بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Akmagyň berýän soragyny ýat tut we akyllydan sora. Akyllynyň beren jogabyny ýat tut we amal et.

Başy » Makalalar » ULY GÜNÄLER

Kebire (köplük sanda kebair) uly günä diýmekdir. Uly günä Nas ýagny, Kitap, sünnet we ýa-da ijma delilleri esasaynda uly günädigi belli edilen günälere diýilýär. Kuran we sünnetde haramdygy anyk aýdylan, haklarynda had jezasy - jezasy anyk belli edilen ýa-da ahyretde azap sebäbi saýylan günäler uly, bulardan başgalary bolsa kiçi günälerdir. Tagatyň garşylygy bolan «isýan», «magsiýet»we kiçi günä manysyny berýän «lemem» hem kebire ýaly günä manysynda ullanylýarlar.

Uly günäleriň haramdygy barada şerigat alymlarynyň arasynda jedel ýokdur. «Kim-de kim Allaha we Resulyna isýan edip Allahyň bellän çäklerinden aşa geçse Allah ony ebedi oda ýakar hem ony zelil we perişan etjek azaba goýar» (Nisa, 4/14) aýaty we «Ýedi sany heläk edijiden saklanyň» hadysy munuň açyk delilidir. Jumhur-u ulema (din alymlarynyň geňeşi ýa-da aglaba topary) günäleri uly we kiçi diýip iki topara bölýärler. «Egergadagan edilen uly günälerden gaça dursaňyz, siziň kiçi günäleriňizi örteris we mertebäňizi beýgelderis» (Nisa, 4/31) , «Olar uly günälerden we haýasyzlyklardan gaça durarlar, gany gyzgyn wagtlaram geçirimlilik ederler» (Şüra, 42/37), «Ownuk-uşak kemçiliklerinden başga uly günälerden we edepsizliklerden gaçanlara gezek gelende, biliň, Rabbyň günä geçijiligi köp bolar» (Nejm, 53/32) aýatlary günäleriň uly-kiçi diýlip ikä bölünýändigine yşarat edýän aýatlardyr. «Dykgat ediň, size günälerden iň ulusyny (ekberul-kebair) habar bereýinmi?..» hadysy bolsa buňa degişli sünnetden delildir. Muňa garamazdan, islendik bir günäniň günä işdigini, günäniň uly-kiçi diýip aýryp bolmajagyny, günäniň ulusy ýa kiçisi diýilmeginiň şertleýindigini aýdýan alymlar hem bar. Ýene uly günäleriň öz aralaryndaky sanawynyň Kuran we hadyslarda aýdylanlara daýanylyp günäniň hem şahsyýete, hem jemgyýete ýetiren zyýanyna we ýaramaz täsirlerine görä edilendigini bu ýerde belläp geçeliň.

Alymlar uly günäleriň belli bir sanynyň bardygy ýa-da ýokdugy barada dürli garýyşdadyrlar. Alymlaryň aglabasy hadyslarda berlen sanlara esaslanyp olara çäk goýup bolmajakdygyny aýdýarlar. Hadyslary seljeremizde Allahyň Resulynyň (s.a.w.) üç, bäş, ýedi ýaly möçberlerde uly günäleriň sany dürli wagtlara we ýerlere görä üýtgändigini görýäris. Ymam Zehebi ýokarda uly günäniň nämedigi barada aýdylan düşündirişe esaslanyp aýat we hadyslarda azap görkeziljekdigi hakynda düýduryş berlen günäleriň ählisini sanap geçip olary 76-a ýetiripdir.

