بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Käbir akyldarlardan habar berlişine görä, bir akyldardan sorapdyrlar: «Seniň ýagdaýlaryň nähili?», ol şeýle jogap beripdir: «Rebbim bilen ylalaşykda. Nebsim bilen dawada. Ýaradylanlar bilen – öwüt-nesihatda. Bu dünýe bilen diňe zerurlykda».

Başy » Makalalar » Hezreti Osman » HZ OSMANA (RA) BERLEN EZÝET WE SÜTEMLER

Pygamber (saw) döwründe bolup geçen wakalara bir gezeklik taryh gözi bilen däl-de, kyýamat gününe çenli gaýtalanyp durjak Sünnetullah [1]gözi bilen seretmek gerek. Şol döwürde (has hem dagwatyň Mekke döwründe) bolup geçen hadysalary çintgemek gerek. Düşünje, medeniýet we ahlakda pes bolan düşünje (din), garşydaşyny zulum bilen ýykmana çalyşýar. Sebäbi özüniň nahakdygyny bilýär we açyk gepleşik netijesinde üstin çykyp bilmejegine göz ýetirýär. Şonuň üçin öz gödek güýjünden peýdalanyp, hiç hili ahlak çäklerini tanamazdan, garşydaşyny basalajak bolýar.[2]Mekke müşrikleri hem şol kadadan daşary däldi. Olar maslahatlaşyp we şeýtanyň dürtmelerine uýup, zulum programmalaryny amala aşyryp başladylar. Zulumy iki bölege bölse bolýar: psihiki (aň-düşünje we ruh) we fiziki (bedene we ýaşaýyşa). Bularyň ikisi hem agyr ezýet bolup, musulman adam üçin uly synaga öwrülýär. Pygamberimiziň (saw) ''Dünýä musulman üçin zyndandyr'' hadysy şonuň üçin aýdylan bolsa gerek. Adamyň öz-özüne hem zulumy bolup bilýär. Ýöne biz bu meselä girmekçi däl. Eýsem daşardan başgalar tarapyndan berlen zulumlar barada aýratyn durup geçmekçi.

