بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Muhammet at-Duri rahmetullah aýdypdyr: «Iblis bäş zat üçin bagtygara bolupdyr: 1) özüniň günäsini boýun almadygy üçin; 2) öz günäsi üçin ökünç-puşeýman etmedigi üçin; 3) eden günäsi üçin özüni ýazgarmadygy üçin; 4) toba etmeklik islemedigi üçin; 5) Allahyň rahmetine umydyny ýitirendigi üçin. Adam (a.s.) bäş zat üçin bagtly bolupdyr: 1) öz eden günäsini boýun aldy; 2) günä edeni üçin ökünip puşeýman etdi; 3) eden günäsi üçin özüni ýazgardy; 4) toba etmeklige howlukdy; 5) Allahyň rahmetinden umydyny ýitirmedi».

Başy » Makalalar » YBADAT WE ONUŇ MAZMUNY

Bellik:Gulluk sözi ybadat sözi bilen manydaşdyr. Arap dilinde «abd» gul diýmekdir. Şahadat kelemesindäki «Abduhu we resuluhu» sözi Pygamberimiziň Allahyň gulu we resulydygyny aňladýar. Şonuň üçin gulluk diýlende ybadat sözi aňladylýar.

Ybadat – Allahyň emrlerini berjaý edip, gadagan edenlerinden gaça durmak, Onuň ryzasyna laýyk hereket etmek diýmekdir. Ybadat – ähli barlyk bilen birlikde ynsanyň ýaradylmagynyň-da hikmeti we maksadydyr. Ybadat – hakyky erkinligiň, çyn sagadatyň başlangyjy, gözbaşy, wesilesi we netijesidir. Kurany Kerim ynsanyň ýaradylmagynyň asyl maksadyny şeýle beýan edýär: – «Men ynsy we jyny diňe Maňa iman getirip, ybadat etsinler diýip ýaratdym», (Zariýat, 56).

Ybadat – Allahyň bize beren san-sajaksyz nygmatlaryna minnetdarlyk hökmünde şükür etmekdir. Kiçijik sowgat beren bir adama gaýta-gaýta «sag bolsun» aýdyp, minnetdarlyk bildirýäris. San-sajaksyz nygmatlaryny, hödür-keremlerini yhsan eden Allahutagala ybadat arkaly minnetdarlygymyzy bildirmesek, gadyrbilmez boldugymyz bolar.

 Allah bizi ýokdan bar edip, müňlerçe duýgy we agzalar beripdir we şolary kanagatlandyrjak her bir zady ýaradypdyr. Ol bize ynsan edilip ýaradylmak, iman getirmek we hidaýete ýetmek nygmatlaryny-da beripdir. Kurany Kerim: «Allahyň nygmatlaryny sanap çykjak bolsaňyz, başarmarsyňyz» diýip, (Nahl, 18) şol nygmatlaryň çäksizdigini nygtaýar.

Munça çensiz nygmatlary üçin nygmatyň eýesi bolan Perwerdigäri tanamak we Ony söýmek, ybadat bilen Ony tanandygymyzy we söýendigimizi görkezmek, beren nygmatlary üçin hemişe şükür we minnetdarlyk duýgusynda ýaşamak biziň wezipämizdir. Ýogsa Allahutagala biziň ybadatymyza mätäç däldir. Ybadata mätäç bizdiris. Ybadat biziň ruhumyzyň azygy, ruhy ýaralarymyzyň dermany we şypasydyr. Şonuň üçin, Allah Tagalanyň ybadaty bize emr etmegi, ýene biziň öz bähbidimizedir.

Eden ähli ybadatlarymyz we şükürlerimiz Allahyň şu dünýede bize beren nygmatlarynyň doly gaýtargysy däldir. Şeýle-de bolsa, Allahutagala iman getirip, ybadat edenlere ahyretde has uly nygmatlar taýýarlap, jennetde ebedi sagadaty wada edýär. Allahyň ahyretde bize wada beren nygmatlary Onuň aýratyn lutuf we yhsany, fazly we keremidir. Biziň eden ybadat we şükürlerimiziň muzdy ýa-da gaýtargysy däldir. Bu meseläni Pygamberimiz şeýle nygtaýar:

«Sizden hiç bir adam öz amaly, ybadaty bilen jennete girip bilmez. Men hem öz amalym bilen jennete girip bilmerin. Bu diňe Allahyň rahmeti, lutufy we yhsany bilen amala aşar».

