Başy » Kitaplar » YLYM BARADA KITAP » Bu mazmunda gelýän aýatlardan
Beýik Taňry: «Alymlar beýlekiler söweşden gaýdyp gelensoňlar, olara ylym öwrenmegiň parzdygyny duýdursynlar. Belki, olar şonda Taňrydan çekinerler»[1] diýdi. Bu aýatdaky «duýdurmakdan» maksat – adamlara ylym öwretmek we olary dogry ýola gönükdirmekdir.
Beýik Taňry: «(Eý Muhammet! Sen): «(Taňry Gurhandan) öň kitap iberilen adamlardan: «Siz kitaby adamlara düşündirersiňiz we onuň manylaryny olardan gizlemersiňiz» diýip ähtnama aldy»[2] diýdi. Bu aýatda ylym öwretmekligiň parzdygy nygtalýar.
Beýik Taňry: «Olaryň bir topary hakykaty bilseler hem ony gizleýärler»[3] diýdi. Bu aýat ylmy öwretmezligiň haramlygyna delildir. Bu jähetden Beýik Taňry ýene: «Kim ylmy gizlese, onuň kalby günälidir»[4] diýdi.
Pygamber alaýhyssalam: «Allatagala alymlara ylym berende ony adamlara düşündirmekligi we gizlemezligi olardan ähtnama alyp berýär» diýdi.
Beýik Taňry: «Ýagşy amallar edip, Taňrynyň ýoluna çagyrýan adamdan has gözel sözi kim aýdypbiler?!»[5];
«(Eý Muhammet!) Parasat we ýagşy mazmunly ündew geçmek bilen adamlary öz Taňryň ýoluna çagyr»[6];
«Ol size kitaby we parasaty öwreder»[7] diýdi.
[1]Gurhanyň 9-njy «Toba» süresiniň 122-nji aýaty.
[2]Gurhanyň 3-nji «Äli Ymran» süresiniň 187-nji aýaty.
[3]Gurhanyň 2-nji «Bakara» süresiniň 146-njy aýaty.
[4]Gurhanyň 2-nji «Bakara» süresiniň 283-nji aýaty.
[5]Gurhanyň 41-nji «Fussylat» süresiniň 33-nji aýaty.
[6]Gurhanyň16-njy«Nahl» süresiniň 125-nji aýaty.
[7]Gurhanyň 2-nji «Bakara» süresiniň 151-nji aýaty.