بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Käbir ulamalar aýdypdyr: «Ähli ybadat dört zatda jemlenendir: 1) beren sözüňde durmaklyk; 2) kanunlary goramakda; 3) ýakynlaryňy ýitireniňde sabyr etmekde; 4) bar zadyň bilen kanagat etmekde.

Başy » Makalalar » Başa gelene razy bolmak.

    Başa gelenerazy bolmak - Allahtagaladan gelen her bir zada (bela-betere, kynçylyga, keselçilige,baýlyga,garyplyga) razy bolmak we belalara sabr etmekdir. Muny  başarýan her bir gul, Allahtagaladan näme başyna gelse oňa razydygny görkezer we  hiç kime şikaýet etmez.Bu her byr ynsanyň edip biljek işi däldir. Ony edip başarýän, ýöne adam däldir. Beýle ynsanlarda Pygamberlere mahsus bolan sabyr-kanagat we geçirimlik ýaly häsýetler bolýar.  Olaryň, Allahtagalanyň Beýikligine nä derejede ynanýan bolsa , şonça-da sabyr-kanagat we razylygny görkezmäge ukyby bolýar. Bir gün zenan öwliýälerden bolan Rabiýa-Adwiýýe hezretleri hassalanypdyr. Onuň zyýaratyna gelenler, “Eý Rabiýa, seniň başyňa gelen bu hassalyk saňa köp ejir çekdirýär. Sen Allahtagalaga doga-dileg et , goý Ol seniň çekýän ejiriňi ýeňilleşdirsin”, diýip aýdanlarynda, ol, “Meniň bu ejiri çekmämi Rebbim erada edipdir”, diýip  aýdypdyr. Gelenler “Onda seniň bir başka islegiň ýokmy” diýip soranlarynda, ol “Allahtagala maňa näme erada we ýazgyt beren bolsa, şoňa-da razy bolmakdyr” diýip jogap beripdir .  Guluň Eýesiniň (Allahtagalanyň) edenine razy bolmakdan başka çäresi ýokdyr. Ýone ynsan, bu dünýä galmak üçin däl, iş etmek we işlemek üçin ýaradylypdyr. Ymam Rabbani hezretleri  aýdypdyr : Gulluk şeýle bolýandyr  “Ynsanyň her gün garşylaşýan zatlary, Allahtagalaň dilemesi we ýaratmasy bilen bolýandyr”. Şonuň üçin biz, eradalarymyzy (isleglerimizi) Onuň eradasyna laýyk etmelidiris. Biz durmuşymyzda garşylaşýan her byr zady, gözleýän zadymyz ýaly kabul etmeli, we olara gowuşanymyz üçin begenmelidiris. Gulluk şeýle hem bolýandyr. Eger biz dogrydanam Allanyň guly bolsak, onda  şeýlede bolmalydyrys! Beýle bolmasak, ynsanyň öz gullugyňy kabul etmedigi  we öz Eýesine garşy çykdygy bolar. Allahutagala hadisi-kudside bu barada şeýle aýdýar : «Başyna gelene we ýazgydyma razy bolmaýan we iberilen belalara sabr etmeýan Menden başga Reb (Hudaý) gözlesin. Ýer ýüzünde gulum bolup ýaşamasyn»   

Ahmet Rifai hezretlerinden «hakyky gul nähili bolmaly?», diýip soralanda, ol «Hakyky gul, Allahtagalanyň hökmüne boýun eger, başyna gelen kynçylyklara we belalara sabr eder, az zada kanagat eder. Allahtagaladan başka hiç kimden gorkmaz, we hiç kimden tamakin bolmaz. Diňe Allahtagaladan islär. Ynsana beýik derejäni berýän we ondan aşak inderýän Allahtagaladygny bilýär. Salyh - (dogryçyl) hakyky musulman, Muhammet aleýhissalamyň sünnetine doly uýandyr. Bular ýaly adamlaryň gorkusy diňe soňky dem üçindir ( ymanly gitmek arzuwy) . Olar az gürläp, öýke-kinäni gizlärler we nebslerini ýeňerler. Nebslerniň isleglerine garşy çykyp olary etmezler.