Ybadat diýlende, akylymyza diňe namaz, oraza ýaly emrler gelýär. Emma ybadat diňe bulardan ybarat däldir. Namaz ähli ybadatlaryň mazmunydyr. Allahyň razylygyna ýetirjek her bir düşünje, hereket, söz, amal we niýet ybadat hökmünde kabul edilýär. Allahyň emrlerini berjaý etmek ýaly, gadagan edenlerinden daşda durmak hem deň derejede ybadatdyr. Bu nukdaýnazardan ybadaty iki topara bölüp bolar:

  1. Amaly salyh (müsbet ybadat),

 2. Takwa (menfi ybadat).

 

Amaly salyh – Allahyň namaz, oraza, zekat, haj ýaly emrlerini berjaý etmek diýmekdir.

Takwa – Allahyň içgi, humar, zyna süýthorlyk ýaly gadagan eden zatlaryndan daşda durmakdyr.

 

Ybadatyň jemgyýete getirýän peýdasy

1. Ybadatyň möhüm peýdasynyň biri – ygtykady we imany hökümleri kalpda we ruhda ornaşdyrýar. Mälim bolşy ýaly, bilim praktika we tejribe arkaly ösüp kämilleşýär. Durmuşda ulanylmaýan bir bilimi ýitip gitmeden saklamak kyndyr. Imany we ygtykady hökümler hem şonuň ýalydyr. Ybadat – imany berkitmek üçin durmuşda amal edilmegi hökmany diýlip kabul edilen dini ykrardyr.

Ybadaty terk etmek bilen ynsanyň imanynyň derejesi we ahlak ösüşi peseler. Imanyň güýji gowşadykça, ýaramaz häsiýetler, ham-hyýallar ynsanyň ruhy dünýäsini depeläp, ony dürli günälere we pis işlere itekleýär. Ynsanyň ýaşaýşy, edýän amaly onuň ýüreginiň arassalygyny, Allaha bolan söýgüsini görkezýän aýnadyr. Bu nukdaýnazardan ybadat bilen iman biri-birine berk baglanyşyklydyr.

2. Ybadat şahsyýetiň ýaşaýşyny düzgüne salmakda uly rol oýnaýar. Çünki ybadat pikirleri, düşünjeleri Allaha gönükdirýär, zehinlerde Allahyň azamatyny we gudratyny ornaşdyrýar. Bu bolsa guluň her bir eden işinde Allahyň razylygyny gazanmak düşünjesine, ilahi emr we gadaganlyklara tabyn bolup, tagat kylmagyna getirýär. Şeýle guluň şahsy durmuşy diniň görkezen ýoly bilen tertipleşdirilýär, maddy ýagdaýy we ruhy haly düzgün-nyzama salynýar.

3. Adamlary biri-birine ysnyşdyrmakda, jemgyýetde parahatçylygy hem asudalygy üpjün etmekde ybadatyň roly uludyr. Musulmanlaryň arasynda mizemez baglanyşygy, ýitmejek gatnaşygy döredýän hem ybadatdyr. Şeýlelikde, jemgyýetde dost-doganlygyň, sylag-hormatyň, söýginiň we mähriň sarsmaz binýady gurular. Ynsanyň maddy we ruhy ösüşi iň ýokary derejelere ýeter.

4. Ybadatyny doly ýerine ýetirýän bir mü’miniň kalby rahat, ruhy güýçlüdir. Bütin ömrüniň dowamynda wezipesini doly berjaý edýänliginden döreýän duýgy ynsany köňül rahatlygynda bagtly ýaşadýar. Onuň ruhy darykmaz, sussupeslige yňmaz, päsgelçilikleriň, kynçylyklaryň öňünde umytdan düşmez, ynamyny ýitirmez. Ybadatyny berjaý edýän kişiniň içki dünýesi bir kararly, tertip-düzgünlidir. Ruhy bulam-bujarlyklar, çaprazlyklar oňa ýatdyr.

