بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Hatim al-Ýaasama rahmetullah aýdypdyr: «Kimde-kim dört zady başga dört zatsyz tassyklaýan bolsa, biliň, onuň aýdýany ýalandyr: 1) kim Allahy söýýän diýip-de, haramy terk etmeýän bolsa, onuň tassyklamasy – ýalandyr; 2) kim pygamberi (s.a.w.) söýýän diýip-de, garyplara we mätäçlere ýaramaz garaýan bolsa, onuň tassyklamasy – ýalandyr; 3) kim jenneti söýýän diýip-de, sadaka bermeýän bolsa, onuň tassyklamasy – ýalandyr; 4) kim dowzah odundan gorkýan diýip-de, günä işlerini taşlamaýan bolsa, onuň tassyklamasy – ýalandyr».

Başy » Makalalar » Hezreti Osman » HEZRETI OSMAN (RA)-YŇ ŞEHITLIGI.

Hz Osman (ra)-yň şehit boluşy wakasyna düşünmek üçin, Onuň halyfalyk döwründäki wakalary ýada salalyň. Hz Osman (ra)-yň halyfalygynyň soňky ýylla-rynda ýahudi we munafyklar musulman maskasy astynda Yslam döwletiniň giň geografiýasynda fitne oýunlaryny has hem güýçlendirýärdiler. Esasan hem Yslama we imana doly we kämil düşünmedik, ylmy pes, nebsini Yslama doly boýun egdi-rip bilmedik adamlaryň, dine täze giren kowumlaryň arasynda öz fitnelerini ýaý-ratmaklyga mümkinçilik tapýardylar. Olaryň esasy maksady mu'minleriň agzybirligi-ni ýykmak we emirlerine ynamlaryna zeper ýetirmekdi. Şol bir öňki oýun, sebäbi şeýtan şol bir şeýtan... Pygamber (saw) döwrüni ýada salsak we Kuranda munafyk we ýahudileriň fitneleri barada inderilen aýatlary okap görsek, fitneçile-riň fitne, töhmet, hile, fesad we fasyklarynyň şekilleriniň üýtgemändigini ýeňillik bilen görüp bileris. Yslam ymmatynyň içine fitne girizjek bolýan adamlar, elbetde aç-açan duşmançylyk edip biljek däldiler. Olara garamaýak halky ynandyryp biljek we ylymy pes bolan musulmanlary aljyradyp-şübhelendirip biläýjek bir dini tutaryk gerekdi, ýagny ýasama bir delil we ýasama bir agzalalyk dawasy gerekdi. Olar şony tapdylar. Emewi we Haşymogullarynyň Yslamdan öňden bäri basdaşlygy ny öz haram maksatlary üçin ulanmany niýetlerine düwdiler. Şol babatda seredi-lende fitneçiler üçin amatly pursatlar bardy... 1) Hz Osman (ra) Emewilerden boluşy we birnäçe häkimleriň hem Emewi boluşy, aralarynda garyndaşlyk we arkalaşmak gatnaşyklaryň güýçli we sazlaşykly bolmagy... 2) Haşimileriň we Abdul-muttalib ogullarynyň hz Ali (ra)-yň diýseň gowy görüşleri. Birnäçe Pygamberiň Ähli-Beýtini söýýän we hz Alinyň (ra) gözel şahsyýetini söýýän mu'minleriň onuň daşynda jemlenmegi, onuň bilen ýygy gatnaşyk saklamaklyklary, onuň ylmy we infagyndan peýdalanyp durmaklary. Ine fitneçiler şu tebigy sosiologik wakany fitnä öwürmek islediler. Olar Müsürden başladylar, sebäbi ol ýer Mekke-Medine-den diýseň uzakdy we Yslama täze boýun egdirilendi. Fitneçiler şol ýerde hz Osman (ra)-a garşy, ýagny Yslam döwletiniň höküm sürýän häkimýetine garşy oppozisia (garşy güýç, partiýa, topar) döretdiler. Bu ýerde şuny aýdyp geçeliň: Oppo-zisia goşulşan her bir adam fitneçi ýada zalym däldir, köp babatda fitneçi-muna-fyklaryň toruna sada, türkana, päk niýetli, Yslamy söýýän adamlar düşýärdi. Mysal üçin Müsürde garşylyk döredenlerinde, fitneçiler musulman halkyň hz Muhammed (saw) Ähli-Beýtine, garyndaşlaryna, nesline bolan söýgüsini öz maksatlaryna laýyk ulanmany başardylar. Müsürde hz Aliny (ra) aşa derejede öwýän, onuň