بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Pygamber alaýhyssalam: «Kyýamat güni agyr azap görjek adamlaryň biri Taňrynyň dergähinde öz ylmyndan özüne peýdalanmagy nesip etmedik alymdyr»

Başy » Makalalar » Miswak (МИСВАК )

Miswak araki diýen agajyndan alynýar. Ol bir garyş ýaly kesilip, agyz boşlygyny, ýagny dişleri we dili arassalamak  üçin ulanylýar. Miswak ulanmaklyga Yslam dininde uly üns berilýär. Sebäbi owaly bilen ol ähli pygamberleriň sünneti, galybersede ol dişleri arassalaýjy, dişleriň etlerini berkidiji, diliň üstünde emele gelýän hapa gatlaklary-da arassalaýar. Häzirki wagtda-da dürli ylmy barlaglaryň üsti bilen miswagyň ynsan saglygy üçin örän uly peýdasynyň barlygy göz ýetirildi. Diş miswak bilen ýuwulandan soňam tas iki günüň dowamynda agyz boşlugyndaky bakteriýalary, mikroblary gyryp durýar. Şonuň üçin hem häzirki zaman diş ýuwujy pastalaryň käbirleri öz düzüminde miswakdan alynan maddalary saklaýarlar. Miswak ulanmak barada aýdylan, ýazylan zatlar köp. Şu ýerde okujylarymyzy miswak barada aýdylan, ýazylan zatlara ünsi çekýäris.

Hadys şerifleriň, sahabalaryň  hem-de alymlaryň aýtmaklaryna görä

MISWAK ulanmaklygyň wajyplygy

 

Miswagyň uly ähmiýeti barada

Abdylla ibn Jaraad (r.a.) Allanyň resulynyň (s.a.w) sözlerini habar berdi: «Miswak ulanmak zerurlygy – ynsan üçin tebigy zatdyr.» (Al Fahhul Kabiir).

 

Pygamberleriň (a.s.) sünneti

Ebu Aýýub (r.a.) Allanyň resulyndan (s.a.w) aýdanyny habar berdi: «Şu dört sany zat Pygamberleriň (a.s.) sünnetidir: sadalyk, huşba (atyr) ulanmak,  miswak ulanmak, şeýle hem nikalaşmak».

Bellik:käbir ýerlerde sadalyga derek sünnete ýatyrylmak hem getirilýär.

Miswak ulanmaklygyň uly artykmaçlyklary bilen birlikde, miswak ulanmaklygyň özi diňe bir pygamberiň sünneti bolman, eýsem ähli pygamberleriň sünnetidir. Beýik Allanyň pygamberleriniň  ulanan miswagyny ulanmaýan adamlaryň nämeler ýitirýändigini pikirlenip görüberiň.

Allýama ibn Ysmaýyl rahmetullah aýtdy: «Men şeýle ynsanlara haýran galýan, ýagny, miswagyň şeýle uly sogabynyň we peýdasynyň barlygyna garamazdan, ony ulanmaklyga ähmiýet bermeýärler, şeýlelik bilen özlerine berilýän uly sogaplary terk edip, özlerini zyýana hem-de mahrumçylyga sezewar edýärler.»

 

Miswak – Allahyň söýýän ammallaryndandyr

Abdylla ibn Omar (r.a.) Allanyň resulynyň (s.a.w.) şeýle sözlerini habar berýär: «Özüňiz üçin miswak ulanmaklygy wajyp ediň, sebäbi ony ulanmakda diňe bir agzyň arassalygy bolman, eýsem Beýik Allanyň razylygyda bardyr.» (Şerh Tirmizi).

Hezreti Aýşa (r.a.) enemiz Resulalladan (s.a.w) şeýler sözleri habar berýär: «Miswagy ulanmaklyk agyz arassalygyna hem-de Allanyň razylygyna getirýär». (Buhari).

Hezreti Alidan (r.a.) habar berilýär: «Miswagy ulanmaklygy özüňiz üçin wajyp ediniň we hemişe oňa amal ediň, sebäbi ol Allahyň razylygyna elter. Ýene-de, has hem miswak ulanyp soňundan okalan namaza beriljek sogap 99-dan 400 çenli artar.»

 

 

Jebraýyl (a.s.) perişdäniň maslahaty

Miswagyň tasdan parz bolmagy

Abu Umaamah (r.a.) Allanyň resulyndan (s.a.w) habar berýär: «Miswagy ulanyň, sebäbi ol agzy arassalaýar hem-de sizden Allanyň razy bolmagyny berýär. Jebraýyl (a.s.) perişde maňa miswak ulanmaklygy şeýle köp masalahat bererdi welin, miswak ummatym üçin parz bolar diýip pikir etdim. Özüm bolsa miswagy şeýle köp ulanýaryn welin öz dişlerim üçin gorkýaryn.» (Ibn Majdah).

