolýar. Ahyretde suratlar şol batyn manylara eýerýärler. Şonuň üçin beýle adam many suratynda Arasat meýdanyna ýygnalýar. Pygamber alaýhyssalam: «Sütem eden adamlar ýarak it suratynda, dünýä malyna gyzyganlar ýyrtyjy möjek suratynda, ulumsylar gaplaň suratynda, başlyklyk isleýänler ýolbars suratynda Arasat meýdanyna ýygnalar» diýdi. Bu mazmuna degişli bolan başga hadyslar hem bar. Beýle hadyslar aň-düşünjesi bar bolan adamlar üçin ygtybarlydyr.
Sen maňa: «Ýaramaz ahlakly talyplar hem ylym alýar ahyryn» diýersiň. Hakykat ýüzünde olar ahyretde peýda beriji we bagtyýar ediji hakyky ylymdan örän daşdyrlar. Onuň alan ylmy günä işlere bulaşan bolup, özi üçin heläk ediji, ölüm howply zähere aýlanýar. Käbir alymlar dillerinde hadys aýtsalar hem kalplary başga zady oýlaýar. Munuň ýaly alymyň kalbynda ylymdan hiç zat ýokdur. Ibn Mesgut (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Ylym kalpdan çykýan nurdur» diýdi. Alymlaryň biri: «Ylym Allatagalanyň: «Elbetde, Allatagaladan onuň alym bendeleri gorkýandyr»[5] diýen sözündäki gorkudyr» diýipdir. Ol beýle diýmek bilen ylmyň mahsus bolan miwesini göz öňünde tutýar. Bir alym: «Biz ylmy Taňrynyň razylygy üçin däl-de,başga maksat üçin öwrendik. Şonuň üçin bize ýetdik ylym paýy berilmedi» diýipdir.
Sen: «Men fykh ylmynyň usulyýetini we bu ylmyň pudaklaýyn bölümlerini öwrenip, mertebeli alym hasaplanýan alymlar bar. Ýöne olaryň ahlaklary bozuk» diýip aýdarsyň. Eger sen ylmyň basgançaklary arkaly ahyret ylmy bilen tanyşsaň, onda saňa alymyň ahlagynyň nähilidigi aýan bolar. Hakyky alymyň maddy baýlygy az bolar. Onuň bar baýlygy Taňrynyň razylygy üçin ylma amal etmekdir, maksady Taňra ýakynlyk gazanmakdyr. Biz beýle alym barada öňde hem aýdypdyk. Eger Hudaý halasa, ol barada yzda hem goşmaça aýdarys.
Ikinji wezipe. Dünýä gatnaşyklaryna we ylymdan daşlaşdyrýan zatlara azyrak meşgul bolmakdyr. Çünki, olar kalbyň ünsüni ylymdan sowýar. Allatagala bir adamda iki kalp ýaradan däldir. Kalby beýle zatlara meşgullandyrmak hakykata düşünmegi kynlaşdyrýar. Şonuň üçin: «Sen tutuş göwräň bilen ylma berilmeseň, ylym bir bölegini hem bermez» diýlipdir. Eger sen durşuňa ylma berilseň, onda ylym saňa berler. Munuň özi çeşmäniň suwunyň bir böleginiň ýere siňişi we beýleki bir böleginiň asmana bugaryşy ýalydyr. Çeşmäniň galan suwuny ekerançylyk üçin ulanýarlar.
Üçünji wezipe. Ylmy möhüm zat hasaplamak, mugallyma öwüt bermezlik, tersine, ylym öwrenmek işiniň jylawuny tutuşlygyna mugallymyň ygtyýaryna bermek we onuň nesihatlaryna tabyn bolmak gerek. Munuň özi dertden habary bolmadyk syrkawyň ökde we mähriban tebibiň nesihatyna tabyn bolşy ýalydyr. Talyp mugallymy hormatlamalydyr, oňa sogap dilemelidir we onuň hyzmatyna gol gowşuryp durmalydyr. Şagby[6] şeýle diýdi: «Zeýt ibn Sabyt[7] bir merhumyň jynaza namazyny okady. Ibn Apbas onuň atynyň uýanyny taýýarlap durdy. Zeýt ibn Sabyt: «Eý, Pygamber alaýhyssalamyň dogan oglany! Uýany goý! Men atyma özüm münerin» diýdi. Ibn Apbas: «Alymlary hormatlamagy we olary mertebelemegi bize Pygamber alaýhyssalam tabşyrdy» diýdi. Onsoň Zeýt ibn Sabyt onuň elinden atynyň uýanyny aldy we ol: «Bize Pygamber alaýhyssalamyň neberesine hormat goýmak emr edildi» diýdi.