5. Ybadat şahsy kemalata we ösüşe iň uly wesiledir. Bilşimiz ýaly, ynsan bedeni taýdan ejiz, çydamsyz ýaradylan barlykdyr. Muňa derek ol belent bir ruh, ägirt uly ukybyň eýesidir. Onuň meýil we arzuwlary soňsuz, ideallary, duýgulary çäksiz ýaradylandyr.

Ine, şeýle ýaradylan ynsanyň ruhuny belende göterýän;

onuň talantyny we ukybyny ösdürýän;

meýil we arzuwlaryny saplaýan;

ideallaryny, umytlaryny hakykata öwürýän;

pikirlerini tertip-düzgüne salyp, dogry düşünmegi, sagdyn pikirlenmegi gazandyrýan;

duýgularyny jylawlap, ifratdan (aşa geçmelerden) we tefritden (kemter gaýtmalardan) saklaýan;

gysgaça aýtsak, ynsany ondan garaşylýan kemalata, ahlak we ruhy baýlyga ýetirýän – ybadatdyr.

 

Ybadatyň Allahyň dergähinde kabul bolmagynyň şerti

Edilen ybadatlaryň Allahyň dergähinde kabul bolmagynyň ýekeje şerti bardyr, ol hem yhlasdyr.

 

Yhlas – diňe Allahyň ryzasyny gazanmakdan başga hiç hili gaýtargyny we bähbidi maksat tutmazdan edilen hakyky ybadatdyr. Yhlas – Allahyň razylygyny maksat edinip, Allahyň emri bolany üçin, islendik işi ýagşy niýet, arassa ýürek bilen Kurana we Sünnete laýyklykda etmekdir.

Eger-de dünýewi bir bähbit we peýda göz öňünde tutulyp ybadat edilse yhlas ýiter. Beýle ybadat batyldyr, ýagny ol Allahyň dergähinde kabul bolmaz.

Gazanylan dünýewi bähbitler we peýdalar ybadatlarda esasy maksat we niýet edilmese-de, yhlasa ters gelmez, ybadatyň kabul bolmagyna hem päsgel bermez. Hatda şeýle bähbit we peýdalar dini ýaşaýşy pes bolanlary höweslendirip hyjuwlandyrýan, olaryň dini baglaryny güýçlendirýän bolsa, bulary nazarda tutmak, ýatlatmak hem jaýyzdyr. Emma şeýle-de bolsa, ybadaty diňe Allahyň ryzasyny gazanmak, diňe Onuň emri bolany üçin amal etmek şertdir. Dünýewi netijeler, bähbitler welin, höweslendiriji we hyjuwlandyryjy bir zat bolup, esasy maksada öwrülmeli däldir.

 

Ybadatyň iň ýokary derejesi

Ybadatyň iň ýokary derejesi – yhsan derejesidir. Yhsan derejesine ýeten kişi ybadat edende bütin yhlasyny ýeke-täk Allaha gönükdirmelidir. Pygamberimiz yhsan derejesini şeýle beýan edýär:

«Yhsan – Allahy görýän ýaly ybadat etmekdir. Çünki sen Ony görmeseň-de, Ol seni görýär», (Buhary, Müslim).

Allahyň hemişe özüňi görýändigini bilip, elmydam Onuň huzuryndadygyňy duýup edilen ybadata, elbetde, Allahyň ryzasyny gazanmak we emrlerine tagat kylmak düşünjesinden başga hiç hili düşünje gatyşmaly däldir. Ynsan ybadatyň ruhy bolan yhlasyň iň kämil görnüşine diňe şeýlelikde ýetip biler.

 

Ybadatyň adaby

    Ybadatyň iň möhüm edepleri şulardyr:

    1. Ybadaty diňe Allah üçin etmek. Çünki ybadatyň Allahyň dergähinde kabul edilmegi muňa baglydyr.

2. Ybadaty dowamly etmek. Hadysy şerifde:

«Allahyň iň makbul gören ybadaty az hem bolsa yzygiderli berjaý edilenidir» (Buhary) diýilýär.

