بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Käbir akyldarlar aýdypdyrlar: «Imanyň alamatlary dört zatdyr: 1) takwalyk; 2) sadalyk; 3) şükranalyk; 4) sabyrlylyk».

Başy » Makalalar » «Kur’ana we Sünnete laýyklykda ahyrzamanyň alamatlary»

Elmir Kuliýew

Pygaberimiziň (s.a.w) sahabalaryna kyýamat barada welilik bilen aýdanlarynyň ençemesiniň ýerine ýetmegi  ahyrzamanyň ýakyn gelendigine şaýatlyk edýändir. Pygamberimiziň (s.a.w) welililik bilen aýdanlaryny, kyýamatyň uly we kiçi alamatlary diýip atlandyrmak ýörgünlidir. Kyýamatyň uly alamatlary diýilýäni adatdan daşary bir ýagdaýlar bolup, edil ahyrzamanyň öň ýanlarynda bolup geçmeli hadysalardyr. Bu alamatlar 10 sanydyr:
 

1. Deçjalyň gelmegi;

2. Isa ibn Meremiň asmandan ýere inmegi we Mätiniň häkimligi;

3. Ýa'juj we Mä'juj (äjit-mäjit) taýpalarynyň gelmegi;

4. gündogarda ýeriň opurylmagy;

5. günbatarda ýeriň opurylmagy;

6. Arabystan ýarym adasynda ýeriň opurylmagy;

7. tüssäniň ýaýramagy;

8. günbatarda günüň dogmagy;

9. ýerden üýtgeşik bir jandaryň peýda bolmagy;

10.  Ýemende ähli adamlary kyýamat gününiň meýdançasyna ýygnajak, uly oduň çogup çykmagy.

 
Kyýamat gününiň kiçi alamatlary – bu pygamberimiz Muhammet sallallahu aleýhi wesellemiň öňünden aýdyp geçen hem-de uly alamatlaryň gutulgysyz geljekdigi baradaky sözleriniň şaýatnamasy bolan adaty hadysalardyr.