Pygamber alaýhyssalam: «Mömin ylym öwrenmekden başga ýerde peselmeli däldir» diýdi. Talyp mugallyma uly hormat goýmalydyr. Çünki, mugallym üstünligiň we bagtyýarlygyň sebäbidir. Wagşy haýwanyň özüni paralamagyndan gorkup gaçyp barýan adam gorkakdan ýa-da batyrdan hemaýat boljakdygyna tapawut bermeýär. Ýöne, Taňrynyň dowzahynyň wagşy haýwanlarynyň ýyrtyjylygy dünýäniň wagşy haýwanlarynyň ýyrtyjylygyndan has beterdir. Bu sözüň hikmeti – şudur: azaşan mömin nireden goldaw tapsa, şoňa daýanýar we kim özüne ýagşylyk etse, şoňa uýýar. Bir beýtde şeýle aýdylýar:
Suwuň hüjümi ýaly, gelende beýik ýere,
Hüjümi yglan edýär, ylym ulumsy äre.
Talyp ylmy pespällik we mugallymy ünsli diňlemek bilen alýar. Allatagala: «Elbetde, munda (habardar) kalp eýesi bolan ýa-da özi häzir bolup, (ýagny çyn ýürekden) gulak tutan kişi üçin ýatlama-ybratlar bardyr»[8] diýdi. Bu sözüň mazmuny şeýledir – kalby bar bolan adam ylma aň ýetirmäge ýaramlydyr. Üns bilen diňlemeýän we kalby bilen berilmedik adam ylma düşünmez. Talybyň kalby mugallymyň aýdan zadyny tabynlyk, minnetdarlyk we guwanmak bilen kabul etmelidir. Talybyň mugallymyň sözüni kabul edişi bol ýagyş suwuny siňňitli kabul edýän ýumşak ýer ýaly bolmalydyr. Ol mugallymyň erkine eýermelidir we öz pikirini goýmalydyr. Mugallymyň hatasy hem talybyň dürs pikirinden peýdalydyr. Çünki, mugallymda tejribe bardyr. Talyp mugalymy näçe üns berip diňledigiçe, olaryň dersden alýan peýdasy şonça köp bolýar. Edil şunuň ýaly syrkaw tebibiň maslahatlaryny dykgat bilen berjaý etdigiçe şonça dertden taplanýar. Musa pygamber bilen Hydyr alaýhyssalamyň kyssasynda Hydyr alaýhyssalam Musa pygambere: «Sen meniň bilen bile bolsaň sabyrly bolup bilmersiň, eýse sen bilmeýän zadyňy biljek bolup, sabyrly bolup bilersiňmi?»[9] diýdi we oňa dymmagy we özüniň erkine tabyn bolmagy şert etdi. Hydyr alaýhyssalam: «Eý, Musa! Sen meniň ýanymda boljak bolsaň, nähili wakany görseň hem meniň özüm bir zat aýdýançam menden hiç zat sorama»[10] diýdi. Musa pygamberiň sabyrsyz bolmagy onuň Hydyr alaýhyssalam bilen aýrylyşmagyna sebäp boldy.
Umuman aýdylanda, talyp pikirini özünde saklamalydyr we ony mugallym rugsat beren wagty ýüze çykarmalydyr. Sen: «Beýik Taňry: «Eger bilmeýän bolsaňyz, bilýän adamlardan soraň»[11] diýip aýtdy ahyry» diýersiň. Talyp sowal bermäge ygtyýarlydyr. Ýöne ol mugallymyň rugsat berýän çäklerinde sowal bermelidir. Çünki, düşünmejek sowaly bermek talyba oňlanylýan däldir. Şonuň üçin Hydyr alaýhyssalam wagtyndan öň sowal bermegi gadagan etdi. Çünki, mugallym öz ugrundan talypdan köpräk bilýändir. Talybyň şol wagt aňyna girmejek zady wagtyň geçmegi bilen girer. Çünki, her bir zadyň açyljak wagty bardyr. Aly (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Alyma köp sowal bermeli däldir, oňa jogap bermekde kynçylyk döretmeli däldir. Onuň syryny açmaly däldir, onuň ýanynda gybat etmeli däldir. Seniň ony Taňrynyň haky üçin hormatlamagyň gerekdir. Onuň öňünde zerurýet bolmasa oturmazlygyň gerek. Onuň bir ýumuşy bar bolsa, adamlaryň ony bitirmegi gerek. Bular alymyň hak-hukuklaryndandyr» diýdi.
