بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Șer iş edip jennete we haýyr iş edip dowzaha düşerin öýtmegin.

Başy » Makalalar » “Куран” ве тарыхы шахсиетлер. » “Kuran” we taryhy şahsiýetler.

Belli alym Sadreddin Belagynyň “Kyssaýy-Kuran” (“Kuranyň kyssalary”) atly kitabynda Zülkarneýin barada gyzykly maglumatlar berilýär. Bu maglumatlar “Kuranyň” “Käf” (“Köwek, göwek 18-nji sura”) süresinde (85-nji we soňky aýatlar) beýan edilipdir. “Kuranda” getirilen bu möhüm taryhy waka gadymdan bäri musulman taryhçylarynyň, alymlarynyň hem-de “Kurana” tefsir düşündiriş ýazyjylaryň ünsüni özüne çekip gelipdir, “Kuranyň” ygtybarly sözlerini Zülkarneýiniň şahsiýeti bilen deňeşdirmek, şunuň ýalyda “Kuranda” gabat gelýän “Diwar” we onuň geografik ýagdaýy hem-de Ýajuj-Mäjuj (Äjit-Mäjit) kowmy hakyndaky mesele köp alymlary geň galdyryp, şu barada her-hilirowaýatlaryň, hatda otuza golaý gapma-garşy garaýyşyň ýüze çykmagyna sebäp bolupdyr, bu mowzuguň çylşyrymlylygy onuň birnäçe hyýaly we toslama möwhu:ma:tlar bilen garyşmagna getiripdir. Munuň özi yslamyň käbir duşmanlarynyň “Kuranyň” taryhy meseleler baradaky maglumatlaryna garşy çykmaklaryna tutaryk bolupdyr, olar şu meselede özleriniň ylmy-derňew işleriniň ýeterlik däldigi netijesinde “Kurany-Kerimden” aýyp tapjak bolmaga çenli synanşyp, öz nädogry we näpäk niýetlerini äşgär edipdirler.

“Kuranyň kyssalary” diýen kitabyň döredeni (awtory) köp ylmy-derňew işini alyp barmak bilen, “Kuranyň” aýdyň mugjyzalaryndan biri bolan şu taryhy mowzugy anyklamaga ýardam edipdir we Allatagalanyň “Kuranda” beýan eden “Wellezi:ne ja:hedu:fi:na: lenehdiýennehom sobolena” (29-njy süre, 69-njy aýatdan), (“We biziň ýolumuzda janlary we tenleri bilen tagalla edenleri hökman öz (magrypat we merhemet) ýolumyza gönükdireris”)diýen sözleriniň hakykatdygyny iş ýüzünde görkezipdir.Ol Hindistanyň öňki medeniýet weziri bolup meşhur musulman alymy Abulkemal Azadyň “Sakafetil-Hind” (“Hindistanyň medeniýeti”) atly žurnalyň 1-2-3-nji sanlarynda çap bolan şu meselä degişli möhüm işine salgylanýar. Alym Abulkelam Azady bu meseläniň kynçylykly we müşgil taryhy tankydy nukdaý-nazaryndan, deňeşdirme usuly arkaly derňäpdir we gyzykly netijelere gelipdir.

Şu wagta çenli köp halatlarda we ençeme ylym işlerde Aleksandr Makadoniskiý (biziň eramyzdan öň 356-323) Zülkarneýin hasap edilýärdi. Hakykatda bolsa, bu iki adam dübünden başga şahsiýetlerdir. Ine, şu garaýyşlaryň anygyna etmek üçin görnükli alym Abulkelam Azadynyň derňew işi birinji derejeli ylmy çeşme hökmünde möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa göra bu iş dünýäniň birnäçe dillerne geçirilip, köpýerde neşir edildi. Bizde bu işiň ähmiýetini nazara alyp, onuň gysgarak mazmununy pars dilinden türkmençä geçirip, gazet okujylaryna hödürlemegi makul bildik.

1. “Kuran” Aýatlarynyň inmekleriniň sebäpleri.

“Kuran” aýatlarynyň mazmunyndan görnüşine görä, birnäçe adam Zülkarneýiniň şahsiýet barada öň hezreti pygamberden sorag edenbolmaly. “Kuranyň” degişli aýatlaryda şol soraglara jogap höküminde Allatagala tarapyndan inipdir. Dini rowaýatlarda edil şu pikiri tassyklaýar. “Müsnet” kitabynda Termeziniň, Nusaýynyň we Ahmet Hanbalyň rowaýat edişlerine görä, Kuraýyş taýpasy, ýahudylaryň (ýewreýleriň) küşgürmegi boýunça, birnäçe mesele, şol sanda Zülkarneýiniň şahsiýeti barada sorag edip: “Bu adam kim, näme işleredipdir?” diýip, pygambere ýüzlenýär. Şunyň ýalyda, Kurtebi atly alym Sedi diýen bir awtoryň sözlerüni getirýär. Şonda ýahudylar (ýewreýler): “Bize Hudaýyň “Töwratda” adyny bir gezekden artyk tutmadyk pygamberiniň başdan geçirmeleri hakda habar ber” diýipdirler. Pygamber: “Maksadyňyz kim?” diýip sorapdyr. Olar “Zülkarneýin” diýipdirler. Şunuň ýalyda. Ibn Jerir Teberi, Ibin Kesir we Suýuty öz tewsirlerinde şu mesele barada köp rowaýatlary getiripdirler.

