بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Abu Bekr as-Syddykdan (r.a.) habar berilýär: «Bäş sany tümlük bar we olaryň içinde bäş sany çyra bar: 1) bu dünýä bolan söýgi – tümlükdir, onuň çyrasy bolsa – takwalykdyr; 2) günä – tümlükdir, çyrasy – tobadyr; 3) gabyr – tümlükdir, onuň çyrasy imandyr; 4) ahyriýet – tümlükdir, onuň çyrasy bolsa – haýyrly amallardyr; 5) Syrat köprüsi – tümlükdir, onuň çyrasy bolsa – akydadyr (ýakyn)».

Başy » Magtymguly Pyragynyň goşgulary » GALMAGALY NEÝLEREM

Ähli-hal bolsam,diýer men:“Özge haly neýlerem“,

Bu sowulmaz derdi-ýu galmagaly neýlerem,

Owwaly zowky-serwer,hasratly maly neýlerem,

Ahyry möwt-u gubur,bu boş hyýaly neýlerem,

Bolmuşam men zowk ähli ,esbaby-melaly neýlerem.

 

Duşdy yşkyň ataşyga,gylça janym köýdi,ýar,

Gury jismim otdan alyp otga ýakmakda ne bar, sed hezar,

Adyň üçin dähr era bir köşe kyldym yhtyýar,

Yhtyýarym ýok turur,jeňňi-jedeli neýlerem.

 

Görnüşiň aşretnema,görküň üçin köňlüň gudaz,

Gysga ykbalym goly,dost,danemi-waspyň deraz,

Pur hatar, ol ýol ýyrak yşkyň geran,kuwwatym az

Düşmişem bir muşgule,sen-sen bu işe çäre saz,

Iltifatym imdi kyl,ötgen mahaly neýlerem.

 

Her zaman, Magtymguly,halk içre gezme lap edip,

Sakla gabatdan tiliň,ugrunda gez ynsap edip,

El uzadyp köp pisada,ýör hudadan howp edip,

Sopulyk esbaby hoşdur ,geý içiňni sap edip,

Bolsa möý-möjek içim,bu eski şaly neýlerem.