yl-mynyň, takwalygynyň, zuhdiniň, hikmetiniň beýikligi we üstünligi barada wagyz edýän adamlar köpeldi. Bu fitneçileriň birinji ädimidi we bu ýerde (bu wagyzlarda) Yslam dinine ters hiç bir zat ýokdy, şonuň üçin olary gadagan edip bolmaýardy, gadagan etmek hem hiç kimiň kellesine gelmeýärdi. Sebäbi hiç kim ýaman niýeti etmejek bolýardy. Soňra, belli bir wagt geçensoň, wagyzlar başga tarapa öwrüldi.... Näme üçin Pygamberiň (saw) garyndaşlary, nesli hususan Hz Ali(ra)-a halyfa-lyk berimeýär? Şol wezipä iň laýyk şol dälmi? Resulullah (saw)-yň Ali (ra) barada aýdan sözleri. öwgüleri, oňa eden dilegleri hem şol aýdylanlara delil hökmünde getirilýärdi. Bu ýerde hem bu adamlara „dur“ diýilmedi. Sebäbi bu gürrüňler şeýle bir uly fitnä sebäp bolar diýip bilmeýärdiler. Elbetde bu bolup geçýän wakalar barada hz Alinyň (ra) we Onuň maşgalasynyň hiç hili habary hem ýokdy. Ýöne fitneçiler arkaýyn olaryň adyndan gepläp ýördüler. Bu ýerde ýene bir waka boldy. Hz Fatmanyň (r. a) dünýäden gaýtmagyndan soňra hz Ali (ra) bir aýala öýlenýär. Şol aýalyň öň bir ogly bar eken. Onuň adyna Muhammed hanafiýýe diýýär ekenler. Bu ýaş oglanjyk hz Alinyň (ra) elinde ulalyp terbiýe görýär. Hz Ali (ra)-nyň şahsiýeti Onda diýseň uly täsir galdyrýar. Ol onuň bilen bile ýaşap, hz Alinyň (ra) nähili adamdygyna göz ýetirip haýran galýar. Ulalan-dan soň Ol iş bilenmi ýada gulluk üçinmi Müsüre düşýär we şol ýerde Ol hem şu akymyň täsirine düşüp hz Alinyň (ra) ogullygy hökmünde hz Aliny (ra) taryplap, Onuň ylmy-takwalygy barada wagyzlar edip başlaýar. Şeýlelik bilen Müsürde ýuwaş-ýuwaşdan bir Ali(ra) tarapdarlary jemagaty döreýär. Jemagadyň içinde bir jemagat dörände çaknyşyk başlanýar. Bu sosialogiki bir hakykatdyr. Ýag-ny kijijik bir topar radikallaşyp (ýitileşip) başlaýar. Ýuwaş-ýuwaş hz Alinyň (ra) fazileti baradaky gürrüňler hz Osman (ra)-yň kemçiliklerine, Onuň garyndaşlaryna baýlyklary paýlaşdyrmagy ýaly mowzuklara öwrülip başlady. Soňra adaty bolşy ýaly (şeýtan, nebis, fitneçileriň ussat syýasaty) duşmançylyk döräp başlady. Bir duş-mançylyk döränden soňra ony aýyrmak diýseň kyndyr. Indi şol duşmançylyk edilýän adam (şu ýagdaýda hz Osman ra) näçe ýalňyşlyk etsin, özüni düzeltsin, tapawudy ýok, kalpda beslenýän duşmançylyk we kine ösdügiçe öser, güýçlendi-giçe güýçlener we netijede kine we ýigrenje öwrülip, şol duýgular kalba sygman amalda görünip başlar. (Serediň: Habil we Kabiliň Kurandaky kyssasyna). Olar hz Osman (ra)-yň eden ýagşylyklaryny hem görmekden mahrum boldular, gözle-rini diňe ýigrenç we kine alýar. Hz Osman (ra)-yň elbetde Müsürdäki häkimler, öz wepaly adamlarynyň üsti bilen bolup geçýän wakalardan habary bardy. Ol islese şolaryň ýygnanyşýan ýerlerini gadagan edip, ony ýamanlap wagyz edýänleri tus-sag etdirip bilerdi. Ýöne Ol bu musulmanlara garşy ýagşy gümandady. Onuň elinde güýç, häkimýet, goşun we halyfalyk güýji bolsa hem, Ol beýle hereket etmedi. Sebä-bi bu adamlaryň niýetleriniň şeýle ýamandygyny güman hem etmeýärdi. Şol bada hereket güýjeýärdi we tarapgöýlik edýän adamlaryň sany barha artýardy. Olaryň adamlary Yrak, Eýran we başga welaýatlarda hem döräp başlady. Ýöne esasy güýç merkezleri Müsürdi. Indi diňe ýangyçly küýzä otly çöpi ýakyp taşlaýmak galdy we