بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Fuzaýl ibn Yýaz (Goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) «Taňry kyýamat güni bozuk alymlaryň hasabyna butparazlaryň hasabyndan hem öň başlar» diýdi.

Başy » Magtymguly Pyragynyň goşgulary » ABAT GALSYN

Säher tut, hudaýa ýalbar,
Yslam öýüň abat galsyn!
Ýamany goý, ýagşa ýol ber,
Şeýtan işi bibat galsyn!

 

Ýagşy söze gulak salgyl,
Säher wagty bidar bolgul,
Ýagşylardan alkyş algyl,
Ömrüň artyp, zyýat galsyn!

 

Adamzat gözden sypynça,
Ýatdan çykar gan kepinçä,
Müňde bir rabat ýapynça,
Hakdan dile, öwlat galsyn!

 

Pis hatyn başa mähnetdir,
Dünýäniň maly nobatdyr,
Ýigide ogul döwletdir,
Mal galynça, zürat galsyn!

 

Ýigit hoşy – at-ýaragdyr,
Her işe jürýet gerekdir,
Pis oguldan ýagşyrakdyr -
Paragy, ýagşy at galsyn!1

 

_______      1“Magtymguly öter-gider,

Matlabyna eter-gider,

Ýalançyda bir at göter,

Herne galsa, bir at galsyn„ diýen bent hem bar. Bu goşgynyň Magrupynyň adyna gelýän ýeri hem bar.