بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ynsanlara ylym öwrediň, sebäbi olar ylmyň ähli zatdan ýokarydygyny bilmeýärler.

Başy » Kitaplar » YLYM BARADA KITAP » Hadyslardan mysallar:

  Pygamber alaýhyssalam: «Allatagala kime ýagşylyk islese, ony din alymy eder. Ol alym dinine zyýan berýän zatlary adam­lara öwredip, olary dogry ýola gönükdirer», «Alymlar pygamberleriň mirasdüşerleridir» diýdi. [Ynsanlaryň arasynda] pygamberlikden beýik derejäniň ýoklugy aýandyr we şu dere­jäniň mirasdüşeri bolmaklykdan ýokary hormatyň ýoklugy anykdyr. Pygamber alaýhyssalam: «Ýerdäki we asmandaky hem­me zatlar alymyň günäsiniň geçilmegini Taňrydan dilärler» diýdi. Haýsy bir dereje asmandaky we ýerdäki perişdeleriň günäsiniň geçmegini soraýan adamsynyňkydan ýokary bolup biler? Alym öz işi we janynyň rahatlygy bilen meşgul bolup ýören wagtlarynda hem perişdeler Taňrydan onuň günäsiniň ge­çilmegini dilärler. Pygamber alaýhyssalam:   «Ylym abraýly adamyň hormatyny artdyrýar we bendäniň ruhy kuwwatyny patyşanyň derejesine göterýär» diýdi. Şeýlelikde, ynsan bu dünýäniň miwelerine eýe bolýar. Ýöne alymyň ahyretde aljak miweleri mundan has ýagşydyr we bakydyr. Pygamber alaý­hys­salam: «Mynapykda[1] iki sany häsiýet bolmaz: ýagşy ahlak we din ylmy» diýdi. Aýdýan sözi bilen edýän işi deň gelmeýän bu döwrüň käbir din alymlaryna seredip, hu hadysyň dogru­dy­gy­na şek etme. Sebäbi pygamberimiziňdin alymy diýýän kişi­ler­den maksady – seniň pikir edişiň ýaly fykh ylmy[2]däldir. Fykh ylmynyň beýany barada «Fykhyň manysy» diýen bölüm­de aýdylýar. Fakyh[3] üçin iň gowy dereje onuň ahyretiň dün­ýäden ýagşydygyny bilmegidir. Bu ylmy yhlas bilen öwre­nen adam dawadan we ikiýüzlülikden halas bolar. Pygamber alaýhyssalam:

«Adamlaryň ýagşysy imanly alymdyr. Eger oňa ha­jatyň düşse, gerek wagty nepi ýeter. Gerek däl wagty hem ol öz işi bilen (ýagny ylym bilen) gümra bolar»;

«Iman ýala­ňaç­dyr. Onuň lybasy takwalykdyr, bezegi haýa-şerimdir, miwesi ylymdyr»;

«Alymlar we Hakyň ýolunda göreş alyp barýanlar derejesi boýunça pygamberlere iň ýakyn adamlardyr»;

«Aly­myň ölüminden bir taýpanyň ölümi ýagşyrakdyr»;

«Adamlar göýä altyn-kümüş magdanlary ýalydyr. Olaryň ýagşysy jahyl­lyk döwründe[4] abraýly bolup, musulman bolanlaryndan soň ylym öwrenenleridir»;

«Kyýamat güni alymlaryň ýazan syýasy şehitleriň gany bilen deň ölçeler;

«Ymmatymdan kim meniň sünnetimiň kyrk hadysyny adamlara ýetirmek üçin ýatlasa, men oňa kyýamat güni şepagatçy we şaýat bolaryn»;

«Ym­ma­tymdan kim kyrk hadysy adamlaryň aňyna ýetirse, Allatagala ony kyýamat güni fakyh alym ýaly garşylar»;

«Kim Allanyň dinine ökdelese, beýik Taňry ony agyr gününde gorar we oňa oýlamaýan ýerinden rysgal ýetirer» diýdi.

Allatagala Ybraýym alaýhyssalama: «Eý, Ybraýym! Men alymdyryn we alymlaryň hemmesini söýýändirin» diýen owaz iberdi» diýdi.

