بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Hasan (goý, Beýik Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Alymlaryň syýasynyň agramy şehitleriň gany bilen bile ölçeler. Ýöne alymlaryň syýasynyň agramy şehitleriň ganyndan agyr geler» diýdi.

Başy » Makalalar » MAGNAWY KIRLERDEN PÄKLENMEGIŇ ÝOLY: TOBA

Sözlükde «Allaha dönüş we ýöneliş» manysynda berlen toba dini termin hökmünde «günäden ýüz öwrüp Allaha dönmek» manysynda giňden ulanylýar.

Ymam Gazaly, Ibn Araby, Ibn Hajer ýaly yslam alymlary tobany dürli görnüşlerde düşündiripdirler.

Biz bu ýerde olaryň düşündirişlerinden ugur alyp, tobany şeýle düşündirip bolar: Toba, edilen erbetligiň, günä işiň ýa-da gabahatyň günädigini bilip olardan ýüz öwürip Allaha dönmek Ondan günäsiniň geçmegini, bagyşlamagyny dilemek, bolan işe puşman edýändigini bildirip diňe Allaha ýalbarmak diýmekdir.

1.  Tobanyň ähmiýeti

Pygamber Serwerimiz (s.a.w.) bir hadysy şerifinde: «Ähli adamogly günäkärdir, günäkärleriň iň haýyrlysy bolsa toba edenlerdir» (Ibn Maje, Zühd, 30) buýrýar. Başga bir hadysynda bolsa Pygamber Serwerimiz: «Eger siz günä iş etmesediňiz, Allah sizi heläk edip, ýeriňize günä iş edip soňundanam toba edýän gullary ýaradardy» buýrýar. (Müslim, Tewbe, 9, 10, 11).

Bu mysal getiren hadyslarymyzdan hem düşnükli bolşy ýaly, ynsan tebigatynda günä we sogap işleri etmek häsiýedi bolan görnüşde ýaradylan bir barlykdyr. Günä iş etmek ynsanlary perişdelerden tapawutlandyrýan bir aýratynlykdyr. Bilişimiz ýaly perişdeler, nurdan ýaradylan bolup, asla Allaha garşy gitmeýän, günä işi etmeýän barlyklardyr.

Yslam fytrat dinidir. Yslamda ynsanyň günä işi etjekdigi kabul edilendir we mundan goranmagyň, halas bolmagyň ýollary ynsana öwredilendir. Edilen erbetlikden, günä işden we gabahatdan halas bolup manawy kirlerlerden tämizlenmegiň ýoly tobadyr. Toba bilen ynsan eden günäsinden we erbetliklerinden halas bolup şol günä we hatalary asla etmedik ýaly ap-arassa bolýar. Bu barada Pygamber Serwerimiz: «Günäden doly ýüz öwüren we toba eden şol günäni hiç etmedik ýalydyr» (Ibn Maje, Zühd, 30) buýrýar.

Beýik Allah gullaryny toba etmäge çagyryp şeýle buýrýar: «Eý müminler! Hemmäňiz bilelikde Allaha toba ediň, halas bolarsyňyz». (Nur, 24/31). Başga bir aýatynda bolsa Allahytagala Pygamberine şeýle buýrýar: «Aýt: «Eý, günä işi köp edip öz janlaryna ýamanlyk etmekde öte geçen gullarym! Allahyň rahmetinden umydyňyzy üzmäň. Allah islese ähli günäleri bagyşlar. Çünki Ol örän bagyşlaýjy, has merhemetli we yhsany giňdir». (Zümer, 39/53).

Bu aýatda Hak Tagala Pygamberine günäli gullara Allahyň rahmetinden umyt kesmezligi aýtmagy emir edýär. Çünki örän bagşylaýjy, gullaryna dözümsüz bolan Allah islese ähli günäleri bagyşlar. Şonuň üçin bendeleri Allahyň azaby gelmänkä, Allaha ýönelmeli, Oňa boýun bolmaly, şirki we ähli günäleri taşlamalydyr.

Bir rowaýata görä, günä işi örän köp eden käbir müşrikler musulman bolsalar günäleriniň bagyşlanjagyny bagyşlanmajagyny sorap Pygamber Serwerimize ýüzlenipdirler we munuň bilen baglaşykly şu aýat inipdir. Bu aýat ähli ynsanlary toba etmäge we yslama çagyrýar, musulman bolan ýagdaýlarynda Allahyň olaryň hemme günälerini bagyşlajakdygyny aýdýar we günälilere umyt gapylaryny doly açýar.