Dördünji wezipe. Öwrenjäniň başda dini ýa-da ahyret ylymlaryndan özüniň öwrenen zatlaryndan başga zatlarda bolaýmasa adamlar bilen jedele girmezligi gerekdir. Bolmasa, munuň özi akylyňy çaşyrýar, akylyny giderýär we umytdan düşürýär. Tersine, oňa ilki bilen ussadyň berýän sapaklaryny kämil özleşdirmegi gerek. Soňra ol mezhep we şübheli meseleleri öwrenmelidir. Eger onuň ussady mezhep meselelerindäki dürli garaýyşlardan dürs kesgitnamany saýlap başarmaýan bolsa, ol beýle ussatdan häzir bolmalydyr. Çünki, beýle ussat dogry akyma gönükdirmäge derek, ony azaşdyryrar. Sebäbi, kör köri dogry ýola gönükdirmäge ýaramaz. Öwrenjäniň şübheli meseleleri öwrenmekden saklanmagy gerek. Çünki, ol entek ygtybarlylygy gowşak hadyslary ygtybarlylygy güýçli bolan hadyslardan seljerip bilmeýär. Munuň özi gorkaga kapyrlaryň hatarlaryna hüjüm etmäge gadagan edilişi, batyra bolsa, beýle herekete rugsat berilşi ýaly bir zatdyr. Beýle meselelerde adamlaryň käbiri güýçlüleriň yzlaryna eýermek bilen: «Ol meselelerden baş çykarmak ýeňildir» diýip oýlaýarlar. Ýöne olar gowşak baş çykarýanlar bilen gowy baş çykarýanlaryň wezipeleriniň dürlüdigine düşünmeýärler. Olaryň käbiri: «Meni ilki görenler dost saýdylar, soň görenler bolsa zyndyk[12] saýdylar» diýýärler. Sebäbi amallaryň soňy olary kalba ýüzlendirýär. Görenler ony ýalta we amallardan boş hasaplaýar. Içgin garalanda ýagdaý beýle däldir.Onuň bu halykalbyň amallar bilen arabaglanyşygydyr, kalbyň amallara hemişe berilmegidir. Güýçli bilen gowşagy daşyndan görenler olary biri-birine meňzeş hasaplaýarlar. Munuň özi suwly küýzedäki azajyk hapany rowa görmeýäniň we deňizdäki azajyk hapany rowa görýäniň mysaly ýalydyr. Deňiz küýzeden has uludyr. Ýöne deňze rowa bolan zat, küýzä rowa däldir. Emma meselelerden gowşak adam deňziň kuwwaty bilen hapany suwa öwürýändigine düşünmeýär. Nejasat deňziň sypatyna aýlanýar. Az nejasat hem küýzede öz sypatyny saklaýar. Pygamber alaýhyssalam: «Dokuz esseden az bolan nejasat rowa däldir» diýdi. Alym nadanlygy sebäpli bir ylmy başga bir ylmyň garşysyna duşmançylyk üçin ulanmaly däldir. Çünki, adamlar nadanlyk sebäpli biri-birlerine duşmandyrlar. Beýik Taňry: «Olar bilen dogry ýola düşmedikler: «Bu bir köne toslama» diýip aýdýarlar»[13] diýdi. Bir şahyr şeýle diýipdir:
Syrkawyň işdäsine tagam ýokumsyz bolýar,
Hatda çeşmäniň suwy agzyna ajy gelýär.
Ylymlar derejelerine görä bendäni Taňra ýetişdiriji ýa-da onuň Taňra ýetişmegine bir görnüş bilen ýardam beriji häsiýetde bolýar. Ylymlaryň Taňra ýakynlygy gazanylyşyna, bendäniň maksadyna we onuň amal edişine görä menzilleri bar. Ylym hasyl edýänler serhedi goraýanlar ýalydyr. Olaryň her biriniň öz derejesi bardyr we derejelerine hem Allatagalanyň razylygyny maksat tutuşlaryna görä ahyretde sogaplary bardyr.
