بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Șeýtana iň ýigrenji görünýän kişi ýagşy häsiýetli alymdyr. Alym gürlese, ylymly gürleýär. Dymsa ýagşy häsiýeti bilen dymýar. Șeýtan: "Alymyň dymmagy maňa onuň gürlemeginden agyr degýär' diýipdir.

Başy » Makalalar » Hezreti Osman » HEZRETI OSMAN (RA) MEKKEDE TUSSAG BOLUŞY HADYSASY

 Hz Osman (ra) tanamak üçin onuň ömründe bolup geçen täsinligi babatda Yslam tarhynda uly ähmiýeti bolan ýene bir waka bolup geçýär. Şol wakadan almaly köp ybratlar-dersler bar. Esasan hem hz Osmany (ra) aşa ýumşaklyk we gorkaklyk bilen aýyplaýanlar, goý, bu hadysadan ybrat alyp toba etsinler. Bu wakada hz Osman (ra)-yň mal bilen infagy babatda ýada gözel ahlagy, ýada hut Resulullah (saw) maşgalasyna eden kömekleri bilen dälde, gerek ýerinde Allahyň (jj) dini üçin, Onuň razylygy üçin gaýgyrman öz janyny hem bermäne taýyn, belent ruhly we berk imanly musulman bolandygyna göz ýetirip bilersiňiz. Hijretiň 7-nji ýylynda Pygamber (saw) öz sahabalary bilen Käbäni zyýarat etmek üçin Mekkä gaýdýarlar. Zýyaratyň esasy maksady Hajy berjaý etmek we Mekke halkyny din Yslama dagwat etmekdi. Ýöne Mekkä ýetip gelýärkäler, Rydwanda müşrikler musulmanlary saklaýarlar we Mekkä girmeklerine rugsat bermeýärler. Musulmanlaryň ýanynda agyr ýarag-esbaplary hem ýokdy. Resulullah (saw)-iň niýetinde gan dökmeklik ýokdy we ol Huzaa taýpasyndan bir musulmany ilçi hökmünde Mekke müşrikleriniň ýanyna ugradýar. Ýöne müşrikler ony diňlemeýärler, paýyş sözler aýdýarlar, düýesini hem öldürip özünede kast etmekçi bolýarlar. Ýöne garyndaş tiredeşlerinden çekinip öldürmeýärler. Ilçi Pygamber (saw) –iň ýanyna dolanyp gelip, hemme zady boluşy ýaly gürrüň berýär. Şonda Resulullah (saw) Mekkeli muhajirlerden atly-abraýly bir sahabany ilçi hökmünde ugratmany niýetine düwüp, hz Omara (ra) ýüzlenýär. Emma Omar (ra): „Men gitsem olar meniň Kureýşe bolan duşmançylygym, görkezen gatylygym sebäpli meni öldürerler. Mekkede şu wagt meni gorajak kän bir garyndaşym hem ýok. Ýöne şonda hem git diýseň gideýin ýa Resulullah“ - diýýär. Resulullah (saw) onuň bu pikiri bilen ylalaşýar. Şonda Omar (ra) „Ýa Resulullah! Osmany (ra) ugratsaň gowy bolar, şu wagt Umeýýeler onuň ýakyn garyndaşlary we şu wagt Mekkäniň häkimidir-ýolbaşçylarydyr“ diýýär. Şonda hz Osman (ra) hiç sesini çykarman Pygamber (as)-a ytagat edýär we Mekkä ilçi bolup gidýär. Hawa, ol hiç zatdan gorkman, çekinmän Yslamyň ganhor duşmanlarynyň öýjügine barýar. Ol baryp Mekkäniň ulularyny ýygnap: „Biziň hiç hili ýaman niýetimiz ýok, biz diňe Allahyň (jj) öýi bolan Käbäni zyýarat edip, yzymyza dolanmakçy, şonuň üçin hem ýaragsyz geldik“ diýip olara gepini düşündirjek bolup jan edýär. Ýöne müşrikler „Her nähili