Abu Hureýra (r.a.) Resulalladan (s.a.w.) şeýle habar berýär: «Men ummatyma kyn boljaklygyndan gorkmadygymda, miswagy her täret alynanda ulanmaklygy buýrardym.» (Buhari).

Abu Hureýra (r.a.) Resulalladan (s.a.w.) şeýle habar berýär: «Men ummatyma kyn boljaklygyndan gorkmadygymda, her namazyň öňünde miswak ulanmaklygy buýrardym.» (Tirmizi).

Hezreti Ummi Salma (r.a.) Allanyň resulyndan (s.a.w.) şeýle habar berýär: «Jebraýyl ýygy-ýygydan miswak ulanmaklygy maslahat bererdi welin, öz dişlerim üçin gorkardym.» (Tabarany).

Pygamberimiz Muhammediň (s.a.w.) miswak barada Alla tarapyndan iberiljek aýata garaşmagy

Abdylla ibn Abbas (r.a.) Resulalladan (s.a.w.) şeýle rowaýaty habar berýär: «Maňa ýygy-ýygydan miswak ulanmaklyk buýrulýardy welin, men miswak barada Alladan aýat  iberiler öýdüp pikir etdim.» (Musnad Abi Ýalaa).

 

(Bu rowaýatdan miswak ulanmaklygyň uly ähmiýetiniň bardygyny görýäris. Allanyň rahmeti bilen miswak farz bolmady, ýöne berk sünnete eýe boldy. Ýagny ony ulanmakda  uly peýdalar we sogaplar bar. Olaryň biri-de miswak ulanmaklygyň bereketi bilen ynsan ölüm pursatynda kelemesini aýtmaklyk  mümkinçiligini alar.)

 

Miswak hem-de pygamberimiz Muhammediň (s.a.w.) düýşi

Ibn Omar (r.a.) Allahyň resuly Muhammetden (s.a.w.) şeýle rowaýat edýär: «Men düýşümde özümi, dişlerimi miswak bilen arassalaýan ýagdaýda gördüm. Soňra meniň ýanyma iki sany adam geldi, biri ýaşulydy, beýlekesi bolsa ýaşdy. Haçanda ýaş adama miswagy berenimde, maňa ony ýaşuly adama bermeklik buýruldy. Şonuň üçin hem miswagy ýaşuly adama berdim.» (Mişkaat).

Miswak Ybraýym (a.s.) pygamberiň ýaşaýşynda

Ibn Abbas (r.a.) Mukaddes Kuranyň Al-Bakara surasynda, Rebbimiziň Ybraýymyň (a.s.) ýerine ýetiren aýratyn buýruklar bilen synag ýedilmegi baradaky aýatyna eden tefsirine düşündiriş berýär.

«Ybraýym (a.s.) pygambere täret barada synag berilende, bäşisi kellä we ýüze, ýene-de bäşisi bedene degişlidi. Kellä we ýüze degişli bolan bäş zat: murtlary deňlemek, agyz çaýkamak, burnyň içini suw bilen ýuwmak, miswak ulanmak hem-de saçlaryňy timarlamak. Bedene degişli bolan bäş zat: dyrnaklary aýyrmak, sünnete ýatyrmak, goltuk we göbek asty tüýleri aýyrmak hem-de istinja almak.» (Tefsir ibn Kasir).

 

Ukydan turup miswak ulanmak

Hezreti Aýşanyň (r.a.) habar berişine görä, Pygamberimiz Muhammed (s.a.w.) gije ýa-da gündiz  ukydan turanda-da miswak ulanypdyr we täret alypdyr.

 

Gijädäki miswak

Hezreti Aýşadan (r.a.) habar berilişine görä, Resulalla (s.a.w.) üçin täret almak üçin suw we miswak hemişe taýyn durardy. Haçanda gije tahajjud namazyna ukydan turanda, namazdan öň miswak ulanardy. (Abu Daud).

Huzeýfadan (r.a.) habar berilişine görä, Resulalla (s.a.w.) gije ukydan turup agzyny miswak bilen päklärdi. (As-siaah).

Hezreti Aýşadan (r.a.) habar berlişine görä, Resulla (s.a.w.) üçin köplenç 3 sany gap taýyn durardy: birinde täret üçin suw, ýene birinde miswak, beýlekisinde bolsa içmek üçin suw durardy.

(Miswagyň suw bilen bir ýerde durmagynyň fakty, ýene-de bir gezek miswagy ulanmagyň wajypdygyny subut edýär.)

