بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Kimdir birine zulum-sütem ederin diýip wada etme. Beýle etmek uly günäleriň biridir. Sebäbi sen eden wadaňda durmasaň kezzap bolarsyň. Eger wadaňy berjaý kylsaň günäkär bolup, Allanyň gazabyna duçar bolarsyň.

Başy » Magtymguly Pyragynyň goşgulary » LÄŞDEN AÝRYLSA (ЛӘШДЕН АЙРЫЛСА)

بِسْمِ اللّهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيم

 

LÄŞDEN AÝRYLSA

 Eý ýaranlar, dünýä geldiň-gelmediň,

Bu şirin jan azyz läşden aýrylsa,

Ýalançyda bäş gün gezdiň-gezmediň,

Wagt ýetişse, käse huşdan aýrylsa.

 

Garrylyk bir gyşdyr, köňlüň oýanmaz,

Ýürek gaýnap, yşkyň ataşy ýanmaz,

Bil büküler, iki dyzyň daýanmaz,

Kuwwatdan, mydardan, güýçden aýrylsa.

 

Ýer bile asman parhy adam adamdan,

Kimiň sözi zäher – bal damar kimden,

Ýüz müň elwan dürli her bir tagamdan,

Lezzet gider dahan dişden aýrylsa.

 

Her ne hajatyňy dilegil Hakdan,

Gudraty güýçlüdir, bar etdi ýokdan,

Goç ýigit kem görner guldan gyrnakdan,

Gallaç bolup, maldan-başdan aýrylsa.

 

Biwepaga köňül berme, üzewer,

Haýyr gazan günä işden ýazawer.

Magtymguly, bäş gün mestan gezewer,

Joşgun geçer, ýigrimbäşden aýrylsa.
ЛӘШДЕН АЙРЫЛСА
 
Эй яранлар, дүнйә гелдиң-гелмедиң,

Бу ширин җан азыз ләшден айрылса,

Яланчыда бәш гүн гездиң-гезмедиң,

Вагт етишсе, кәсе хушдан айрылса.

 

Гаррылык бир гышдыр, көңлүң оянмаз,

Йүрек гайнап, ышкың аташы янмаз,

Бил бүкүлер, ики дызың даянмаз,

Кувватдан, мыдардан, гүйчден айрылса.

 

Ер биле асман пархы адам адамдан,

Кимиң сөзи зәхер – бал дамар кимден,

Йүз мүң элван дүрли хер бир тагамдан,

Леззет гидер дахан дишден айрылса.

 

Хер не хаҗатыңы дилегил Хакдан,

Гудраты гүйчлүдир, бар этди ёкдан,

Гоч йигит кем гөрнер гулдан гырнакдан,

Галлач болуп, малдан-башдан айрылса.

 

Бивепага көңүл берме, үзевер,

Хайыр газан гүнә ишден язавер.

Магтымгулы, бәш гүн местан гезевер,

Җошгун гечер, йигримбәшден айрылса.