بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Allatagala parz namazyny ýerine ýetirmeýän kişiniň nepil namazyny kabul etmez.

Başy » Makalalar » Hezreti Osman » ZUNNUREÝN LAKAMYNY ALMAGY

Hakyky doganlyk we söýgi duýgusy nahili duýguka? Şol duýgulary ýaşamak, şolary duýmak hemmelere elýetermikä? Ýa hut oňa ýetmek üçin belli başly şertler gerekmikä? Resulullah(saw)e söýgi, onuň bilen dost we arkadaş, dogan we dertdeş, syrdaş we ýoldaş bolmana hemmeler laýykmyka? Onuň üçin nameler gerekkä? Nähili şol zada düşünmelikä? Hz.Osman (ra) üçin bolsa, ol zatlar kyn däldi. Sebäbi ol bu zatlara gaty gowy düşünýärdi. Ol Resulullah(saw)y ýürekden söýýärdi we onuň ynamly dostlarynyň biridi diýseň bolar. Onuň Resulullah(saw)a bolan söýgüsi diňe dildäki owadan sözlerden ybarat däldi. Söýgi we dostluk-doganlyk duýgulary (eger-de olar Allahyň(jj) razylygy üçin bolsa), ilki bilen kalpda döremeli we şol ýerde özgermeli, soňra bolsa, amalda görünmeli. Biziň döwrümiz ikiýüzliligiň, ýalançylygyň, häsiýetsizligiň iň ösen we azgynlaşan döwrüdir. Bu hem kyýamatyň golaýlaşandygynyň alamatydyr. Aslynda, Osman (ra) bütin ömründäki Resulullaha (saw) bolan söýgi we çyn dostluk duýgusy bilen, şu gün doganlygyň we özara muhabbetiň nämedigine, nähilidigine entek hem düşünmeýän musulmanlaryň aglabasyna mysal bolup dur, öz ýaşaýyşy, öz duýgudaşlygy, öz şahsyýeti düşünjesi we takwasy bilen. Mekke döwrüni ýatlalyň. Musulmanlara hem fiziki, hem psihiki gorkunç ezýet we sütemler berilýärdi. Sütemdir-ezýetleriň iň agyry bolsa Resulullaha (saw) berilýärdi. Sebäbi, ol mu'minleriň Pygamberi, Emiri, Mugallymy we dagwat merkezidi. Müşrikler Resulullahyň (saw) yhlasyny, ynamyny, sabyr we umydyny nähili usul we ýol bilen bolsa-da döwmelidiler, öwrenmelidiler. Her döwürde hem boluşy ýaly, Pygamberleriň (as), päk alymlaryň we yhlasly dagwatçylaryň maşgalalary hem şolar bilen bilelikde kösenýärdiler. Sebäbi nadan we zalym müşrikler, mu'minleriň iň gowşak ýerlerini gözläp (mu'minleriň ar-namysly we çagalaryna bolan üýtgeşik muhabbetini görüp), olaryň hatda köp halatda Yslam hereketi bilen hiç hili baglanşygy bolmaýan maşgalalaryna hem ezýet-sütem berýärdiler. Şeýlelik bilen müşrikler Pygamberiň (as) we mu'minleriň yhlasyny ýykmalydylar. Elbetde Resulullah (saw) öz derdini beýik Allahdan (jj) başga hiç kime şikaýat etmeýärdi. Bu Pygamberleriň (as) we päk mu'minleriň häsiýet-ahlagydyr. Bilşimiz ýaly, Resulullah (saw) öz iki gyzy, ýagny Ümmi Gülsüm we Rukiýany, Ebu Lehebiň iki sany ogluna durmuşa çykandy. Ebu Leheb Resulullahyň (saw) ýakyn garyndaşy hem bolsa, Onuň we Yslamyň iň ýaman we ýigrenji duşmany bolupdy. Ol iki ogluny hem çagyryp, Resulullahyň (saw) gyzlaryna, ýagny ogullarynyň maşgalalaryna talak bermegini buýurdy. Şeýdip, ol Pygamberiň (saw) birnäçe derdiniň üstüne, ýene bir dert goşup, aladasyny artdyrjak boldy. Ebu Lehebiň ogullary islemeseler hem, (sebäbi Resulullahyň gyzlary diýseň päk we terbiýeli zenanlardy) kakalarynyň diýeninden çykyp bilmän, öz gelinlerine talak berdiler. Iki sany naçar, atalarynyň, Resulullahyň (saw) öýüne dolanmaly boldular. Resulullah (saw) elbetde şu ýagdaýda Allaha (jj) bil baglady we sabyr etdi. Ýöne Resulullah (saw) netijede bir ynsandy we adamlar tarapyn goldawa mätäçdi. Ana şonda, ýüregi bilen ony söýýän Hz.Osman (ra) şonuň ýagdaýyna düşündi. Käbir adamlar bar, ýanyndaky adamyň ruhundaky aladadyr-kynçylyklaryna düşünip bilmezler, göz ýetirip bilmezler, şol sebäpli, şol adama duýgudaşlyk we kömek edip bilmezler. Emma welin Osman (ra) ruhy baý we düşünjesi giň, durmuşa gowy düşünýän we özüni doly Allaha (jj) bagyş eden