بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ähli şer işler akmak kalpda orun tutýandyr. Emma akylly ynsanyň kalby şere we pyssy-pujurlyga ýol bermez.

Başy » Makalalar » Hezreti Osman » HEZRETI OSMANYŇ (RA) INFAK EDIŞI

Infak - ýagny Allah (jj) ýolunda, hiç hili bähbidiň bolmazdan, Allahyň (jj) dini üçin baýlygyňy sarp etmeklik – bu imanyň güýçli delillerinden biridir. Kur'anyň birnäçe aýaty-kerimesinde namazdan soňra ilki bilen zikir edilýän haýyrly we möhüm ybadat, musulmanyň waspy hökmünde infak getirilýär. Resulullah (saw) bir hadysy şerifinde: ''Sadaka - bu burhandyr (ýagny delildir)'' diýýär. Hakykatdan hem, adamyň janyndan soňra iň söýýän zady malydyr. Kä halatlarda ol öz malyny, öz bala-çagasyndan hem şirin we eziz görýär. Adamyň tebigaty şoňa meýilli we mal söýgüsine gaty gowşak ýaradylandygy barada birnäçe aýat-hadyslar bar. Sebäbi, köp halatda adam ryzkyň Allah (jj) tarapyn berilýändigine göz ýetirmän, öz zähmeti we gaýraty netijesinde gazanylandygyny pikir edýär we şol sebäpli, onda şeýle pikir döreýär: ''Näme üçin men öz ukybym we gara zähmetim bilen gazanan mal-baýlygymdan başga adamlara bermelimişim? Goý özi gazansyn we azap çeksin.'' Adama öz maly bilen şeýle hoşlaşmak diýseň agyr degýär. Hatda iň yhlasly musulman üçin hem bu uly synaglaryň biridir. Ebu Seleme (ra) rowaýaty bilen, Hz.Ebu Bekir (ra) döwründe birnäçe musulmanlaryň: ''Biz namaz okarys, roza tutarys, ýöne zekat bermeris'' diýip orta çykyşlary muňa iň täsirli mysal bolsa gerek. Şonuň üçin diňe päk we güýçli imanly adam Allah (jj) razylygy üçin, öz malyny we baýlygyny hiç hili bähbidi bolmazdan we hiç hili minnet etmezden sarp edip bilýär. Hatda soň hem diline çolap ýörmez we oňarsa infagy gizlin etjek bolar. Allah Tagala (jj) bir aýaty kerimesinde ''Açyk we gizlin halatda infak ediň'' diýýär. Açyk edilýän infak alymlaryň tesfirlerine görä farz bolan infak bolup - zekatdyr. Oňa riýa (göz üçin edilýän amal) bulaşyp bilmez we onuň elbetde adamlara musulman bolsun, gaýry musulman bolsun uly täsiri bardyr. Zekadyň berilmeginiň özi iň uly dagwatdyr. Ýöne infak diňe farz infak bilen çäkli däldir. Resulullah (saw) bir hadysynda şeýle buýurýar: ''Zekatdan daşary hem siziň mallaryňyzda Allahyň (jj) haky bardyr''. Zekadyň adamyň ruhundaky imanyň we takwasynyň kämilleşmeginde uly täsiri bardyr. Nebsini ýeňip infak edip bilen musulman bendäniň imany berkeýär we kämilleşýär. Onuň sogabynyň hem başga amallar bilen deňäňde, başgaça ähmiýeti bardyr. Infagyň fazyleti barada birnäçe aýat-hadyslar bar. Şu dünýäde Allah (jj) üçin sarf edilen her bir zerräni, Allah (jj) ahyretde birnäçe esse edip gaýtarjakdygyny aýdýar (wada edýär). Infak - musulmanyň takwalygyny, Yslama baglylygyny hem kesgitleýär. Şonuň üçin Allah (jj) bir aýatda şeýle diýýär: ''Bollukda we