Altynjy wezipe.Ylymlaryň hemmesine birden girişmeklik gerekdir. Hersine kesgitlenen tertibi saklamak we ilki möhüm bolan ylymlary özleşdirmek wajypdyr. Çünki, ömür hemme ylymlary özleşdirmekden gysgadyr. Her bir zadyň gözelini saýlap almaga ymtylmalydyr. Talyp ähli güýç-kuwwatyny kämil ylym almaga sarp etmelidir. Ylymlaryň iň hormatlysy ahyret ylmydyr. Bu ýerde ol ylmyň iki bölümi bolan mugamala we mukäşefe göz öňünde tutulýar. Mugamalanyň netijesi mukäşefedir, mukäşefäniň maksady bolsa Taňryny tanamakdyr. Men Taňryny tanamak diýmekden aam kişiniň agzyndan çykan sözi ýa-da oňa miras galan ygtykady, ýa-da garşydaşlarynyň garşysyna ulanýan sözlerini göz öňünde tutmaýaryn. Eýsem, Taňrynyň bendäniň kalbyny ýaramaz ahlaklardan tämizlemek üçin ornaşdyrýan nurunyň miwesini göz öňünde tutýaryn. Bu dereje bolsa Abu Bekriň (goý, Taňry ondan razy bolsun!) imanynyň derejesine baryp ýetýär. Onuň imany barada Pygamber alaýhyssalam: «Eger Abu Bekriň imany ölçelse, onda ol älemlerdäkileriň imanyndan agyr gelerdi» diýip güwä geçdi.Şoňa görä-de köpçüligiň ynanýan zadyndan hem-de köpçülikden diňe «kelam» diýip atlandyrylýan dilewarlyk sungaty bilen tapawutlanýan kelamçylaryň öňe sürýän taglymatyndan Omar, Osman, Aly we başga sahabalar, hatda kükreginde ýerleşýän Ilähi syr bilen beýlekilerden artyk bolan Abu Bekr hem ejiz gelerdi.Şerigatyň eýesi Pygamber alaýhyssalamyň şunuň ýaly (Abu Bekr hakynda aýdan) sözleri eşidip, soňra bu eşiden sözlerine ähmiýet bermän «bu zatlar sopularyň toslamalary we akyla sygmajak boş zatlar» diýip tassyklaýanlara haýran galýaryn.
Hususan, ylymlaryň iň hormatlysy we olaryň maksady Allatagalany tanamakdyr. Bu ylym bolsa düýbi bilinmeýän ylymdyr. Ynsanlardan bu jähetdeniň ýokary dereje berlenleri pygamberlerdir, soňra welilerdir, soňra olara eýerenlerdir. Irki döwrüň ybadathanalarynyň birinde iki sany dana adamyň heýkeli bolupdyr. Olaryň her biriniň elinde ýazylan hat bar eken. Danalaryň biriniň elinde şeýle ýazgy bar eken: «Sen her bir zat barada kämil bilseň hem, Allatagalany tanamasaň we ony hemme zadyň sebäpkäri diýip bilmeseň, onda sen özüňi hiç zat etmedik hasapla». Olaryň beýlekisiniň elinde bolsa şeýle ýazgy bar eken: «Men Allatagalany tanamazdan öň suw içsem hem, teşnelikden ganmazdym. Taňryny tananymdan soň bolsa, suw içmesem hem teşnelikden gandym».
Ýedinji wezipe.Bir ylmy kämil özleşdirmezden başga ylmy öwrenmäge girişmezlikdir. Çünki, ylymlar öwrenmek üçin zerurlyk bilen tertibe salnandyr. Olaryň birinde beýlekisine alyp baryjy ýol bardyr. Şol tertibi, şol basgançaklary geçmezden bir ylymdan başga ylma düşüp bolmaz. Beýik Taňry: «Biziň kitap berenlerimiz ony hakyky usul bilen okaýarlar»[14] diýdi, ýagny olar bir ylmy kämil özleşdirýänçäler, başga ylmy öwrenmäge we başga ylym bilen amal etmäge girişmeýärler. Olar kabul edilen tertibi berjaý edýärler. Gapma-garşy pikirleriň barlygy sebäpli ýa-da biriniň ýalňyş pikiri bilen bir ylmyň bozuklygy barada höküm çykarmazlyk gerek. Sen akyl hem şerigat tarapdan gowşak taýýarlygy bolan bir topar adamlaryň: «Bu ylymlary esaslandyran alymlaryň sözleri ygtybarlydy» diýip, oýlanmagy terk edýändiklerini görýänsiň. Biz beýle şübheler barada «Migýar al-ylm» («Ylmyň ölçegi») atly kitabymyzda açyklamalary berdik. Sen bir tebibiň hata goýbermegi sebäpli tebipçilik ylmyny inkär edýän kişileri görýänsiň. Şeýle hem, sen bir müneçjimiň sözüniň dogry çykandygy sebäpli ýyldyzlar ylmynyň ygtybarly ylymdygyna ynanýan kişileri hem görýänsiň. Şeýle hem, bir müneçjimiň sözüniň dogry çykmadygy sebäpli, ýyldyzlar ylmyny inkär edýän kişileri bilýänsiň. Bularyň hemmesi hem ýalňyş pikirlerdir. Ylmyň ygtybarlylygy bir zadyň ýalňyş ýa-da dogry çykmagyna görä däldir. Ylmyň ygtybarlylygy bir kişiniň oňa garaýşyna görä kesgitlenilmez. Şonuň üçin Aly (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Hakykaty tapsaň onuň tarapdarlaryny hem taparsyň» diýdi.