Durnuklylyk we yzygyderlilik dini amallaryň we ybadatlaryň iň möhüm esasydyr.

3. Ybadaty wagtynda berjaý etmek. Wagtynda eda edilen bir parz bilen soňa goýlup kazasy okalan namazyň arasynda uly tapawut bardyr. Şonuň üçin, ybadat wagtlaryny geçirmän, namaz, oraza ýaly yzygyderli bolan ybadatlaryň birini gutaryp beýlekisine maddy we ruhy taýdan taýýar bolmak beýik fazyletdir.

4. Ybadaty nogsansyz amal etmäge çalyşmak. Ybadatlar Allahyň öňündäki gulluk wezipesi bolandygy üçin, olaryň her biriniň edebine, erkanyna, parzyna, wajybyna we sünnetine laýyklykda ünsli amal edilmegi gerekdir.

 

Ybadatyň görnüşleri

Ybadat üç görnüşe bölünýär:

1. Beden bilen berjaý edilýän ybadatlar

Bular namaz, oraza ýaly ybadatlardyr. Doga-dileg we tefekkür (pikir etmek, oýlanmak) hem bu görnüşe degişlidir. Aýaty Kerimede: «Doga-dilegiňiz bolmasa, näme ähmiýetiňiz bar?» (Furkan, 77) diýilmegi doganyň ähmiýetine yşaratdyr. Tefekkür barada bolsa, hadysy şerifde: «Bir sagat (Allahyň gudraty we azamaty barada) tefekkür etmek bir ýyl nafile ybadat etmekden haýyrlydyr» diýilýär.

2. Mal bilen berjaý edilýän ybadatlar

Bular zekat, pitre we ş.m. ybadatlardyr.

    3. Hem beden, hem mal bilen edilýän ybadatlar

Muňa haj ybadatyny mysal getirmek bolar.

 

YBADAT MÜKELLEFIÝETI (JOGAPKÄRÇILIGI

Yslamda ynsanyň dini we hukuky taýdan jogapkär bolmaga ýeterlik kabul edilmegine ehliýet diýilýär. Yslam hukugynda ähliýetiň «wujub ähliýeti» we «eda ähliýeti» diýip iki görnüşi bardyr. Ynsanyň ömri bolsa, jenin (düwünçek, ene göwresindäki çaga), çagalyk (0-7 ýaş aralygy), temýiz (agy garadan tapawutlandyrma, 7 ýaşdan bulug ýaşyna çenli), bulug (ýetginjeklik, jogapkärlik, umuman 15 ýaş) we rüşd (kämillik) görnüşinde döwürlere bölünipdir.

Wujub ähliýeti, kişiniň hak-hukuga eýe bolmagy, jogapkärlik ýüklenmegi diýmekdir. Wujub ähliýetiniň ýaş, akyl, temýiz we rüşd bilen baglanşygy ýokdyr. Ynsan akyl we beden taýyndan nähili ýagdaýda bolsa bolsuň ýaşadygy möhletçe dogulmak, miras, wäsiýet, nesil hukugyna eýedir. Eda ähliýeti bolsa, kişiniň din we hukuk taýyndan jogapkär bolmagydyr. Eda ähliýetiniň şerti, akyly ýerinde we temýiz ýaşyna ýeten bolmaly.

Akyly ýerinde we bulug (jogapkärlik) ýaşyna ýeten musulman bir kişi doly eda ähliýetine eýedir we Allahyň emrlerini, gadaganlyklaryny, dini ybadatlary ýerine ýetirmäge jogapkärdir. Yslam akyly ýerinde we bulug ýaşyna ýeten her bir ynsana mükellef diýýär we onyň erk-eradasy bilen eden her işini, hereketini belli hökümlere baglaýar. Fykyhda muňa «ef’aly mükellefin (mükellefiň amallary)» diýilýär.

