بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

«Ymmatymdan kim meniň sünnetimiň kyrk hadysyny adamlara ýetirmek üçin ýatlasa, men oňa kyýamat güni şepagatçy we şaýat bolaryn»

Başy » Magtymguly Pyragynyň goşgulary » BAŞY GEREKDIR

Sypah bolup , ata çykan, her ýerden

Akly känden kesen başy gerekdir,

Bir musulman gaçsa iki käpirden,

Kelleseine saňsar daşy gerekdir.

 

Mert oldur ki, bolsa köňli rehimli,

Göwresi giň gerek, özi pähimli,

Giň ýerde garga deý bolsun wehimli,

Ýerinde hünäri, işi gerekir.

 

Gaplaň kimin arlap girse meýdana,

Tilki kimin bazy berse her ýana,

Duranda, gaýa dek durup merdana,

Alar ýerden at salyşy gerekdir.

 

Ýigidiň  hyýaly bolsa serinde,

Çykar bir gün, çöküp galmaz garynda,

Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde,

Ony  başarmaga kişi gerekdir.

 

Aş gerek gaçarga, kowsa ýeterge,

Ýowny gorkuzarga, tirik tutarga,

Meýdanda sangysyz her iş bitirge,

Ýigrimi, otuzly ýaşy gerekdir.

 

Bürgüt guş deý ganat kakyp dügülden,

Muhannesler geçer jandan, oguldan,

Gurt dek girip, ýowny koý dek dagyldan,

Är ýigidiň mert ýoldaşy gerekdir.

 

Magtymguly, goç ýigitler çapylyp,

Gök damardan gyrmyzy ganlar sepilip,

At salanda doňuz kimin topulyp,

Aýy kimin asylyşy gerekdir.