بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Pygamber alaýhyssalam: «Iman ýalaňaçdyr. Onuň lybasy takwalykdyr, bezegi haýa-şerimdir, miwesi ylymdyr»

Başy » Kitaplar » YLYM BARADA KITAP » Bu mazmunda aýdylan hadyslardan

    Pygamber alaýhyssalam Mugazy[1] Ýemene iberende: «Se­niň üçin bir adamy Taňrynyň ýoluna gönükdirmek şu dünýäden we ondaky zatlardan ýagşyrakdyr» diýdi.

Pygamber alaýhys­sa­lam: «Kim adamlara ylymdan bir baby öwretse, Allatagala oňa ýetmiş syddyga beren sogabynyberer» diýdi.

Isa alaýhyssalam: «Kim ylym öwrense, ylmyna amal etse we ylmyny adamlara öwretse, asmanlarda uly hormat bilen ýatlanar» diýdi.

Pygam­ber alaýhyssalam: «Kyýamat güni bolanda Beýik Taňry yba­dat­honlara: «Siz jennete giriň!» diýer. Alymlar: «Eý, Taň­ry­myz! Olar biziň ylmymyz bilen ybadata yhlas etdiler» diýer. Beýik we Päk Taňry: «Eý, alymlar! Siz meniň dergähim­de kä­bir perişdelerim ýalysyňyz. Kime isleseňiz, şoňa hem şe­pa­gat ediň!» diýer. Olar şepagat ederler, soňra jennete girerler» diýdi. Beýle uly dereje olara zerur bolan ylmy yhlas bilen öw­re­den­dikleri üçin berilýär.

Pygamber alaýhyssalam: «Beýik Taň­ry beren ylmyny adamlardan yzyna gaýdyp almaz. Ýöne alym­la­ryň dünýäden ötmegi bilen ylym hem gidýär. Alym ölende bil­ýän zatlaryny özi bilen äkidýär. Olaryň alyp barmaly wezipe­leri bolsa nadanlaryň eline geçýär. Onsoň olardan sowal soral­sa,ýalňyş jogaplar berip, özleriniň ýoldan çykyşlary ýaly adam­lary hem ýoldan çykarýarlar»;

«Kim ylym öwrenip, ony adamlardan ýaşyrsa, Allatagala beýle adamy kyýamat güni otdan bolan jylaw bilen agyzdyryklar»;

«Dana söz ýagşy peş­geşdir. Sen ony musulman doganyňa öwredendigiň sebäpli müň ýyl ybadatyň sogabyna barabar bolan sogap gazanarsyň»;

«Bu dünýä we ondaky Beýik Taňryny ýatlaýanlardan, ylym öw­redýänlerden we ylym öwrenýänlerden başga zatlar nä­let­le­nen­dir»;

«Beýik Taňry, Onuň perişdeleri asmanlardaky we ýerdäki ýaradan zatlary, hat-da hinindäki garynja hem, deňiz­däki balyk hem adamlara ylym öwredene Taňrydan ýagşylyk dilärler»;

«Eşiden bir ýagşy hadysyny (gürrüňini) din doganyna ‎‎eşitdiren adamdan has peýdaly hiç kim ýokdur»;

«Ýagşy sözi eşiden mömin ony adamlara öwretse we özi oňa amal etse, beýle iş onuň üçin bir ýylyň ybadatyndan sogaplyrakdyr»; diý­di. Pygamber alaýhyssalam bir gün sapara çykanda iki sany mejlisi gördi. Olaryň birinde Beýik Taňrydan dileg edýärler   we dilegleriniň Taňrynyň dergähinde kabul bolmagyndan umyt ed­ýärler, beýlekisinde bolsa ylym öwredýärler. Pygamber alaý­hyssalam: «Allatagala bu dileg edýänleriň dilegini islese kabul eder, islese hem kabul etmez. Emma bu adamlara ylym öw­redýänler barada aýdylanda bolsa, onda meniň özüm hem mugallym edilip iberildim» diýdi. Soňra Pygamber alaýhys­sa­lam olaryň ýanyna baryp, goşulyp oturdy.