Bulug ýaşy yslam alymlarynyň aglabasynyň aýtmagyna görä, gyzlarda 9-15, oglanlarda 12-15 ýaş aralygy diýip kesgitlenendir. Kişiniň buluga ýetmegi: oglanlarda ihtilam ýagny, düýşüňde iniň hapalanmagy, gyzlarda bolsa haýyzyň, ýagny, aýbaşy halynyň görülmegi bilen başlanýar. Oglan we gyzlaryň käbirlerinde bulug ýaşyna ýetse-de, ihtilam we aýbaşy haly görünmeýär. Bu ýagdaýda bulug ýaşy 15 ýaş diýlip hasaplanýar.

Mükellefiň amallary: farz, wajyp, sünnet, mustahap, mubah, haram, mekruh we müfsid görnüşinde bölünipdir. Mükellefden berjaý edilmegi islenen amallara «emr», terk edilmegi islenenlere-de «nehiý» diýilýär.

 

Parz

Parz sözi, bir zady anyklamak, takdyr etmek, paý we böleklere aýyrmak, kesgitlenen zat diýen manylary aňladýar. Fykyh taýyndan parz – Allah we Onuň Resuly tarapyndan anyk, kesgitli deliller bilen amal edilmegi emr edilen amallardyr. Bäş wagt namaz, oraza, zekat ýaly amallar muňa mysaldyr. Farz amallaryny berjaý etmek hökmandyr, sogaby uludyr. Farzy uzursyz terk eden uly günä gazanar, ahyretde azaba uçrar. Farzy inkär eden bolsa, dinden çykar.

 

Parzyň iki görnüşi bardyr.

Farzy aýn– her bir musulmanyň ýerine ýetirmegi hökmany bolan borjudyr. Bu borç bir musulmanyň amal etmegi bilen beýleki musulmandan jogapkärçilik aýrylmaýar. Mysal üçin: bäş wagt namaz, oraza, zekat, haj.

Farzy kifaýe– käbir musulmanlaryň amal etmegi bilen beýlekilerden jogapkärçilik borjy aýrylýan amallardyr.

Kurany Kerimi ýat tutmak, jynaza namazyny okamak bulara mysaldyr. Farzy kifaýäniň sogaby diňe ony berjaý edene degişli bolýar. Eger-de, farzy kifaýe hiç kim tarapyndan ýerine ýetirilmese, tutuş halk günäkär bolýar. Käbir ýagdaýlarda, mysal üçin, tutuş obada ýeke ymam bar bolsa, jynaza okatmak oňa farzy aýn bolýar. Eger obada ýeke lukman bar bolsa, hassa seretmek oňa farzy aýndyr.

 

Wajyp

Farz derejesinde anyk bolmasa-da, kesgitli deliller bilen emr edilen amallardyr. Gurban kesmek, witir we baýram namazyny okamak ýaly amallar muňa mysaldyr. Meselem Kurany Kerimde «Rabbiň üçin namaz oka, gurban kes» (Kewser, 2) diýlip buýrulýar. Bu ýerde «baýram namazyny oka we gurban kes» diýlip Pygamberimize ýüzlenilýär, ýagny, bular Resulullah üçin farz hökmündedir. Emma beýleki musulmanlar üçin anyk däldir.

Wajybyň hökmi hem farz bilen deňdir. Amal edilse – sogap, edilmese – ahyret azaby bardyr. Emma ygtykat taýyndan wajyp farz ýaly däldir. Wajyby inkär eden dinden çykmaz, diňe uly günä gazanýar. Wajibi unudyp ýa-da bilkastlaýyn terk eden ony soň kaza etmelidir. Witir namazy muňa mysaldyr.

 

Sünnet

Sünnet sözi, «ýol» diýen manyny aňladýar. Fykyh taýyndan bolsa Pygamberimiziň farz we wajypdan başga hut özüniň berjaý edip, beýleki musulmanlara-da amal etmegi emr eden sözi, hereketi we hallarydyr. Sünnetiň müekked, gaýry müekked we zewaid diýen üç görnüşi bardyr.