Sekizinji wezipe. Ylmyň hormatly hasaplanmagynyň sebäplerini bilmekdir. Bu ýerde iki sany zat göz öňünde tutulýar. Olaryň biri ylmyň netijesiniň hormatly bolmagydyr, ikinjisi bolsa ylmyň delilleriniň ygtybarly we kuwwatly bolmagydyr. Munuň özi din ylmy bilen tebipçilik ylmynyň mysaly ýalydyr. Din ylmynyň netijesi ebedi dirilikdir, tebipçilik ylymynyň netijesi bolsa wagtlaýyn dirilikdir. Bu ýerden din ylmy has hormatly bolar. Ýa-da munuň özi hasap ylmy bilen ýyldyzlar ylmynyň mysaly ýalydyr. Hasap ylmy delilleriniň ygtybarlylygy we kuwwatlylygy sebäpli has hormatlyrakdyr. Eger hasap ylmy bilen tebipçilik ylmy deneşdirilse, onda maksady jähetden tebipçilik ylmy, delilleriniň ygtybarlylygy jähetden bolsa, hasap ylmy hormatlyrak geler. Ýöne netijesi ynsana peýdaly bolandygy sebäpli delilleri takmyny hem bolsa tebipçilik ylmy hasap ylmyndan hormatlyrakdyr. Biziň şu ýerde beren düşündirişimize laýyklykda ylymlaryň iň hormatlysynyň Beýik Taňryny, Onuň perişdelerini, kitaplaryny we pygamberlerini bilmek ylmydygy we şu ylma ýetişdiriji başga ylymlardygy aýan bolýar. Şonuň üçin seniň höwesiň şu ylymlara bolmalydyr.
Dokuzynjy wezipe.Talyp kalbyny ham-hyýallardan päkläp ýagşy maksatlara gönükdirmelidir, Taňra we Onuň ýakyn perişdelerine ýakynlaşmaga ymtylmalydyr. Ol ylym öwrenmekden wezipe mal, mertebe gazanmagy, jedelde nadan adamlardan deň-duşlaryndan üstün bolmagy maksat edinmeli däldir. Onuň islegi Taňrynyň razylygyny gazanmak bolsa, onda maksady ahyret ylmyny öwrenmek bolar. Şeýle hem bolsa onuň beýleki ylymlara göwnüýetmezçilik bilen garamazlygy gerek. Bu ýerde beýleki ylymlar diýlip pitwa ylmyna, nahuw ylmyna, Gurhandan gelip çykýan ylymlara, hadyslara we başga ylymlara düşünilýär. Çünki, bu ylymlary esaslandyran alymlar duşmandan ýurdy goran söweşijiler ýalydyr, Taňrynyň ýolunda yhlas eden kişiler ýalydyr. Olaryň käbiri söweşijiler ýalydyr, käbiri iým-içim öndürýän daýhanlar ýalydyr, käbiri mallary bakýan çopanlar ýalydyr, käbiri Allanyň razylygy üçin ölüp, sogap gazanan şehit kişiler ýalydyr. Alymlaryň mertebesi barada Beýik Taňry: «Allatagala sizden iman getirenleriň we ylym bagyş edilenleriň derejelerini beýik eder»[15] diýdi. Başga bir aýatda beýik Taňry: «Allatagalanyň emrine tabyn bolanlaryň Taňrynyň dergähinde derejeleri beýikdir»[16] diýdi.
Mertebeler dürli-dürli bolýar. Patyşanyň mertebesi bilen köçe süpürijiniň derejesini deňemek bolmaz. Ýöne mertebeleriniň dürli bolmagyna garamazdan pes mertebelä kemsitme gözi bilen garamak bolmaz. Her kimiň derejesi takdyrynda kesgitlenendir. Mertebe boýunça ilki pygamberler, soňra weliler, soňra beýik alymlar, soňra ýagşy işleri eden adamlar gelýär. Umuman aýdylanda, kim zerre mukdarynda ýagşylyk etse, şonuň sogabyny görer, kim bir zerre mukdarynda ýamanlyk etse, şonuň azabyny görer.[17] Kim Taňrynyň razylygy üçin ylym öwrense, onda ol peýda tapar we beýik mertebä ýeter.
