بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Aly ibn Abu Talyp (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!) Kumeýle ýüzlenip: «Eý Kumeýl! Ylym baýlykdan haýyrlyrakdyr. Çünki ylym seni gorar, sen bolsa baýlygy gorarsyň. Ylym häkimdir, baýlyk bolsa onuň höküm edýän raýatydyr. Baýlyk harç edilmek bilen kemeler, ylym harç edilmek bilen köpeler» diýdi.

Başy » Magtymguly Pyragynyň goşgulary » ZAMANA AHYR BOLANDA

Gökden ýere paý dökülmez,

Zamana ahyr bolanda.

Birniçe tohum ekilmez,

Zamana ahyr bolanda.

 

Alymlardan gider yzzat,

Şalardan gider adalat,

Zulmy artar sagat-sagat,

Zamana ahyr bolanda.

 

Bugdaý tohum göge uçar,

Alymlardan ylym gaçar,

Jahandan bereket uçar,

Zamana ahyr bolanda.

 

Adam ogly tire-tire,

Bir-birinden bolar hyra,

Mürit hyzmat etmez pire,

Zamana ahyr bolanda.

 

Sözüň başa bela bolar,

Dünýäň daşy gala bolar,

İl agyzy ala bolar,

Zamana ahyr bolanda.

 

Ogul ata ýolun gözlär,

Gyz eneden owwal sözlär,

Oba çaşar, hatar bozlar,

Zamana ahyr bolanda.

 

Patyşadan adalat gider,

Derwüşden kanagat gider,

Zenandan haýalat gider,

Zamana ahyr bolanda.

 

Ata oguldan daş bolar,

Dogan dogana kaş bolar,

Şugul beşjeler baş bolar,

Zamana ahyr bolanda.

 

Magtymguly, bol kemine,

Şükür et öten demiňe,

Haka yhlasyň kemime,

Zamana ahyr bolanda.