Şonuň ýaly-da, başga-da käbir alymlar uly günäleri belli sanlar bilen çäklendiripdirler. Ibni Mesud uly günäleriň sanynyň Kurana daýanyp dörtdügini aýdýar. Bular:umytsyzlyk, Allahyň rahmetinden umydyňy üzmek, Ylahy jezadan özüňi aman duýmak we Allaha şirk goşmak. Beýleki hadys kitaplarynda köp agzalýan uly günäler bolsa şulardyr: ata-enä garşy gitmek, olar bilen gatnaşygy kesmek, ýalana şaýatlyk etmek, Haremiň çäklerinde edilen ilhat (gozgalaň). Ibni Hajer el-Heýtemi anyk we kesgitli görnüşde Kuranyň hem gadagan eden uly günäleriniň dörtdügini we bularyň: myrdar et, doňuz, ýetimiň malyny iýmek we söweşden gaçmakdygyny aýdýar. Buhary we Müslimde geçýän hadysa görä uly günäler ýedidir: şirk, jadygöýlik, bilkastlaýyn adam öldürmek, ýetimiň malyny iýmek, süýthorlyk etmek, söweş meýdanyndan gaçmak, namysly aýala zyna töhmetini atmak.

Nisa süresiniň ýedinji aýatynda «Allah özüne şirk goşulmagyny bagyşlamaz. Mundan başgasyny islese bagyşlap biler» buýrup, Allaha şirk goşmagyň iň uly günädigi anyk kesgitleýär. Ýokarda geçen hadysda-da bellenşi ýaly uly günäleriň ilkinjisiniň Allaha şirk goşmakdygy aýdylýar. Ondan soň ata-enä garşy gitmek we ýalana şaýatlyk etmek gelýär.

 

Uly günä etmegiň akybeti

 

Mümin uly günä etmek bilen imanyň çäginden daşyna çykmaz. Toba etmän ölse, onuň ýagdaýy Allahyň ygtyýarynda – islese azap görkezer, islese bagyşlar.

Uly günä işi eden halk arasynda ynamdan gaçar, ygtybarlylygy galmaz we şaýatlygy kabul edilmez. Kasani «Günä iş eden kişä serediler, eger günäsi uly bolsa toba edýänçä oňa ynam edilmez» diýýär. Uly günä edenler şol hereketleri bilen fyska girendikleri üçin fasyk diýlip atlandyrylarlar. Karafi kiçi günäleri edenleriň günälerini gaýtalap durmadyk ýagdaýlarynda ynamdan gaçmazlar we olara fasyk diýilmez. Bu manyda ilkinji yslam alymlarynyň «Kiçi günä terk edilmän, gaýtalanyp dursa kiçi bolmaz, uly günä-de istygfar (toba) edilse uly bolmaz» diýen sözleri meşhur bolupdyr. Zerkeşi endige öwrüp, häli-şindi edilen kiçi günäni uly günäleriň hatarynda goýýar.

 

Uly günäleriň bagyşlanmagy

 

Uly günäleriň bagyşlanmagy günäniň gul hakyna ýa-da Allahyň hakyna degişlidigine görä tapawut edýär. Spirtli içgileri içmek ýaly Allahyň haky ýa-da hem Allahyň haky, hem gul haky bolan namysly aýala atylan zyna töhmedi we ogurlyk etmek ýaly günäler edilen wagty ýagdaý üýtgeýär. Allahyň hakyna girýän uly günälerde günä gazanan toba etmese Allahyň ygtyýarynda galar. Emma, hem Allahyň haky hem guluň haky iýilen bolsa, bu ýagdaýda toba bilen birlikde bilkastlaýyn adam öldürleniň hossaryna başa-baş jan, hun tölegi we günä geçmekden birini seçmek haky beriler. Ogurlyk, talaňçylyk we ş.m. ýagdaýlarda bolsa meselä degişli kanunlar güýje girýär.

Jumhura görä uly günä edene degişli jezanyň berilmegi keffaret ýerine geçmez, hökman toba etmegi gerekdir.

Jumhur: «Eger gadagan edilen uly günälerden gaça dursaňyz, siziň kiçi günäleriňizi örteris we mertebäňizi beýgelderis» (Nisa, 4/31) aýatyndan ugur alyp, uly günälerden gaça durulsa kiçi günäleriň bagyşlanjakdygyny aýdýar. Hadysy şerifde-de «Bäş wagt namaz, eda edilen juma we tutulan oraza, uly günäden gaça durulan ýagdýynda, bu ybadatlaryň arasynda edilen kiçi günälere keffaretdir» buýrulýar.

