Başy » Magtymguly Pyragynyň goşgulary » ÖZÜNDEN
Mähnet bilen mal jemg eden mäkäm baý,
Owwal haýryň bolsa, gönder özüňden!
Ýygyp, zekat bermänleriň haly waý,
Taňla garny dolar tamug közünden.
Namut galdyň, ger şeýtana ýol berseň,
Şeýtan boýnun üzdüň pire gol berseň,
Yhlas bilen alla üçin mal berseň,
Sansyz sowap bolup barar yzyndan..
Öwladyna abyraýly gün üçin,
Ýigit eşret terkin eýlär ten üçin,
Halal-haram mal ýygarlar zen üçin,
Ölseň, kany imdad ogul-gyzyňdan.
Niçeler bar – haýyr islär, şer tapar,
Niçeler bar – gum diýp garbar, zer tapar,
Birew bardyr – ýaman eýlär, ýer tapar,
Birew – haýyr görmez beren duzundan,
Ýigit ölse, hatyn galsa, är tapdy,
Ogul-gyz elinde malyň ýer tapdy,
Zekatsyz mal magşar güni mar tapdy,
Ýyrak düşdüň ýaradanyň gözünden.
Dirilikde özi berse elinden,
Habar tutan ýaradanyň ýolundan,
Haýyr tapar mal biýr eken malyndan,
Ol hem ýagşy ýat etseler yzyndan.
Ýygnadyň, ýygşyrdyň, mal-u pul boldy,
Haýryn görmän öldüň, üç zen dul boldy,
Ýygnan ýygynçagyň bary kül boldy,
„Görümsiz, gysyk“ at galdy özüňden.
Saglygyňda el barmasa, bermäge,
Gyýmasalar galanlar gol germäge,
Magtymguly aýdar, azap görmäge,
Kyýamat garasy gitmez gözüňden.