بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Omar (r.a.) aýdypdyr: «Egerde gaýyba dawa edýär diýmeselerdi, men bäş hili ynsanyň jennetidigine şaýatlyk ederdim: 1) garyp adamyň öz maşgalasyny ekläp saklamagy; 2) adamsy razy bolan aýal; 3) öz mährinden ärine sadaka berýän zenan; 4) ene-atalary razy bolan ynsan; 5) günä edenden soň toba edýänler».

Başy » Magtymguly Pyragynyň goşgulary » HALYMA MENİŇ

Kerem eýle, ýa reb, gudratly Subhan,

Garyp, gamgy n geçen halyma meniň.

Aklym haýrandadyr, etmişem puşman,

Bilmezlikde geçen salyma meniň.

 

Magşar gün bolmasaň sen maňa dalda,

Ýa reb, niçik bolar işim şo halda.

Imanym matagyn aparan ýolda,

Rehzenler goýmagyl ýoluma meniň.

 

Din gylyjyn ursam, tende zorum ýok,

Mätäje nan biýre elde zerim ýok,

Pakyr menem, senden özge ýerim ýok,

Bir teselli bergil köňlüme meniň.

 

Istese deň-duşlar başa altyn täç,

Pakyrlyk mülkünden maňa bergin paç,

Ýa, ýaradan, etme namarda mätäç,

Dilegim, duş etme zalyma meniň.

 

Ajyz menem, senden özge kimim bar,

Öz beren janyňa jebr etme, jepbar,

Magtymguly aýdar, keremli gaffar,

Bakma kyldygyma, pälime meniň.