بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Pygamber alaýhyssalam: «Alymlar päk Taňrynyň ýerdäki ynamly adamlarydyr»

Başy » Magtymguly Pyragynyň goşgulary » GALAR, ÝARANLAR

Gel, köñlüm, azm eýle baky dünýäýe,

Kim pany dünýäde galar, ýaranlar.

Bu dünýä mülkünde mülki-möwlaýa,

Ne käfırdir, müñkür bolar, ýaranlar.

 

Kim galar ölmeýen ajal ýetensoñ,

Goýmazlar gezmäge ýaka tutansoñ,

İsa bilen Mäti gelip, ötensoñ,

Ysrafyl bir saýha kylar, ýaranlar.

 

Hakyñ gudratyna baksyn gözleriñ,

Ýüzleri çöl galar dagyñ, düzleriñ,

Uçaryñ, ýöräriñ, tili sözläriñ,

Ezraýyl janyny alar, ýaranlar.

 

Ezraýyl gahr ile iner şeýtana,

Şeýtan ajyzlaýyp, gaçar her ýana,

Biler ki, gutulmaz gaçyp her ýana,

Serendipde baryp öler, ýaranlar.

 

Ol günüñ hasaby geçer ferdaýa,

Asmany sust eýlär, zemini zaýa,

Gazap donun geýip geler derýaýa,

Derýalar gorkuban, guryr, ýaranlar.

 

Ýykylar, ýok bolar daglar, saraýlar,

Ýyldyzlar döküler, dolar bu jaýlar,

Gün şuglasyz dogar, tutular Aýlar,

Daglar gurşun kimin erir, ýaranlar.

 

Adamyñ nebsi dek ýagdyr barany,

Ot kimin je’l edip, çykar ynsany,

Ezraýyl hem berer amanat jany,

Tört perişde täze dirler, ýaranlar.

 

Ysrafyl sur çalar çagyryp her ýan,

Ýok bolan jesetler, aýrylyşan jan,

Kesilen damarlar, gury istihan,

Asgyrşyp-asgyrşyp, turyr, ýaranlar.

 

Bir ýandansorag bar, bir ýandan  jowap,

Bir ýandan ataş bar, bir ýandan azap,

Bir ýandan mizan bar, bir ýandan hasap,

Eden işiñ bir-bir sorlar, ýaranlar.

 

Dine güwä diýrler parzy, sünneti,

Ýetmiş fyrka durur, görüñ, milleti,

On iki guruh bolup resul ymmaty,

Her biri bir jynsda sürler, ýaranlar.

 

Golsuz gopar goñşa ýaman sananlar,

Doñuz bolup sürler namaz goýanlar,

Zekatsyzyñ garny ýylan, içýanlar,

Doluban, dag kimin bolar, ýaranlar.

 

Erte görner bu gün gizlenen syrlar,

Ýalandan güwälik beren ýeserler,

Ýeñsesinden bogazna dek keserler,

Otly gürze bile urlar, ýaranlar.

 

Jebir eden häkimler bolarlar gözsüz,

Görüp, diýmeýenler galarlar tilsiz,

Zynaçylar başy garnynda, golsuz,

Aýagy başynda bolar, ýaranlar.

 

Magşar halky bet ysyndan ýigrener,

Günäli ýerden göge direner,

Süýthor içegesi ýerden süýrener,

Garny dag dek otdan dolar, ýaranlar.

 

Bu dünýäde ‘menem-menem’ diýene,

Jebir elin halk üstüne goýana,

Bir ot bolur ýetim maly iýene,

Rusyýa-şermende bolar, ýaranlar.

 

Çakyrhoruñ gözi, bolmaz ornunda,

Dişi sygyr şah dek durar burnunda,

Dodak synasynda, tili garnynda,

İýdigi agzyndan geler, ýaranlar.

 

Ata-ene agyrdanyñ günleri,

İçi-daşy otdan bolar donlary,

Halka ryswa, ala bolar tenleri,

Suw ýerine zäher berler, ýaranlar.

 

On ikinji guruh, görüñler, näder:

Mesjid bugra bolup, münübän gider,

Ymamlary sürer, mu’azzen ider,

Ýüzler Aý kimin durlar, ýaranlar.

 

Bular ýyldyrym dek ýalpyldap geçer,

Ýa hem ýüwrük at dek per baglap uçar,

Egni ýetmiş donly hüýr gyzyn guçar,

Hasret gidip, aşret geler, ýaranlar.

 

Kelamde gördügin sözlär tilimiz,

Ahyr ajal üstündedir ýolumyz,

Magtymguly aýdar, biziñ halymyz,

Ýa reb, ol gün niçik bolar, ýaranlar.