بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Raýatlara adyllyk eden soltan Allanyň bereketine ýeter. Onuň döwleti müň ýyllap gülläp öser. Döwletiň gülläp ösmegi onuň şasynyň adyllygyna baglydyr. Hökümdarlar ýaşan ömrüni adyl ýaşasa halkynyň arasynda özlerini rahat duýarlar we panydan baka göç edenlerinde jennete geçerler.

Başy » Makalalar » Imanyň galasy.

Biziň imanymyz 5 sany diwarly gala bilen meňzedilip deňeşdirilýär.

Onuň 1-njy diwary altyndan, 2-njisi kümüşden, 3-si demirden, 4-njisi ýanan palçykdan, 5-jisi bolsa daşdan galdyrylan hasaplanýar. Ynsanlar imanlarynyň daşdan salnan diwaryny näçe wagtlap gorap sakladygyklaryça, olaryň duşmanlary palçykdan bolan diwaryny ýykyp bilmezler. Şeýlelikde, adamlaryň ady agzalan diwarlaryň birini saklamaga güýji ýetse,onda galan diwarlaryna hem zeper ýetirip bilmezler. Mundan başgada, biziň imanymyzyň ýenede 5 sany diwary bardyr bular: berk ynanç, açyk göwünlilik (dogryçyllyk), farzlary, sünnetleri bir kemsiz berjaý etmeklik, pähimli bolmaklykdyr. Eger ynsan özüni edepli we paýhasly alyp barsa, onda şeýtan onuň ne parzyna, ne sünnetine, ynanjyna we açyk göwünliligine (dogryçyllygyna) zyýan ýetirip biler.     Muhammet aleýhissalam aýdypdyr : « Adamlaryň ýüregindäki iman, geýim eşikleriň könelşip dargaýyşy mysaly bir zatdyr. Şonuň üçin siz Allahtagaladan imanyňyzy täzeläp berkitmegini diläň .»    (hadys – at-Tabarani).   Biziň imanymyz käte - käte gowşamaga meýli bolýar, şonda biz ony  ýagşy işler bilen we Allahtagalaga ýalbaryp doga-dileg edip ony berkitmelidiris.   Bu barada bir hadisi-şerifde şeýle diýilýär,- «Allahtagaladan her doga-dileg edeniňizde: « Rabbi ainni alä zikrikä wa şükrikä wa husni ibadatikä »   (Eý Älemleriň Rebbi , maňa Seni hemişe ýatlamaga , zikr etmäge, şükr etmäge we Saňa birkemsiz ybadat etmäge ýardam et) diýmelidir.»      (hadis- an-Nesai).       Biziň hemmämiziň imanymyzyň gowşaýan wagytlary bolýar, hatta Pygamberimiziň sahabalary hem, öz imanlarynyň dünýä we maşgala aladalary sebäpli käte gowşaýanlygyna we Muhammet Pygamber sallallahu aleýhi wesellemiň ýanynda bolan wagytlary bolsa onuň berkeýänligine haýran galýardylar.

  Esasy zat biz imanymyzyň izygiderli gowşamagynyň  bolmazlygyny gazanmalydyrys, sebäbi muny beýle edip bilmesek bu ýagdaý bizi iru-giç imansyzlyga eltip biler. Bular ýaly howply ýagdaýa düşmezlik üçin biziň   Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam şeýle diýýär. “Her bir işiň (zadyň) güýji we kuwwaty bolşy ýaly  onuň gowşaklygy hem bolýandyr.Şol gowşaklyk meniň sünnetimden çykarmaýan bolsa ,onda oňa hiç hili howp awanmaz. Eger sünnetimden çykarýan bolsa, onda gargyşa  galar.”  ( Imam  Ahmet ) Eger biz imanymyzyň galasynyň bäş sany diwardan ybaratdygyny ýadymyza salsak , onda biziň gowşaklyk görkezmegimiz şol diwarlarlaryň 1-yň ýagny, paýhas diwarynyň ýumurlandygynyň  alamatydyr. Bu bolsa elbette, sünnеtleri doly berjaý etmäge päsgelçilik berýär. Eger biz imanymyzyň sünnet diwarynyň ýumurlup weýran bolmagyna ýol bersek , onda biziň farzlarmyzyň, ybadatlarmyzyň esasyna (amallaryna, taglymatlaryna) howp awanýar. Bu ýagdaý iň gorkuly zatlaryň biridir.  Imanymyzyň gowşaklygynyň alamatlary.

1. Günä işleri hiç hili çekinmän we gorkysyz etmek.  

2. Doň ýürekli bolmak we Kurany-Kerimi okamakdan saklanmak.

3. Ibadatlary ýaltalyk bilen ýerine ýetirmek (meselem, hemişe namaza gijä galmak).   

4. Sünnetleri  berjaý  etmezlik.   

5. Kurany Kerimiň beriljek jezalar we sogaplar barada aýdýan aýatlary okalýan wagty  täsir etmezlik.  

6. Allahtagalany ýatlamakda, zikr etmekde kynçylyk çekmek.      

7. Şerigata ters gelýän işleriň bolup duranyny görübem oňa garşylyk görkezmezlik. 8. Adamlaryň arasynda ýokary derejede abraýly we baý bolmagy islemek.    

