بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Adyl soltanyň höküm sürýän ýurdy ýumrulmaz.

Başy » Magtymguly Pyragynyň goşgulary » ÝYKMAÝAN ÄRDEN

Hiç köňül şatlygy çykmaz,

Bir köňül ýykmaýan ärden.

Ýagşylyk tamasyn etmäň,

Ýamanlyk çykmaýan ärden.

 

Kimse ile beglik eder,

Bir  jem bilen ýola gider,

Kethudalyk ýyrak gider,

Ýaman söz çekmeýen ärden.

 

Ýagşy är il aýbyn açmaz,

Göre-bile haram içmez,

Ýaradan ýazygyn geçmez,

Gözýaşyn dökmeýen ärden.

 

Eglenmez, eýýam öwrüler,

Zaman öter, nyrh çöwrüler,

Agyr döwletler aýrylar

Bir agza bakmaýan ärden.

 

Goçaklara ýasaw güni,

Gurda goýmaz şir awuny,

Pygamber bizar ýow güni,

Ýoldaşa bakmaýan ärden.

 

Öz-özünden akly ýetmez,

Akyllaryň sözün tutmaz,

Ýoksullyk ýok bolup gitmez,

On iş derk etmeýen ärden.

 

Magtymguly, ýangyl, öçgül,

Ýa lal otur, ýa dür saçgyl,

Bir guýruksyz itdir, gaçgyl,

Hesihat ýokmaýan ärden!