Pygamber alaýhyssalam: «Alymlar päk Taňrynyň ýerdäki ynamly adam­la­rydyr»;

«Meniň ymmatymdan iki hili adam ýagşy ahlakly bolsa adamlary ýagşy ahlakly eder we bozuk ahlakly bolsa, adamlary bozuk ahlakly eder. Olar emirler we fakyhlardyr»;

«Meni Allatagala has ýakynlaşdyrjak täze bir ylym öwren­me­dik günümiň dogmagynda, meniň üçin haýyr ýokdur»; diýdi.

   Py­gamber alaýhyssalam ylmyň ybadatdan we şehitlikden ar­tyk­maçlygy barada: «Alymyň ybadathon bendeden artyklygy sahabalarymyň içinden iň pesinden meniň artykmaçlygym ýaly­dyr» diýdi. Pikir nazaryny salyp gör! Allatagala ylmy py­gamberlige deňedi, ylymsyz amaly sogapdan boş edip goý­dy. Eger ybadathon yzygiderli ýerine ýetirýän ybadatyny ylym bilen berjaý etmeýän bolsa, bu iş onuň üçin ybadat bolmaz. Pygamber alaýhyssalam: «Alymyň ybadathondan artyklygy ondördi gijäniň aýynyň şöhlesiniň hemme ýyldyzlaryň şöh­le­sinden artyk bolşy ýalydyr»; «Kyýamat güni üç hili adam beý­leki adamlara beýik Taňrydan şepagat dilär, ilki pygamberler, soňra alymlar, soňra şehitler» diýdi. Alymyň mertebesi py­gam­berlikden pes, şehitlikden beýik hasaplanýar. Pygamber alaý­hys­salam: «Allatagala üçin dinine ökde bendeden ýagşy bende ýokdur. Bir fakyh şeýtanyň garşysyna müň ybadathondan güýç­lüdir. Her bir zadyň sütüni bardyr, diniň sütüni fykh yl­mydyr»;

«Siziň diniňiziň ýagşy tarapy onuň ýeňil bolmagydyr, ybadatyň ýagşysy fykh ylmyny öwrenmekdir»; «Imanly alymyň imanly ybadathondan artyklygy ýetmiş essedir»;

«Siz häzir fakyhlaryň köp, karylaryň[5], dilewarlaryň we soraýjylaryň az zamanyna gabat geldiňiz. Bu zamanda amal edijileriň köp bolmagy ylymdan ýagşyrakdyr. Ýene adamlara bir zaman ge­ler. Onda fakyhlar az, dilewarlar köp, amal edijiler az bolar. Ol wagtda ylym amaldan ýagşyrak bolar»;

«Alym bilen ybadathon bendäniň arasynda ýüz dereje bardyr. Her bir iki derejäniň arasy çapyksuwaryň at bilen ýetmiş ýylda geçjek ýoly ýaly aralykdyr»diýdi.

Pygamber alaýhyssalamdan:«Haýsy amal ýag­şy?» diýip soraldy. Pygamber alaýhyssalam: «Beýik Taň­ry­nybilmek we ylym öwrenmek» diýip jogap berdi. Ondan ýene: «Sen haýsy ylmy göz öňünde tutýarsyň?» diýip soraldy. Py­gamber alaýhyssalam: «Päk Taňryny bilmek ylmyny göz öňünde tutýaryn» diýdi. Ondan ýene: «Biz senden amal barada soraýarys. Sen bolsa bize näme üçin ylym hakynda jogap ber­ýärsiň?» diýip soraldy. Pygamber alaýhyssalam: «Emma na­dan­lyk bilen edilen köp amaldan Allany tanap ýerine ýeti­ri­len az amal peýdaly bolar, köp amal Taňra ýaramly ylmy bilmezlik bilen peýda bermez» diýdi. Pygamber alaýhyssalam: «Allata­ga­la kyýamat güni hemme bendelerini direlder we ol alymlara: «Men siziň ýagdaýyňyzy bilendigim üçin size ylym berdim. Muny size ylmy azap bermek üçin bermedim. Men sizi ylym sebäpli ýalkaryn, ýagny jennete kesgitlärin» diýer. Biz hem Alla­tagaladan ahyrymyzyň ýagşy bolmagyny soraýarys!» diý­di.