9. Keýpiniň tiz tizdan ütgäp durmagy, sähelçe zatlar üçin gynanmak, yzygiderli gaharlanmak,we sebäpsiz aladalanmak.    

10. Aç göz we gysganç bolmak, çenden aşa baýlygy söýmek.    

11. Adamlara ýagşy we sogap işleri etmegi nygtap, özüň ony etmezlik.    

12. Başka biriniň işleri ugruna bolmadyk wagty oňa begenmek.   

13. Bir zadyň halaldygyna ýada haramdygyna çenden aşa ynamly bolmak,we mekru bolan zatlardan saklanmazlyk.      

14. Kiçiräk sogap işleri edýänleriň (meselem metjidiň içini süpürmek) üstünden gülmek.

15. Dünýädäki kynçylyk çekýän müsülmanlaryň ýagdaýlaryna biparh bolmak.   

16. Islam dinini ýaýratmak meselesinde biperwaý bolmak (goşulmazlyk).  

17. Hiç hili subutnamasyz, biderek jedel etmegi gowy görmek.  

18. Harsydünýä bolup, diňe bir zadyňy(malyňy) ýitireňde gaty gynanmak.  

19.  Diňe özüňi bilmek, öz aladaňy etmek.

  Imany nähili ýollar bilen berkitmeli ?

1. Hemişe Kurany-Kerimi okap onuň manylary barada pikirlenmeli. Muny etseňiz ýüregiňiz ýumşar we rahatlyk tapar. Kurany-Kerimi okamaklyk size has täsirli we peýdaly bolar ýaly, Allahtagalanyň hut özi bilen gürleşýän diýip pikir ediň.   Kurany-Kerimde adamlaryň bir näçe toparlary barada aýdylýar, siz olaryň haýsysyna degişlidigiňiz barada oýlanyň.      

2. Allahtagalanyň Beýikligi barada oýlanyň, hemme zat Onuň hökmündedir.   Biziň daş töweregmizdäki görýän hemme zatlarymyz Onuň deňsiz we taýsyz Beýikligni görkezýär. Hemme bolup geçýän zatlar diňe Onuň eradasy bilen bolýar.        Allahtagalanyň nazaryndan hiç bir zat, hatta tüm garaňkylykdaky aýsyz  gijede gara daşyň üstünde gezip ýören gara garynja hem onuň ünsünden düşmeýär.           

3. Siz durmuşyňyzda esasy gerekli dini ylymlary öwrenmäge, meselem dogry täret almaga çalyşyň. Allahtagalanyň mübärek atlaryny we (Esmäül-Hüsnä- 99 ady ) olaryň manylaryny we sypatlaryny, öwreniň (ýat tutuň). Takwalyk-ylymly  adamlarda bolýar. 

4. Allahtagalanyň ýatlanylýan, zikr edilýän üşmeleňlerine, ýygnanşyklaryna yzygiderli baryp duruň.       

5. Edýän sogap işleriňiziň sanyny köpeldiň. Bir eden sogap işiňiz beýleki sogap işi etmäge sebäp bolýandyr. Allahtagala bu ýoldan barýan adama, sadakany yzygiderli berýäniň işlerini ýeňilleşdirýär.   Sogap (haýyr-sahabat) işleri kä wagt dälde, yzygiderli edip durmaly.   

6. Ömrüňiziň soňynyň gözgyny ýagdaýda tamamlanmasyndan seresap boluň.   Ölümi ýatlamaklyk – nebsiňiziň hyýal edýän doýmaz-dolmaz isleglerini  ýykýan zatdyr.     

7. Ömrüňiziň iň soňky pursatlaryny ýatlaň, gabryň içinde nämeleri başdan geçirjegiňizi, hasap kitabyňyza nähili jogap berjegiňizi, kimlerden boljagyňyzy – jennetimi, ýada jähennem ählindenmi, bulary pikir ediň?   

8. Hemişe doga-dileg edip duruň, we biziň Allahtagalaga mätäçligmizi we Onsyz biçäredigmiz barada hemişe oýlanyp duruň. Kanagatly boluň !  Bu dünýä baýlygyna we malyna köňül bermäň, harsy- dünýä bolmaň !    

9. Biziň Allahtagala bolan söýgimiz edýän sogap (haýyr-sahabat) işlerimizde we dini amallarymyzda görünmelidir !  Biz hemişe Biribaryň biziň namazlarymyzy (tagat-ybadatlarymyzy) kabul etjegine umyt etmelidiris, hemişe Allahtagalanyň närazylygyny döredip biljek  hereketlerden (zatlardan) saklanmalydyrys we  ägä bolmalydyrs.  Gije uka gitmäkäňiz, günüň dowamynda eden işleriňiz (hereketleriňiz) barada oýlanyň!   

10. Siz edýän ýagşy işleriňiziň we eden etmişleriňiziň täsirleri barada oýlanyň - haçanda ýagşy işleriňizi we amallaryňyzy köpelden wagtyňyz,siz imanyňyzyň derejesiniň has beýgelýändigini, - günä (şerigata ters gelýän) işleri edeniňizde bolsa, onuň derejesiniň peselýändigini görersiňiz. Hemme bolup geçýän zatlar Allahtagalanyň eradasy bilen bolýar. Biziň üstümüze bela-beteriň gelmegi hem Biribaryň eradasy bilendir.  

Allahtagalanyň her bir edýän ýagşylygy -  Onuň Merhemeti bilen we her byr berýän jezasy – Onuň Adalaty bilen bolýandyr.    Bela-beterler biziň başymyza – Allahtagalanyň buýrugyny etmän, gadagan eden zatlaryny edýänligimiz sebäpli gelýändigini bilmelidiris.      Goý, Allahtagala bizi imansyzlykdan gorasyn, imanymyzy berkitsin, Oňa birkemsiz ybadat edip kämilleşmegimize ýardam etsin we Ahyrete çenli bize takwa bir musulman bolmagymyza hemaýat etsin. Ämin ýa Rabbil Älemin.!

   Makalany ýazan   Nadejda Owçinnikowa  /Надежда Овчинникова/