Ynsanlaryň nebsine-  Allahtagalanyň  iberenine we ýazgydyna razy bolup kanagat etmekden kyn zat ýokdyr. Çüňki, ýazgyda razy bolmak, Allahtagalanyň hökmüne boýun egmek we nebsiňe garşy çykmak diýmekdir. Nebs bulary hiç  wagyt islemez. Bagtyýar bolmak - nebsiňe garşý çykmak we Allahtagalanyň razylygny gazanmak bilen mümkin bolýandyr.»  “Bu işiň hikmeti nämedir?”  Ebu Süleýman Darani hezretleri söýenlerine aýdypdyr “Allahtagaladan razy bolmak we Onuň gullaryna janköýerlik (aladasyny) etmek, Pygamberleriň ahlaklaryndandyr. Başa gelen her zada razy bolmak halyna gowuşan adamlar, ylym eýesidirler  we aryflardyr.  Allahtagala öňki zamanlarda geçen Pygamberlerden birine wahyý üsti bilen şu aşakdakylary  bildiripdir.  

Bir gün Jebraýyl aleýhissalam ýerýüzüne inen wagty, ybadat bilen meşgul bolan bir kişini görüpdir. Muňa begenip “Eý Rebbim, bu adam bir ýagşy guldur” diýdi. Allahtagala “Ýa Jebraýyl ! Lewhi-mahfuza seret” diýdi. Jebraýyl aleýhissalam, Lewhi-mahfuzda ol adamyň Jähännem ählidigini görüpdir. Şonda Ol  Allahtagaladan “Eý Rebbim! Bu işiň hikmeti nedir?Diýip sorady.  Allahtagala aýtdy , “Meniň eden işlerime Men hiçkimiň öňünde jogapkär däldirin. Hiç kim gullarym hakyndaky ylmyma akyl ýetirip bilmez”. Şonda Jebraýyl aleýhissalam aýtdy “ Eý Rebbim rugsat berseň men ol adama ýagdaýyny bildireýin”. Jebraýyl perişte Älemleriň Rebbinden rugsat alyp ol adamyň  ýanyna gidip oňa : “Seniň eden ybadatlaryňy Allahtagala  kabul etmedi.  Lewhi-mahfuzda seni Jähennem ähliniň arasynda gördüm”, diýip aýdanda, ol adam çaşyp ýykylypdyr.  Jebraýyl  aleýhissalam oňa özüne gelýänçä garaşypdyr. Özüne gelensoň ol adam şeýle diýipdir, “Eý meniň Allahym! Saňa şükr edýärin. Saňa hemme şükr edýän gullaryň nähili şükr edýän bolsa men hem şolar ýaly şükr edýärin”. Soňra ol adam Jebraýyl aleýhissalama tarap bakyp,   “Ol biziň Rebbimizdir. Bütin ylmy gudratynyň kemaly, rahmeti we beýikligi bilen meniň hakymda muny maňa laýyk görüpdir. Şonda-da men Oňa şükr edýärin. «Ol meni özümdenem  has gowy bilýär», diýip sejdä gaýtdy. Sejdede Allahtagalaga tesbih (Sübhanallah, Elhadülillah,  Allahü Ekber) aýytmaga başlady. Bu ýagdaýy Jebraýyl  aleýhissalam Allahtagalaga arz edip ol adama gynanýandygyny bildirdi. Älemleriň Rebbi täzeden Jebraýyl periştä  Lewhi-mahfuza bakmasyna yşarat etdi. Bu gezek Lewhi-mahfuzda ol adamyň Jennetidigi ýazylypdyr.  “Buşluk!”  Jebraýyl aleýhissalam, Allahtagaladan munuň hikmetini soranda, “Gullarym Meniň edýän işlerime akyl ýetirmezler”diýip jogap beripdir.  Jebraýyl aleýhissalam bu ýagdaýy bildirmek üçiň ýenede rugsat alypdyr. Ol şol adamyň ýanyna baryp, “Buşluk! Seniň barjak ýeriň Jennet boldy” diýip aýdypdyr. Bu sözleri eşidibem ,ol hiç hili ütgemän öňki halynda galypdyr. Öňkisi ýaly ýenede Allahtagala hamdu-sena, şükr we tesbih etmäge dowam edipdir”. 

Ebu Amr Osman bin Merzuk hezretleri, söýdüklerine käte käte;       “Allahtagaladan gelen her zada razy bolmak gerekdir.  Kim de kim Allahtagaladan razy bolsa, Allahtagalada ondan razydyr”, diýip aýdardy.