şol wagt geldi. Müsürliler uly bir topar bolup Mekkä haj üçin ýola çykdylar. Köpü-siniň ýaragy hem bardy, olar ýalňyşmasam Müsür häkimini hz Osmana (ra) şikaýat etjekdiler we hz Osmanyň (ra) ýüzüne hem döwleti nädogry şerigata nälaýyk(?) ýöredýäň diýjekdiler. Olaryň maksatlary dünýäniň hemme ýerinden haja gelen musulmanlaryň arasynda şu gep-gürrüňi ýaýratmak isleýärdiler. Fitneçi-ler şeýlelik bilen ylmy pes, syýasy düşünjesi bolmaýan, hikmetli pikirlenmäni başar-maýan musulmanlary Yslam dinini ýykmak üçin öz ellerinde bir ýaraga(serişdä) öwürip oturuberdiler. Bu gün hem şeýle dälmi, dünýäniň niresine seretseň musul-manlar musulman bilen söweşýär we söweşiň aňyrsynda ýatan sebäpleri derňäp görseň, bolgusyz ownuk sebäplerdir. Ýada gepleşikler ýoly bilen giderilip bilinjek ýönekeýje düşünişmezliklerdir. Emma näme üçin, birileri şony gorjalap şu ýagdaýa getirýär, gan dökülmegine sebäp bolýar? Şol işleri kim edýär? Musulmanlar şol oýnatgy ýagdaýa düşmez ýaly nämeler etmeli? Yslam taryhynda bolup geçen wa-kalara seredip olardan ybratlar alyp, derňäp, analiz edip göýberilen ýalňyşlyklardyr hatalaryň gaýtalanmazlygyna üns bermeklik gerek. Musulmanlara syýasy, ahlaky we ymmatçylyk, agzybirlik düşünjesini bermek gerek. Fitneçi-munafyklaryň fitnelerini ylmy deliller bilen (Kuran we Sünnet esaslary bilen) entäk ulalyp, ýaýramana, ze-per we zyýan beriji wakalara baryp ýetmezden owwal özüňi hikmet bilen öňini almak gerek. Musulmanlaryň ünsüni ownuk we bolgusyz özara dawalardan sowup has uly we Yslama bähbitli, ähmiýetli meselelere öwürmeklik gerek. Ylym pro-grammalaryna Kuran we hadysdaky şoňa degişli(şol meselelere) delilleri girizmek gerek. Yslam taryhyny öwrenip we öwretmek gerek. Bir alym ýöne ýere şeýle diý-mändir: „Musulmanlaryň yhtylaflaryny (özara dawalaryny) bilýän – şol Alymdyr. “ Indi hz Osman (ra) döwrüne gaýdyp geleliň... Müsürliler hem haj etmek hemde öňlerinde goýan maksatlaryna ýetmek üçin Arabystana gelip ýetdiler. Ussat fitneçi ler şu bolup geçýän wakalardan hz Alinyň (ra) hem habarynyň bardygyny gör-kezmek üçin, Onuň öýüne gidip-gelip başladylar. Emma Ol mübärek sahabanyň hiç hili habary ýokdy. Ýöne halkyň gözüne şu dawany hz Ali(ra) we Oňa ýakyn adamlar döreden ýaly görünýärdi. Ine käbir taryhçylaryň aýdyşyna görä hut şol döwürde şiga „şaýy“ sözi ilkinji döräp we ulanylyp başlandy. Şiga diýmeklik—tarapgöýlik diýmekdir. Fitneçileriň fitne işleri netijesinde halk arasynda „Osman şi gasy“ we „Aly şigasy“ diýen sözleri ulanyp başladylar. Ýagny „Osman tarapy“ we „Aly tarapy“... Hz Osman (ra) şehit edilişinden soňra bu söz diňe Aly (ra) tarap darlary üçin ulanyp başladylar. Soň bolsa öňündäki „Aly“ sözi aýrylyp gysgaça „şiga“ (şaýy) sözi ulanyldy. Netijede taryhy wakalaryň her hili kyn we çylşyrymly öwrümlerinden geçip—şaýy mezhebi döredi. Ýöne köp adamyň aňynda şol mezhebi hz Ali (ra) döredipdir diýip ýalňyş netije bar. Emma olar ýaly pikiriň asylsyzdygyna ýeňillik bilen göz ýetirse bolýar. Müsürliler Mekkä gelýärler we ol ýerde uly topalaň turuzýarlar. Uly we abraýly sahabalar, alymlar kynlyk bilen olary köşeşdirmäni başarýarlar. Hz Osman (ra) olaryň birnäçe delilleri we talaplary bilen ylalaşmasa hem: „Arz şikaýatlaryňyzy göz öňünde tutaryn, tiz