Onunjy wezipe.Talybyň maksadyna görä, ylym öwretmek gerek. Onuň üçin dünýäde we ahyretde möhüm bolan zatlary öwrenmek wajypdyr. Gurhanyň we beýik alymlaryň açyklaýşyna görä, oňa dünýäniň ahyretiň nygmatlaryny bilelikde toplamak mümkin däldir. Är üçin möhüm zat ebedi galjak ahyret ylmyny öwrenmekdir. Munuň üçin dünýä oňa öýdür, beden ulagydyr, amallar maksada eýeriji serişdedir. Ahyr maksat Taňra duşmakdyr. Nygmatlaryň hemmesi şu maksatdadyr.
Bu dünýäniň mütdeti az wagtlykdyr. Ylmyň mertebeleri Taňra duşmak bagtyna eltijidir we Onuň jemalyna nazar aýlamak bagtyýarlygyna ýetişdirijidir. Bu ýerde «nazar» diýlip pygamberleriň Taňryny gözlän nazary, ýagny mütekellimleriň we başgalaryň aňyna ornaşmadyk nazar göz öňünde tutulýar. Bu jähetden ylymlar üç hili bolýar. Muny şeýle mysal bilen deňeşdirmek mümkin. Haja gitmek üçin seniň azat adam bolmagyň gerek. Birinjiden, saňa azyk, ulag ýaly serişdeleri taýýarlamak wajyp. Ikinjiden, ýola düşmegiň, watandan aýrylyp, Käbä tarap ýüzlenmegiň, menzil üstüne menzil ýol aşmagyň wajyp. Üçünjiden, Käbä baranyňdan hajyň amallaryny tertipme-tertip berjaý etmegiň, soňra yhram eşigini çykarmagyň, hoşlaşyk towabyny etmegiň wajyp. Şu zatlary berjaý edeniňden soňra, eger azat adam bolsaň seniň patyşa bolmaga hakyň bar. Hajyň serişdelerini taýýarlap, Käbe tarapa ýola girýänçä, ýola girip Käbä barýança, Käbä baryp, hajyň amallaryny berjaý edýänçä köp işler bardyr. Hajyň amallaryny berjaý etmek ýol taýýarlygyny görmekden, ýoly menzil-menzil aşmakdan we hajyň däplerini berjaý etmekden ybaratdyr. Ylymlar hem edil şunuň ýalydyr.
Olaryň birinji topary — azyk hem serişde taýýarlamakdan ybaratdyr. Bu topara tebipçilik, fykh ýaly dünýäde bedeniň bähbitleri üçin ýaramly degişlidir. Ikinji topar — ýola girip, menzilleri aşmakdan ybaratdyr. Bu topara kalby ham hyýallardan päklemek, Taňrynyň özüňe ýardam bermedik ylymlaryna erişmezlik, ahlagy terbiýelemek ylmy, batyn ýola girmek ylmy degişlidir. Kalby päklemek ylmyny öwrenmek, dogry ýoly saýlap almak, menzilleri öwrenmek. Ýola düşüp, düşleniljek menzilleri bilmezden ýol aşmak mümkin däldir. Munuň özi bilmeýän işiňe başlamak ýalydyr. Üçünji topar — hajyň amallaryny berjaý edişiň mysaly ýalydyr. Bu topara Allatagalanyň zatyny (özüni),sypatlaryny, işlerini, perişdelerini we biziň mukäşefe ylmynyň beýanynda aýdan zatlarymyzy bilmek degişlidir. Eý, ahyret ýoluny ýöreýji! Ýola gönükmek, bagty gazanmak, halas bolmak şu ýerdedir. Maksady hak we bagtyýarlyga ýetmek bolan her bir dogry ýola giren kişä Taňra ulaşmak mümkindir. Bagtyýarlyga ulaşmak aryplara mahsusdyr. Olar Taňrynyň huzuryna gowşan we jennetiň nygmatlaryna ulaşan bagtyýar kişilerdir. Emma beýle kämillige ýetişmedik kimselere hem dowzahdan gutulmak we onuň azaplaryndan salamat bolmak bardyr. Beýik Taňry: «Taňra ýakynlyk tapanlar üçin rahatlyk, halal rysgal we jennete girmek bardyr[18]» diýdi. Depderleri sag taraplaryndan gelen kişilere: «Size sagyndan depderleri gelen kişilerden salam bolsun!» diýler»[19] diýdi.
Maksatlary dünýä aladalary bolan kişileriň depderleri çep ellerine berler. Olar ýoldan azaşanlardyr. Olar dowzaha düşerler we oda ýanarlar.