darlykda (ýagny kynçylykda) infak ediň'' Ýöne elbetde, baý-gurply bolup köp infak edip, Yslam dinine uly peýda getirýän adamlaryň derejesi başgaçadyr. Resulullahyň (saw) ''Güýçli musulman gowşak musulmandan haýyrly'' ýa-da ''Beren el alan elden üstündir'' hadyslary muňa delildir. Emma bu döwürde Allahyň (jj) päk dini bolan Yslam dininiň şol esasy sütünleriniň biri bolan infak, musulmanlar tarapyndan gitdigiçe unudylyp we terk edilip barýar. Şol sebäpli, Allah (jj) musulman ymmatdan rahmet nazaryny sowýar we musulmanlar şu günki gynançly ýagdaýa geldiler. Haýyr-sogap we nefil infaklar aňryda dursun, hatda ýagdaýy bar bolan musulmanlar farz bolan zekady hem terk edip başladylar. Şol sebäpli, musulmanlaryň arasynda doganlyk we arkadaşlyk gatnaşyklary ýitip, arada göriplik we kine döräp başlady. Şol sebäpli, musulmanlaryň arasynda garyplyk ýaýrap, birnäçe günäleriň ýaýramagyna sebäp boldy (aldaw, ýalan, süýthorlyk, zyna, ogrulyk, ýetim hakyny iýmek we ş. m.). Musulmanlaryň döwlet güýji we ykdysady kuwwatlary hem bozulýar. Sebäbi mal-baýlyk şol bir gurply gatlagyň elinde aýlanyp durýar. Allah (jj) bir aýatynda: ''Siziň baýlygyňyz şol bir adamlaryň arasynda aýlanyp durmasyn'' diýýär. Infagyň hikmetleri (Allah (jj) buýrugynda boluşy ýaly) diýseň köpdir. Ýöne men ýene bir zada üns çekmek isleýärin. Resulullah (saw) bir mübärek hadyslarynda şeýle buýurýar: ''Meniň ymmatymyň iň uly keseli (howpy) olaryň mal-mülki (dünýä-baýlygy) söýgüsidir.'' Ýagny bu hadysda musulman ymmmatynyň kyýamat gününe çenli iň uly we howply keseli aýdylyp geçilýär. Emma infak etmek adamy şol keselden goraýar we kalbynda baýlyk söýgüsiniň döräp buta (ilähe) öwrülmeginiň öňüni alýar. Adam infak etmegi bilen we şony yhlas edip, gitdigiçe köpeltmegi bilen kalbynda başga söýgüleriň döremeginiň öňüni alýar. Onuň kalbynda diňe Allah (jj) söýgüsiniň galmagyna sebäp bolýar. Onuň adam ruhunda täsiri diýseň güýçlidir. Şol amalyň mu'miniň kalbyna berýän bagt duýgusyny hiç bir zat bilen deňäp bolmaýar. Bu adamyň Allah (jj) razylygyny hemme zatdan ýokarda tutýandygyny görkezip, ömrüniň manysynyň diňe Allaha (jj) ybadatdan (gullukdan) ybaratdygyna düşünip, ynanyp amal edýändigini görkezýär. Şonuň üçin Allah (jj) Kurany-Kerimde bir aýatda şeýle buýurýar: ''Siz öz söýýän zatlaryňyzdan infak edýançäňiz, asla gowulyga gowuşmarsyňyz'' (Ali-Imran, 92). Bu ýerdäki gowulyk hem içki dünýädäki bagt-rahatlyk, hem Allah (jj) bilen muhabbetli gatnaşyk, hem-de sosial-jemgyýet gatnaşyklaryndaky adalat we sazlaşyk manysynda ulanylýar. Biz mundan, infak meselesinde çuňňurlaşman, Resulullahyň (saw) päk sahabasy we egindeşi Osmanyň (ra) infak edişi barada aýtmakçy. Infagyň hikmetleri we fazylatlary barada aýat–hadyslary Kuran we hadys kitaplaryndaky degişli baplarda okap öwrenip bilersiňiz.