wagtda karar alyp ýagdaýy düzelderin, aýyrmaly adamlary wezipeden boşadaryn“ diýip jogap berýär. Fitneçiler öz maksatlaryna ýetip bilmeýärler. Sebäbi hz Osman (ra) hut özi we beýik sahabalar şol sanda hz Ali (ra) hem, ylym we hikmet bilen meseläni çözýärler. Netijede Müsürden gelen närazylar topary köşeşdirilýär. Onsoň ýene bir zat bar. Haja dünýäniň hemme ýerinden müňlerçe musulmanlar gelýär we olaryň hz Osmany (ra) we päk sahabalary gorajakdygy görnüp dur. 3-4 müň sany Müsürli bu ýerde hiç zat hem edip biljek däldi. Oňa fitneçileriň hem gözi ýetip durdy. Şondan soň olar başga bir hilä ýüz urýarlar. Haj gutaryp mu'minleriň öz ýurtlaryna gaýtmagyna garaşyp, olar Mekkede iň soňkylaryň arasynda galýarlar Ondan soň olar Medinä barýarlar. Ol ýerde ýene bir gezek hz Osmandan (ra) talaplarynyň berjaý edilmegini isleýärler. Şol döwürde Medinede uly harby güýç ýokdy, köp adamlar uzak ýerde-jihatdadylar. Onsoň hem ýurt parahat we adalat bolansoň Medinede hiç wagt ýaragly we nyzamly harby garnizon ýokdy. Oňa gerekçilik hem ýokdy. 3-4 müň Müsürliniň gelmegi Medinede bidüzgünçilikleriň başlamagy üçin ýeterlikdi. Ýagny olary kowmak ýada köşeşdirmek üçin güýç ýokdy. Fitneçiler bilgeşleýin hz Alinyň (ra) öýüne hem köp gelip gidýärdiler. Adamlarda şonuň maslahaty bilen ýöreýndikleri barada pikir döretmek üçin şeýle edýärdiler. Ahyryn ýenede abraýly sahabalaryň we hz Osman (ra) öz hikmetliligi bilen topalaň köşeşdirildi. Şuny hem aýdyp geçeliň: Birnäçe welaýat häkimlerinden esasan hem Şam häkimi Muawiýe (ra) tarapyndan „Isleseň harby güýç ugradaýyn“ diýip köp teklipler geldi. Ýöne hz Osman(ra) şeýle hereket etse ymmat içinde agzalalygyň başlajagyny bilýärdi. Hz Osman (ra) özüni zalym patyşalar ýaly alyp baryp güýç ulanmanyň tarapdary däldi. Ol hikmetiň, akylyň, de-liliň we takwalygyň, adamçylygyň we pespälligiň tarapdarydy. Şeýle hereket etseň (ýagşylyk bilen) garşydaşy kim bolsa hem(has hem musulman adamlaryň) dogry düşünjegini umyt edýärdi. Müsürliler ahyryn Medineden çykyp Müsüre ýola düşdiler. Ýene bir gezek gaýtalaýaryn (sebäbi bu diýseň möhüm)Müsürli gozga-laňçylaryň arasynda takwa we sada adamlar az däldi. Ylmy akly deliller bilen iru-giç ylalaşmaly boldular. Ýöne ýurtda topalaň turuzyp, musulmanlaryň arasyna fitne agzalalyk girizmek isleýänleriň meseläniň şu şekilde çözülmegi (gansyz-çaknyşyksyz olary kanagatlandyrmaýardy. Şonuň üçin olar ýene bir fitne işine baş urdylar. Olar derrew hz Osman (ra) adyndan bir ýasama perman düzüp şony kagyza ýazýar-lar. Bir adamy aldap şol perman bilen Şam tarapa ýola çykýarlar. Yzyndan hem fit neçileriň biri ýola çykyp derrew Müsürli toparyň yzyndan ýetip, olara şeýle diýýär „Meni gizlin hz Ali (ra) ugratdy. Ol sizi başyňyza geljek howpdan habardar etmek isleýär. Siz Medineden çykanyňyzdan soňra hz Osman (ra) bir hat ýazyp Şam häkimi Muawiýa(ra) ugratdy. Şol hatda nämeleriň siz barada ýazylandygyny biljek bolsaňyz şol çapary saklap hatyny okap bilersiňiz“. Şu sözleri diýmek bilen fitneçiler ýene bir gezek Müsürlileri öz ellerinde amatly ýaraga öwürýärler. Aslyn-da olara näme etmelidigini hem görkezýärler. Şol bada hiç kimiň kellesine hz Ali (ra) hz Osmanyň (ra) gizlinlikde ýazan şol hatda Müsürliler üçin howp bardy-gyny nireden bilýärkä? Ýada hz Ali (ra) şu çapary (habarçyny) hakykatdan ugratdymyka?