Bendeleri hernäçe günä edenem bolsalar umytdan düşmän, Allaha ýüzlenip toba etseler Allah olary bagyşlar. Bu aýatlaryň ýanynda gullary umytsyzlykdan gutaryp toba ugrukdyran birgiden hadys bardyr. (Seret: Buhary, enbiýa 54; Müslim, Tewbe 46, 47).

Günä ruhy kirleder, toba bolsa ýuwup ýylmar. Günäde yzygyderlilik guluň ruhuny erbet zaýalar. Şonuň üçin Möwlana Jelaletdin Rumy her bir ynsany, nähili halda bolsa bolsun gutulgysyz günä batgalygyndan tobanyň aýdyň düzlügine şeýle çagyrýar:

 

Gel, gel, name bolanam bolsa ýene gel!

Käfir Mejusy, butparaz bolsaňam gel!

Biziň bu dergähimiz umytsyzlyk dergähi däldir,

Ýüz müň tobaňy bozanam bolsaň, ýene gel!

 

Allahutagala Tahrim süresiniň 8-nji aýatynda: «Eý ynananlar, nasuh toba bilen Allaha toba ediň. Belki Rabbyňyz erbetlikleriňizi örtüp tämizlär we sizi içinden derýalar akan jennetlere ýerleşdirer…»buýrýar. Bu aýatda göz öňünde tutulan nasuh tobasy näme?

 

Nasuh tobasy nähili bolýar?

 

Nasuh nush düýp sözüniň güýçlendirilen görnüşidir. Köp öwüt beren diýmegi aňladýar. Toba, örän ögüt beriji diýlip häsiýetlendirilendir. Ýagny, eýesine günä işi taşlamagy öwüt beren, ony günäden halas eden sadyk bir toba bilen toba ediň, Allaha dönüň diýmekdir. Bu ýagdaýda nasuh tobasy, ur-tut günähi terk etmek, geçmişiňde bolan zatlara puşman edip, geljekde-de günä işlere ýanaşmazlygy karar etmek we egniňdäki borjlaryňy eýesine ödemek diýmedir.

Serwerimiz (s.a.w.) nasuh tobasyny «Guluň eden günäsi üçin puşmanda bolmagy, Allaha doly ýönelip, edil emzikden çykan süýdüň yzyna dönüp bilmeýşi ýaly, kişiniň gaýtadan günähe dönmezligidir» (Ahmet bin Hanbel, Müsned, 1/446) şekilinde suratlandyrýar.

Gazaly nasuh tobasyny suratlandyranda şulara orun beripdir: «Nasuh tobasyny edenler, toba edip tobasynda ölünçä duranlardyr. Bular geçmişdäki kemçiliklerini goýarlar we hernäçe ýalňyşsalaram, büdreselerem gaýdyp günähe dönmegi ýatlaryna-da salmazlar. Ine, tobada ystykamat hem budur. Günäleri sogaplar bilen çalşyryp, haýyr işleri etmekde ýaryşanlar şeýle görnüşdäki toba eden kişilerdir».

 

2.  Tobanyň Kabul bolmagynyň şertleri

 

Kurany Kerimbe Hak Tagalanyň toba edenleri wasp etmegi (Tewbe, 9/112) we toba gapysyny kakan gullaryny söýendigini beýan etmegi (Bakara, 2/222) tobalaryň kabul boljakdygyna bir delildir.

Allahyň Resuly (s.a.w.) gullarynyň tobasyny nähili hoşnutlyk bilen garşylajakdygyny şeýle bir mysal bilen aňladýar: «Allahyň bendesiniň tobasyna begenmesi şuňa meňzär. Bir ynsan azygyny, suwly tulumyny bir düýä ýükläp ýola çykypdyr. Gynansagam, şol barşyna onuň bir şor takyra ýetende ukusy tutupdyr we düýesinden düşüp, mazalyja uklapdyr. Bir haýukdan soň oýanyp, seretse düýesiniň ýokdugyny görüpdir we gum depelerine ylgap çykyp seretse hiç ýerde düýesini görmänmiş. Düýesini ýitirenine göz ýetirip, nalaç ýagdaýda ýene öňki ýatan ýerinde ýatypdyr. Ýene bir oýananda seretse düýesiniň ýanyndadygyny görüp, owsaryndan ýapyşypdyr we şeýle bir begenipdir, huşy başyndan uçup, ýalňyşlyk bilen: «Eý Allah! Sen meniň gulumsyň, men seniň rabbyňdyryn» diýenmiş». (Buhary, Deawat 4; Müslim, Tewbe 3). Ine, Allahytagala özüne toba eden bendesine düýesini ýitirip soň tapan adamdanam has beter begener.