 

Öýe gireniňde miswagy ulanmak

Şuraýr ibn Haani hezreti Aýşa (r.a.) sorapdyr, «Muhammet (s.a.w.) pygamber öýüne gelende nämeden başlardy (öýe girende)?». Aýşa (r.a.) enemiz «Miswak ulanmakdan başlardy» - diýip jogap beripdir. (Mişkaat).

Käbir ulamalar bu hadysa düşündiriş berenlerinde şeýle diýipdirler: «Biz öýe girjek bolanymyzda salam (Es-salamu aleýkum wa rahmatullahi we barakätuh) berip girmeli. Bu salamda Allahyň ady bar. Allanyň ady bolsa arassa agyz bilen aýdylmaly». Şeýle-de öýe geleniňde, öz söýgüňi hem-de mähriňi bildirmek üçin öz aýalyňy öpmeli. Bu ýagdaýda-da agyzyň arassa bolmagy, zenanaňyz üçin ýakymly bolar.

Kuran okamakdan owwal miswak ulanmak.

Ali (r.a.) aýdypdyr: «Hakykatdanda, siziň agyzlaryňyz – Kurana ýollardyr. Şonuň üçin hem agyzlaryňyzy miswak bilen päkläň.» (ibn Majah).

Fikh boýunça ulamalar aýdypdyrlar, Kuran okamakdan owwal miswak ulanmaklyk mustahabdyr.

Ýene-de Ali (r.a.) aýdypdyr: «Biz miswak ulanmak boýunça görkezme alypdyk. Haçanda ynsan namaz okap başlanda (namaza duranda), bir perişde peýda bolýar, ol ynsanyň ýanynda durýar hem-de (namazda okalýan) Kurany üns bilen diňleýär. Kem-kemden perişde adamyň tas agzynyň ýanyna çenli gelýänçä golaýlaşýar. Adamyň namazda okaýan Kurany, perişdä ýetýär (ýagny içine girýär).» (As-sunnatul-Kubra).

Duşuşykdan ýa-da ýygnakdan öň miswak ulanmak

Ibn Tamami ibn Abbas öz kakasyndan şeýle rowaýaty habar berýär, Resulalla (s.a.w.) aýdypdyr «Haçanda meniň ýanyma geleniňde, seniň dişleriň reňki nähili? Miswak ulanmak gerek.»(Tabarani, Al-Mujamul-Kabir).

Juma günündäki miswagyň hukugy

Hezreti Ibn Sabeýek (r.a.) Resulalladan (s.a.w.) rowaýat edýär: «Eý musulmanlar! Allatagala bu güni (juma gününi) musulmanlar üçin baýram etdi, şonuň üçin gusul çykyň hem-de huşba (atyr) ulanyň. Şeýle-de özüňiz üçin miswak ulanmaklygy wajyp ediň.» (Muatta Imam Muhammed).

Abu Hureýra (r.a.) Resulallanyň aýdan sözlerini bize habar berýär: «Eger-de ynsan, juma güni gusul çykyp, miswak ulanyp, (bar bolsa) huşba çalynyp,  özüniň iň gowy (sünnete laýyk) eşigini geýip, soňra hem metjide gitse. Metjide girende-de, beýleki musulmanlara närahatlyk döretmese, öňden gowy ýer tapjak bolup olary itekleşdirmese, gaýtam sypaýylyk bilen islendik boş ýeri eýelese. Soňra-de hutba aýdylanda ümsümligi bozmasa hem-de namazyny üns bilen okasa. Onda bu aýdylanlaryň hemmesi, öňki jumgadan şu jumga çenli eden günäleriniň Alla tarapyndan geçilmegine sebäp bolýar.» (Şerh Maniýýul Aser).

Syýahat edilende miswak

Aýşa (r.a.) enemizden habar berişine görä, Resulalla (s.a.w.) haçanda ýola-syýahata çykanda, öz ýanyna elmydama miswak we darak alar eken. (As-Siaýah).

 

Miswagy elmydama ýanyňda saklamak

Jabir ibn Abdullah (r.a.) habar berýär, Resulalla (s.a.w.) köplenç miswagyny gulagynyň arkasynda sakalar eken. (As-Sunnatul-Kubra).

Abu Hureýra-da aýdypdyr, Resulallanyň (s.a.w.) sahabalary ýöränlerinde hem miswagy gulaklarynyň arkasynda saklapdyrlar.

Abu Selma aýdypdyr, Zeidi (r.a.) miswagy gulagynyň arkasynda saklap metjitde oturanyny gördim. Hem-de Zeit namaza gitmäkä miswak ulanardy. (Ebu Daud).

 

Aýşa (r.a.) enemizden şeýle hadis bar: «Miswak ulanyp okalan namaz, ony ulanman okalan namazdan 70 ýesse gowydyr.» (As-Sunnatul-Kubra).