Indi öten zamanlar ýaşan mertebeli şahslaryň we alym­la­ryň ylym barada aýdan sözlerinden mysallary getireliň:

Aly ibn Abu Talyp (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!) Kumeýle[6] ýüzlenip: «Eý Kumeýl! Ylym baýlykdan haýyr­ly­rak­dyr. Çünki ylym seni gorar, sen bolsa baýlygy gorarsyň. Ylym häkimdir, baýlyk bolsa onuň höküm edýän raýatydyr. Baýlyk harç edilmek bilen kemeler, ylym harç edilmek bilen köpeler» diýdi. Aly ibn Abu Talyp (goý, Beýik Taňry ondan razy bol­sun!) ýene: «Alym yhlas bilen namaz okaýan hem oraza tutýan bendeden haýyrlyrakdyr. Alym ölse yslamda   deşik emele geler. Ol deşigi diňe yzynda galan şägirtleri ýapar» diýdi. Aly ibn Abu Talyp (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!) ýene şygyr bilen şeýle aýtdy:

 

Göz guwanjy alymdyr jahanda bu ynsanyň,

Çünki salgysyn berer bozuk ýolda entäniň.

Mertebesi deň däldir ylym bilen dünýäniň,

Bu sebäpden duşmany alym bolar nadanyň.

Baky dirilik bolar muzdy alym bendäniň,

Ölüdir diri wagty, ömri nadan ýaşanyň.

 

Abuleswet:[7] «Ylymdan hormatly zat ýokdur. Çünki paty­şa­lar adamlara hökümdardyr, alymlar bolsa patyşalara hö­küm­dardyr» diýdi.

Ibn Apbas (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!): «Da­wut pygamber (goý, Päk Taňrynyň oňa ýalkawy bolsun!) üç sany zadyň, ýagny ylmyň, baýlygyň we   hökümdarlygyň   ara­synda öz ygtyýaryna goýuldy. Ol ylmy saýlap aldy. Allatagala bu sebäpden oňa baýlykbilen hökümdarlygy hem bile berdi» diýdi.

Ibn Mübärekden:[8] «Adamlaryň hormatlysy kimdir?» diýip soraldy. Ol: «Elbetde alymdyr» diýdi. Oňa: «Hökümdarlaryň hor­matlysy kimdir?» diýip sowal berildi. Ol: «Elbetde, olaryň takwasydyr» diýdi. Ondan ýene: «Kim pes adamdyr?» diýip soraldy. Ol: «Dine bürenip, dünýewi maksat gazanýan adam­dyr» diýdi. Ol diňe alymy kämil ynsan hasaplapdyr. Çünki alymlar beýle adamlaryň hasabyna girmeýär. Sebäbi ynsany haýwandan tapawutlandyryjy zat ylymdyr. Ynsan ylym bilen ynsandyr, ol ylym bilen öz hormatyna eýe bolýar. Eger ylym bolmasa, onda ynsan kuwwatly bolmazdy. Elbetde, düýe süňk­leri bilen, pil göwresiniň ululygy bilen, ýyrtyjy haýwan haý­baty bilen, öküz köp zat iýýänligi bilen, serçe kiçi hem bolsa duýgurlygy bilen ynsandan kuwwatlydyr. Ýöne ynsanyň kuw­waty ylym bilen olaryň hemmesiniňkiden artykdyr» diýdi.

Alymlaryň biri: «Bir gününi ylymsyz geçiren kişä gynan­jy­myň nähili bolandygyny we bir gününi ylym bilen geçiren kişä begenjimiň nähili bolandygyny bilen bolsaň, onda sen ömrüňi hökman ylym bilen ötürerdiň!» diýipdir.

Pygamber alaýhyssalam: «Gurhana doly düşünýän adam başga birindäki baýlygy bu kitapdan ýokary hasaplasa, onda onuň Allatagalanyň ulaldan zadyny kiçeltdigi bolar» diýdi.

