بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Alymlaryň biri: «Kim hikmetiň jylawyny tutsa, ol adamlaryň ýolbaşçysy bolar we kim-de kim hikmet bilen tanalsa, gözler oňa hormat bilen garar» diýipdir.

Başy » Makalalar » Melhemler

1. Astmada (demgysmada) we üsgelewükde – tmin ýagyny zeýtun ýagyna garyp (mysal üçin 1 çemçe tmin ýagy we 5 çemçe zeýtun ýagy gatnaşygynda) hassanyň döşüne çalyp oýkalamaly. Şeýle-de gara tminiň ýagynyň bugundan dem almaklyk we çaý çemçesiniň dörtden bir bölegini diliň aşagynda saklamaklyk maslahat berilýär.

2. Diareýada – bir nahar çemçesi gara tmin ýagyny bir käse ýogurt bilen garmaly. Taýyn bolan garyndymyzy günde 2 gezekden 3 günläp içmeli.

3. Kelle agyrylarda:

1-nji melhem: 1 nahar çemçesi owradylan gara tmin; 1 nahar çemçesi owradylan anis dänejikleri; 1 nahar çemçesi owradylan gwozdikanyň dänejikleri. Bir çaý çemçesi mukdarda nahardan öň kabul ýetmeli. Ilki agzyňda saklap ýuwtmak üçin ýeňil bolar ýaly saklamaly we ýuwutmaly. Suw bilen içmek bolmaýar.

2-nji melhem; ýarym çaý çemçesi mukdarda gara tmin ýagyny günde 2-3 wagtyna kabul ýetmeli.

4. Gury agyry we myşsa agyrylarda: bir azajyk gara tmini zeýtun ýagy bilen garyp, birneme  gyzdyryp agyryly ýere çalyp oýkalamaly. Şeýle-de gara tminden gaýnadylan we ary bilen garylan içgini ýatmazdan öň içmeli.

5. Deri kesellerinde:

1-nji melhem: ýarym çaý çemçesi tmin ýagyny günde 2-3 gezek içmeli.

2-nji melhem: gara tminiň ýarym çaý çemçesini bir nahar çemçesi zeýtun ýagy bilen garmaly. Taýyn bolan garyndyny ýendamyňa çalyp, bir sagat garaşmaly. Soňra suw, sabyn bilen ýuwmaly.

6.Baş aýlanmada: tmin ýagyny çaýa garyp içmeli. Şeýle-de ýaňaklary we bokurdagyň arka tarapyny onuň bilen oýkalamaly.

7. Gulak agyryda: tmin ýagyny gulaga damdyrmaly.

8. Çaga dogurulanda: çaga dogurululanda agyrylary ýeňilleşdirmekde gowy serişdedir. Tmin ýagyny ary balyna garyp, gyzdyryp içmeli.

9. Ýürek awuşamalynda: gyzgyn süýde tmin ýagynyň birnäçe damjasyny damdyryp, bir çaý çemçesi ary balyny garmaly. Gyzgynlygyna içmeli. Şeýle-de köp mukdarda işdä açar iýmeklik maslahat berilýär.

10. Ýokary gan basyşy: tmin ýagyny gyzgyn içgi, mysal üçin çaý bilen garyp ýendama çalyň.

12. Döş agyry we sowuklama: Ýatmazdan öň gaýnaýan suwa 1 nahar çemçesi tmin ýagyny goşup, onuň bugundan kelläňizi ýapyp dem alyň.

13. Göz agyrlarda: tmin ýagy bilen gözüňiziň daş-töweregine sürtüň hem-de tmin ýagynyň birnäçe damjasy garylan gyzgyn içgini içiň.

14. Dürli ýaralarda (ýazwalarda): 1 käse ary balyna 10 damja gara tminiň ýagyny garyň. Günde irden ajöze ýagdaýda ýaňky garyndydan 1 çemçe iýmeli. Soňra 1 stakan süýt içmeli. Arasyny kesman 2 aý dowam ýetmeli.

15. Rak keselinde: gara tminiň ýagyny kesel degen ýere çalmaly. Şeýle hem 1 stakan täze sykylyp alynan käşir şerbetine 1 çaý çemçe tmin ýagyny garmaly hem-de günde üç wagtyna içmeli. Bu içgini üç aýlap dowamly içmeli. Ondan başga-da gara tmini sarymsak bilen iýmeklik maslahat berilýär.

16. Ýatlalykda: gara tminiň ýagynyň 10 damjasyny bir stakan apelsin şerbeti bilen garamaly we ýemele gelen garyndyly içgini 10 günüň dowamynda ukudan oýanyp içmeli. Wajyp zat turanyňdan soň ýatmaly däl.

17. Ýady gowulandyrmak üçin: narpyzy suwa atyp gaýnama ýagdaýa ýeltmeli hem-de ony ary baly  we tmin ýagynyň 7 damjasy  bilen garmaly. Taýyn bolan içgini islendik wagt gyzgynlygyna içmeli.

18. Süýji keselde: 1 stakan gara tminiň dänesini, 1 stakan ajybalgazyň (žeruh, kress wodýanoý) dänesini, ýarym stakan naryň gabygyny bile garmaly. Garyndyny toza (poroşoga) öwrülýänçä üwemeli. Taýyn bolan melhemi bir aýlap ýarym çemçeden 1 çemçe tmin ýagy bilen ýertirlikden öň içmeli.

19. Ukusyzlykda: 1 çaý çemçesi gara tminiň ýagyny bal bilen garyp agşam naharyndan öň içmeli.

20. Tonzillit (badam şekilli mäzlere agram düşmegi netijesinde çişmegi): ýarym litr suwda 10 gram (2 çaý çemçesi) gara tminiň dänelerini gaýnatmaly we süzmeli. Günde iki wagtyna oňa agyz boşlugyny we bokurdagy çaýkamaly.