Pygamber alaýhys­salam: «Beýik Taňrynyň maňa beren ylmy we parasaty göýä asmandan ýere inen ýagmyr ýalydyr. Ýagmyryň köp ýagan ýerinde köp otlar ösýär,ýagmyryň düşmedik ýerinde otlar ös­män guraýar» diýdi. Birinji ýagdaýda ylmy bilen adamlara peý­da berýän alym, ikinji ýagdaýda ylmy bilen adamlara peýda bermeýän alym, üçünji ýagdaýda iki ýagdaýdan hem mahrum bolan alym göz öňünde tutulýar.

Pygamber alaýhyssalam: «Adam ogly ölende onuň ylmy diýäýmeseň, amaly üzülýär»;

«Ýagşylyga ýol görkeziji ýagşylyk eden adam ýalydyr»;

«Diňe iki ýerden başga ýagdaýda gözigidijilik etmek dürs däldir: Bir adama Beýik Taňry parasat berse, ol parasat bilen meseleleriň çözgütlerini aýtsa we adamlara parasat öwretse; bir adama Al­latagala baýlyk berse, ol ony ýagşy işlere sarp etse» diýdi.

Py­gamber alaýhyssalamdan: «Seniň yzyňy   dowam etdirjekler kim­ler bolar?» diýip soradylar. Pygamber alaýhyssalam: «Olar meniň sünnetimi[2] dowam etdirjekler we adamlara ony öwret­jekler bolar» diýip jogap berdi.

Mertebeli adamlaryň we alymlaryň ylym öwretmek bara­daky aýdan sözlerinden:

Omar (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!): «Kim adam­lara bir hadysy öwretse, adamlar oňa amal etseler, onuň sogaby amal edenleriň ählisiniň aljak sogabyna barabar bolar» diýdi.

Ibn Apbas (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!): «Adamlara ýagşylyk etmegi öwredýän kişiniň günäsini geç­mek­ligi hemme zat, hat-da suwdaky balyga çenli Allatagaladan sorar» diýdi.

Alymlaryň biri: «Alym Allatagala bilen onuň ben­de­siniň arasynda durar» diýipdir.

Sufýan Söwri[3] (goý, Beýik Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) Askalan[4] şäherine geldi. Ondan bu ýerde hiç kim hiç zat barada soramady. Ol: «Bu şäherde ylym ölüpdir. Indi meniň bu ýerde durmagyma zerurlyk ýok. Ulag taýyn ediň, men gideýin» diýdi. Ol beýle sözi ylym öw­ret­mekligiň sogaply işdigini we ylmyň bu şäherde rowaç­lan­magyny  isläp aýdan bolsa gerek.

Ata[5] (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!): «Men Sagyt ibn Museýýebiň[6] ýanyna bardym. Ol aglap oturan eken. Ata oňa: «Seni näme zat aglatdy?» diýdi. Sagyt: «Menden hiç kim hiç zat soramaýar» diýdi.

Alymlaryň biri: «Alymlar öz zamanalarynyň şamçyraglarydyr. Ol öz döw­rü­niň adamlaryna şöhle saçar» diýipdir. Hasan[7] (goý, Beýik Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Eger alymlar bolmadyk bol­sa­lardy, onda adamlar haýwanlar ýaly bolardylar» diýdi. Beýle sözüň üsti bilen alymlaryň adamlara ylym öwretmek bilen olary haýwanlygyň çäginden ynsanlygyň çägine çykarýan­dyk­laryny aýtmak isledi.

Ykryma:[8] «Ylym gymmatly zatdyr» diý­di. Oňa: «Ol nähili gymmatly zat?» diýdiler. Ol: «Ony birine ber­seň, ol ony ulansa, şonda hem bahasy düşmän, tersine art­ýan gymmatly zatdyr» diýdi.