    1. Iň soňky pygamberiň gelmegi. Pygamberimiz Muhammet (s.a.w) köplenç sahabalaryna özüniň ilçi bolup gelmeginiň, kyýamatyň bir alamatydygyny aýdar eken. Şeýle-de Ol özüni –­­ kyýamat sagadynyň pygamberi diýip atlandyrar eken.
   2. Muhammet Pygamberiň (s.a.w.) ölümi.  Allah subhana we ta'ala aýtdy: «Senden öňki geçen ynsanlara Biz bakylyk bermedik. Eger sen öläýeniňde hem olar baky ýaşarlarmy? Her bir ynsan ajaly dadar. Biz sizi synag üçin ýagşylyklara we şerlere sezewar edýäris, hem-de siziň ähliňiz Bize dolanjaksyňyz.» («Pygamberler» süresi 34-35 aýat).
   3. Kudsuň (Iýerusalim) boýun egdirilmegi. Dört çaryýarlaryň ikinjisi Omar ibn al-Hattabyň (r.a.) halyflyk eden döwründe, 16-njy hijri ýylynda musulman goşunlary Kudsy gutarnykly basyp aldylar.
   4. Amwasda mergi keseliniň ýaýramagy. Bu waka Pygamberimiziň (s.a.w.) öňünden aýdyşy ýaly 18-nji hijri ýylynda Palestinada ýerleşen kiçiräk Amwas şäherinde bolup geçýär. Bu mergi epidemiýasy şu ýerden tutuş Şama (häzirki Palestinany, Siriýany, Liwiýany we Iordaniýany öz içine alýar) ýaýraýar we ýigrimi bäş müň musulmanyň ölümine sebäp bolýar.
   5. Musulmanlaryň mal-mülküniň köpelmegi. Pygamberimiziň (s.a.w.) bu öňden görmesi Omar ibn al-Hattabyň  (r.a.) dolandyran döwründe, haçanda musulmanlar Pars imperiýasyny derbi-dagyn edip, olaryň patyşasynyň hazynasyna ee bolup Medinä alyp gelenlerinden amala aşyp başlapdyr. Omar ibn Abd al-Eziziň dolandyran döwründe bolsa dolulygyna amala aşypdyr.
   6. Fitnäniň döremegi. Fitne – bu musulmanlar üçin synaglaryň, azgynçylyklaryň we birahatlyklaryň döwrüdir. Pygamberimiz Muhammet (s.a.w.) şeýle bir wagtyň geljekdigini, şonda musulmanlaryň imanlary şeýle bir synaglara sezewar bolup, olaryň köpüsi dogry ýoldan azaşyp küfüre ulaşarlar. Gündogar bolsa elmydama dürli ters ýollaryň we köp hudaýly dinleriň watanydyr.
   7. Ýalan pygamberleriň döremegi. Iň ilkinji ýalan pygamberleriň biri araplaryň Banu Hanifa taýpasyndan bolan Müseýlime Kezzapdyr. Ol döwürdeşleriniň ençemesini öz tarapyna çekmegi hem başarypdyr. Ebu-Bekr (r.a.) hezretleriniň halyflyk eden döwründe, Ýaman söweşinde öldürilýär. Şol döwürlerde Sajah atly bir aýal hem özüni pygamber diýip yglan ýedýär. Müseýlime kezzap bolsa şol bada oňa öýlenýär. Ýöne Müseýlime kezzap ölenden soň bolsa toba gelip gaýtadan musulman bolýar. Ýalan pygamberlerden ýene al-Muhtar, al-Haris bardyr. Iň soňky ýalan pygamber bolsa – Deçjal bolmaly we ol hem Isa ibn Meremiň elinden öler.
   8. Hijazda (Saud Arabystanda bir ýeriň ady, Mekge bilen Medinäniň aralygynda ýerleşýär) uly bir oduň görünmegi. Ymam an-Nawawi aýdypdyr: «Biziň döwrümizde, has takygy 654-nji hijri ýylynda Medinäniň töwereklerinde bir ýerde ýeriň astyndan gaty uly bir ýalyn çykdy. Bu waka şäheriň gündogar çetinde, Hirra diýilýän ýerde bolup geçdi. Bu waka Şamyň we onuň töwerekleriniň ilatynyň köp bölegi şaýat boldular. Medinäniň ilatyndan hem bu wakany görenleriniň bardygyny men eşidipdim» («Şerh Sahih Muslim» t.18, sah.2)