Eşary Hezreti Pygamberiň ahyretde musulmanlaryň uly günä edenlerine şepagat etjekdigi barada ijma edilendigini aýdýar. Enesden (r.a.) rowaýat edilen, Tirmiziniň ýazga geçiren hadysynda Allahyň Resuly (s.a.w.) «Şepagatym ymmatymdan uly günä edenleredir» buýrýar.

Ýazgymyzy uly günälere degişli iň öňli-soňly maglumatyň jemlenen we ymmatyň gowy kabul eden Zehebiniň «el-Kebair» eserinde berlen uly günäleriň sanawy bilen jemläliň. Zehebiniň kesgitlän bu uly günäleri aýat we hadyslarda gadagan edilen hususlardyr. Netijede, bularda gul haky, Allah haky iýlendir. Bu hak iýilmegiň şekilleri döwre we ýerine görä tapawutlanyp bilerler. Şol sebäpden häzirki döwürde kamu hykugy bolan milletiň malyny basyp almagyň, zor bilen öz hasabyňa geçirmegiň, metbugat we habar beriş serişdeleri arkaly ynsanlaryň hukuklaryna kast etmegiň, gybat etmegiň, töhmet atmagyň we ýene-ýeneleriň nähili agyr günälerdigini diňe ýatladyp geçeliň.

 

Anyk belli bolan uly günäler

 

Allaha şirk goşmak, bilkastlaýyn adam öldürmek, jadygöýlik etmek, namazy terk etmek, zekat bermezlik, ata-eneňe garşy gitmek, süýthorlyk etmek, ýetimiň hakyny iýmek, Pygamberimize ýalan isnat etmek (Hadys toslamak), rugsat berlen sebäpler bolmazdan orazaňy bozmak, söweş meýdanyndan gaçmak, zyna etmek, baştutanyň halkyna zulm edip zor görkezmegi, spirtli içgileri içmek, men-menlik etmek, tekepbirlik, öwünmek, ýalana şaýatlyk etmek, gomoseksuallyk, namysly aýallara zyn töhmedini atmak, oljadan, zekat malyndan we döwletden pul we mal ogurlamak, ynsanlaryň mallaryny nähak ýollar bilen almak, ogurlyk etmek, talaňçylyk etmek, ýalandan ant içmak, ýalan sözlemek, janyňa kast etmek, häkimiň höküminde adalatsyz bolmagy, aýallaryň erkeklere, erkekleriň aýallara öýkünmekleri, hülle etmek we etdirmek, maslyk, gan we doňuz etini iýmek, nähäk paç toplamak ýa-da pul getirtmek, ryýakärlik etmek, Allaha we Resulyna hyýanat etmek, ylmyňy gizlemek we diňe dünýä bähbidi üçin bilim öwrenmek, eden ýagşylygyňdan tamakin bolup ony diliňe çolamak, takdyry inkär etmek, ynsanlaryň eşdilmegini islemeýän zatlaryny gizlinlik bilen diňlemek, länet okamak, döwlete garşy çykmak, palçylyk we palça ynanmak, nuşuz – aýalyň ärine jynsy gatanşykda yzgytsyz bolmagy, garyndaşlaryň bilen gatnaşygy kesmek, gep gatnatmak, öleniň yzynda üsti-başyňy ýyrtyp aglamak, aslyna-soýuna söwmek, hetden aşmak, başganyň hakyny iýmek, ýaragly gozgalaň etmek, uly günäleri inkär etmek, musulmanlara jebir etmek we küfür söz sözlemek, welilere ezýet we duşmançylyk etmek, üýtgeşik geýinip gopbamsylyk etmek, erkekleriň altyn dakynmaklary we ýüpek geýmekleri, Allahdan başganyň adyna gurban kesmek, araçäkleri we adamlara dogry ýollary görkezýän belgileriň ýerlerini üýtgetmek we sökmek, sahabalaryň ulularyna sögmek, ensarlardan islendik birine sögmek, azgynlyga çagyrmak ýa-da erbet bir ters ýol döretmek, islendik bir kesýän sowuk ýaragy doganyňa gezäp ony gorkuzmak, bilip durkaň kakaňdan başga birine kaka diýmek, sähetsizlige ynanmak, altyn we kümüş gaplarda iýip-içmek (ulanmak), Hakdan daş düşüp jedele girmek, dawalaşmak, hyzmatkärleriňe nähak azar bermek, olara zulm etmek, Allahyň azabyndan gorkmazlyk, Allahyň rahmetinden umydyňy üzmek, edilen ýagşylygyň gadyryny bilmezlik, suw paýyňy artykmaç alyp ile bermezlik, haýwanyň ýüzüne tagma basmak, humar oýnamak, Haram (Mekke) çäklerinde gozgalaň etmek, juma namazyny terk edip özbaşyňa namaz okamak, musulmanlary yzarlamak we syrlaryny açmak. Ýazgymyzy Fethullah Gülen Hojaependiniň kiçi günäleri düşündirişi bilen soňlalyň.