Biler bolsaň, hakyky alymlar ahyret ylmyny kämil özleşdiren kişilerdir. Olar bu ylma kalbyň nury bilen ýetişýärler. Olaryň kalbynyň päklik kuwwaty biziň aňymyzdan we gözümizden kuwwatlydyr. Beýle alymlar ahyret ylmyna eýermek bilen aýanlyk menziline ýetişýärler. Olaryň haly gören zadyna güwä geçen kişiniň haly ýalydyr. Başgalaryňahwaly bolsa, görmedik zadyna güwä geçeniniň haly ýalydyr. Bagtyýarlyk mukäşefe ylmyndan soň gelýär. Mukäşefe ylymyna mugamala ylymyny özleşdirmekden soňra ýetilýär. Mugamala ylmy ahyret ýolunyň girelgesidir. Taňrynyň sypatlary baradaky ylmyň çarkandakly ýodalaryny oňlanylmaýan ahlaklardan päklenmek bilen geçmek mümkindir. Ýaramaz ahlaklardan päklenmek bedeniň salamatlygyny, saglygyň sebäplerini bilmek bilen gazanylýar. Geýim-gejim, iýim-içim, ýaşamak üçin öý ýaly zerur bolan zatlar ýaramaz ahlaklardan päklenmäge ýardam berýär. Bu zatlar hökümdaryň kanunlary we fykhlaryň şerigaty adalat bilen ýöretmegine hem baglydyr. Emma saglygyň sebäplerine gözegçilik etmek tebipleriň wezipesidir. Pygamber alaýhyssalam: «Ylymlar iki hili: beden baradaky ylym we din ylmydyr» diýmek bilen fykh ylmyny göz öňünde tutdy, ýagny ol beýle söz bilen batyn ylymlary däl-de, eýsem, zahyr ylymlary aňlatmak isledi.
Sen maňa: «Näme üçin tebipçilik we fykh ylmyny ýolagçynyň azyk hem ulag taýýarlamagyna meňzetdiň?» diýersiň. Biler bolsaň, Taňra ýakynlyk gazanmak üçin çalyşýan zat beden däl-de, kalpdyr. Men bu ýerde bir tokga etden ybarat bolan kalby däl-de, Taňrynyň syrlaryna düşünýän näzik duýguny göz öňüne tutýaryn. Bu duýgy «ruh», kä wagt bolsa «rahatlyk tapan nebis» diýip atlandyrylýar. Şerigat oňa «Kalp» diýýär. Çünki, kalp syra ýetişdiriji ilkinji ulagdyr. Kalbyň üsti bilen tutuş beden duýgynyň ulagy we serişdesi boldy. Ol syryň perdesini açmak mukäşefe ylmynyň wezipesine degişlidir. Aýdylyşyna görä, ol duýgy gymmat bahaly nepis dürdür we Taňrynyň emrinden gelip çykýan bir zatdyr. Beýik Taňry: «Eger senden ruh barada sorasalar, onda: «Ruh Taňrymyň «bol» diýen emrindendir» diýip aýt»[20] diýdi. Her bir ýaradylan zat we emr Taňra degişlidir. Ýöne ruh hemme beden agzalaryndan hormatlydyr. Emr ýaradylmakdan beýikdir. Ruh Taňrynyň emrinde bolan nepis zat bolup, onuň derejesi daglardan, ýerden we göklerden beýikdir. Çünki, ol emr älemindendir. Ruh barada sözleýän pelsepeçi alymlar galapyn ýalňyş pikirleri öňe sürýärler we nadanlyklary sebäpli özleriniň aýdýan zatlaryna özleri hem düşünmeýärler. Biz bu ýerde bu mowzugy beýan edip, sözümizi uzaltmakdan saklanýarys. Çünki, içgin beýan etmekçi bolsak, onda maksadymyzdan daş düşeris. Ruh Taňrynyň emrinden ýaradylandygy sebäpli Onuň dergähine ýakynlaşmaga meýilli bolýar. Ol Taňrydan geldi, Taňra hem gider. Beden bolsa, dünýäniň hajyň ýoluna ulag hem serişde bolşy ýaly ruh üçin Taňry ýoluna ulag hem serişdedir. Ýa-da bedeniň mätäç bolan suwuny gowanyň daşaýşy ýaly ruhy hem beden daşaýar. Bedeniň saglygyny goramagyň maksadynda bolan her bir ylym ruhuň ulagydyr. Tebipçilik