bolsa hem biz musulmanlary Käbä goýberjek däl. Iň bolmanda şu ýyl-ha goýbermekçi däl“ diýýärler. Hz Osman (ra)-yň Mekkä iberilmeginiň ýene bir gizlin maksady hem bardy. Ol Resulullah (saw) –yň buýrugy bilen Mekkede öz musulmanlygyny gizlemeli bolan musulmanlara, gysga wagtda Resulullah (saw)-yň Mekkäni boýun egdirjekdigini aýdýar we buşlaýar. Müşrikler Osmana (ra) „Eger isleseň özüň Käbäniň daşynda tawaf edip bilersiň. Diňe seniň özüňe rugsat ederis“ diýýärler. Şonda Osman (ra) ýene bir gezek giň we çuňňur manyda, Yslam we jemagada düşünýändigini, ytagat we syýasat hikmetini bilýändigini görkezýär. Ol müşrikleriň gaharynyň gelendigini bilsede, olara aýtmaly sözüni aýdyp Yslamyň abraýyny has ýokary galdyrýar. Hz Osman (ra) „Pygamber (saw) we Musulmanlar Käbäni tawaf etmeseler, men hem asla tawaf etmerin“ diýýär. Müşrikleriň bu sözlere diýseň gahary gelýär we olar Osmany (ra) tussag edýärler. Ony birnäçe gün gulp astynda saklaýarlar. Bärde hz Osmanyň (ra) batyrlygy, gaýduwsyzlygy, ynanjy üçin öz azatlygyny, hatda şirin janyny pida etmäne taýýardygyny görse bolýar. Pygamber (saw) –a we mu'minlere habar düýbünden başga görnüşde gelip ýetýär. Ýagny „Müşrikler hz Osmany(ra) şehit edipdirler“ diýip habar gelýär. Bu ýerde musulmanlaryň hz Osmany (ra) nähili derejede söýýändigini görse bolýar. Olar şol habary eşidip joşýarlar we Mekke müşriklerine hüjüm etmäni isleýärler. Ýanlarynda diňe az sanda ýeňil ýaraglary bolsa hem, soňuna çenli söweşmek we hz Osmanyň (ra) aryny almak isleýärler. Pygamber (saw) şol joşgunly musulmanlary beýat etdirýär, ýagny, Allah (jj) we Resuluna (saw) ytagat barada kasam edýärler. Müşrikler şol bolup geçýän zatlary eşidiup-çekinip hz Osmany (ra) zyndandan boşadýarlar. Belki onuň garyndaşlarynyň we akylly-paýhasly Mekkeliler gan döküşikligiň öňüni aljak bolup, ony boşadan bolmaklary hem ähtimal. Hz Osman (ra) musulmanlaryň ýanyna gelende, Resulullah (saw)-yň we hemme mu'minleriň begenjiniň çägi bolmandyr. Sebäbi olar bu berk imanly we özüni doly Allaha (jj) bagş eden, takwa we kararly mu'mini ýürekden söýýärdiler. Ol öz akydasyndan, düşünjesinden ölüm howpunyň arasynda hem bir garyşam daşlaşmandyr. Hz Muhammet (saw) ondan hemme bolup geçen zatlary bilenden soň „Sen Käbäni towaf etdiňmi? (ýagny daşyndan aýlanyp zyýarat etmek)“ diýip soranda hz Osman (ra) „Men Allahyň (jj) Resuly (saw) zyýarat etmezden, öz başyma nädip zyýaraty berjaý edeýin?