Fath Mosully (goý, Beýik Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Hassa suw, tagam we derman berilmese, onda ol ölermi?» diý­di. Adamlar: «Hawa, ol öler» diýdiler. Mosully: «Kalp hem edil şunuň mysaly ýalydyr. Kalbyň iýmiti ylym we hikmetdir. Onuň diriligi bu iki zat bilendir. Eger kalba üç gün ylym we hikmet barmasa, onda ol ölýär» diýdi.

Bu söz jaýdar aýdylan sözdür. Ylmy ýok kalp hassadyr, onuň kalby ölüdir. Eger ol dünýäni söýse, onda bu ýagdaýy duýmaýar. Onuň dünýä bilen meşgullanmagy duýgularyny boş edýär. Munuň özi gorkynyň güýçli bolmagy bilen adamyň ýa­ra­nyň agyrysyny duýmaýşy ýalydyr. Eger adam ölüm halyna düşse, heläk bolmak duýgusy oňa dünýäniň ýüküni unutdyrýar. Ol köp ökünýär, ýöne oňa bu ökünjiň nepi ýetmeýär. Onuň bu duýgusy howpdan aman bolmak duýgusy ýalydyr. Goý, Beýik Taňry bizi aýyplaryň açyljak güni bolan kyýamat gününiň how­pundan öz penasynda aman saklasyn!

Hasan[9] (goý, Beýik Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Alym­laryň syýasynyň agramy şehitleriň gany bilen bile öl­çeler. Ýöne alymlaryň syýasynyň agramy şehitleriň ganyn­dan agyr geler» diýdi. Ibn Mesgut[10] (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!): «Hiç bir kişi alym bolup dogulmaýar. Ylma öw­ren­mek bilen ýetilýär» diýdi. Ibn Apbas (Beýik Taňry ondan razy bolsun!): «Bir gije ylmy gaýtalamak meniň üçin şol gijä­niň diriliginden ýagşyrakdyr» diýdi. Beýle sözi Abu Hureýra[11] (goý, Allatagala ondan razy bolsun!) bilen Ahmet ibn Hanbal[12] (goý, Beýik Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) hem aýtdy.

Hasan Allatagalanyň: «Eý Taňrymyz! Bize şu dünýäde ýag­şylyk, ahyretde hem ýagşylyk ber!»[13] diýen sözi jähetinden: «Şu dünýädäki ýagşylyk ylym we ybadatdyr, ahyretdäki ýag­şy­lyk bolsa jennetdir» diýdi.

Dana adamlaryň birine bir kişi: «Maňa haýsy zady öwren­mek peýdaly bolar?» diýip sowal beripdir. Ol dana: «Eger se­niň gämiň gark bolsa, saňa peýda berjek zady öwren» diýip, jogap beripdir. Aýdylyşyna görä, ol dana «gäminiň gark bol­ma­gy» diýip, ol kişiniň göwresiniň ajal ýetmegi bilen ölmegini göz öňünde tutupdyr, peýda berjek zat hem ylymdyr.

Alymlaryň biri: «Kim hikmetiň jylawyny tutsa, ol adam­laryň ýolbaşçysy bolar we kim-de kim hikmet bilen tanalsa, gözler oňa hormat bilen garar» diýipdir.

Şapygy[14] (goý, Beýik Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Ylmyň bir aýratyn tarapy – ondan sähelçezat öwrenen kişi şat­lanar, ondan paýy bolmadyk adam bolsa mydama gussaly bolar» diýdi.

Omar[15] (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!): «Eý adam­lar! Size ylym öwrenmek gerek. Çünki, Allatagalanyň ylymdan bir bölümi öwrenen kişä berýän hormatly halaty bardyr. Allatagala oňa bu halaty geýdirer. Eger ol bir günä iş etse, bu halat Allatagaladan: «Bu bendäni ýazgaryp, meni ondan yzyna almawergin»diýip, üç gezek haýyş eder. Eger ol tä ölýänçä günä etse hem halat bu haýyşyny dowam etdirer» diýdi.