Ýahýa ibn Mugaz: «Muhammet alaýhyssalamyň ymmatynyň alymlary adamlara ata-enelerin­den has rehimliräkdir» diýdi. Ondan: «Bu ýagdaý nähili beýle bolýar?» diýip soradylar. Ol: «Çünki ata-eneleri olary dünýäniň odundan gorap saklaýarlar, alymlar bolsa olary ahyret odundan gorap saklaýarlar» diýdi.

Aýdylyşyna görä ylmyň başy dymmakdyr, soň diňle­mek­dir, soň ýatlamakdyr, soň amal etmekdir, soňra ony ýaýrat­mak­dyr.

Aýdylypdyr: «Ylmyňy bilmeýän adama öwret we bilme­ýän zadyňy öwren. Eger şeýle etseň onda sen bilmeýän zadyňy öwrenersiň, bilýän zadyňy bolsa ýat beklärsiň» diýdi.

Mugaz ibn Jebel ylym öwrenmek we ony öwretmek barada: «Ylmy öw­­reniň. Ylmy öwrenmek ybadatdyr, ony öwretmek bolsa Taň­­rydan gorkmakdyr; ylmy okatmak tesbihdir (Taňryny ta­ryplamakdyr), ylmy derňemek jyhatdyr (din üçin yhlas et­mek­dir), bilmeýän adama ylym öwretmek sadakadyr, oňa yhlas etmek gabyrda hemradyr, ýekelikde ýoldaşdyr, gaýga düşseň hem, şatlansaň hem sabyrlylykdyr, ýat ýurtlarda bolsaň ýakyn dostuňdyr we jennetiň ýoluny salgy beriji şamçyragdyr. Alla­ta­ga­la ylym bilen adamlaryň derejesini ýokary göterýär, olary dogry ýola gönükdirýär we ýagşy işleri etmeklige ündeýär. Alymlaryň işlerine perişdeler nazarlaryny salýarlar we ganat­lary bilen olaryň aýyplarynyň üstüni ýapýarlar. Her bir zat, hat-da deňizdäki balyk hem, gury ýeriň wagşy haýwanlary hem, mör-möjekleri hem, asman hem, ondaky ýyldyzlar hem alym­la­ryň günälerini geçmegini Taňrydan soraýarlar». Çünki, ylym kalplardaky nadanlygy ýok ediji dirilikdir, göreçlere garaň­ky­lygy ýagtaldyp görkezýän nurdyr, bedenleri ejizlikden halas ed­ýän güýçdür. Bende ylym bilen ýagşyzadalaryň derejesine ýetýär. Ylym barada pikirlenmek sogaby boýunça orazanyň so­gabyna barabardyr, ylmy öwretmeklik namazyň sogabyna deň­dir. Ylym bilen ybadat edilýär, wada berilýär, Taňry taryp­la­nyl­ýar, takwalyga ýetilýär, garyndaşlyk gatnaşygy, halal-haram bilinýär. Ylym öňbaşçydyr, amal bolsa onuň yzyna düşüjidir. Ylym bagtyýarlyga eltýär we muşakgatly günleri aradan aýyr­ýar» diýdi. Biz Beýik Taňrydan özümize ýardam bermekligini soraýarys.



[1]Abu Abdyrahman Mugaz ibn Jebel Ensary Hazrajy Jaşmy – sahabalaryň biri.

[2]Sünneti – ýol-ýörelge, däp-dessur, adat.

[3]Sufýan ibn Sagyt Söwri (715-778) – sopy alymlaryň biri. Ýakut Hamawynyň tassyklamagyna görä onuň asly merwlidir.

[4]Askalan – Şamyň bir şäheri.

[5]Ata ibn Müslim Horasany – Horasanyň meşhur fakyhy. Ol 50/671-nji ýylda dogulýar.

[6]Sagyt ibn Museýýep – Ata Horasanynyň döwürdeşi bolan medineli fakyh.

[7]Bu ýerde Hasan Basrygöz öňünde tutulýar.

[8]Ykryma ibn Abu Jähl – sahabalaryň biri. Ol ilki yslama garşy söweşýär, soňra yslamy kabul edýär we musulman bolýar.