بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Kararyň maslahatdan soň, ylalaşygyň çekeleşikden soň bolsun.

Başy » Magtymguly Pyragynyň goşgulary » DUMAN PEÝDA

Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,

Ebrler owaz urup, dag kylar duman peýda,

Bijanlar jana gelip, açarlar dahan peýda,

Gögermedik giýalar, gögerip rowan peýda,

Ederler haýwanatga hem sud-u zyýan peýda,

Ýer ýüzüne ýaýylyp, ýörirler nahan peýda,

Wabeste dahan guşlar kylarlar zyban peýda.

 

Çöl tarapyn berk edip, der açar suwa harçeň.

Zemin sebzezar olup, teninden aýrylar zeň,

Jünbendeler mest olup, göýä içmiş arak, beň,

Her eşýanyň özüne öz owazy bolar geň,

Sebze içre sandywaç ýüz tilde kylar äheň,

Zemin hyzyrpuş olup, gül bitirmiş reňbe-reň,

Hyruja  gelip, älem, kylarlar pygan peýda.

 

Surud-u seda birle, jahan ýüzi abatdyr,

Olma suruda magrur, paýanasy bibatdyr,

Hak yşkynda zinde jan , biliň, baky-haýýatdyr,

Her tende ki yşk olmaz, ruzy-ezel mematdyr,

Ýaz ötinçä ýer-u gök, günden-güne zyýatdyr,

Bir haşry-kyýamatdyr, bir ýowmy-arasatdyr,

Dähr içre bolar her dem, jahan içre jan peýda.

 

Zerbaba zowkun olma, baka ýokdur döwletde,

Ömrüňni bada berme, sen bu darel-mähnetde,

Ýeter saňa ir-u giç , ne ýazylsa kysmatda,

Janyňa jepa eýläp, munça gezme hasretde,

Sowap ýagşy amalda ýa jud ýagşy niýetde,

Älem barça hyzmatda, adam ýatyp gaflatda,

Hasylyň ataş bolgaý, eýleseň ýaman peýda.

 

Magtymguly, ýyglar men bu bagty-syýahymdan,

Gorkaram jan apaty, el-aýak güwähimden,

Umydym hasyl olmaz, bu ömri-tebahymdan,

Jan köýdi jeset içre bu ataşy-ahymdan,

Golum sunup, dilär men hajatym allahymdan,

Bende men, umydym köp ol keremli şahymdan,

Eýlegeý arasatda gül kibi iman peýda.