Şony özünden sorap bilsek gowy bolmazmy? We ş. m... akylly we anyklaýjy soraglar hiç kimiň kellesine gelmändir. Sebäbi fitneçiler we şeýtan adamlara akyllary bilen hereket etmän, nebisleri we duýgulary bilen, ýaman güman we duşmançylyk bilen hereket etmekligi ündeýärdi. Müsürliler derrew gahar-gazaba münüp, şol Şama gizlin buýrukly haty alyp barýan çapary ele sal-mak barada karara gelýärdiler. Olar öz maksatlaryna ýetýärler, ýagny şol çapary (onuň özi hem hiç zatdan habarsyz bolmagy hem ähtimal) saklaýarlar we alyp barýan hatyny açyp okaýarlar. Fitneçiler haty diýseň ussatlyk bilen düzüpdiler, şol hat Müsürlileri gahar-gazaba getirip we Medinä öwürip olara ýaman işler etdir-melidi, şeýle hem boldy. Hatda hz Osman (ra) Muawiýa (ra) şeýle buýruk beripmiş: „Şu azgyn Müsürli topar seniň welaýatyň üstünden Müsüre gaýdyp barýarka bularyň barynyň ýoguna ýan (ýada tussag et)“. Müsürliler derrew ýarag-lanyp yzlaryna Medinä tarap ýola düşdiler. Ýenede bir giden sorag döreýär: Hz Osman (ra.)-yň golýazmasyny, Yslam döwletiniň möhüriniň näme üçin ýokdugyny hiç kim ündemändir? Näme üçin hz Osmanyň (ra) şeýle häsiýetsiz we ýaman adamdygyna derrew ynanypdyrlar? Onuň iň pespäl, ýumşak, ylymly we AllahDAN (jj) gorkýan adamdygyny, din Yslam üçin eden hyzmatlaryny olar bilýärdi ahyryn Ýöne şu bir hakykat: Duşmançylyk we kine duýgulary nebsiň gara islegleri, gaha-ryň körligi, ylmyň we hikmetiň pesligi adama bir bada hemme zady unutdyrýar. Şeýtanyň islegi hem şol dälmi? Hz Osman (ra) iň päk sanaba we Jennet bilen buşlanan on adamyň biri bolandygyny unutdyrmak. Şeýtan we onuň gullary bolan fitneçileriň esasy maksadydy. Onsoň hem ýolbaşçylygyň nähili kyn we çylşyrymlydygyny köp hikmetsiz we ylymsyz, tekepbirlenip özlerini iň takwa adam şeklinde görýän adamlar heý düşünip bilermi? Olar öz darajyk çarwa garaýyşlary, ýalňyş Yslam düşünjeleri bilen, nebis arzuwlary bilen şeýtan we fitneçileriň ýaragyna öwrüldiler Şunuň ýaly wakalar şu wagtky Yslam jemagatlarynda hem köp gezek gaýtalanýar Musulmanlar emirleriň we alymlaryň kömekçileri we ýoldaşy bolmanyň ýerine köplenç olaryň aýyplaryna we kemçiliklerine seredip, olary ýaýratmak bilen bolýar lar. Düşünjesiz we adam tebigatyna, durmuşyň kanunlaryna düşünmeýän, meselä köp taraply garap bilmeýän adama käbir hakykatlary düşündirmek diýseň kyn bolýar. Emma hikmetli we ylymly adam hiç kimiň (diňe Pygamberlerden başga) kämil bolmajagyny biler we Yslam emirlerinde birkemsiz adamlary gözlemez. Ol adamy köp taraplaýyn ölçerip oňa baha bermäni başarar we üstün häsiýetleri üçin oňa hormat-sarpa goýar. Musulmanlar öz alymlarynyň gymmatyna diňe olar dünýäden ötüp gidenden soňra düşünýärler. Bizem öz ýolbaşçylarymyzy we halas bolşumyzy köplenç daş ýerlerde gözläp aldanýarys. Emma alkymymyzda ýaşap ýören şahsyýetleri köp halatda göremzok, ýada ähmiýet bermän göwnümiz ýete-nok. Hz Osman (ra) bilen hem şeýle boldy, näme üçin ylymy pes, Yslamyň düýp manysyna düşünmekden uzak bolýan adamlar oňa dil ýetirip ezýet berýärdiler? Sebäbi olarda edep-ahlak, Yslam döwletiniň emirine hormat, iň bolmanda ýaşy uly we Yslam üçin şunça hyzmatlar edip, ylymy we takwalygy özlerinden birnäçe