Ýene-de Aýşa (r.a.) enemiz Resulalladan (r.a.) habar berýär: «Miswak ulanyp okalan 2 rekat namaz, meniň üçin miswak ulanylman okalan 70 rekat namazdan has gymmatlydyr we söýgülidir.» (As-Sunnatul-Kubra).

 

Dili miswak bilen arassalamak mümkinçiligi

Hezreti Abu Burdäh öz kakasyndan eşidenini habar berýär: «Bir gün maslahat almak üçin Resulallanyň (s.a.w.) ýanyna geldik. Şonda men ony miswagyň kömegi bilen dilini arassalaýanyny gördüm.» (As-siaýah).

Başga bir rowaýatda şeýle habar berilýär: «Men Muhammet (s.a.w.) pygamberiň miswak ulanýan wagtynda onuň öýüne girdim. Ol miswagy dilinde saklap, «Äah» diýen ýaly ses çykarýardy». (As-siaýah).

 

Miswak – zynadan gorag

Faýzul-Kadirden rowaýat edilişine görä: «Eşikleriňizi päkläň, miswak ulanyň hem-de öz daşky görnüşiňize esewan ediň. Beni Israýlyň erkekleri şu zatlary amal etmedikleri üçin  zenanalary olara biwepalyk etdiler.»

 

Ölüm pursatlaryndaky miswak

Käbir ulamalardan habar berilişine görä, miswagyň ýene-de bir bereketi, miswagy köp ulanan ynsana ölüm halatynda, Alla tarapyndan «Lä ilähe illä Llah» kelemesini aýtmak mümkinçiligi berilýär.

Şeýle hem Aýşa (r.a.) enemizden habar berilişine görä, Resulalla (s.a.w.) ölüm pursatynda-da miswak ulanypdyr.

 

Resuly (s.a.w.) ekremiň sahabalarynyň (r.a.) miswak barada aýdanlaryndan:

Hassan ibn Atiýäh (r.a.) aýdypdyr: «Miswak ulanmak – Imanyň ýary we wudu (täret) hem imanyň ýary». (Fazail-Miswak).

Ali (r.a.) aýdypdyr: «Miswak ulanmaklygy äsgermezçilik etmäň we ony hemişe ulanyň. Onda Allanyň razylygy bardyr. Namazyň sogaby artýar. Miswagyň hemişe ulanylmagy, maddy bolçulygy, baýlygy getirýär hem-de kynçylyklary daşlaşdyrýar. Miswak dişleri arassalaýar, etlerini berkitýär, agyzyň ysyny aýyrýar. Miswak kelle agyrylary ýeňilleşdirýär hem-de gakylyga garşy serişde bolup durýar. Miswak dişleri berkitýär, görüşi gowulandyrýar. Miswak aşgazan kesellerine şyfa bolýar hem-de beden saglygyny berkitýär. Miswagyň ulanylmagy dilewarlygy, akylyň we ýadyň mümkinçilikleriniň gowulanmagyna sebäp bolýar. Miswak kalblaryň päklenmegine, haýyrly amallaryň artmagyna ýardam berýär. Perişdeler miswagy ulanýan ynsandan razy bolýarlar, hem-de onuň ýüzünden çykýan nur üçin onuň elini gysýarlar. Ol namaza barýarka Perişdeler oňa ýoldaş bolýarlar. Arşy saklaýan perişdeler bolsa, ol metjitden çykanda Alladan oňa magfyriýet dileýärler. Hatda pygamberlerde (a.s.) oňa magfyriýet dileýärler (sebäbi ol olaryň sünnetine eýerýär).»

Miswak ulanmaklyk şeýtana ýakymsyzlyk getirýär hem-de ondan daşlaşdyrýar.

Miswak akylyň durlanmagyna, iýmit siňişiniň gowulanmagyna we nesiliň artmagyna ýardam edýär.

Miswak ulanmaklygyň netijesinde Allanyň izni bilen Syrat köprüsinden ýyldyrym çaltlygynda geçmeklige mümkinçilik bar.

Miswak garrylyga päsgelçilikdir (ýagny garrylykda gelýän kesellere).

Miswak ulanýana ölüm pursadynda Allah kelemäni ýatladar hem-de janyň bedenden çalt çykmaklygyna ýardam berer.

Miswak bogazy we dili arassalaýar.

Miswak ulanýana, Allanyň izni bilen, dünýewi işlerinde ýardam alar, ölenden soň gabyry giňeler hem-de ol adam gabyrdaky ýalňyzlygyň azabyndan halas ediler.