Osman (ra) jahylyýet döwründe baý we gurply adamlaryň biridi. Ol Yslam dinine giren ilkinji gününden başlap, öz mal-mülk we baýlygyny din Yslam ýolunda sarf edip başlady. Has hem Mekke döwründe ol garyp musulmanlara, açlyk we horluk çekýänlere köp maddy taýdan kömek-ýardam berdi. Musulmanlar 3 ýyl Mekkäniň daşyna sürgün edilip ýaşan wagtlarynda hem, Osman (ra) barja elde galan zatlaryny (baýlygyny) Yslam üçin sarf etdi. Hatda öz elinde baýlygy galman açlyk we kynçylyga sezewar boldy, mätäçlik çekdi. Onuň üçin baýlyk, dünýä bezeglerinden biri bolup, hiç hili ähmiýeti ýokdy. Ol gaýgyrman öz mallaryndan köpüsini Allah (jj) üçin sarf edip, ilki bilen Hebeşistana, soňra-da Medinä hijret edýär. Medinä ýerleşen Osman (ra) ýenede söwda edip öz güzeranyny dolamana başlaýar. Allah (jj) bu mübärek sahaba şeýle bir bereket berýär welin, söwdasy ugrygyp derrew baýaýar we öňküsinden hem has gurplanýar. Bu ýerde, onuň bir gözel häsiýetine üns çekmek isleýärin. Nätanyş bir arap ýurduna malsyz-pulsuz baran Osman (ra), ruhdan düşmän, derrew ryzkyny halal zähmeti bilen gazanjyň ugruna düşüpdir. Hiç kime ýük bolmandyr, öz hal-ýagdaýyndan zeýrenip, ruhdan düşmändir, meger hem öňünden çykan problemany çözmek üçin çynlakaý ýapyşypdyr. Bu gün biz şeýle musulmanlara gabat gelýäris, olar işlemäne we gazanç etmäne ýagdaýlary bolsa hem, musulman jemagatyna we doganlaryna ýük bolup ýörler. Hemişe öz ýagdaýlaryndan zeýrenip ýörler. Musulman doganlaryna ýük bolup ýören musulman haýyrlymy ýa-da öz işlerini dogumlylyk, gaýrat we zähmetkeşlik bilen çözýän mu'min adam haýyrlymy? Ine Osman (ra) şol tarapy bilen hem bize görelde bolan mu'minleriň biridi. Jemagat, mu'min agzalardan ybarat. Mu'min agza (adam) ruhy, maddy taýdan näçe güýçli bolsa, jemagat hem şonça güýçli bolýar. Jemagat güýçli bolsa, ymmaty Muhammed (saw), ymmat güýçli bolsa, Yslam dini güýçli we belent boljakdyr. Osman (ra) şoňa düşünýän musulmanlardan bolup, hikmetli, dogry we Allahyň (jj) razy boljak şeklinde öňünde dörän kynçylyklary çözmek bilen boldy. Ýöne bu, Yslam dininiň işlerinden çekildi ýa-da sowaşdy diýmek däl. Ýok, ol wagtlaýyn öz şahsy-hususy oňuşyk meselelerini çözeýin diýip hem şeýle etmedi. Sebäbi, bu dogry däl. Ol Yslam dininiň bir bütewi ýaşaýyş sistemasydygyna düşünýärdi. Ony kämahal ýaşap, kämahal daşlaşyp bolmaýandygyny bilýärdi. Yslam dini dünýewi we ahyret meseleleri diýip ikä bölünmeýär. Musulmanyň dünýewi işleri hem şerigata laýyk, günä we haramçylykdan päk bolup, alynyp barylýan bolsa, bu hem ybadat we sogap işdir. Onsoň hem olary ikä bölmek ýalňyşdyr, olary bilelikde ýöretmeli. Ýöne Yslama hyzmat işleri hemişe öz şahsy işlerinden azajyk bolsa-da öňde bolmaly. Bir alymyň aýdyşy ýaly, musulmanyň şahsy we Yslam işleri - edil paýtuna salynan iki sany ata meňzeýär. Ýöne Yslam jemagatynyň aty biraz hem bolsa öňde bolmaly (ikisini bile sürseň hem). Osman (ra) baýlyk-gurpa gowuşyp, azgynlaşyp dünýä işlerine çümüp gitmändir. (Ebu Selemäniň mysalyny ýatlaň). Ol ''Darlykda hem, bollukda hem mu'minlere infak ediň'' aýaty bilen amal edipdir. Ol gazanan mallaryny birnäçe gezek Allah (jj) ýolunda gaýgyrman sarf edipdir. Hz Osmanyň (ra) şol ýagdaýlaryndan birini mysal üsti bilen görkezeýin.