esse köp bolan adama sylaglary ýokdy. Ine, şu şertler astynda azgyn we gahar gazaply, fitneçileriň aldawyna düşen Müsürli topar Medinä geldiler. Gelşine olar derrew hz Osman (ra) öýüni gabadylar. Indi olar sahabalaryň, ýaşy uly alymlaryň nesihatlaryny diňlemän, özlerini diýseň edepsiz we gedem alyp barýardylar. Üstesi-nede elleri ýaragly we niýetleri diýseň ýamandy. Gahar-gazap, duşmançylyk we kine olaryň gözlerini kör edipdi. Indi olar delillere we aklyň ýoluna gulak asma-ýardylar. Olar şol hatly meseläniň aslyna ýetip, hakykaty biljek hem bolmaýardy-lar. Hz Osman (ra) olaryň ýanyna çykyp düşünişjek boldy. Näme üçin gaýdyp gelenlerini sorap, öz tarapyndan şeýle haty ýazmandygyny aýtdy. Emma ol adamlar oňa ýalançy diýip ynanmadylar. Sebäbi her adam daş-töweregindäki adamlara öz içiniň garalygyna görä baha berýärdiler. Şol päkize we takwa adamlaryň biri bolan hz Osman (ra) barada olar ýeňillik bilen şeýle karar berip bildiler. Hatda meniň pikirimçe käfirler hem hz Osman (ra)-yň päk şahsyýet bolanyny bilýärdiler. Şeýle işi şolar hem etmezdimikä diýýän. Emma musulmanlar üçin iň güýçli garşydaş, ylymsyz-ahlaksyz we käfirleriň (şeýtanyň) elinde oýnatgy bolan musulmanlardyr. Şonuň üçin dälmi hz Ali (ra) öz halyfalyk döwrüniň içinde diňe ýalňyş düşünjeli musulmanlar bilen söweşip geçipdir. Ol hem ylym bilen we gylyç bilen hereket edipdir. Yslamyň päk akydasynyň we çuňňur düşünje-siniň iň howply duşmanlary şolar ýaly musulmanlardyr. (Giňişleýin maglumat üçin serediň—Haryjylygyň Yslam düşünjesine täsiri -- atly makala)... Olar din Yslama hyzmat edýärismikä diýip, özlerini gahryman we takwa şahsiýet bolandyk-laryna ýüregi bilen ynanýardylar. Emma aslynda Yslama ters hereket edip, ymmata diýseň uly zyýan ýetirýändikleri, şeýtanyň we fitneçileriň elinde oýunjak (Yslama garşy ýarag) bolandyklary barada birjik hem oýlanmaýarlar. Tekepbirlik, gedemlik, özlerinden başgasyny tanamazlyk, ahlaksyzlyk, ylym pesligi, hikmetiň ýoklugy olaryň iň esasy häsiýetleridir. Hz Osman (ra)-yň olar bilen düşünişmäne çalyşmaklygy netije bermedi. Daşyndaky alym we takwa musulmanlar hem düşündirip bilmediler. Hatda olar musulmanlara garşy hüjüm edip başladylar we sögüp-urşup ahlaksyzlyk edip başladylar. Hz Osman (ra) olar bilen biderek dawa edip dur-man öýüne girip oturdy. Kä wagt şunuň ýaly dawa-jeňjellerde özüniňkiniň dogru-dygyny bilseň hem, dymmaklyk, deň bolmazlyk, edep-ahlagyňy peseldip sanaşyp durmaklykdan gaça durmak iň akylly iş we beýiklik-üstünlikdir. Ýöne ylymsyz we aýlawy pes adamlar –şoňa düşünmezler we ony gowşak saýarlar. Emma Allah (jj)-yň ýanynda hem-de akylly adamlaryň nazarynda ahlagyny saklap pespällik görkezen adamlaryň derejesi diýseň artar we beýgeler. Hz Osman (ra) bu adam lara gep düşündirip bolmajagyna göz ýetirdi, gan dökülmekligi bolsa Ol düýbün-den islemeýärdi. Sebäbi Ol özüne Kabyl bolup Allah (jj)-yň jezasyna duçar bolanyndan Habyl bolmaklygy saýlap aldy. Ol doly Allaha (jj) töwekgelçilik edip, diňe Oňa (jj) sygyndy we şu işiň netijesini şu azgyn topary hem şoňa tabşyrdy Ol birnäçe gün öýünden çykyp bilmedi, sebäbi Onuň öýi gabalgydy. Müsürliler gelşiksiz sözler aýdyp, uly goh-galmagal edip Onuň öýüni gabap durdylar. Ýöne entäk öýe girmäne