   9. Islam ýurtlarynda howpsuzlyk we bolçulyk. Musulmanlar dört çaryýarlaryň, adyl halyflaryň dolandyran döwründe bu wakalaryň eýýäm şaýady boldular. Ýöne bu waka Isa ibn Merem (a.s.) asmandan inenden soň ymam Mätiniň dolandyrjak döwründe-de gaýtalanjakdyr.
  10. Türki halklar bilen söweşler. Musulmanlar ilki başda köp wagtlap bulardan gaçarak gezdiler. Emma wagtyň geçmegi bilen olar musulman häkimleriniň ynamlaryna girip başladylar. Türki basybalyjylar ilkibaşda musulmanlara uly zyýan ýetiripdiler. Ýöne soňlugy bilen olar hak dine girdiler we Yslamyň baýdagyny has-da Ýokary göterdiler. Olar Konstantinopoly (Stambuly) we beýleki ýerleri eýeläp, XX asyryň başlaryna çenli Yslamyň daýanjy bolup gelen Osman imperiýasyny esaslandyrmagy başardylar.
  11. Adamlara ynamyň ýitmegi. Huzeýfadan (r.a.) rowaýat etdiler: «Allanyň Resuly (s.a.w.) şeýle diýdi: Şeýle bir gün geler adamlar bir-birleri bilen söwda ederler, ýöne olaryň arasynda ynama mynasyplaryny tapmak gaty kyn bolar».
  12. Gözegçileriň (garawullaryň) we žandarmlaryň (polisiýa) sanynyň artmagy. Abu Umamadan (r.a.) rowaýat etdiler ki, Allanyň Resuly (s.a.w.) aýtdy: «Ahyrzamanyň öň ýanynda meniň ummatymda şeýle bir erkekler peýda bolar, olaryň ellerinde sygryň guýrugyna meňzeş gamçylary bolar. Olar irden öýlerinden çykanda we agşam öýlerine dolananda Allat­ala olara gazaplanar». Al-Buharydan hadys.
  13. Dini bilimleriň ýitmegi we nadanlygyň (jähilligiň) ýaýramagy. Ine, dek şu günki günlerde biziň özümiz Pygamberimiziň (saw) bu barada welilik bilen aýdanlarynyň şaýady bolýarys. örän köp musulmanlar nadanlyga gark bolup, iň  bärkisi yslamyň esaslary barada-da hiç zat bilmeýärler.
  14. Zynanyň artmagy. Abu Hureýradan (r.a.) rowaýat etdiler ki, Allanyň Resuly (s.a.w.) aýtdy: «Janymyň eýesine kasam bolsun. Bu ummat ýitirim bolmaz, tä uly Ýoluň ugrunda erkek adam göz-görtele ýat bir aýal bilen zyna edýänçä. Şonda şol wagtyň ynsanlarynyň iň ýagşylary, «Iň bolmanda haýatyň aňyrsynda bir gizleniň ahyryn» diýerler».
  15. Ribanyň ýaýramagy. Ýene-de Abu Hureýradan (r.a.) rowaýat etdiler ki, Allanyň Resuly (s.a.w.) aýtdy: «Şeýle bir döwür geler, ynsanlar gazanjyny nähili Ýol gazanýandygyna, ýagny halalmy  ýa-da harammy oňa üns bermezler.» Bu hadys al-Buharydan, Ahmetden we an-Nusaýydan.
  16. Aýdym-sazyň ýaýramagy. Haçan kyýamat gopar diýip soranlarynda, Pygamberimiz (s.a.w.) şeýle jogap beripdir: «Haçanda saz gurallary we aýdymçylar köpelende» Bu hadys ibn Majadan we al-Albani bu hadysy anyk diýip atlandyrdy.
  17. Çakyryň we narkotikleriň ýaýramagy. Ubada ibn as-Samitden (r.a.) rowaýat etdiler ki, Allanyň Resuly (s.a.w.) şeýle diýdi: «Meniň ummatymdan käbir adamlar serhoş ediji içgileri içseň bolýar diýişerler we  içgilere başga-başga atlary oýlap tapyp dakarlar» Bu hadys Ahmet we ibn Majadan, al-Albani bu hadysy anyk diýip atlandyrdy.
  18. Metjitleri we Kur'anyň sahypalaryny bezemek. Mekgedäki we Medinedäki Pygamberimiziň (s.a.w.) metjidiniň bezelmegi. Bu metjitleri bezemek zalym häkimler tarapyndan takwa alymlardan rugsat soramazdan amala aşyryldy. Al-Munawi şeýle ýazypdyr: «Owadan nagyşlar ynsanyň kalbyny eýeleýär, pikirini jemlemäge päsgel berýär, pikirini bölýär we özüni Allatagalanyň öňünde duýmaklygyna Ýol bermeýär.»