 

1. Müekked sünnet   

Pygamberimiziň hemişe amal edip, diňe parz däldigini görkezmek üçin seýrek terk eden amallarydyr. Bular dini borçlaryň üstüni ýetirýän parz we wajypdan soňra üçünji orundadyr. Mysal üçin, taharet kylanda agzyňa we burnuňa suw bermek, ertir, öýle we agşam namazlarynyň sünnetleri azan, kamat, jemagat bilen namaz okamak müekked sünnetlerdendir. Bu görnüşdäki sünneti ýerine ýetiren Allah dergähinde hoş garşyalnar, öwgä mynasypdyr, sogap gazanar. Terk eden ýazgarylar. Sünnetiň bu görnüşine «Sünnetül-hüda» diýilýär.

 

2. Gaýry müekked sünnet

Pygamberimiziň köplenç eda edip, käwagt terk eden sünnetleridir. Ikindi we ýassy namazlarynyň sünnetleri muňa mysaldyr. Gaýry müekked sünnetlere «mustahap» we «mendup» hem diýilýär. Bu sünneti amal eden sogap gazanar, terk eden bolsa ýazgarylmaýar.

 

3. Zewaid sünnet

Hezreti Muhammed sallallahu aleýhi wesellemiň resul sypaty bilen däl-de, ynsan hökmünde berjaý edip, dini teblig maksady bolmadyk beşeri amallarydyr. Onuň iýip-içişi, geýinişi, sakgalyny hynalamagy bu amallara degişlidir.

    Bir mümin Pygamberimize söýgüsi, hormaty sebäpli Onuň ýaly iýip-içse, geýinse sogap gazanar, emma beýle etmände-de erbet iş eden hasaplanmaýar.

Mustahap

Mustahap sözi, gowy görülen, halanylan iş we hereket diýmekdir. Dini taýdan mustahap – Pygamberimiziň käwagt amal edip, käwagt terk eden, ýöne selefi salyhynyň (sahaba we tabiiniň) höwes bilen berjaý eden amallaryna mustahap diýilýär. Mustahaplar, ybadatlaryň we jemgyýetçilik gatnaşyklaryň has ýagşy we netijeli bolmagyny üpjin edýän edep we ahlak kadalary görnüşindedir. Ertir namazyny daň agaranda okamak, tomusda öýle namazyny salkyn düşýänçä gijikdirmek, agşam namazyny bolsa azanyň yzysüre okamak mustahap amallara mysaldyr.

Mustahap amallaryň ýerine ýetirilmegi uly sogapdyr. Terk etmekde hiç hili günä ýokdur. Mustahaba – «nafile», «tatawwu» we «edep» adyny beren alymlar hem bolupdyr. Fykyh kitaplarynda mustahap bolan amallar «adap» diýlip görkezilýär. «Adap» – «edep» sözüniň köplük sanda aýdylyşydyr.

Mubah

Dini taýdan hiç hili zyýany bolmadyk, amal edilmegi ýa-da terki mükellefiň öz erkinde bolan, oturmak, iýip-içmek, uklamak ýaly işlerdir. Mubah bolan işleriň amal edilmeginde-de, terk edilmeginde-de hiç hili günä-sogap ýokdur. Ýöne ynsan mubah bolan amallary Pygamberimize hormat edip ýagşy niýet we ybadat maksady bilen etse elbetde şol edilen işden sogap öner. «Mubah» sözi – «halal», «jaýyz», «mutlak» sözleri bilen manydaşdyr.

Barlyklaryň, ýaradylan zatlaryň aslynda mubahlyk bardyr. Özi hakynda hiç hili höküm bolmadyk zatlar halaldyr. Halal – dini taýdan hiç hili zyýany bolmadyk, iýilmeginde, içilmeginde, ýa-da ulanylmagynda aýat we hadyslar arkaly gadagan edilmedik, amal edilmegi jaýyz görlen, rugsat edilen zatlardyr.

Haram

Amal edilmegi, ulanylmagy, iýlip-içilmegi dinimiz tarapyndan anyk görnüşde gadagan edilen zatlar haramdyr. Serhoş ediji içgi içmek, humar oýnamak, adam öldürmek, zyna, gybat, töhmet ýaly zatlar harama mysaldyr.