2. “Kurandaky” Zülkarneýiniň häsiýetleri.

“Kurandaky” Zülkarneýiniň häsiýetleri gysgaça şu aşakdakylardan ybarat:

1-Ýahudylaryň (ýewreýleriň) ýada Kuraýşyň ol barada pygamberden sorag eden adamlaryň Zülkarneýin diýen lakamy bolupdyr. Bu lakamy “Kuran” döretmändir, belki sorag edenadamlar ol şahsy şeýle at bilen ýatlapdyrlar. Hut şonuň üçin “Kuranda” şeýle diýilýär: “We ýesluneke an Zülkarneýin”

( وَيَسْأَلُونَكَ عَن ذِي الْقَرْنَيْنِ)(18-nji süre 83-nji aýat), ýagny “We olar senden Zülkarneýin barada soraýarlar”.

2-Allatagala oňa soltanlyk we ýeňiş abzallaryny bagyş edipdir.

3-Zülkarneýin üç gezek goşun çekip, uly uruş edipdir.

1.Günbatara tarap goşun çekişi.Şu hüjümde Zülkarneýin öz ýurdundan çykyp, günbatara tarap ýola düşýär. Ençeme ýol ýöräp, bir ýurda baryp ýetişýär. Şol ýurt onuň we onuň ýurdunuň günbatar araçägi hasaplanýan eken. Ol ýerde göýä gün bir bokur suwly çeşmede ýaşýan ýaly bolup görünýär. (18, 85-86aýat)

2. Gündogara hüjüm edişi.Bu ýörişde Zülkarnaýin öňe gidip, bir ýurda baryp ýetýär. Ol ýurtda abadançylykdan nam-nyşan bolmaýar. Ol ýerde göçüp-gonup ýören çarwa ilat ýaşaýar eken (18, 89-90aýat).

3-nji hüjüm.Bu hüjümde Zülkarneýin bir darlyk ýerdäki geçelgä baryp ýetýär. Ol ýeriň halky wagşy ýagdaýda, medeniýetden we siwilizasiýadan bihabar ekenler. Şolaryň ýaşaýan daglyklarynyň arka tarapynda bolsa, sütemkär we ganhor bir kowum ýaşaýan eken. Ýerli ilat ol kowumy Ýajuj we Mäjuj atlandyrypdyrlar. Olar mydama dagdan geçip, hüjüm edip, ýerli ilata azar berýän ekenler (18,93-94 aýatlar).

4- Şol Zülkarneýin Ýajuj we Mäjujyň talaňçylygynyň we azar bermekleriniň öňüni almak üçin iki dag arasyndaky geçelgäni ýapyp bir diwar saldyrypdyr.

5- Bu diwar diňe kerpiçden we daşdan bolman, belki, onda demir we mis hem işledilipdir (18,96 aýat).

6-Ol Zülkarneýiniň Hudaýa we ahyrete imany bar eken.

7- Ol patyşa adalatly bolup, raýata mähriban eken. Ýeňilenlere zulum etmeklige, olary öldürmeklige ýol bermändir. Şonuň üçin haçan-da günbatar goşununy öz gol astyna geçirende, olaryň bu patyşada beýleki ýeňijiler ýaly azar berer diýip pikir etmekleriniň tersine, olara hiç hili azar bermändir. Tersine bigünä adamlary gorapdyr. Onuň patyşalygyna hiç hili garşylyk bolmandyr. Bütin ilat onuň gudratly golunda bolsada, hemişe halka kömek edipdir hem-de özüniň adyllygy bilen halkyň ynamyny we söýgüsini gazanypdyr.

8-Zülkarneýin mal mülk we baýlyk gazanmaklyga höwesjeň bolmandyr. Haçanda ýeňlenler diwar saldyrmak üçin pul ýygnap, oňa hödürlänlerinde, ol kabul ýetmändir we şeýle diýipdir; “Hudaýyň maňa bagyşlanlary meni siziň berjek malyňyzdan binyýaz edýär. Iň gowusy siz öz gollaryňyz güýji bilen maňa medet beriň, men siziň üçin demir diwar saldyraýyn”.

Müfessirleriň-düşündiriş ýazanlaryň haýran galmagy.