Miswak ulanýan yhlasly ynsana (uly günäleri etmeýän), Jennet bilen sylaglanar, jähennemiň gapysy bolsa onuň üçin ýapyk bolar. Perişdeler aýdar: «Bu adam – Pygamberleriň (a.s.) yzyna eýerijiler. Ol düneden päk görnüşde gaýtdy.»

Ölüm perişdeleri Öwlüýalaryň ýanyna gelişleri ýaly, miswak ulanan ynsanyň ýanynada gözel görnüşde gelerler. (As-Siaäh).

Abu Hureýra (r.a.) aýtdy: «Miswak dilewarlyk mümkinçilikleri gowulandyrýar.» (Fazail-Miswak).

Aýşa (r.a.) enemiz aýdypdyr: «Miswak ölümden başga ähli keselleriň dermanydyr.» (Fazail-Miswak).

Хадыс шерифлериң, сахабаларың  хем-де алымларың айтмакларына гөрә

МИСВАК уланмаклыгың ваҗыплыгы

 

Мисвагың улы әхмиети барада

Абдылла ибн Җараад (р.а.) Алланың ресулының (с.а.в) сөзлерини хабар берди: «Мисвак уланмак зерурлыгы – ынсан үчин тебигы затдыр.» (Ал Фаххул Кабиир).

 

Пыгамберлериң (а.с.) сүннети

Эбу Айюб (р.а.) Алланың ресулындан (с.а.в) айданыны хабар берди: «Шу дөрт саны зат Пыгамберлериң (а.с.) сүннетидир: садалык, хушба (атыр) уланмак,  мисвак уланмак, шейле хем никалашмак».

Беллик:кәбир ерлерде садалыга дерек сүннете ятырылмак хем гетирилйәр.

Мисвак уланмаклыгың улы артыкмачлыклары билен бирликде, мисвак уланмаклыгың өзи диңе бир пыгамбериң сүннети болман, эйсем әхли пыгамберлериң сүннетидир. Бейик Алланың пыгамберлериниң  уланан мисвагыны уланмаян адамларың нәмелер йитирйәндигини пикирленип гөрүбериң.

Алляма ибн Ысмайыл рахметуллах айтды: «Мен шейле ынсанлара хайран галян, ягны, мисвагың шейле улы согабының ве пейдасының барлыгына гарамаздан, оны уланмаклыга әхмиет бермейәрлер, шейлелик билен өзлерине берилйән улы согаплары терк эдип, өзлерини зыяна хем-де махрумчылыга сезевар эдйәрлер.»

 

Мисвак – Аллахың сөййән аммалларындандыр

Абдылла ибн Омар (р.а.) Алланың ресулының (с.а.в.) шейле сөзлерини хабар берйәр: «Өзүңиз үчин мисвак уланмаклыгы ваҗып эдиң, себәби оны уланмакда диңе бир агзың арассалыгы болман, эйсем Бейик Алланың разылыгыда бардыр.» (Шерх Тирмизи).

Хезрети Айша (р.а.) энемиз Ресулалладан (с.а.в) шейлер сөзлери хабар берйәр: «Мисвагы уланмаклык агыз арассалыгына хем-де Алланың разылыгына гетирйәр». (Бухари).

Хезрети Алидан (р.а.) хабар берилйәр: «Мисвагы уланмаклыгы өзүңиз үчин ваҗып эдиниң ве хемише оңа амал эдиң, себәби ол Аллахың разылыгына элтер. Ене-де, хас хем мисвак уланып соңундан окалан намаза берилҗек согап 99-дан 400 ченли артар.»

 

 

Җебрайыл (а.с.) перишдәниң маслахаты

Мисвагың тасдан парз болмагы

Абу Умаамах (р.а.) Алланың ресулындан (с.а.в) хабар берйәр: «Мисвагы уланың, себәби ол агзы арассалаяр хем-де сизден Алланың разы болмагыны берйәр. Җебрайыл (а.с.) перишде маңа мисвак уланмаклыгы шейле көп масалахат берерди велин, мисвак умматым үчин парз болар дийип пикир этдим. Өзүм болса мисвагы шейле көп уланярын велин өз дишлерим үчин горкярын.» (Ибн Маҗдах).

Абу Хурейра (р.а.) Ресулалладан (с.а.в.) шейле хабар берйәр: «Мен умматыма кын болҗаклыгындан горкмадыгымда, мисвагы хер тәрет алынанда уланмаклыгы буйрардым.» (Бухари).

Абу Хурейра (р.а.) Ресулалладан (с.а.в.) шейле хабар берйәр: «Мен умматыма кын болҗаклыгындан горкмадыгымда, хер намазың өңүнде мисвак уланмаклыгы буйрардым.» (Тирмизи).

