بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Sufýan as-Sauri rahmetullah aýdypdyr: «Garyp adamlar bäş zady, baý adamlar-da bäş zady saýlapdyr. Garyplar saýlapdyr: 1) ruhyň dynçlygyny; 2) kalbyň azatlygyny; 3) Allaha ybadaty; 4) hasabyň ýeňilligini; 5) beýik derejäni. Baýlar saýladylar: 1) ruhy muşakgatlygy; 2) kalbyň işini; 3) bu dünýä ybadaty; 4) hasabyň agyrlygyny; 5) pes derejäni».

Başy » Magtymguly Pyragynyň goşgulary » KÖP JAN GEÇİPDİR

Nadan köňlüm, ölüm üçin gam iýme,

Senden owwal gelip, köp jan geçipdir!

Ýalan dünýä paýan berendir kime,

Ança ýagşy, ança ýamangeçipdir.

 

Kany Adam ata, Howa enesi,

Kany din babamyz-Halylullasy,

Kany Musa Kelim, mugjuz asasy,

Gähi köprük, gähi ýylan geçipdir.

 

İskender, Süleýman patyşa boldy,

Hyzmatynda döw periler jem boldy,

Ne gulgula hem diwanlar guruldy,

Ança şahy sahypkyran geçipdir.

 

İsa geçdi, demden jan berip murda,

Eger açsa Ýusup ýüzünden perde,

Gören bihuş bolup, ýatar şol ýerde,

Şeýle husny mahy-taban geçipdir.

 

Anhazret hak resul magraja aşdy,

Asmanlar derbe-der gapysyn açdy,

‘Kaby kowsun’ baryp, haka gowuşdy,

Şol serweri iki jahan geçipdir.

 

Ebabekir geçdi ryýazat bilen,

Omar patyşa boldy adalat bilen,

Osman geçdi Kur’an tilawet bilen,

Din gylyjyn çalyp, arslan geçipdir.

 

Hasan, Hüseýin diniň enweri, mahy,

Kany Patma Zähra-hüýrleriň şahy,

Gudrat bilen dörän nury-ylahy,

Şeýle mugjyzatlar mundan geçipdir.

 

Görüň, ne jenanlar yşka ulaşdy,

Ömrüni zaýalap, harga buluşdy,

Ah urup, aýralyk derdinden geçdi,

Delmura-delmura, girýan geçipdir.

 

Ne gözeller geçdi husny hüýr ýaly,

Göýä on dört dolan Aýdyr mysaly,

Ne aşyklar ýetdi uftada haly,

Alaryň yşkynda haýran geçipdir.

 

Ne ülkeler galdy weýran boluşyp,

İli halky zir-zeberan boluşyp,

Baýguşlar guklaşyp, itler üýrüşip,

Ne şarlar galypdyr, jeýran geçipdir.

 

Kany hile bilen mallar ýygnanlar,

Kany öýler doly sim bile  zerler,

Kany sandyk, hukka, lagl-u göwherler,

Hemme salyp, äşkär, nahan geçipdir.

 

Ne ýagşylar geçip, söhbetler tutdy,

Ne döwranlar gelip, hoş bolup ötdi,

Ömrüň ötdi, ýaşyň ýetdi, hal gitdi,

Magtymguly, senden döwran  geçipdir.