بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Bahyl kişä maslahat salmagyn. Seni üstünlikden alyp galar we haýyr-yhsan etmegiňe böwet bolar. Gorkak kişä hem maslahat salmagyn. Sebäbi işleriňde gowşaklyk emele geler we ol seni etjek işleriňden alyp galar. Harsydünýä ynsan bilen hem maslahatlaşmagyn. Sebäbi ol zulum bilen mal-mülk ýygnamagy saňa ündew eder. Bahyllyk, gorkaklyk we harsydünýälik her haýsy aýry-aýry gylyklardyr, ýöne bularyň ählisi birden bir bedende jemlenende Alla garşy erbet güman getirýärler.

Başy » Magtymguly Pyragynyň goşgulary » NÄGE ÝATYP SEN

Eý, ülkesi abat, mülküne magrur,

Mülküñ bakasy ýok, näge ýatyp sen?

Eý ykbaly bidar, döwlete mesrur,

Döwlet wepasy ýok, näge ýatyp sen?

 

Şirin jan riştesi tende osaldyr,

Nebsiñ bir megesdir, mal bir asaldyr,

Dünýä aby sildir, ömrüñ bir saldyr,

Ömre ygtybar ýok, näge ýatyp sen?

 

Tagat bir dergaha ýoldur basgançak,

İşiñ beýle bolsa durma sen anjak,

Ogul, gyz mal-u  zen saña asgynjak,

Goýmazlar gezmäge, näge ýatyp sen?

 

Pelek sañsar daşyn saña atypdyr,

Zemin aždarhasy paýyñ (aýagyň) ýuwtupdyr,

Ajal tiz oragyn golda tutupdyr,

Binurbatdyr, biçer, näge ýatyp sen?

 

Magtymguly, işim ahy-zarydyr,

Bir mükemmel äriñ hyrydarydyr,

Dünýä ahyrýetiñ keşte käridir,

Tohum sançynawer, näge ýatyp sen?