“ diýip jogap beripdir. Şu rowaýatyň yşgynda hz Osman (ra)-yň ýumşaklyk, haýalylyk, edep we ylym, hikmet, takwalyk we yhlas ýaly gözel häsiýetleriniň ýany bilen gerek ýerinde gaýduwsyz, gaýratly, kararly, ygtybarly, ynanjynda berk, düşünjesinde kämil, Yslamy aňlaýşynda diýseň çuňňur bolanlygyny görýaris. Ýagny bu Jennet bilen buşlanan sahaba, köp taraplaýyn şahsyýet bolandygyny we hakykatdan hem musulmanlara ýolbaşçylyk edip biljek ukypda bolan sahabalaryň biri bolandygyny görýäris. Indi şu döwürdäki boluşymyza göz aýlasak haýsy birimiz şu päk mu'min ýaly kararly we gaýduwsyz, ahlakly we edepli? Elbetde ol Resulullahyň (saw)-yň terbiýesini gören mu'min, ýöne sahabalaryň içinde hem Ol yhlas we takwalygynda saýlanyp öňe çykmagy başarypdyr ahyryn. Diýmek, nähili belent we takwa şahsiýetiň ýanynda bolsaň hem, köp zat öz yhlasyňa, öz ýürek päkligiňe bagly bolup durýar. Şu gün hem takwa we yhlas bolsa, päk ýürek we ytagat bolsa şolar ýaly şahsyýetler döräp çykar, inşaAllah. Hz Osman (ra) tussag ediliş hadysasy, bu mübärek sahaba dil ýetirýänlere berk jogap berip, onuň (ra) Yslam jemagadynyň içinde abraýynyň, Allah (jj) we Resuluna (saw) ýakynlygyna, päkligine, batyrlygyna, yhlasyna we özüni büs-bütin Yslama bagş edendigine delil bolup durýar. Resulullah (saw) möhüm meselelerde ilki bilen Ebu Bekir bilen (köp halatda), soňra Omar, Osman we Aly (ra) bilen maslahat eder eken. Mu'minler bir bütewi beden ýalydylar we aýatda aýdylyşy ýaly öz arasyndaky işlerini hökman maslahatlaşardylar. Hatda Resulullahyň (saw) hut özi hem (Pygamber bolsada) takwa we ähil (köp tarapdan mynasyp) musulman egindeşleri bilen maslahat edip bize görelde bolandyr. Pygamber (saw) maslahatlaşýan mu'minlerine seredemizde, olaryň köp taraplaýyn wasyplary bolan şahsyýetler bolandygyny görýäris. Hz Osman (ra) hem şol hemmetaraplaýyn mu'minleriň biridir. Şonuň ýaly mu'minleriň sany jemagatda näçe köp bolsa, şol derejede Yslam güýjeýär. Ýene bir ünsi çekmeli mesele, musulmançylyga giren adamyň dünýewi ukyplary näçe köp bolsa şonçada onuň din Yslama peýdasy köp bolýar. Hz Osman (ra) mysalyna seredemizde onuň wasyplaryny şu şekilde sanap bileris. 1) Berk we göreldeli iman. 2) Päk ýürek we niýet. 3) Allah (jj) we Resulyna (saw) söýgi. 4) Özini we nebsini doly Allah (jj)-a bagş etmegi. 5) Ahlak gözelligi, inçe edebi we üýtgeşik haýalylygy. 6) Ylymy we giň hikmeti. 7) Çuňňur düşünjesi we medeniýeti, giň dünýä garaýyşy. 8) Jemgyýetçilik aladasy. 9) Sahylygy. 10) Ygtybarlylygy, ynamdarlygy we wepalylygy. 11) Bähbitsiz ytagaty we ytagata düşünmegi. 12) Batyrlygy we belent gaýduwsyzlygy, din Yslam bilen ýürekden aladalanmagy. 13) Ýumşaklygy, kömege-arkalaşmana açyk we islegli boluşy. 14) Dostluk we doganlyga dogry düşünmegi, aňynyň giňligi. 15) Birleşdirijiligi, pespälligi we alçaklygy. 16) Duýgur we ýuwkaýürekligi, zuhd we takwalygy. 17) Yhlas we yhsan eýesi bolmagy we başgada sanasaň gaty köp. Beýik Allah (jj) biziň hemmämize şu sahaba meňzemekligi miýesser etsin! Ämin ýa Rabbel 'Alemin.