Müfessirleriň-“Kuran” düşündiriş ýazanlaryň ünüsini özüne çeken ilkinji mesele “Zülkarneýn”sözüniň manysydyr. Çünki bu söz “iki şahly adam” diýen manyny aňladýar. Emma taryhda şonuň ýaly lakamly adam gabat gelenok. Şonuň üçin müfessirleri şu mesele gaty geň galdyrypdyr. Käbirleri “Karn” sözüni zaman aňladýan “asyr” manyda alypdyrlar we şu patyşa iki karn (asyr) ýaşany sebäpli, oňa şu lakamy beripdirler. Şondan soň şu pikire eýerýänleriň arasynda “Karnyň” (asyryň) aňladýan mütdet zamanyny çäklendirmek barada özara gapma- garşylyk döräpdir. Birnäçeleri bir karny (asyry) otuz ýyl, käbiri bolsa, ony ýigrimi bäş ýyl, käbirleride ýigrimi ýyl hasap edipdirler. Şonuň ýalyda, Zülkarneýiniň ýaşap geçen zamany hakda hem dürli rowaýatlar bar. Käbiri ony Ybrahymyň döwürdeşi, birnäçeleri bolsa, ondanda öň ýaşap geçen hasaplapdyrlar.

Şundan soň şu meseläni derňemek ugrunda täze bir döwür başlanýar. Käbir taryhçylar özleriniň ünüsüni Ýemene gönükdürýärler. Abu Reýhan Biruny özünüň “Asryl-bakyýa” (Baky eserler) atly kitabynda “Zülkarneýin Ýemen hökümdarlaryň biri bolupdyr” diýip ýazypdyr. Ibn Haldunda şu pikiri kabul edipdir. Emma bu garaýyşyň hiç-hili taryhy dokumenti ýok. Tersine bar bolan birnäçe maglumatlar munuň garşysyna şaýatlyk edýär. Çünki, öň bellän geçişimiz ýaly, şu soraga öňe sürenleri ýa-ha ýahudylar (ýewreýler) bolypdyrlar ýa-da şolaryň küşgürmegi boýunça kuraýyşlar bolupdyr. Emma ýahudylar gös-göni ýa-da kuraýyşlar arkaly ol barada pygamberden sorag eder ýaly hiç bir Ýemenli patyşany tanamandyrlar. Eger-de şu soraga gös-göni kuraýyşlaryň özbaşdak berlen soragy diýip bilsekde, ýene bir düşüniksiz zat ýüze çykýar, çüňki Ýemeniň "Humeýri" hökümdarlary kuraýşlar üçin nätanyş bolmandyrlar, olar hakda sorag etmek isleginiňde bolmagy tebigy zat däl. Galybersede, eger Ýemende şeýle patyşa bolan bolsa, ol barada arap rowaýatlarynda onuň ady ýa-da yzy galardy, şunuň ýaly-da, sahabalaryň we olary görenleriň (tabygynlaryň) hadyslarynda ol hakda ýatlanardy.

Munuň üstesinede, bir zady nazara almak gerek. Ol-da bolsa, şeýle soragy bermek bilen ýahudylar Muhammet pygamber oňa jogap bermekde ejiz geler diýip bilipdiler we ony çykgynsyz ýagdaýa salmak isläpdirler. Egerde Zülkarneýin bir arap adamy bolup, Hyjaz ilaty onytanaýan bolsalar, pygamberde ony şolar ýaly tanardy we sorag etmäge, barlap görmäge ýer galmazdy.

Şu barada biziň göz öňünde tutýan esasy we möhüm meselämiz şundan ybarat: Geliň, göreliň, “Kuranyň” Zülkarneýin hakda beýan eden häsiýetleri Humeýri (Ýemen) patyşalarynyň haýsyda bolsa birine muwapyk gelýärmi ýa-da ýok?

“Kuranda” Zülkarneýin günbatarda we gündogarda birnäçe ýeňişler gazanyp we birnäçe ýerleri eýeländigi hakda hem-de Ýajuj we Mäjuj kowumynyň garşysynda bir demir diwar saldyrandygy barada beýan edýär. Emma şu wagta çenli şeýle işler eden Humeýri (Ýemen) patyşasynyň bolandygyny görkezýän taryhy dokument tapylanok. Galybersede Ýemen patyşalarynyň käbirleriniň lakamlarynda gabat gelýän “Zu” (ýeýe) sözüne salgylanmak, şunuň ýaly-da, “Märep” diwaryny delil getirmekde bu meseläni çözmäge peýda berenok. Çünki taryhda bu diwaryň bir kowmyň hüjüminiň öňüni almak üçin salnandygy hakda ýa-da onuň gurluşugunda demir bloklar ulanylandygy barada asla ýatlanmaýar. Galybersede, bu diwar barada “Kuranyň” başga ýerinde agzalypdyr we Zülkarneýiniň diwary bilen bu diwaryň arasynda hiç-hili meňzeşlik ýok.