  19. Beýik jaýlary salmakda ýaryşmak. Ibn Hajar şeýle ýazýar: «Beýik jaýlary salmakda ýaryşmak diýildigi adamlaryň biri-birlerinden beýik jaý salmaga ymtylmagydyr, özleriniň jaýlary bilen öwünmekleridir we mümkin boldugyça jaýlaryny bezemekleridir. Biziň özümiz bulara şaýat ahyryn, özem beýikden beýik jaý salmak islegi adamlarda gitdigiçe artyp gidip otyr».
  20. Ene-atany sylamazlyk.
  21. Ölümüň köpelmegi.
  22. «Gyz-gyrnak özüne bike dogurar»
  23. Garyndaşlyk gatnaşyklaryň bozulmagy we goňşylary äsgermezlik.
  24. Wagtyň çalt geçmegi. Ahyrzaman bolmazyndan öň Muhammet pygamberiň (s.a.w.) bu öňden görmesi sözüň doly manysynda ýerine ýeter. Sebäbi wagt hakykatdan hem çalt geçýär.
  25. Bazarlaryň biri-birine ýakynlamagy. Dünýäniň çar künjündäki bahalaryň üýtgemesini adamlaryň gaty tiz bilmekleri bazarlaryň ýakynlamagynyň esasy şertleriniň biridir. Bu birinjiden. Ikinjiden bolsa söwdagärler ara daşlygyna garamazdan gerek harytlary tiz getirmekleridir we üçünjiden bolsa dünýäniň çar künjündäki bahalaryň ara-tapawudynyň gaty ýokary bolmaýanlygydyr. Geçmişde men diýen söwdagärler hem beýdip bilmändirler.
  26. Öň musulman bolup ýörenleriň arasynda müşrükligiň (Allaha şirk ýetirmegiň) ýaýramagy. Biziň günlerimizde nadan musulmanlaryň amallarynda müşrüklige we jahyllyga kän gabat gelýäris. Şeýle adamlar bar özlerini Muhammet pygamberiň (s.a.w.) ummatyndan diýip atlandyrýarlar, emma mazarlara we dünýeden öten ýagşyzadalara ybadat edip ýörler.
  27. Saç we sakgal üçin gara reňk ulanmak.
  28. Açgözlüligiň, doýmaz-dolmazlygyň, nebisjeňligiň artmagy.
  29. Söwdanyň giňelmegi.
  30. Ýer yranmalaryň, titremeleriň artmagy.
  31. Şowsuzlyklaryň, ýykylmalaryň we betnyşanlygyň artmagy. Ahyrzamanyň öňüsyrasynda adamlar bu  ýaramaz häsiýetleri we pis-nejis amallary bilen tapawutlanarlar we şonuň üçin-de olar şu dünýäde-de jezasyny alarlar.
  32. Takwalaryň sanynyň azalmagy.
  33. Adamlar diňe öz tanaýanlary bilen salamlaşarlar.
  34. Garamaýaklaryň häkimlige gelmekleri. Abu-Hureýradan rowaýat etip aýtdylar ki, Allanyň Resuly (s.a.w.) aýtdypdyr: «Şeýle wagt geler, şonda ýalançylara ynanarlar, dogruçyl ynsanlara bolsa ynanmazlar, dönükler­ ynamdar hasaplarlar, ynama mynasyp adamlara bolsa şübhelenerler. Ejiz adamjyklaryň bolsa sözi geçer» Ondan soradylar: «Ejiz adamjyklar diýýäniň kimler bolýar, eý Allanyň Resuly (s.a.w.)»? Pygamberimiz (s.a.w.) jogap berdi: «Olar - ilatyň ykbalyny çözjek akmaklardyr». Bu hadys Ahmetden we Ahmet Şakir bu gowy hadys diýdi.
  35. Ylym nadanlardan alnar.
  36. Ýarym-ýalaňaç aýallar köpeler.
  37. Oraşan düýşleriň artmagy.
  38. Sowatlylygyň we kitaplaryň ýaýramagy. Bu ýerde  gürrüň Kur'an we Sünnet bilen hiç hili baglanşygy bolmadyk ylymlaryň we kitaplaryň ýaýramagy hakda barýar. Hut biziň döwrümiz muňa - mysaldyr. Sebäbi ylym we kitaplar adamlara Beýik Allahy tanamaklyga hiç hili ýardam bermeýär. Eger-de ynsan Allanyň ýolundan gitmese, onda hiç bir ylym hem, oňa kyýamatda kömek etmez.