Хезрети Умми Салма (р.а.) Алланың ресулындан (с.а.в.) шейле хабар берйәр: «Җебрайыл йыгы-йыгыдан мисвак уланмаклыгы маслахат берерди велин, өз дишлерим үчин горкардым.» (Табараны).

 

Пыгамберимиз Мухаммедиң (с.а.в.) мисвак барада Алла тарапындан иберилҗек аята гарашмагы

Абдылла ибн Аббас (р.а.) Ресулалладан (с.а.в.) шейле роваяты хабар берйәр: «Маңа йыгы-йыгыдан мисвак уланмаклык буйрулярды велин, мен мисвак барада Алладан аят  иберилер өйдүп пикир этдим.» (Муснад Аби Ялаа).

 

(Бу роваятдан мисвак уланмаклыгың улы әхмиетиниң бардыгыны гөрйәрис. Алланың рахмети билен мисвак фарз болмады, йөне берк сүннете эе болды. Ягны оны уланмакда  улы пейдалар ве согаплар бар. Оларың бири-де мисвак уланмаклыгың берекети билен ынсан өлүм пурсатында келемесини айтмаклык  мүмкинчилигини алар.)

 

Мисвак хем-де пыгамберимиз Мухаммедиң (с.а.в.) дүйши

Ибн Омар (р.а.) Аллахың ресулы Мухамметден (с.а.в.) шейле роваят эдйәр: «Мен дүйшүмде өзүми, дишлерими мисвак билен арассалаян ягдайда гөрдүм. Соңра мениң яныма ики саны адам гелди, бири яшулыды, бейлекеси болса яшды. Хачанда яш адама мисвагы беренимде, маңа оны яшулы адама бермеклик буйрулды. Шонуң үчин хем мисвагы яшулы адама бердим.» (Мишкаат).

 

Мисвак Ыбрайым (а.с.) пыгамбериң яшайшында

Ибн Аббас (р.а.) Мукаддес Кураның Ал-Бакара сурасында, Реббимизиң Ыбрайымың (а.с.) ерине етирен айратын буйруклар билен сынаг едилмеги барадакы аятына эден тефсирине дүшүндириш берйәр.

«Ыбрайым (а.с.) пыгамбере тәрет барада сынаг бериленде, бәшиси келлә ве йүзе, ене-де бәшиси бедене дегишлиди. Келлә ве йүзе дегишли болан бәш зат: муртлары деңлемек, агыз чайкамак, бурның ичини сув билен ювмак, мисвак уланмак хем-де сачларыңы тимарламак. Бедене дегишли болан бәш зат: дырнаклары айырмак, сүннете ятырмак, голтук ве гөбек асты түйлери айырмак хем-де истинҗа алмак.» (Тефсир ибн Касир).

 

Укыдан туруп мисвак уланмак

Хезрети Айшаның (р.а.) хабар беришине гөрә, Пыгамберимиз Мухаммед (с.а.в.) гиҗе я-да гүндиз  укыдан туранда-да мисвак уланыпдыр ве тәрет алыпдыр.

 

Гиҗәдәки мисвак

Хезрети Айшадан (р.а.) хабар берилишине гөрә, Ресулалла (с.а.в.) үчин тәрет алмак үчин сув ве мисвак хемише тайын дурарды. Хачанда гиҗе тахаҗҗуд намазына укыдан туранда, намаздан өң мисвак уланарды. (Абу Дауд).

Хузейфадан (р.а.) хабар берилишине гөрә, Ресулалла (с.а.в.) гиҗе укыдан туруп агзыны мисвак билен пәкләрди. (Ас-сиаах).

Хезрети Айшадан (р.а.) хабар берлишине гөрә, Ресулла (с.а.в.) үчин көпленч 3 саны гап тайын дурарды: биринде тәрет үчин сув, ене биринде мисвак, бейлекисинде болса ичмек үчин сув дурарды.

(Мисвагың сув билен бир ерде дурмагының факты, ене-де бир гезек мисвагы уланмагың ваҗыпдыгыны субут эдйәр.)

 

Өе гирениңде мисвагы уланмак

Шурайр ибн Хаани хезрети Айша (р.а.) сорапдыр, «Мухаммет (с.а.в.) пыгамбер өйүне геленде нәмеден башларды (өе гиренде)?». Айша (р.а.) энемиз «Мисвак уланмакдан башларды» - дийип җогап берипдир. (Мишкаат).

Кәбир уламалар бу хадыса дүшүндириш беренлеринде шейле дийипдирлер: «Биз өе гирҗек боланымызда салам (Эс-саламу алейкум ва рахматуллахи ве баракәтух) берип гирмели. Бу саламда Аллахың ады бар. Алланың ады болса арасса агыз билен айдылмалы». Шейле-де өе гелениңде, өз сөйгүңи хем-де мәхриңи билдирмек үчин өз аялыңы өпмели. Бу ягдайда-да агызың арасса болмагы, зенанаңыз үчин якымлы болар.

