بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Pygamber alaýhyssalam: «Kim ylym öwrenmek üçin ýol ýörese, Allatagala oňa jennetiň ýoluny açar»

Başy » Makalalar » Hezreti Osman » HEZRETI OSMAN (RA)-YŇ KERAMATY.

Keramat barada Ähli-Sünnet akydasy onuň barlygyny tassyklaýar. Omar Nese-winiň „Akaid“ atly kitabynda keramatyň welilerde görünýändigini tassyklaýar. Weliler—Allahyň (jj) päk bendeleri we dostlary bolup, Allah (jj) tarapyn olara şeýle ukyp berilýär. Keramat—ýagny käbir takwa we Allahyň (jj) dosty dereje-sine ýetip bilen adamlaryň fiziki kanunlaryň daşynda, aklyň alyp bilmejek, adat-dan daşary hal-ýagdaýy görkezip bilmeklikdir. Bu hallar elbetde Allah (jj)-yň izni bilen bolýar. Bu hal halyflarda, sahabalarda, alymlarda bolup geçipdir. Keramat görkezýän adamlar Allah (jj)-yň nazar salyp söýen adamlarydyr. Ýadyňyzda bolsa şeýle bir kudsi hadys bar: „Gul yhlasly ybadaty bilen Maňa (Allaha j. j.) şeýle bir golaýlaşar welin, Men onuň (şol bendäniň) görýän gözi, eşidýän gulagy, tutýan eli, ýöreýän aýagy bolaryn“. Bu hadysy-kudsiden çykýan netije musulman bende yhlas we takwalyk bilen şeýle beýgeler welin, Allah (jj) ony söýer we öz pena-syna alyp ony günälerden gorar, zehinini açar, hikmet-paýhas berer, şoňa rehmet nazaryny salar, şu dos-dogry ýol bolan Yslam ýolunda ony gorar we azaşmakdan saklar.... Indi keramata il-içinde ýalňyş düşünjeler barada bir-iki setir ýazyp geçeliň. Birinjiden şuny aýdalyň: Keramat-diňe Yslam ýolunda dos-dogry, Kuran we Sünnet bilen ýöreýän adama beriler. Yslamdan daşary we bitakwa ýol alyp barýan adamlar, keramatlary barada gepleseler olar tüýs ýalançydyrlar. Allah(jj) birgiden ýalançy palçylara, bidgatçy sopylara we alymsumaklara şol waspy bermez Ikinjiden hem, alymlaryň ijmasyna görä özüniň keramat görkezýändigini aýdýan adamlar eýýäm şol boluşy bilen (şol amallary bilen) keramata laýyk däl, riýa-paraz we munafyklyga golaý adam bolandygyny bildirýärler. Keramat eýesi adam hiç wagt özüniň keramat görkezýändigini (şol halyny) bildirmez, hiç ýerde şol barada gürlemez. Sebäbi ol takwalyga düýpden düşünýär we gaçgyny riýaçylykdyr. Pygamber (saw) iň ýakyn sahabasy, takwa we alym sahaba hz Osman (ra) entek ölmezden owal Pygamber (saw)-yň dilinden Jennet bilen buşlanypdyr.  Onda hem Allah (jj)-a golaýlygy we dostlugy sebäpli keramat hallary bolup geçipdir. Ýöne elbetde Ol şol ýagdaýy barada gepläp ýören däl bolmaly. Ýenede Omar Nesewiniň „Akaid“ atly kitabynda hz Osman (ra)-yň bir keramat haly barada bir rowaýat getirilýär. Hz Osman (ra) halyf wagty bir topar sahaba Ony zyýarat etmekçi bolýarlar we ýola çykýarlar. Hz Osman (ra) päk we takwa adam bolansoň, musulmanlar Onuň bilen didarlaşmak we gürrüňdeş bolmak üçin köp gelip gidýän ekenler. Ine şol zyýarata barýan musulman toparyň öňünden ýolda owadan bir zenan duş gelýär. „Gözüňizi haramdan saklaň...“ aýatyna eýerip musulmanlaryň hemmesi ondan ýüzüni sowup, oňa seretmän we syn etmän geç-ýärler. Emma aralarynda bir musulman nebsiniň islegini ýatyryp bilmän(saklap bilmän) şoňa syn edip, gözelligine haýran galyp gaýta-gaýta seredýär. Musulmanlar hz Osman (ra)-yň ýanyna baryp, Onuň otagyna girýärler. Şonda hz Osman (ra) olaryň salamyny alansoň şeýle diýýär: „Araňyzdan biri şu ýere gelýärkä ýolda göz zynasyny edip gelipdir (ýagny gözi bilen zyna edipdir, görmesiz haram zada sere-dipdir)“. Ýolda zenanyň owadanlygyna haýran galyp, nebsine erk edip bilmedik adam haýran galýar. Bu waka hz Osman (ra)-yň öýünden daş ýerde bolup geçdi ahyryn, onsoň şol ýerde onuň ogryn-ogryn seredendigini hiç kim görmedi ahyryn. Göräýeňde hem, olardan öňürti gelip bu habary aýdyp ýetişmezdi. Şonda ol musulman öz günäsini boýun alyp toba edýär we hz Osman (ra) –dan sora-ýar: „Eý mu'minleriň emiri, PYGAMBETR (saw)-iň dünýäden ötmegi bilen wahyý diýilýän zat kesilmedimi? Siz meniň bir zenana şöhwet duýgusy bilen seredenimi nädip bildiň?