ynsandy. Üstesine-de, kalby päk we imany berk mu'min şahsyýetdi. Şonuň üçin ol derrew Resulullahyň (saw) aladasyny ýeňletmek, oňa goltgy bermek üçin, onuň şol iki gyzyndan birini nikalap aldy. Üns beriň! Gözelligi, baýlygy üçin däl, diňe Allahyň (jj) razylygy üçin we Resulullah (saw) bilen garyndaşlyk açyp, onuň bilen arany has ýygjamlaşdyrmak üçin şeýle edýärdi. Müşrikler: ''Indi seniň gyzlaryňy hiç kim almaz, seniň hiç wagt agtyklaryň bolmaz, şeýlelik bilen nesiliň kesilip gider, ebter (nesilsiz) bolarsyň'' diýip, heşelle kakýardylar. Olaryň arzuwyny puja çykaryp, Mekkäniň iň gurply we abraýly adamlaryndan biri bolan Hz.Osman (ra) Pygamberiň (as) gyzyny alýar. Müşrikler gaharlaryndan ýaňa ýarylaýjak bolýardylar. Hz.Osman (ra) Resulullahyň (saw) gyzyna uly hormat we söýgi bilen gatnaşyp, ony müşrikleriň pis dillerinden gorap, öz ganaty astyna aldy. Hatda hijrete hem şonuň bilen gitdi. Resulullah (saw) bu dostluk we doganlyk duýgudaşlygyna, kömegine diýseň begendi. Ýöne Allahyň (jj) hikmeti Özünde, Osman (ra) bilen Rukiýýäniň (ra) bile ýaşaýyşy uzaga gitmedi. Rukiýýe (ra) duýdansyz aradan çykdy. Hz. Osman (ra) diýseň gynandy, ýöne ol: ''Adamlar üstümden güler, mertebämi peselder, gybatymy eder, aýyplarlar'' diýip çekinip durman, ýene bir gezek Resulullaha (saw) bolan hakyky söýgüsini we dostlugyny görkezdi. Ol indi talak berlen Resulullahyň (saw) ikinji gyzy bolan Ümmi Gülsümi nikalap aldy. Bu hemmeleriň başarjak işi däl. Şonuň ýaly dosty bolan adam, dünýäniň iň bagtly adamsy bolmazmy­? Ol diýmäkäň-aýtmakaň ýagdaýyňa düşünip, şeýle kyn günüňde saňa goltgy bolýar. Resulullah (saw) Ümmi Gülsümi Osmana (ra) bermäne razylyk berýär. Şeýlelik bilen, Osman (ra) ýene-de Resulullahyň (saw) giýewisi bolýar we ýene bir gezek oňa kömek edýär, goldaýar. Şonda, Osman (ra), Resulullaha (saw) bolan güýçli söýgüsi üçin, Zinnureýn (iki nuruň eýesi) lakamyna eýe bolýar. Ol Resulullahyň (saw) bu gyzyny hem hormat-sylag we päk söýgüsi bilen gurşap alyp, onuň kyn ýagdaýdan çykmagyna sebäp bolýar. Elbetde, şol amaly bilen Osman (ra) ummasyz sogap gazanyp, Allah we Resulyna ýakynlyk gazanýar. Resulullah (saw) oňa köp-köp dilegler edýär. Osman (ra) bu aýaly bilen bolsa, Medinä hijret edýär. Onuň maşgalasyna bolan hormatyny we söýgüsini şu rowaýatdan hem aňlap bilýäris: Maşgalasy kesellän wagty, musulmanlar Bedir söweşine çykmaly bolýarlar. Resulullah (saw) Osmanyň (ra) Medinede, hassa maşgalasynyň ýanynda galmagyna rugsat berýär. Musulmanlar Bedir söweşinden ýeňiş bilen dolanyp gelýärler, emma Osman (ra) şol wagt öz maşgalasyny, ýagny Ümmi Gülsümi hem ýitirýär. Ýöne şeýle bolsa hem, onuň ''Zinnureýn'' ady galýar. Medine döwründe Resulullah (saw) üç gyzyny hem ýitiripdi. Ýagny Rukiýýe, Ümmi Gülsüm we Zeýneb (ra). Indi Resulullahyň (saw) ýekeje gyzy galypdy, iň körpe we iň söýgüli gyzy Fatma (ra) galýar. Osman (ra), Ebu Bekir (ra), Omar (ra) hem ony nikalap almak isleýärler. Emma Resulullah (saw) olaryň hiç birine-de razylyk bermeýär. Ol Fatmany (ra) Ala (ra) durmuşa çykarýar. Bu ýerde belläp geçjek zadym, Osman (ra) üçünji gezek hem, wepadar dostlugyny, çuňňur duýgudaşlygyny we söýgüsini, dogan we ynamly arkadaş hökmünde özüni subutlady. Resulullaha (saw) şu derejede muhabbet görkezip, iň çylşyrymly durmuş meselelerinde oňa goltgy bolan musulmanlaryň sany azdy. Şolaryň biri bolmaklyk nesibesi Osmana (ra) miýesser edipdi. Allah Resuly (saw) şonuň üçin ony diýseň söýýärdi we uly sarpa goýýardy. Allah Tagala (jj) bu 'Zinnureýn' lakamyny alan, päk kalply, çuňňur düşünjeli, owadan ruhly adamdan razy bolsun we Jennetiň iň belent mertebesi bilen sylaglasyn. Ämin.