بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Akyldarlar aýdypdyrlar: «Dört sany zat ýaramazdyr, ýöne başga dört zat has erbetdir: 1) ýaş adamyň günäkärçiliginden, garrynyňky has erbetdir; 2) nadanyň diňe bu dünýä üçin gaýrat etmekliginden, alymyňky has erbetdir; 3) ybadatda ynsanlaryň ýaltalyk etmekliginden, alymyňky has erbetdir; 4) baýlaryň tekepbirlik etmeginden, garyplaryňky has erbetdir».

Başy » Magtymguly Pyragynyň goşgulary » AÝRYLMA

Mestana ýörinçäň gaýry ýurdunda,

Önüp ösen öz ýurduňdan aýrylma!

Magrur käkilik deý nebsiň ugrunda

Dama düşüp, ganatyňdan aýrylma!   

 

Töwekge et, halka syryň berip  bar, 

Sabyr eýlegil, bisabyrlyk hem bikär,

Her ýere barsaňyz, nesibäňiz bar,

,, Baý bolaý‘‘ diýp, hezzetiňden aýrylma!

 

Namartlyk hem muhannesler-naçarlar –

Düzüň iýip, işiň bolsa gaçarlar,

Syryňny paş edip, aaýbyň açarlar,

Gadryň bilen ülpetiňden aýrylma!

 

Gedalaryň köňli şalykny istir,

Nadan köňli ýalgan söze rast diýir,

Bigadyrlar duşmanyňa dost diýir,

Tälim beren ustadyňdan aýrylma!

 

Kimse kaşak bolup, kimse baý bolar,

Her kimsäniň bagty-ykbaly biler,

Herne gelse başa, tiliňden geler,

Magtymguly, halk ýadyndan aýrylma.