“. Ol bolsa şeýle jogap berýär: „Elbetde wahyý kesildi, ýöne ylham diýilýän zat dowam edýär“. Görşüňiz ýaly hz Osman (ra) açyk keramat görkezenden soň hem, şu günki birnäçe bihepbeler ýaly „Men keramatly, men keramat görkezdim“ diýip ýörmändir. Şu günimizde aňy-düşünjesi, ylym-zehini pes bolsa hem özlerini alym saýýan adamlar we hepdede bir-iki gezek agyz bekläp, gije bir-iki sapar namaz okaýan adamlar, üýtgeşik ýetip bolmajak amal edýän ýaly özlerini şeýle ýokary saýýarlar. Hatda özlerini weli saýyp başlaýarlar. Özlerini ýeterlik görýän, hemme taraplaýyn kämil görýän adamlar barada olara takwa diýse bolýarmy?... Bir adam gelip bir gün bir alyma „Men munafyk bol-makdan gorkýaryn, käwagt özüme munafykdyryn öýdýärin“ diýýär. Şonda şol alym oňa ýüzlenip: „Egerde hakykatdan hem munafyk bolmakdan gorkýan bolsaň, onda sen mu'minsiň. Ýöne men kämil, meniň ýalňyşym ýok diýýän adamda (ýagny özüni kämil-ýeterlik, aýypsyz) munafyklyk bardyr“ diýip jogap berýär. Hawa, gynansak hem keramaty oýunjak edip, adamlaryň ynanjaňlygyndan peýdalanyp ýören welisumak-lar gitdigiçe köpelýär. Weli derejesine ýetmek şeýle aňsatdyr öýdýärler welin, bäş-on manat pul infak edip, nefil hamaz okap, bäş-on sany kitap okap ýada arasynda agyz bekläp derrew özlerini weli görüp başlaýarlar. Başgalaryň hem şeýle garama-gyny isleýärler. Adam Allah (jj)-yň söýýänini söýüp, Allah(jj)-yň duşmany-ny duşman bilmän, janyny-tenini we ömrini Allah (jj)-yň ýoluna bagş etmän, nebsini gynap doly Kuran we Sünnete boýun etmän, düşünje aňyny çuňlaşdyrman, kalbyny kesellerden päklemän, sabyrly-tutanýerli bolman nädip welilik derejesine ýetsin diýsene?.. Sünneti we Hikmeti dessur edinmän nädip takwa bolsun, musul-manlaryň gynanýan ýerinde gynanman nädip mu'min bolsun? Jemagat bilen bir-leşmän nädip ymmat bolsun? Kynçylyk we Allah (jj) ýolunda ezýetlerden gaçyp nädip muhlislerden bolsun? Amalyň iň gowusyny we iň haýyrlysyny etmän nädip muhsin (yhsan eýesi) bolsun? Şu wasplaryň iň bärkisini jemlemedik adam heý bir Allahyň (jj) welisi (dosty) ýaly beýik derejä gowuşyp bilermi? Ýagşylyga buýur-mak, ýamanlykdan gaýtarmak ýaly Allah (jj)-yň buýrugyny berjaý etmedik, zulu-ma garşy dilsiz şeýtanlyk edip nädip takwa bolup bolýarka? Gynansak hem şu zatlary köp musulmanlar bilmeýär, alymlar bolsa ýalňyş düşünýär. Hz Osman (ra) ýaly çuňňur we giň düşünjeli, täsin yhlasly, haýran galdyryjy edep-takwasy bolma-dyk adam weli bolup bilermi? Weli adam hökman müňlerçe adamy daş-töwere-gine toplap özüni haýran etmän hem biler. Belki ol az adam bilen gatnaşykda bolup ýaşaýşyny dowam etdirýändir. Yhlas, ruh we ahlak gözelligi köp adamlar tarapyn görülmän-bellenmän hem biler. Ýöne Allah (jj) görýär ahyryn. Onsoň hem weli we keramat eýesi adamlar üçin iň esasy zat adamlaryň arasynda meş-hur bolup, at-abraý almak däldir. Olar gaýta şondan gaça durýarlar. Olar Allah (jj) bilen muhabbetleri bilen bagtly we beýikdirler, şonuň bilen ýaşaýarlar we dem alýarlar.... Indiki sahypalarda hz Osman (ra) takwalygy we yhlasy netijesin-de Allah (jj)-yň iň ýokary mertebeleriň biri bolan şehitlik mertebesini hem berendigini göreris. Allah (jj) dosty ynsanlaryň din Yslama girişleri hem, ybadat-larynyň kämilligi hem, dini ýaşaýyşlary we hyzmatlary hem gözel boluşy ýaly, ölüm leri hem gözel bolýar. Belkide keramat sahyby bolan hz Osman (ra) şehit bolja-gyny hem öňünden bilen bolmagy mümkin. Ýöne Olar ýaly adamlar hiç wagt öz ýollaryny üýtgetmezler, Olar hemişe Allaha (jj) iň gözel şekilde gowuşmanyň ýoluny gözlärler.