Haramyň görnüşleri

Haram edilen zat ýa-da amal özünde bolan bir zyýany, erbetligi sebäpli haram edilen bolsa, muňa li’aýnihi haram diýilýär. Bular umuman jany, maly, akyly, dini we nesli goramak maksady bilen haram edilipdir. Meselem: zyna – nesliň arassalygyny, şerap – akylyň durulygyny saklamak üçin haram edilendir.

Aslyýetinde halal bolup, wagtlaýyn bir sebäp bilen haram görlen zatlara bolsa ligaýrihi haram diýilýär. Ogurlyk üsti bilen gazanylan mal-mülk muňa mysaldyr.

Zerurlyk sebäpli haramlar mubah bolup biler. Mysal üçin, açlyk döwri diňe ölmezlik derejesinde doňuz etini iýmek, aýal hekim ýok wagty, aýalyň özüni erkek hekime seretdirmegi.

Haram magsyýet we günä sözleri bilen manydaşdyr. Haramy inkär eden dinden çykar.

 

Mekruh

Mekruh – amal edilmegi erbet görlen işler we hereketler manysyny berýär. Mysal üçin: taharet kylnanda ýa-da gusul alnanda suwy isrip etmek mekruhdyr.

 

Mekruhyň iki görnüşi bardyr:

1. Tahrimen mekruh. Harama ýakyn bolan mekruh diýmekdir. Tahrimen mekruh haberi wahyd ýaly zanny delile daýanýandyr. Mysal uçin: «Kişi musulman doganyndan rugsat alman, onuň eden söwdasynyň üstüne söwdalaşmasyn we gudaçylygynyň üstüne gudaçylyk etmesin», (Buhari, Müslim). Bu hadys haberi wahyd bolany üçin söwdanyň üstüne söwdalaşmak we gudaçylygyň üstüne guda bolmak kesgitli görnüşde haram edilmän, tahrimen mekruh saýylypdyr.

Hanefilerden başga beýleki mezhepleriň ymamlary hanefileriň tahrimen mekruh hasaplaýan amallaryny haram diýip kabul edýärler.

Tahrimen mekruh ahyret azabyna sebäp bolsa-da, ony inkär eden dinden çykmaz.

 

2. Tenzihen mekruh: halala ýakyn bolan mekruhdyr. Mesjide gitjek kişiniň sogan ýa-da sarymsak iýmegi muňa mysaldyr. Pygamberimiz «Sogan we sarymsak iýýän kişi mesjidimize gelmesin, öýünde otursyn» (Buhary, Ebu Dawud) diýen hadysy bilen töweregiň birahat edilmezligine ünsi çekýär. Der ysy, jorap ysy hem bu hadysyň hökümine girýär.

Tenzihen mekruh amaly eden kişi ahyret azabyny çekmeýşi ýaly, şu dünýäde-de ýazgarylmaýar. Emma, şeýle etmek edeplilige gelişmez.

Müfsit

Başlanan bir ybadaty bozýan, hökümi ýatyrýan herekete we amala müfsit diýilýär. Müfsidiň uzursyz, bilkastlaýyn edilmegi günädir. Hata ýa-da säwlik bilen edilse, hiç hili günäsi ýokdur. Namaz okap duran adamyň saklanyp bilmän gülmegi muňa mysaldyr. Müfsit bilen baglanyşykly şu sözler hem bilinmelidir: sahyh, batyl, fasit, mugteber.

Sahyh

    Ähli şertlerine we rükünlerine laýyklykda berjaý edilen bir ybadata sahyh (dürs) ybadat diýilýär. Mugteber we jaýyz sözleri hem sahyh sözüne manydaşdyr.

Batyl we fasit

Bu iki söz manydaş bolup, ybadatyň şertleriniň we rükünleriniň biriniň egsik edilmegidir. Mysal üçin se– desiz kylnan namazda rükün; taharetsiz okalan namazda şert egsik bolany üçin namaz fasit bolar, ýagny bozulýar.