 

Куран окамакдан оввал мисвак уланмак.

Али (р.а.) айдыпдыр: «Хакыкатданда, сизиң агызларыңыз – Курана ёллардыр. Шонуң үчин хем агызларыңызы мисвак билен пәкләң.» (ибн Маҗах).

Фикх боюнча уламалар айдыпдырлар, Куран окамакдан оввал мисвак уланмаклык мустахабдыр.

Ене-де Али (р.а.) айдыпдыр: «Биз мисвак уланмак боюнча гөркезме алыпдык. Хачанда ынсан намаз окап башланда (намаза дуранда), бир перишде пейда боляр, ол ынсаның янында дуряр хем-де (намазда окалян) Кураны үнс билен диңлейәр. Кем-кемден перишде адамың тас агзының янына ченли гелйәнчә голайлашяр. Адамың намазда окаян Кураны, перишдә етйәр (ягны ичине гирйәр).» (Ас-суннатул-Кубра).

Душушыкдан я-да йыгнакдан өң мисвак уланмак

Ибн Тамами ибн Аббас өз какасындан шейле роваяты хабар берйәр, Ресулалла (с.а.в.) айдыпдыр «Хачанда мениң яныма гелениңде, сениң дишлериң реңки нәхили? Мисвак уланмак герек.»(Табарани, Ал-Муҗамул-Кабир).

Җума гүнүндәки мисвагың хукугы

Хезрети Ибн Сабеек (р.а.) Ресулалладан (с.а.в.) роваят эдйәр: «Эй мусулманлар! Аллатагала бу гүни (җума гүнүни) мусулманлар үчин байрам этди, шонуң үчин гусул чыкың хем-де хушба (атыр) уланың. Шейле-де өзүңиз үчин мисвак уланмаклыгы ваҗып эдиң.» (Муатта Имам Мухаммед).

Абу Хурейра (р.а.) Ресулалланың айдан сөзлерини бизе хабар берйәр: «Егер-де ынсан, җума гүни гусул чыкып, мисвак уланып, (бар болса) хушба чалынып,  өзүниң иң говы (сүннете лайык) эшигини гейип, соңра хем метҗиде гитсе. Метҗиде гиренде-де, бейлеки мусулманлара нәрахатлык дөретмесе, өңден говы ер тапҗак болуп олары итеклешдирмесе, гайтам сыпайылык билен ислендик бош ери эелесе. Соңра-де хутба айдыланда үмсүмлиги бозмаса хем-де намазыны үнс билен окаса. Онда бу айдыланларың хеммеси, өңки җумгадан шу җумга ченли эден гүнәлериниң Алла тарапындан гечилмегине себәп боляр.» (Шерх Манийюл Асер).

 

Сыяхат эдиленде мисвак

Айша (р.а.) энемизден хабар беришине гөрә, Ресулалла (с.а.в.) хачанда ёла-сыяхата чыканда, өз янына элмыдама мисвак ве дарак алар экен. (Ас-Сиаях).

 

Мисвагы элмыдама яныңда сакламак

Җабир ибн Абдуллах (р.а.) хабар берйәр, Ресулалла (с.а.в.) көпленч мисвагыны гулагының аркасында сакалар экен. (Ас-Суннатул-Кубра).

Абу Хурейра-да айдыпдыр, Ресулалланың (с.а.в.) сахабалары йөрәнлеринде хем мисвагы гулакларының аркасында саклапдырлар.

Абу Селма айдыпдыр, Зеиди (р.а.) мисвагы гулагының аркасында саклап метҗитде отураныны гөрдим. Хем-де Зеит намаза гитмәкә мисвак уланарды. (Эбу Дауд).

 

Айша (р.а.) энемизден шейле хадис бар: «Мисвак уланып окалан намаз, оны уланман окалан намаздан 70 ессе говыдыр.» (Ас-Суннатул-Кубра).

Ене-де Айша (р.а.) энемиз Ресулалладан (р.а.) хабар берйәр: «Мисвак уланып окалан 2 рекат намаз, мениң үчин мисвак уланылман окалан 70 рекат намаздан хас гымматлыдыр ве сөйгүлидир.» (Ас-Суннатул-Кубра).

 

Дили мисвак билен арассаламак мүмкинчилиги

Хезрети Абу Бурдәх өз какасындан эшиденини хабар берйәр: «Бир гүн маслахат алмак үчин Ресулалланың (с.а.в.) янына гелдик. Шонда мен оны мисвагың көмеги билен дилини арассалаяныны гөрдүм.» (Ас-сиаях).

