بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ali (r.a.) aýdypdyr: «Dört sany zat az mukdarda-da köp görüner: 1) agyry; 2) garyplyk; 3) ot; 4) duşmançylyk».

Başy » Magtymguly Pyragynyň goşgulary » ZOR BOLAR

Ýagşylykda ile özün tanydan-

Alkyş alyp, derejesi zor bolar,

Ýaman bolup, ýagşylygy unudan-

Öz yzzatyn gidir, itden hor bolar.

 

Muňly bolar myradyna ýetmeýen,

Müýnli bolar hak emrini tutmaýan,

Öz ryzkyna hiç kanagat etmeýen,

Gözün diker, kişi aşyna zar bolar.

 

Her kim ýamanlasa deňi-duşuny,

Özi müşgül eder asan işini,

Kim dargatsa akyl bilen huşuny,

Eder işin bilmez, şermisar bolar.

 

Zehini keç bolar bady ýaňylan,

Biygtyýar bolar goly daňylan,

Göreşde ýykylan, jeňde ýeňilen,

Içi doly namys bilen ar bolar.

 

Gaýraty kem bolar gahary azyn,

Depgini pes bolar matamda sazyň,

Öýüne barsaňyz, bir binyýazyň,

Göwresi gysylar, köňli dar bolar.

 

Kım belany satyn alsa başyna,

Reşk edıp,rakyplar geçer daşyna,

Tokuş etse kım başarmaz ışıne,

Söwdasyndan gele bılse,är bolar.

 

Soňun toba etmez ýaňylyp-ýazan,

Ot ýaksaň gaýnamaz bır gury gazan,

Pähm edıň,her ýerde bır pälı azan,

Ýowuz musallata sezewar bolar.

 

Hazana dönüpdır ömrüm ter gülı,

Nazaryn pes tutar ılden,bergılı,

Bıykbal,ýazykly,ýaman görgülı,

Uçraş gelse,bir ýamana ýar bolar.

 

Öňde yzda görseň her kes gulamyn,

Ondan aýamagyn taňry salamyn,

Kım okyp unutsa hakyň kelamyn,

Kyýamat gün iki gözü kör bolar.

 

Haly muşgil bolar köýüp-ýananyň,

İmany şikest tapar haram iýeniň,

Kastdan roza,namazyny goýanyň,

Özi käpir,biliň,jaýy dar bolar.

 

Magtymguly,sözle her ne bileniň,

Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,

Taraşlap,şaglatgyl köňle geleniň,

Senden soňkulara ýadygär bolar!