Tobanyň Allahyň dergähinde Kabul bolmagy üçin käbir şertler bardyr we bu şertler edilen günäň görnüşine görä tapawutlanýarlar. Günäniň kime garşy edilendigi ondan halas bolmak üçin toba edilende örän ähmiýetlidir. Bu babatda günä iki topara bölünýär:

a)Allahyň haky bilen baglanşykly günäler. Allahyň haky bilen baglanşykly günälerden toba etmegiň üç şerti bardyr.

1. Şol günäni edendigiňe puşman etmek: Ynsan wyždanynda edilen günäniň bir erbetlikdigini we gul bilen Allahyň arasynda baglanşyga zeper ýetirýändigine düşüner birahat bolmaga we puşman etmäge başlar. Bu birahatlygyň imanyň alamatydygy barada bir hadysda şeýle aýdylýar. «Bir kişi erbet iş edenden soň bu edeni ony biynjalyk edýän bolsa ol kişi mümindir».

Günä iş eden gul toba gapysyna, günälerini boýun alyp, şol günälerinden birahat bolup we puşman edip, haýyr işlere oýanan bir kalp we köňül bilen geljekdir. Ýokarda gürrüňi edilen birahatlyk ynsany toba etmäge iteklän sebäpdir. Puşman etmek tobanyň ilkinji şertidir. Bu sebäpden Allahyň Resuly muňa ähmiýet berip «toba puşman etmekdir» buýurýar. Puşman etmek tobanyň özüdir. Puşman etmezden toba edilmez.

2. Toba, edilen günäni üzül-kesil terk etmek: Toba diňe bir ýürekde edilmeli iş, bir tisginmek, örtenip gözýaş dökmek şekilindäki howaýy bir puşmanlyk däldir. Ýagny, toba diňe içki duýgulardan ybarat däldir. Tersine, toba içki, ruhy duýgularyň üstüne bir topar herketler goşulan bir çäredir. Mysal üçin, toba eden Allahyň gadagan eden günä işlerini terk etmeli we başaryp bildigiçe emirlerini berjaý etmelidir. Toba eden günäsine gaýdyp barmaly däldir. Günälerine toba edibem ýene-de, olary dowam etdiren kişi özüne garşy gider. Şahsyň beýle hereketi puşman edip, günä işi gaýdyp etmejekdigine beren sözi bilen bir ýere sygyşmaz. Ýagny, şahsyň toba etmegi günä işleri şol bada terk edendigini, puşmandadygyny we şol bir günäni gaýdyp etmezlik kararyna gelendigini görkezmelidir.

3. Toba, edilen günä işe asla dönmezlik karary: Geçmişindäki günälerine puşman edýän şahsyň toba etmegi üçin, şol günäni gaýtalamajakdygyna belli bir karara gelmegi gerekdir. Puşman we toba, günä işe gaýdyp barmazlyk karary kalpda edilmeli iş bolansoň, muny doly manysynda diňe Allah bilip biler. Şol sebäpden kimiň hakyky manyda toba edendigi ynsanlar tarapyndan bilinmez. Tobanyň dürs bolmagy üçin şahsyň toba eden günäsine gaýdyp dönmejekdigi barada Allaha söz bermegi gerekdir.

 

b) Gul haky bilen baglanyşykly günäler: Gul haky bilen baglanşykly günälerden oba etmegiň bolsa dört şerti bardyr. Bu şertler ýokarda sanap geçen üç şertimize goşmaça, dördünji şert haky iýilen guluň hakyny eýesine gaýtaryp bermek we ony razy etmekdir. Gul haky mal görnüşinde bolsa, şu aşakdaky görnüşde öwezi dolunyp bilner.

1. Talanyp alnan mal heniz elde bolsa, eýesi hem belli bolsa yzyna berilmelidir. Bu ýerde günäňi ýaşyryp toba edeniň bolmaýar.

2. Ogurlanylan mal ogrynyň elinde bolsa-da, eýesi belli däl bolsa, mal sadaka hökmünde bir pukara berilýär we borjy aýrylýar.

3. Bir adamda geçen ýyllara degişli gul haklary bar bolsa we eýeleri hem belli däl bolsa, talap alan mallarynyň mukdarynda sadaka bermeli we haýyr sahawat etmeli.