ylmynyň hem ruhuň ulagydygyna şübhe ýokdur. Çünki, tebipçilik ylmyna bedeniň saglygyny goramak üçin mätäç bolunýar. Her bir ynsan tebibe mätäçdir. Fykh ylmy tebipçilik ylmyndan başga zatdyr. Ýöne ýeke özi bir ýerde ýaşaýan adam fykh ylmynyň köp meselelerine mätäç bolmazdy. Emma ynsan ýeke ýaşamaly edilip ýaradylmandyr. Çünki, onuň ýeke özi özbaşdak ýaşasa, iýmek, geýmek, ekin ekmek, çörek, nahar bişirmek, öý gurmak, gurallary ýasamak ýaly işlerde beýleki adamlaryň ýardamyna mätäç bolýar. Bu sebäpli oňa adamlara gatyşmakdan başga çäre galmaýar. Gatyşmak bolsa bir ýere toplanmak, nebisleri sebäpleri dawa-jenjeller, gowgalar, uruşlar, bedeniň syrkawlamagy, ahlaklaryň bozulmagy, biri-birini öldürmekleri ýaly zatlary ýüze çykarýar. Saglyga zeper ýetse, onda ony tebipçilik bilen bejerilýär. Adamlaryň özara gatnaşyklaryndaky kanunlaryň bozulmagy syýasat bilen tertibe salynýar. Ahlaklaryň bozulmagy fykh ylmynyň üsti bilen düzedilýär. Bu zatlaryň hemmesi ruhuň ulagy bolan bedeniň saglygyny saklamak üçindir. Kalbyny päklemän, ahlagyny düzetmän, fykh we tebipçilik ylymlaryna girişen kişiniň mysaly düýesine ot, suw satyn alyp, heniz hajyň ýoluna düşmedik kişiniň mysaly ýalydyr. Ömrüni fykh ylmyna sarp edip, kalbyny päkläp, ahlagyny düzeden kişiniň mysaly bolsa, düýesi üçin ot, suw satyn alyp, ýola düşüp, Käbä baryp haj borçlaryny bitiren kişiniň ahwaly ýalydyr. Haja gitmek üçin düýe, gowa, ot -iým, azyk satyn alyp, ýola girmedik kişi bilen ol zatlary satyn alyp, ýola giren we haj borçlaryny berjaý eden kişiniň arasyndaky tapawut, elbetde, uludyr. Mukäşefe ylmyna girişmedik we oňa girişen alymlaryň tapawudy hem edil şunuň ýalydyr.
Sen bu ýerde aýdylan zatlar barada oýlanyp gör! Soňra gapma-garşy pikirler barada nadan adamlaryň däl-de, eýsem mukäşefe ylmyna mahsus bolan adamlaryň garaýyşlaryny kabul et!
Ylym öwrenýän talyplar üçin bu zatlary bilmek ýeterlikdir.
[1]مـُـشـْـرِكٌMüşrik– Taňra şirkgetirýän adam, Taňryny başga zada deňeýän adam.
[2]Gurhanyň 9-njy «Toba» süresiniň 28-nji aýaty.
[3]وَحـِـیٌWahy – Taňrynyň gizlin habarlary.
[4]Gurhanyň 42-nji «Şura» süresiniň 51-nji aýaty.
[5]Gurhanyň 35-nji «Fatyr» süresiniň 28-nji aýaty.
[6]Abu Omar ibn Şerahyl Şagby (642-723) – tabygynlaryň biri.
[7]Zeýt ibn Sabyt – sahabalaryň biri. Ol 647-nji ýylda ölýär.
[8]Gurhanyň50-nji «Kaf» süresiniň 37-nji aýaty.
[9]Gurhanyň 50-nji «Kähf» süresiniň» 64-68-nji aýatlary.
[10]Gurhanyň 50-nji «Kähf» süresiniň 70-nji aýaty.
[11]Gurhanyň 16-njy «Nahl» süresiniň 43-nji aýaty.
[12]زِنـْـدِیـقٌZyndyk– dinsiz, ateist.
[13]Gurhanyň46-njy«Ahkaf» süresiniň 11-nji aýaty.
[14]Gurhanyň 2-nji «Bakara» süresiniň 121-nji aýaty.
[15]Gurhanyň 58-nji «Mujadala» süresiniň 11-nji aýaty.
[16]Gurhanyň 3-nji «Äli Ymran» süresiniň 163-nji aýaty.
[17]Gurhanyň 99-njy «Zelzele» süresiniň 8-nji aýaty.
[18]Gurhanyň 56-njy «Wakyga» süresiniň 90-91-nji aýatlary.
[19]Gurhanyň 56-njy «Wakyga» süresiniň 88-89-njy aýatlary.
[20]Gurhanyň 17-nji «Isra» süresiniň 25-nji aýaty.