Psihiki ezýet: Bu adamlar üçin iň kynydyr. Müşrikler musulman şahsyýetiň üstünden gülüp, sözler we töhmetler bilen onuň şahsyýetini peseldip, sögüp, ýalanlaýardylar... Olara göwniýetmezçilik edip ýa-da aragatnaşygyny kesip, gepleşmän, ýüz bermän, ýigrenç bilen garap, durman gybatyny edýärdiler. Başga adamlaryň arasynda ýamanlap, daş-töweregindäki adamlarda olara garşy ynamsyzlyk we duşmançylyk döredýärdiler. Bu işi olar ýeke-ýeke däl-de, hemmesi jem bolup edýärdiler. Imany, özüne erk etmek güýji, düşünjesi berk bolmadyk adam beýle hüjümlere aňsat-aňsat çydap bilmeýärdi. Emma Osman (ra) şol synaglara döz gelipdi. Sebäbi, ol - imany berk musulmandy. Onuň gözüne imanyny gorap, şonuň bilen ýaşamakdan başga hiç zat görünmeýärdi. Bu köre-körlik, aňsyz-düşünjesizlik ýa-da ýaşlyk we ýeňillik joşguny däldi. Ol bilip-düşünip, söýüp we öz erki bilen şu ýoly saýlap alypdy. Sebäbi onuň berk imany bardy we söz bilen düşündirip bolmajak derejede öz imanyndan lezzet alýardy. Osman (ra) Mekkäniň (Kureýişleriň) iň abraýly, asylly we gurply tireleriniň birindendi. Şol tire Mekkäniň häkimi hasaplanýan Ebu Sufýanyň baştutanlygynda, Yslama iň güýçli duşmançylyk edýän tiredi. Olar başga taýpalardan bolan musulmanlara jany ýanyp, ezýet baryny berip durka, öz taýpalaryndan (öz içlerinden) iň köp bil baglaýan adamlary musulman boldy duruberdi. Olar nädip muňa janlary ýanmasyn? Olaryň gahar we ýigrenjini göz öňüne getiriň indi. Gaharlaryny tiz wagtda ezýet-süteme öwüren tiredeş we garyndaşlary Osmana (ra) psihiki ezýet bermäge başladylar. Öň dostlyk-doganlyk gatnaşygynda bolan adam, bir-bada ondan hemmeler ýüz öwürseler we ýigrenip başlasalar neneň bolar? Ýöne Osman (ra) din Yslamyň aňsat däldigini Kurandan we Pygamberleriň kyssalaryndan öwrenipdi. Ol doganlyk we merhemet gatnaşygyny, mährini Allah (jj) we Pygambere (saw) we mu'min egindeşlerine berdi. Şol sebäpli ol dogan-garyndaşlarynyň ezýet-sütemlerini mertlik bilen garşylady. Sabyr edip, muzduny beýik Allahdan (jj) garaşdy. Biraz wagtdan soňra müşrikler Osman (ra) imanly şahsyýetini psihiki ezýetler bilen ýykyp bolmajagyna düşündiler. Şonda olar adamkärçilikden doly çykýan çärä başladylar. Ýagny fiziki ezýetlere başladylar. Bir rowaýata görä, müşrikler Osmana (ra): ''Bu diniňi terk et, ýogsa sütem-ezýet bereris'' diýdiler, emma Osman (ra), elbetde olaryň talabyna hem, ilählerine hem mertlik bilen ''Ýok'' diýdi. Şonda ony hurma ýapraklardan bolan ýorgan-düşege daňyp-doladylar we otladylar. Şeýlelik bilen Osman (ra) hem tüssä bogulýardy, hem bedeniniň käbir ýerleri ýanýardy. Emma ol sabyr etdi. Ýene bize ýetip gelen käbir rowaýatlara görä, garyndaşlary: 'musulmanlaryň arasyna we Muhammediň (saw) mejlisine barmarsyň' diýip bir jaýa salyp, daşyndan hem gulplap tussag edýän ekenler. Emma ol şol sütemlere hem sabyr edipdir. Sebäbi, onuň sarsmaz imany bardy. Ol Yslam dinine giren ilkinji gününden özüni Allaha (jj) bagyş edipdi. Zalymlarda şeýle bir häsiýet bar, ýagny olaryň beren ezýetleri olaryň islän netijesini bermese, olar has hem azgynlaşyp başlaýarlar we sütemlerini gitdigiçe artdyryp başlaýarlar. Olaryň Osmana (ra) şeýle bir gaharlary gelýärdi welin, bu zalymlar ony öldürmäni hem içlerinden geçiren bolarly. Üns beriň, oňa ezýet berýänler hem, onuň öz doganlary, agalary, ýegenleridi. Olar fiziki ezýetleri bermek bilen, adamyň ruhy dünýäsine täsir etmek isleýärdiler. Olar musulmanlar açlyga we suwsuzlyga çydap bilmän, ''Biziň ne gözel ýaşaýyşymyz bardy, näme üçin bu dine girip, özümizi şeýle güne sezewar etdikkäk?'' diýip, puşman etmegini isleýärdiler. Sebäbi, Osman (ra) maddy (gurp) ýagdaýy gowy bolansoň, gowy ýaşaýardy. Elbetde, oňa bu ezýetler agyr hem degýärdi. Şeýtan hem bu sözleri onuň ruhuna pyşyrdaýardy. Sebäbi, ol hem biziň ýaly ynsandy. Ýöne ol derrew özüni ele alyp, nebsiniň isleglerine