synanyşmaýardylar. Belki Allah (jj)-yň gudraty bilen olary hz Osmanyň (ra) takwa beýikligi we täsin şahsiýeti çekinmäne mejbur edendir. Olar birnäçe günläp hz Osmanyň (ra) öýüni gabap ýatdylar. Şol bada olar hz Alinyň (ra) ýanyna-da baryp durdylar. Emma hz Ali (r. a) olara hiç ýüz bermeýärdi, gaýta gaharlanyp olara şu işlerini bes etmeklerini ündeýärdi. Emma olar hz Ala (ra) hem gulak asmaýardylar... Ine bu ýerde hz Ali (ra) bilen hiç hili baglanşygynyň ýokdygy ýüze çykýar. Şonuň üçin hemme zady hz Ali (ra) gurnady ýada bolýan zatlardan Onuň habary bardy diýýän taryhçylaryň ýalňyşlyklary ýüze çykýar. Hatda bize gelip ýeten sahyh rowaýatlaryň birinde hz Ali (ra) şu adamlar hz Osman (ra)-a bir zat edäýmesin diýip öz ogullaryny we Pygamberiň (saw) söýgüli agtyklary bolan Hasan we Huseýn (ra)-a Ony goramagy buýrupdyr. Bu iki ogly hz Osman (ra) öýüniň öňünde ýaragly-gylyçly nobat edip durdylar. Olar birnäçe günläp şeýle ýagdaýda durdylar. Sebäbi belli bir adama ytagaty bolma-ýan, näme talap edýänlerine özleri hem düşünmeýän bu azgynlardan her zada garaşaýmalydy. Ine netijede bir gezek içeri girjek bolanlarynda kiçiräk bir çakny-şyk hem döräpdir we hz Hasan (ra)-y ýeňilräk ýaralapdyrlar. Hany bu adamlar özlerine „Biz hz Alinyň (ra) tarapdarlary, hz Osman (ra) halyf bolmana laýyk däl“ diýýärdilerä? Näme üçin onda olar hz Alinyň (ra) tarapdary diýýärler we hatda onuň ogluny ýaraladylar. Sebäbi olar ýalan sözleýärler we bu ýerden hz Ali (r. a)-nyň şu zatlary gurnandygyny myş-myşlaryň hem ýalan we töhmet bolandygyny subut edýärdiler. Olar diňe hz Ali (r. a)-nyň adyny ulanyp, öz pis maksatlaryna ýetjek bolýardylar. Medine ilaty näme üçin hz Osman (r. a) kömek etmedikäler? Diýen sorag ýüze çykýar. Sebäbi olarda onça güýç ýokdy, onsoň hem musulmanlaryň arasynda gan dökmekligiň günäsin-den her kim çekinýärdi. Şu waka çenli entäk musulman musulmana ýarag göter-mändi. Onsoň hem ýene bir gezek gaýtalalyň! Medinedäki köp sahaba we tabiyn-lar şol wagt Yslam döwletiniň çäklerinde dini ýaýratmak bilendi ýada hut söweşler-dedi. Müsürliler şondan peýdalanýardylar we belkide köp musulmanlar „Ahyryn köşeşerler we hz Osman (ra) bilen iru-giç ylalaşarlar“ diýip pikir edýärdiler. Ola-ryň çenden aşyp hz Osman (ra)-a ýarag galdyrjaklaryny hiç kim pikirine hem getirip bilmeýärdi. Ýene bir zat bar! Ol hem hz Osman (ra)-yň özi Medinelilere „Ýarag alyp Meni goramana gelip oturmaň, iki topar ýaragly bir-birine garşydaş dursa bolmasyz iş bolaýmasyn“ diýip aýdypdyr. Hz Hasan we hz Huseýn (ra) hem şol sebäpli öýlerine dolanan bolmaly. Hz Osman (ra) fitneçilere amatly şertler döretmejek bolýardy. Bu akyldar adam elbetde olaryň arkasynda hemme zady pikirlenip-gurnap duran fitneçileriň bardygyna göz ýetirýän bolarly. Hz Osman (ra) Allaha (jj) doly töwekgellik etmäniň nämedigine düşünýän adam-dy we Ol öýden çykman diňe Kuran okap, namaz kylyp Allaha (jj) dileg edýärdi. Fitneçileriň planlary başa barmady. Näçe gün Osman(ra)-yň öýüni gabaw astynda saklasalar hem, musulmanlaryň arasynda ganly çaknyşyk döreme-di, onsoň hem hz Osman (ra) özini diýseň hikmetli alyp bardy. Fitneçiler howluk malydylar. Sebäbi öz adamlary (aldanan musulmanlar) hem ýadap başlady (netije-siz we manysyz işden), onsoň hem olar