  39. Sünnete äsgermezçilik etmek.
  40. Täze dogan aýyň uly görünmegi. Adamlar bir günlük aýa iki günlükdir öýderler.
  41. Tarpa-taýyn ölümleriň artmagy.
  42. Adamlaryň bir-birleri bilen tanyşmaklaryny bes etmekleri.
  43. Ýalanyň, kezzabçylygyň ýaýramagy.
  44. Ýalan şaýatlygyň artmagy.
  45. Namaza ­äsgermezçilik etmek.
  46. Aýallaryň sanynyň artmagy we erkekleriň sanynyň kemelmegi.
  47. Arabystan çölüniň bag-bakjalyga öwrülmegi. Beýik buzlanma döwründe Arabystanyň çölüniň içi derýaly, bagy bossanly bir ýer bolandygyny geologlar tassyklaýarlar. Ýöne takwa musulmanlar Arabystanyň ýene-de bagy-bossanlyga öwrüljekdigine ynanýarlar we eýýäm musulmanlaryň ençemesi bu wakanyň şaýady bolup başladylar.
  48. Ýagyş ýagmasynyň köpelip, ösümligiň azalmagy.
  49. Altyndan dagyň ýüze çykmagy. Abu-Hureýradan (r.a.) rowaýat etip aýtdylar ki, Allanyň Resuly (s.a.w.) aýtdypdyr: «Ewfrat derýasynyň opurylyp, onuň ýerinde bolsa, uly bir altyn hazynanyň üstiniň açylajak wagty indi gaty uzakda däldir. Goý kimde-kim şol ýerde bolaýsa, onda ondan özüne hiç zat almasyn» Bu hadys al-Buharydan. Ibn Hajar şeýle ýazypdyr, ýagny Pygamberimiziň bu gadaganlygyň sebäbi, bu altyn dagyň ýanynda boljak ölüşikler, zalymlyklar we eden-etdilikler sebäblidir.
  50. Öz ölümini dileýänleriň sanynyň artmagy.
  51. Kahtandan bir adamyň peýda bolmagy (onuň elinde hasasy bolar we adamlary öz yzyna düşürer). Onuň özi erkin adam bolup onuň asly Humeýr, Kinda, Hamdan ýaly gadymy ýemen taýpalaryndan bolar.
  52. Haýwanlaryň we jansyz zatlaryň adam dilinde geplemegi. Bu hadys, adamlary geň galdyrmaly däldir. Sebäbi Allataga özüniň mukaddes Kur'any Keriminde şeýle diýýär: «Haçanda şol gün Allanyň duşmanlaryny oduň öňünde ýygnanlarynda, olary oda ýetýänçäler kowarlar. Olaryň gulaklary, gözleri we derileri olaryň garşysyna şaýat bolarlar. Onda olar öz derilerinden sorarlar: «Näme üçin biziň garşymyza şaýat bolduňyz?» Onda olar jogap berer: «Bizi, islendik zada dil berýän Allatäala, geplemege mejbur etdi.» Ilkibaşda sizi ýaradan Oldur we siziň ähliňiz Oňa gaýtaryljaksyňyz» («Fusillet» surasy, 19-21 aýatlar)
  53. Rum nesliniň sanynyň artmagy we musulmanlaryň hristianlar bilen söweşi.
  54. Konstantinopolyň boýun egdirilmegi.
  55. Jöhitler (ewreýler) bilen söweş.
  56. Medinäniň boşap galmagy. Munuň sebäbi, belki-de Ýemendäki ähli adamlary kyýamat gününiň meýdançasyna ýygnajak bir  uly oduň çogup çykmagydyr.
  57. Mylaýym bir şemalyň öwüsmegi. Abu-Hureýradan (r.a.) rowaýat edip aýtdylar ki, Allanyň Resuly (s.a.w.) aýdypdyr: «Allatagala Ýemen tarapdan bir şemal iberer welin ol şemal göýä ýüpekden hem mylaýym bolar. Ol şemal ýeriň ýüzünde kalbynda sähelçe imany bolan adamy janly galdyrmaz (bary öler)». Bu hadys Muslimden.
  58. Käbäniň weýran edilmegi. Käbe edil ahyrzamanyň öň ýanynda, haçanda geň-enaýy wakalaryň bolýan wagtynda weýran ediler. Käbäniň weýran edilmegine bolsa Allanyň buýruklaryny gyşarnyksyz berjaý etmeli we Käbäni hormatlamaly adamlaryň eden-etdilikleri sebä­p bolar. Mekge özüniň taryhynda öňem birnäçe gezek söweş ýeri bolupdy.