Башга бир роваятда шейле хабар берилйәр: «Мен Мухаммет (с.а.в.) пыгамбериң мисвак уланян вагтында онуң өйүне гирдим. Ол мисвагы дилинде саклап, «Әах» диен ялы сес чыкарярды». (Ас-сиаях).

 

Мисвак – зынадан гораг

Файзул-Кадирден роваят эдилишине гөрә: «Эшиклериңизи пәкләң, мисвак уланың хем-де өз дашкы гөрнүшиңизе эсеван эдиң. Бени Исрайлың эркеклери шу затлары амал этмедиклери үчин  зенаналары олара бивепалык этдилер.»

 

Өлүм пурсатларындакы мисвак

Кәбир уламалардан хабар берилишине гөрә, мисвагың ене-де бир берекети, мисвагы көп уланан ынсана өлүм халатында, Алла тарапындан «Лә иләхе иллә Ллах» келемесини айтмак мүмкинчилиги берилйәр.

Шейле хем Айша (р.а.) энемизден хабар берилишине гөрә, Ресулалла (с.а.в.) өлүм пурсатында-да мисвак уланыпдыр.

 

Ресулы (с.а.в.) экремиң сахабаларының (р.а.) мисвак барада айданларындан:

Хассан ибн Атийәх (р.а.) айдыпдыр: «Мисвак уланмак – Иманың яры ве вуду (тәрет) хем иманың яры». (Фазаил-Мисвак).

Али (р.а.) айдыпдыр: «Мисвак уланмаклыгы әсгермезчилик этмәң ве оны хемише уланың. Онда Алланың разылыгы бардыр. Намазың согабы артяр. Мисвагың хемише уланылмагы, мадды болчулыгы, байлыгы гетирйәр хем-де кынчылыклары дашлашдыряр. Мисвак дишлери арассалаяр, этлерини беркитйәр, агызың ысыны айыряр. Мисвак келле агырылары еңиллешдирйәр хем-де гакылыга гаршы серишде болуп дуряр. Мисвак дишлери беркитйәр, гөрүши говуландыряр. Мисвак ашгазан кеселлерине шыфа боляр хем-де беден саглыгыны беркитйәр. Мисвагың уланылмагы дилеварлыгы, акылың ве ядың мүмкинчиликлериниң говуланмагына себәп боляр. Мисвак калбларың пәкленмегине, хайырлы амалларың артмагына ярдам берйәр. Перишделер мисвагы уланян ынсандан разы болярлар, хем-де онуң йүзүнден чыкян нур үчин онуң элини гысярлар. Ол намаза барярка Перишделер оңа ёлдаш болярлар. Аршы саклаян перишделер болса, ол метҗитден чыканда Алладан оңа магфыриет дилейәрлер. Хатда пыгамберлерде (а.с.) оңа магфыриет дилейәрлер (себәби ол оларың сүннетине эерйәр).»

Мисвак уланмаклык шейтана якымсызлык гетирйәр хем-де ондан дашлашдыряр.

Мисвак акылың дурланмагына, иймит сиңишиниң говуланмагына ве несилиң артмагына ярдам эдйәр.

Мисвак уланмаклыгың нетиҗесинде Алланың изни билен Сырат көпрүсинден йылдырым чалтлыгында гечмеклиге мүмкинчилик бар.

Мисвак гаррылыга пәсгелчиликдир (ягны гаррылыкда гелйән кеселлере).

Мисвак уланяна өлүм пурсадында Аллах келемәни ятладар хем-де җаның беденден чалт чыкмаклыгына ярдам берер.

Мисвак богазы ве дили арассалаяр.

Мисвак уланяна, Алланың изни билен, дүнъеви ишлеринде ярдам алар, өленден соң габыры гиңелер хем-де ол адам габырдакы ялңызлыгың азабындан халас эдилер.

Мисвак уланян ыхласлы ынсана (улы гүнәлери этмейән), Җеннет билен сылагланар, җәхеннемиң гапысы болса онуң үчин япык болар. Перишделер айдар: «Бу адам – Пыгамберлериң (а.с.) ызына эериҗилер. Ол дүнеден пәк гөрнүшде гайтды.»

Өлүм перишделери Өвлүяларың янына гелишлери ялы, мисвак уланан ынсаның янынада гөзел гөрнүшде гелерлер.

(Ас-Сиаәх).

Абу Хурейра (р.а.) айтды: «Мисвак дилеварлык мүмкинчиликлери говуландыряр.»

(Фазаил-Мисвак).

Айша (р.а.) энемиз айдыпдыр: «Мисвак өлүмден башга әхли кеселлериң дерманыдыр.» (Фазаил-Мисвак).