hakykata göz ýetirmekleri gaty ähtimaldy Başga tarapdan Medinedäki bidüzgünçilikleri eşiden goňşy welaýatlaryň häkimleri goşun toplap hz Osman (ra)-a kömege gelmekleri mümkindi. Şonda olar öz iň ýaman işlerini berjaý etdiler. Iki sany azgyn, goňşy jaýyň üstünden hz Osman(ra) Kuran okap oturan jaýyna girdiler. Fitneçiler howlyň we öýüň daşynda hiç kim tamyň üstündäki iki sany ganhora üns bermesin diýip uly dawa we goh turuzdy-lar. Ýagny daş-töwerekdäki adamlaryň ünsüni böldiler. Ol iki azgyn bolsa öýde ýakylýan oduň tüssesiniň çykmagy üçin ýasalan ýörite deşikden hz Osmanyň (r. a) hüjresine bökdiler. Seretseler hüjrede goja ýaşuly, aksakally, ýüzi nurana hz Osman (ra) Allahyň (jj) Kitabyny (Kurany) sesli okap otyr. Ýanynda bolsa, ýagny hüjräniň içinde halyfyň aýallaryndan biri bolan Naile (ra)-dan başga hiç kim ýokdy. Içeri Allahyň (jj) rugsat bermedik ýerinden giren iki azgynyň biriniň elinde hanjar bardy, biriniň elinde bolsa gysgarak gylyç bardy. Olar hz Osmana (r. a) gygyryp-sögüp başladylar. (Kuran okap oturanyna garamazdan) hz Osman (ra) olara hiç hili üns bermän Kuran okamagyny dowam etdi. Sebäbi Ol bu eli ýaragly azgynlara gep düşündirmegiň biderekligini bilýärdi, onsoň hem Kurany okamany bu iki azgyn üçin bölüp biljek däldi. Ol huşu bilen Kuran okamagyny dowam edýärdi we doly Allaha (jj) töwekgelçilik etdi. Hz Osman (ra)-yň özüni şeýle hikmetli, rahat we sowukganly alyp baryşy bu iki azgynyň has hem gaharyny-gazabyny artdyrdy. Indi bular doly şeýtanyň we gara nebisleriniň täsirine düşüpdiler. Şonda olaryň elinde gylyjy bolany ýanyna baryp, (sögünip-gygyryp) gylyjyny hz Osmanyň (ra) kellesiniň üstüne göterdi. Ol Kuran okap oturan bu goja ýaşulyny, Yslam döwletiniň emirini, Beýik sahaba we alymy, takwa we haýa göreldesi bolan şahsiýeti, onuň nebsine uýmaýandygy üçin öl-dürjek boldy. Şonda hüjräniň içinde Kurany diňläp oturan hz Osmanyň (ra) Naile (ra) atly aýaly öz elleri bilen hz Osmanyň (ra) kellesini gylyç urgysyn-dan gorajak boldy. Gylyç onuň (ýagny Naile hatynyň) barmaklaryny çapdy. Şonda eli hanjarly azgyn hanjary bilen hz Osman (ra)-a sünçdi, beýleki eli gylyçly hem gylyjy bilen ikinji sapar urdy. Hz Osman (ra) ganlar içinde okap oturan Kurany-nyň üstünde ýykyldy we şehit boldy. Onuň gany Kuranyň sahypalaryna döküldi. Iki azgyn bolsa derrew gaçmak bilen boldylar. Hz Osmanyň (ra) şehit bolandy-gy habary derrew Medinä we daş-töwerekdäki adamlara ýaýrady. Adamlar ýyg-nanşyp başladylar. Hiç kim Müsürlileriň beýle iş ederine garaşmaýardy. Dogrusy fitneçiler tarapyndan aldanylyp şu işe şärik edilen birnäçe Müsürli musulmanlar hem şeýle boljagyny bilmeýärdiler we beýle bolmagyny islemeýärdiler. Hz Osman (ra)-yň şehit bolanyny eşidip, olaryň köpüsi puşman boldy we kim bu işi etdi diýip öz içlerinde bu işi edenleri gözläp başladylar. Ýöne fitneçiler öz şeýtany amallaryny edenden soň gaçmak bilen boldylar we olary indi hiç kim tapyp bil-meýärdi. Her niçik bolsada boljak iş boldy we Müsürliler derrew Medineden daşlaşmak bilen boldylar... Hz Osman (ra)-yň şehit boluşy diýseň täsin bir waka bolup, Yslam taryhynyň iň gynançly we iň ybratly sahypalarynyň biri bolup durýar. Hz Osman (ra)-yň nähili beýik şahsyýet bolandygyny ýene bir gezek bize subutlaýar.