بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Pygamberimiz Muhammet (s.a.w.) aýdypdyr: «Ynsanyň bedeninde dört sany gymmatlyk bardyr. Ol gymmatlyklar dört zat bilen harap bolýandyr. Gymmatlyklar: akyl-paýhas; din; sadalyk we haýyrly amallar. Akyl-paýhas gahar bilen harap edilýär. Din bahyllyk bilen harap bolýar. Sadalyk şöhrat islemek bilen harap bolýar. Haýyrly amallar töhmet bilen harap bolýar».

Başy » Magtymguly Pyragynyň goşgulary » HARAP EÝLÄR

 Mü’min bolan müñkür bolmaz sözüme,

Jepbar bu jahany, gör, harap eýlär,

Çoh närseler geler-geçer gözüme,

Bu dünýäni bet-bet kär harap eýlär.

 

İşi rowaç tapar bet iş tutanyñ,

Dilegi duş gelmez hak diýp ýatanyñ,

Ýer ýüzünde bolar güýç-güýç ýeteniñ,

Jahany zulum ile zor harap eýlär.

 

Ylma uýmaz, alymlary jet bolar,

Ýok işler ýol bolar, bar iş bet bolar,

Şerigat nist bolar, bet iş set bolar,

Ülkäni bir nice töwr harap eýlär.

 

Balhy bogaz derdi, Nişapury – daş,

Amman şährin derýa Basrany ataş,

Medinäni açlyk, Mekgäni – hebeş,

Hyrat, Kandahary mar harap eýlär.

 

Rum şährin eýleýir sagyka harap,

Ýemeni hulaç ýykar, Mosuly – agrap,

Kufäni jöwenek Bagdat şährin – ab,

Reý ülkesin dilnip, ýer harap eýlär,

 

Sözüme gulak biýr akyl, hemişe,

Termize tagun düşer, renj şähri-Kişe,

Öwlady-Sufýanda ady Gumyşa,

İspihany sahyp kär hasap eýlär.

 

Samarkandy kybty ýygylar, bek basar,

Buhar şährin nan gytlygy türk basar,

Sarahsy mergi bozar, Merwi rik basar,

Şirazy türk, çogan mur harap eýlär.

 

Kaşgary, Hotany käfir hinde eger,

Hytaýa asmandan kejdumlar ýagar,

Her kejdum tiwe dek bir-birge deger,

Hindistany ahu-zar harap eýlär.

 

Aden şahy etgeç Lahora azmy,

Gaýdyp ýurdun tapmaz, dagmy ýa düzmi,

Aby-Jeýhun harap eýlär Horezmi,

Etrapda her mülk, kim, bar – harap eýlär.

 

Darganyñ şährine gökden ses geler,

Ol bir ýowuz sesdir, eşiden öler,

Bulgaryñ şährini ol ors alar,

Orsy Deçjal bile nar harap eýlär.

 

Magtymguly, her kim diñlese jandan,

Bu işler öñ geler ahyrzamandan,

Mäti ýerden çykar, İsa asmandan,

Deçjaly ol iki är harap eýlär.