we şeýtanyň was-wasasyna ''Lä'', ýagny ''Ýok'' diýdi. Ol Allah aşygydy, Kyýamat gününde hasaba, Jennet we Dowzaha kämil derejede iman edýärdi. Ol Adamdan (as) başlap, tä Kyýamat gününe çenli bütin dogry ýolda barýan ynsanlaryň hökmany suratda şeýtan dostlaryndan, din duşmanlaryndan sütem görendiklerini we görjekdiklerini bilýärdi. Kurandaky şu aýatlar onuň gulagynda ýaňlanyp durdy: ''Elif, Lam, Mim. Adamlar: ''Iman etdik'' diýmekleri bilen, synagdan geçirilmän goýberiljeklerini (synagdan aňsatjak geçäýjeklerini) oýladylarmy? Kasam ki, biz sizden öňkileri hem synagdan geçirendiris. Elbetde Allah (jj) dogruçyllary hem orta çykarjak, ýalançylary hem ýüze çykarjakdyr'' (Ankebut surasy, 1-3 aýatlar). Din ýolunda fiziki ezýeti görmedik adam, olaryň adamy ''döwmek'' üçin bolan täsirlerine düşünip bilermikä? Fiziki ezýetiň esasy maksady, adama agyry duýdurmakdan beter olaryň şahsyýetini peseltmekdi. Göz öňüne getirip görüň, ýaşy ulalyşan, atly-abraýly, jemgyýet içinde orny bolan adamy haýwan uruşlary ýaly urýardylar, mertebelerini hapa we paýyş sözler bilen peseldýärdiler. Ezýet berýänler bolsa, öz ogly ýaly ýaş ýigitlerdi. Olaryň aňy-düşünjesi, bilim-medeniýeti, ahlagy onuň ýarysynyň ýarysyça-da ýokdy. Ana şonda, ezýet-sütem görýän adama diýseň agyr bolýar, ol özüniň dyrnagyna-da degmeýän adamlardan urgyny we sögünji näme üçin çekmeli? Olara hiç hili gaýtawul hem berip bolmaýar, güýçsizlik we alaçsyzlykdan hatda aglasyň gelýär. Diňe imany berk, erki güýçli we ruhy belent adam bu zatlara döz gelip biler. Osman (ra) Resulullahyň (saw) şu hadysyna hem düýpli düşünýärdi: ''Allah (jj) ýolunda iň köp ezýet çekenler Pygamberler, weliler, alymlar we şehitlerdir.'' Umuman, bir mu'min Allah (jj) ýolunda näçe ezýet çekse, şonça-da Allah (jj) ony söýýändir. Ol, ezýet çekmän, kynçylyk görmän, aňsatjak jennete girip bolmajagyny bilýärdi. Allah (jj) Kuranda şeýle diýýärdi: ''Siz sizden öňkileriň çeken ezýet-sütemlerini (gören günlerini) görmän Jennete girmegiňizi oýladyňyzmy?'' Osman (ra) şunça ezýet we sütemlere garamazdan, hiç wagt öz başyna gelenlerden şikaýat etmändir. Käbir gowşak imanly adamlar ýaly, Allahyň synagyny, Onuň azaby ýaly görmändir. Mertlik – sabyrdyr, her halatda ahlagyňy ýitirmezlikdir, üýtgemezlikdir, bisabyr bolup, Allahyň halamaýan sözlerini aýtmazlyk we halamaýan işlerini etmezlikdir. Hz.Osmanda (ra) şol gözel häsiýet bardy. Mertlik adamyň daýawlygynda, batyrlygynda däldir, meger ruhuň hem belentligindedir, giňligindedir, erk güýjindedir, kararlylyk we tutanýerliligindedir, halyndan biumyt bolmazlygyndadyr, Allahyň hökmüne (ýazgydyna) närazy bolman, hemişe hamd we şükür etmegindedir. Mekke döwründe hemme musulmanlara hem ezýet-sütem berilýärdi, garyp we tiresi (asly) pes bolanlara has hem köp ezýet berilýärdi. Ýöne Osman, Ebu Bekir, Talha, Ebu Ubeýde (ra) ýaly atly-abraýly adamlaryň güni hem olaryňkydan gowy däldi. Garyndaşlaryň ýüzüne gelmek, bala-çagalaryň sen sebäpli kynçylyk çekýändigini görmek aňsat zat däldi. Iň esasy zat hem, dünýäde şu çekýän kynçylyklaryna derek sahabalar hiç zada garaşmaýardylar. Olar muzduny diňe Allahdan garaşýardylar. Bir döwür üstün geljekdiklerini olaryň hiç biri hem bilmeýärdi ahyryn. Hawa, şol döwürde hakyky mu'min-musulman bolmak, Kuran bilen ýaşamak edil eliňde köz saklan ýaly kyndy. Allah Tagala (jj) şu synaglar üsti bilen şol saýlanan we kyýamat gününe çenli musulman ymmatyna mysal boljak nusga sahaba neslini şeýle kämilleşdirýärdi. Olaryň sabryny, töwekgelliklerini berkidýärdi, ahlaklaryny gözelleşdirip düşünjelerini giňeldýärdi, olary geljekki synaglara taýýarlaýardy. Sebäbi, bu adamlar, şol sanda Osman (ra) Yslamyň ýer ýüzünde ýaýramagynda, dikelmeginde geljekde uly rol oýnamalydy.


[1] SunnetulLah – Allahyň sünneti, ýagny hiç üýtgemeýän kanunlar

[2] Bu-da bir SunnetulLahdyr