Ahnaf[16] (goý, Allatagala oňa rehimdarlyk etsin!): «Alymlar hojaýyn bolmaga has laýygrakdyr. Ýöne ylymsyz abraýyň ahyry horluga elter» diýdi.

Salym ibn Abu Jagd: «Hojam meni üç dirheme satyn aldy we gulçulykdan boşatdy. Men oňa: «Men näme iş edeýin?» diýdim. Ol: «Sen ylym öwrenmek bilen meşgul bol!» diýdi. Men yhlas bilen ylym öwrendim. Aradan ep-esli wagt ge­çen­den soň Medinäniň emiri meniň huzuryma geldi. Ýöne men ony kabul etmedim» diýýär.

Zubeýr ibn Abu Bekr: «Kakam maňa Yrakdan: «Eý, og­lum, sen ylym öwren! Eger mätäç bolsaň ol saňa ýardam berer. Eger baýasaň, ol saňa gorag bolar» diýip hat ýazdy» diýýär. Şu mazmundaky sözler Lukmanyň ogluna beren wesýetlerinde hem getirilýär. Lukman: «Sen alymlary dost tutup, olaryň mej­lislerine gatnaş! Çünki, asmanyň ýagmyrlarynyň ýeri janlan­dy­ry­şy ýaly ylym kalby janlandyrýar» diýdi.

Danalaryň biri: «Bir alym dünýäden gaýtsa, onuň ölümine suwdaky balyk hem, asmandaky guş hem aglar. Onuň özi dünýäden gitse hem, ady unudylmaz» diýipdir.

Zuhry[17] (goý, Beýik Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Ylym ‎‎erkeklik jynsyny aňladýan bir zatdyr.Ony diňe hakyky mertler söýer» diýdi.

 

 


[1]مــُـنـَـافِـقٌMynapyk – ikiýüzli adam.

[2]عِـلـْـمُ الفـِـقـْـهِFykh ylmy – şerigat meselelerini öwrenýän ylym.

[3]اَلفـَـقـِـیـهُFakyh – fykh ylmy boýunça alym, şerigat meseleleriniň alymy.

[4]اَلجـَـاهـِـلِـیـَّـة ُAl-jahiliýe – jahyllyk döwri, ýagny yslamdan öňki döwür.

[5]اَلقـَـارِیٌKary – Gurhany tutuşlygyna ýatdanokaýan adam.

[6]Kumeýl ibn Abdylla Nahgy – Hezreti Alynyň ýaranlarynyň biri.

[7]Abuleswet Zalym ibn Sufýan Dubeli (604-689) – Gurhana ilkinji bolup astyn, üstün we otur ýaly hereketleri goýan basraly dilçi alym.

[8]Abu Abdyrahman Abdylla ibn Mübärek Merwezi – irki döwürde ýaşan merwli meşhur türkmen alymy (118/737 – 181/798).

[9]Abu Sagyt Hasan ibn Abulhasan Basry – Kufede ýaşan, asly parslardan bolan hadys rowaýatçysy (21/642 – 110/728).

[10]Abdylla ibn Mesgut – sahabalaryň biri. Ol 652-nji ýylda ölýär.

[11]Abu Hureýra Abdyrahman ibn Sahry Azdy – sahabalaryň biri. Ol 676-njy ýylda 78 ýaşynda dünýäden ötýär.

[12]Abu Abdylla Ahmet ibn Hanbal ibn Muhammet Şeýbany (780 –855) – hanbaly mezhebini esaslandyryjy ymam. Ýakut Hamawynyň tassyklamagyna görä bu alymyň asly merwlidir.

[13]Gurhanyň 2-nji «Bakara» süresiniň 201-nji aýaty.

[14]Muhammet ibn Idris Şapygy – şapygy mezhebini esaslandyryjy ymam. Ol  204/820-nji ýylda dünýäden ötýär.

[15]Omar  ibn  Hattap– Çaryýarlaryň ikinjisi. Ol 634-644-nji   ýyllarda   halypalyk   edýär.

[16] Abu Bekr Zahhak ibn Kaýs Ahnaf – tabygynlaryň biri. Ol 675-nji ýylda ölýär.

[17]Ibn Şihap Zuhry – meşhur hadysçylaryň biri (670-741).