4. Günäliniň iýeni hakykatda mal ýada haryt däl-de, pul görnüşinde bolsa, ol kişiniň mümkinçiligi hem bar bolsa, şol gymmatlyk eýesine gaýtarylyp berilmelidir. Muňa güýji ýetmeýän bolsa, güýji ýeten mahaly bermegi niýetine düwmelidir. Mümkinçiliginiň çäklerinde maly eýesine gaýtaryp bermäge çalşyp muny başarmasa Allahyň bagyşladygy göz öňünde tutular.

5. Malynda näçe haramyň bardygyny bilmeýän şahs, ilkinji nobatda göwnüne laýyk bir mukdardaky maly gul hakyny bermek maksady bilen pukaralara paýlamalydyr.

Toba etmek islenilen günä ynsanyň namysy we şahsyýeti bilen baglanşykly bolan ýagdaýynda aýdylan söz eger degişli adamyň gulagyna ýetmedik bolsa, edil Allahyň haky bilen baglaşykly toba edilşi ýaly toba edilmelidir. Eger ýaramaz söz bigünäniň gulagyna ýeten bolsa, onda şol adama ýüzlenip onuň bagyşlamagyny, närza bolup galmazlygyny gazanmak gerkdir.

Ine şeýdip, gänäli şahs utanypRabbyndan bagyşlamagyny dileg eder we sanap geçen şertlerimizi ýerine ýetirse,Allah bu şekilde toba eden gulunyň tobasyny Kabul eder we ony bagyşlar, oňa azap görkezmez.

 

3.  Tobada wagt

Günäler Allaha barýan ýolda aýakdan aslyşýan, päsgel berýän ýükdür. Günäli adam zäher berlen ýalydyr. Zäher berlen ynsan üçin wagt ýitirmek nähili derejede howply bolsa, günä iş edeniň hem gijä galmagy şol derejede howpludyr.

Günä iş eden mümin imanyna täsir edýän bir birahatlygy duýar we derrew ondan halas bolmagyň ýollaryny gözlemäge başlar. Günäniň yzy bilen toba etmegiň parzdygy meselesinde alymlar bir pikirdedir. Hatda, eden günä işine toba etmegi gijikdirenler, bu sebäpden ýene günä gazanarlar.

Ymam Gazala görä, eden işiniň günädigini duýan badyna ony bilmeli we onuň täsirini ýagşy amallary bilen ýuwmalydyr. Tersine bolan ýagdaýynda erbetlikler kalby zaýalar we soň onuň çäresi tapylmaz.

Bu baradaky hadysda: «Mümin günä iş edende kalbynda gara tegmil emele geler. Toba eder, günäni terk edip, Allahdan bagyşlanmagyny dilese, şol gara tegmilden halas bolar. Günäsi artsa welin garalyk hem artar…» (Ibn Maje, Zühd 29) buýrulýar.

Toba etmek üçin goýberlen pursadyň iň soňky çägi hakynda şu hadys bize bir düşünje berýär: «Allah gulunyň tobasyny jan bogaza gelýänçä kabul eder». (Tirmizi, Deawat 100, Ibn Maje, Zühd 30). Ajalyň ýeteni belli bolup, jan bogaza gelenden soň bolsa toba edilmez.

Soňky demde tobanyň Kabul edilmezliginiň sebäpleri şulardyr. Ynsan ol wagt umytsyzlyk halyndadyr. Şoňa görä kişi ýaşamakdan umydy üzülmänkä toba etmelidir. Soňky demdäki ynsanyň boýnunmdäki jogapkärçiligi aýrylar. Şol pursatda onuň eden işlerine gowy ýa erbedem diýilmez. Emma, toba dünýä işlerindendir we şeýle biçäre hala düşülmänkä berjaý edilmelidir. Ahyretde her kim puşmanda galar, emma, ol hal toba hasabyna görülmez. Çünki, soňky demde günäkäriň puşman edýän pursaty üstünden jogapkärçiligiň aýrylan pursatydyr. Soňky demde edilen tobaň kabul bolmaýyşy ýaly, ol bir ýok hökmündedir we hiç bir netije bermez. Ömri boýy toba etmedik bilen, soňky deminde toba eden, netijede deň görüler.

Sözümizi jemläp, toba bilen baglanyşykly wagt ölçegini şeýle belläp bileris. Tobanyň wagty günä iş edilen badyna başlanaýar, soňraky günlerde hiç bir wagta bagly bolman dowam edýär we ölümiň alamatlary bildirende tamam bolýar. Ýagny, toba etmegiň iň soňky çägi hökmünde ýaşamak umydynyň gutarmagy, ölüm alamatlarynyň bildirmegi we şahsyň soňky pursatlaryny ýaşamagydyr.