 

Kiçi günäler

 

Uly günä etmek, kä mahal kiçi günäleri ähmiýetsiz görmekden has zelelsiz bolup biler. Meselem, zyna etmek gara nebsiňe buýrup bilmezligi aňladýar. Muňa derek harama yzygider, gözüňi aýyrman bakmaklyk äsgermezçilik edilen ýagdaýynda zyna derejesinde uly günä bolup biler. Edil şonuň ýaly bir-iki gybat bilen bir ýerde aýal eşigine girip tans etmek derejesindäki günäni gazanyp bilersiňiz. Ynsanyň ynsan bolasy gelýän bolsa harama seretmek günäsindenem, gybat günäsindenem ömürboýy ejir çekip gezer.

Ýene bir mysal, namazy jemagat bilen okamak fykyh alymlarynyň käbirlerine görä farzy aýn, käbirlerine görä farzy kifaýedir. Muňa garamazdan jemagata garaşman namazy özbaşyňa okabermek namaza ýüzleý garamakdyr. «Birine emir edeliň azan aýtsyn, başga biri bolsa ymamlyga geçsin. Men hem Medinäniň köçelerine aýlanyp jemagata gelmeýänleriň öýlerini ýakyp, başlaryna ýumuraýyn» şekilindäki Pygamberimiziň (s.a.w.) beýanyna näçe ähmiýet berilse ýene-de azdyr.

Jemagaty terk edip namazy özbaşyňa howlukmaç okamak belki kiçi günädir, emma, dowam etdirildigiçe ulalar we uly günä halyna geler. Şeýdip jemagaty terk etmek, edil namazy terk eden ýaly uly günäleriň hataryna geçer. Namazy terk etmek uly günädir. Bu sebäpden mümin bir wagt namazyny terk etse aglar, eňrär, özüni jezalandyrar we toba eder. Emma jemagaty terk edeni üçin aglamaz we toba etmegiň hem geregi ýok diýip hasap eder. Soňra muňa endik eder we netijede ynsan üst-üste örän köp günä gazanar. Ýene başga şuňa meňzeş zatlary-da bulara deňeşdirip bilersiňiz.

Ýene bir aýtmaly zat, uly günälerdenem has uly bir günä bardyr, ol hem ynsanyň nämäni ýa-da nämeleri ýitirendigini bilmezligidir. Ruhy taýdan kämilleşmeýän ençeme adamlar bar, meniň pikirimçe, olar kiçi günäleri ähmiýetsiz saýýarlar, bu-da olaryň ösmeklerine päsgel berýär. (M. Fethullah Gülen, Pasyldan Pasyla-1, sah. 333).