Bir gün Resulullah (saw) uly bir ýörişe niýetlenýär. Din Yslamy goramak we musulmanlara ýardam etmek üçin, musulmanlaryň goşun toplap söweşe çykmaklyklary zerur bolýar. Emma musulmanlaryň gaznasynda şol wagt hiç hili mal we pul serişdesi ýokdy. Şonda Resulullah (saw) meseläni jemagada açyklap, musulmanlardan infak etmekliklerini isleýär. Ýöne Yslamda hemme amallar adamyň öz islegi bilen (ýagny gorkuzmazdan, mejbur etmezden) we diňe Allahyň (jj) razylygy üçin niýetiň bolmagy esasdyr. Bu ýagdaýda musulmanlaryň infak etmegi hem öz eradalaryna goýuldy. Her kim öz imany, jemagada garaýşy (alada edişi) derejesine, ynsap we yhlasyna görä infak etmelidi. Bu hökmany suratda berilmeli we Kur'anda hem farz kylynan zekat däldi. Pygamber (saw) hemme musulmanlary mesjide ýygnap, şol ýerde Allah (jj) ýolunda infak etmekligiň fazyleti barada wagyz edýär. Musulmanlar üns berip diňleýär. Resulullah (saw) goşuny düzmek üçin ýarag-esbap, at-ulag, azyk gerekdigini aýdýar. Musulmanlaryň hökman şu söweşe gatnaşmalydygyny, ähmiýetini we hikmetini düşündirýär. Wagzynyň soňunda ol mesjitde ýygnanan hemme musulmanlara ýüzlenip ''Kim maňa şu işde kömek etjek, kim infak etjek?'' diýip ýüzlenýär. Mal-mülküň adam üçin janyndan soňra iň şirin zadydygyny we adamyň şoňa bolan gawşaklygyny geçen sahypalarda ýatlap geçipdik. Ýöne adam we jemgyýet psihologiýasynda her bir täze işe ''birinji başlamak'' kompleksi (kynçylyk päsgelçiligi) bardyr. Ýagny haýyr işde birinji bolmak hemişe kyndyr, sebäbi senden öňürti şol işi eden ýok. Ýöne birinji başlap bilseň, senden soňkylara şol amaly etmek has aňsat bolýar. Sebäbi, olardan öňürti şol haýyr işi eden bar, ýagny görelde bar. Resulullah (saw) bir hadysynda aýdyşy ýaly: ''Kim Yslamda bir haýyr işi başlatsa, şondan soň şol amal edenleriň sogaby hem (edýän adamlardan hem kemeldilmezden) edil şol mukdarda şoňa hem (ýagny başlana) ýazylar'' Ine şol Pygamberimiziň (saw) ''Kim infak edip, din Yslama kömek etjek?'' teklibine hiç kim jogap berip ýetişmänkä Osman (ra) derrew ýerinden turup: ''Ýa Resulallah (saw) 100 sany musulmanyň ulagy, ýaragy we azygyny men üpjün edýärin!'' diýýär. Ol şol sözleri diýmek bilen, Resulullahyň (saw) çakylygyna ilki bilen ses berip, uýup we goldap, birinji bolmanyň hemme sogabyny aldy. Resulullah (saw) oňa haýyr-doga etdi we Osman (ra) oturdy. Şonda Pygamberimiz (saw) ýene-de jemagada ýüzlenip: ''Kim Allah (jj) üçin infak edip, Allaha (jj) gözel karz berjek?'' diýip sorady. Hz.Osman (ra) ýene-de hiç kim hiç zat diýip ýetişmänkä, ýerinden turup: ''Men ýa Resulallah (saw). Men ýene 100 esgeriň ulagyny-ýaragyny we azygyny berýärin'' diýdi. Bärde üns bermeli zat, Osmanda (ra) pikirlenme, oýlanma, ölçerip görmeklik, ikirjiňlenme ýok. Resulullah (saw) teklip edenden soň ol derrew doly ytagat bilen bolýar we ilkinji