بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Hasan Allatagalanyň: «Eý Taňrymyz! Bize şu dünýäde ýagşylyk, ahyretde hem ýagşylyk ber!» diýen sözi jähetinden: «Șu dünýädäki ýagşylyk ylym we ybadatdyr, ahyretdäki ýagşylyk bolsa jennetdir» diýdi.

Başy » Makalalar » Olar (Alymlar) Allahtagalanyň buýrugyny ýerine ýetirmekden lezzet alarlar.

   Muhammet pygamber sallallahu aleýhi wesellem nesihatlarynyň birinde sahabasy  hezreti Usama garap şeýle diýipdir: “Alymlar - diniň arkadaýançlary halkyň arasyna giren wagtlary bardyklary,we ýokduklary kän bilinmez. Çünki olary (iş edinip) gözlemezler. Ýer togalagynyň giňişligi olaryň daşyny gurşap alar. Adamlar bu ýalançy dünýäniň nygmatlaryndan lezzet alýan bolsalar,olar Allahtagalanyň buýruklaryny ýerine ýetirmekden lezzet alarlar.  Adamlar Pygamber aleýhissalamyň sünnetinden we ahlagyndan daş düşen wagtlary, olar ony  gorarlar. Olardan biri ölen wagty,ýeriň ýüzi olar üçin aglar. Allahtagala olaryň ýaşamaýan ýerindäki obanyň halkyna gazap eder. 

Alymlar, itleriň  läşe topulyşlary ýaly, dünýäniň haý-höwesine topulmazlar. Olar , dünýäniň naz-nygmatlaryndan az iýip, adamlaryň isleg bildirýän zatlaryna üns bermezler. Birnäçeleri bularyň däliräp, aklyndan azaşandygyna pikir ederler. Emma, olaryň akly ýerindedir.  Alymlar Allahtagalanyň emirleri bilen bolup, dünýä söýgüsini ýüreklerinden zyňyp taşlarlar. Dünýäniň haý-höwesine kowalaşýan adamlar olary kemakyl hasaplarlar. Emma, hakykatda bolsa, adamlaryň akyllaryny ýitirip (huşlaryny başlaryndan aldyryp) haýran bolup durjak wagtlary, olaryň akly-huşy ýerinde bolar. Ahyretiň abraýy alymlar üçindir. Eý Usame, alymlara nirede sataşsaň, bilip goý, olar şol obanyň   halkynyň goragçylarydyr we halasgärleridir. Olaryň ýaşaýan ýurduna Allahtagala hiç ezýet çekdirmez. Ýeriň ýüzi olaryň bardygy üçin rahatlyk tapar. Jepbar (Güýçli-kuwwatly-gudratly) bolan Allahtagala olardan razy bolar.    Alymlar bilen dogan boluň, olaryň saýasynda sizem halas bolarsyňyz.