 

4.  Tobada mekan

 

Namaz we haj ýaly käbir ybadatlaryň belli mekanlarda berjaý edilmegi sogaply ýa-da gerek bolşy ýaly, toba üçin mekan şerti ýokdur. Çünki toba köp taraply bir puşman etmek bolandygy üçin belli bir ýerde başlanyp şol ýerde-de tamamlanmaýar.

Bu sebäpli toba etmek üçin şahsyň mesjitde bolmagy, çilehana ýa-da dergaha çykmagy ýaly bir şert ýokdur. Başga bir tarapdan jemagat halynda bir ýere jemlenip toba etmegem şert däldir.

Günä işi eden ynsan islendik ýerde toba edip biler. Şahs üçin günälerini göz öňüne getiren, eden etmişiniň ezýetlerinden halas bolmagy ýüregine düwen islendik ýeri toba edilip bilinjek ýerdir. Ýagny, işçi işiniň başynda, daýhan ekin meýdanynda, öýde galanlar öýünde bu karara gelip bilerler we toba etmäge başlap bilerler.

Ýunus (a.s.) balygyň garnynda we deňziň garaňkylyklaryndaka «Ýa Rabbi Sensiň ylah, Senden başga ylah ýokdur, Subhansyň ähli nogsanlyklardan päksiň, Beýiksiň. Dogrusy, men özüme zulm etdim, ýazykly boldum. Bagyşlamagyňa garaşýaryn Rabbym!» (Enbiýa, 21/87) diýip, iň gowysyny etjek bolup durka gowysyny edenligi üçin Allahdan bagyşlamagyny diläpdir. Allah hem ony bagyşlapdyr.

Ýene-de bilişimiz ýaly, Hezreti Adam we Hezreti How ene jennetde gadagan edilen miweden iýip, Allahyň emrine garşy gidipdiler. Jennetden çykarylyp bu dünýede epeý wagt bolandan soňra Arafat meýdanynda, «Rahmet dagy» diýilýän bir dagyň başynda, jennetdekä eden hatasy sebäpli Allaha toba edipdir. «Alahym özümize zulm etdik, eger bizi bagyşlamasaň, bize rehim etmeseň, hiç şübhesiz zyýana ugraýanlardan bolarys» (Araf, 7/23) diýip Allaha ýalbarypdyrlar we bagyşlanmaklaryny diläpdirler. Hak Tagala-da olary bagyşlapdyr.

Tobanyň möhleti günälerden saplanmaga kalbyň kesgitli karar bermesi bilen başlanýar. Bu karara gelinen ýer hem tobanyň mekanydyr. Tobany bir mekany bellemek, toba üçin aýratyn bir ýeriň bolmagynyň şertini öňe sürmek, toba wakasyny bilmezlik we bu mesele bilen baglanşykly yslamyň ýitiligini, inçeligini bilmezlik diýmekdir.

 

Netije

 

Beýik Allah ynsany sogap we günä işleri edip biler ýaly edip ýaradypdyr. Edilen erbetliklerden, günälerden we gabahatlyklardan halas bolmak we magnawy kirlerden arassalanmagyň ýoly tobadyr. Toba bilen ynsan eden günä işlerinden we kemçiliklerinden halas bolar we günä işi hiç etmedik ýaly tämizlener. Her bir ynsanyň toba etmäge mätäçdigi jedelsiz hakykatdyr.

Günäniň edil yzy bilen toba edilmeginiň mümkin bolşy ýaly, ölüm ýassygyna başyňy goýançaň, ölümiň alamatlary bildirýänçä toba edilip bilner. Ynsanyň ajalynyň haçan ýetip geljegi belli bolmansoň, näçe çalt toba etseň şonça gowudyr.

Toba etmegi üçin ynsanyň bir araça mätäçliginiň bolmaýyşy ýaly, belli bir wagtda we belli bir ýerde toba etmeli diýlen zerurluk hem ýokdur.

Hakyky toba üçin kişi geçmişde eden işine puşman etmeli, geljekde hem şeýle hatany goýbermezlige karar bermek bilen birlikde günäni terk edip ýaşamalydyr. Gul hakynyň eýesine gaýtaryp berilmegi tobanyň iň ähmiýetli sütünidir.

Edilen tobadan soň günälerden tämizlenip tämizlenmändigiň endişesi ýerliksizdir, çünki Allah her dürli günä iş edenler üçin toba gapysyny mydama açyk goýandyr. Ynsanyň üns bermeli zady tobanyň çyn ýürekden edilip edilmezligidir.