Resulyň (saw) çakylygyna ses berip, goldaýar. Ýagny: ''Ol mu'minler Allah (jj) we Resulundan (saw) bir höküm eşidenlerinde: 'eşitdik we ytagat etdik' diýerler'' aýatyna doly laýyklykda amal edýär. Resulullah (saw) ýene-de Osmana (ra) haýyr-dogalar edýär we ol ýerinde oturýar. Resulullah (saw) üçünji gezek bütin jemagada ýüzlenip kömek soraýar welin, Osman (ra) bu gezegem hemme kişiden öň ýerinden turup: ''Men, ýa Resulullah (saw). Men ýene-de 100 sany esgeriň ulagyny, ýaragyny we azygyny berýärin'' diýýär. Şonda Resulullah (saw): ''Otur indi eý Osman, saňa şeýle hem eýýäm Jennet hak boldy, ýagny sen Jenneti bolduň'' diýýär. Osmanyň (ra) şol yhlasy we infagy sebäpli, Resulullahyň (saw) haýyr-doga etmekligi we ony eýýäm şu wagtdan Jennet bilen buşlamagy musulman jemagady güýçli täsirleýär. Sahabalar bir-birleri bilen ýaryşyp, mal-pul, ýarag-ulag, azyk-infak edip başlaýarlar. Mesjide diýseň köp mal-pul, ýarag-azyk harytlary toplanýar. Ýöne Osman (ra) eýýäm birinji bolmaklygyň, görelde bolmaklygyň sogabyny aldy. Osman (ra) bu hadysadan başga-da birnäçe gezek öz infagy bilen sogap gazanýar. Ol ýene bir gezeginde öz mellegindäki guýyny musulmanlaryň ulanmagyna wakf (kömek) edýar. Ýagny sadakaýy-jariýe berýär. Başga-da birnäçe gezek infak edip, ol Allah (jj) razylygyny gazanýar. Ol Talha (ra) we Abdurrahman bin Awf (ra) ýaly sahabalar bilen infak amalynda ýaryşýardy. Onuň eli açyklygy we infak etmek häsiýeti, endigi soň-soňlar, ýagny Resulullah (saw) dünýäden ötenden soň hem, öz halyfalyk eden döwründe hem dowam etdirýär. Öz mal-mülkünden garyp-gasarlara, dul-ýetimlere we mätäçlere açyk we gizlin infaklar edýärdi. Her bir işde başda yhlas gerek. Ýagny şol işe ýüregiň bilen ýapyşmaklyk lazym. Hz Osman (ra)-da şol häsiýet bardy. Ol haýyrda ýaryşyň hadysy bilen amal edip, hemişe ilkinjileriň hatarynda bolmana çalyşýardy. Ýüregi bilen özüni doly Yslama bagş ederdi. Ku'randaky „Olara aýt! Meniň namazym, ömrüm, ybadatym we ölümim älemleriň Robbi bolan Allah (jj) üçindir“ aýatyndaky wasplara laýyk gelýän sahabady. Bir rowaýata görä Osman (ra) şol eli açyklyk häsiýetini ömrüniň ahyryna çenli dowam etdiripdir. Onda Yslamy doly berjaý etmäne çalyşmaklyk häsiýeti bardy. Öz ýanyndan öz ukybyna görä elde baryny edip, Yslam dinine hyzmat-ýardam edýärdi. Ku'randaky : „Siz Allah (jj)-yň ýoluna ýardam beriň, Allah (jj) hem size ýardam bersin“ aýaty elmydama gulagynda ýaňlanyp durdy. Onda Yslamdaky öz nebsine aňsat häsiýetleri alyp, kyn gelýän taraplaryny terk etmek ýaly häsiýet ýokdy. Ýalňyşlyklar her bir adama mahsusdyr, ýöne Allah (jj) üçin esasy zat -yhlasdyr. Bir işe ýüregiňi doly bermekdir, gullygy päk ýürek we hiç hili minnetsiz berjaý etmekdir. Iman, yhlas we takwa hem şol dälmidir. ALLAH (jj)-yň kyýamat güni iň köp ähmiýet berjek zady kalp niýeti we amaldyr.