Şundan soň, mufessirleriň-düşündiriş ýazanlaryň bir topary Isgender Makadonskiniň (Aleksandr Makedonskiniň) gündogarda we günbatarda gazanan ýeňişlerini göz öňünde tutup, şony Zülkarneýin diýip hasaplaýarlar. Görnüşüne görä, şu rowaýata ilkinji gezek eýeren şeýh er-reýis Abu Ali Ibn Sina (“Şypa” kitabynda) bolupdyr. Çünki ol Arastatalisiň (Aristoteliň) oňat gylyk-häsiýetleri, hünärini beýan edýän ýerinde ony Isgenderiň mugallymy höküminde ýatlapdyr hem-de “Kuranda” ol Zülkarneýin ady bilen gelýär diýip belläpdir, onuň gylyk-häsiýetini öwüpdir. Fahr Razy-da özüniň “Uly tefsirinde” şu pikiri goldapdyr. Emma Isgender Makadonskiniň (Aleksandr Makadonskiniň) “Kuranda” ýatlanan Zülkarneýin bolmagy mümkin däl. Onuň ýeňişlerinide gündogarda we günbatarda gazanylan ýeňişler hasaplamak bolmaýar. Galybersede onuň bütin ömrüne diwar saldyran ýeri ýok. Munuň üsdesine-de, biz Isgenderiň hudaýa imanynyň bolmandygy we ýeňilen milletlere-de mähribanlyk we adyllylyk etmändigini ynam bilen aýdyp bileris. Onuň ýaşaýyş taryhy “Kurandaky” Zülkarneýin wasplary bilen hiç meňzeşligi ýok. Şunuň bilen birlikde “Zülkarneýin” lakamynyň-da Isgendere hiç-hili degişliligi ýok.

Ýahudylaryň (ýewreýleriň) milli taryhy we Zülkarneýin şahsiýeti hakynda oýlanmalar.

Müfessirleriň-düşündiriş ýazanlaryň Zülkarneýin barada öz geçiren barlaglaryndan dogry netije alyp bilmändiklerinň sebäbi olaryň derňew geçirmek üçin ýalňyş ýol saýlap alandyklaryndan ybaratdyr. Çünki bar bolan maglumatlaryň we dokumentleriň görkezmegine görä, Zülkarneýin baradaky sorag ýahudylar (ýewreýler) tarapyndan berilipdir. Şuňa görä olar özleriniň “Töwrat” kitaplarynyň gadymy nusgalaryna ýüzlenmeli ekenler we şolardan maglumatlar almaly ekenler. Eger şu ýol bilen işe girişen bolsalar, hökman dogry netijä gelerdiler.

Danýalyň düýş görmegi.

Ýahudylaryň “gadymy döwür” (“Ähdi-atyk”) dini kitaplaryň biri Daniýala degişlidir. Bu kitapda ýahudylaryň (ýewreýleriň) Wawilonda ýesirlikde bolan mahallarynda Danýalyň işjeňliginiň bir bölegi we onuň gören düýşleri beýan edilýär.

Ýahudylaryň (ýewreýleriň) Wawilonda ýesirlikde geçiren döwürleri olaryň agyr we kynçylykly durmuşy başdan geçiren günleri bolupdyr. Çünki şu döwürde olaryň şäherleri weýran edilip, ybadathanalary ýykylyp, kowmyýeti aýak astyna alynýar. Şu sebäpli olar örän gaýgyly halda we çuň sussy peslik ýagdaýda ýaşaýarlar we şol ýesirlikden neneň we haçan halas boljakdyklaryny, öz milli ýaşaýyşlaryny täzeden ele alyp biljekdiklerini bilmeýärdiler.

Danýalyň “sapary” (syýahaty) (“Töwrat”) ýahut kowumunuň başyndan geçýän şunuň ýaly gorkunç garaňky günlerinde Danýal pygamberiň dörändigini beýan edýär. Ol özüniň ajaýyp öňden görüjiligi we ýeterlik danalygy arkaly Wawilon jadygöýleriniň we muneçjimleriniň derejesinden-de ýokary göterilýär. Ol Wawilon patyşasy Belşeseriň (Beltşesseriň) hökümdarlyk eden üçünji ýylynda geljekgi birnäçe hadyslary düýşünde görýär. Şolaryň şol kitabynyň (“Töwratyň”) sekizinji babynda şeýle beýan edýär: “Belşeser patyşanyň hökümdarlygynyň üçünji ýylynda men Daniýal bir düýş gördüm, öňki gören düýşümden soň. Men düýşümde şeýle gördüm, Ilam ýurdunda bolan Şuşan köşgünde ekenim. “Ulaý derýasynyň ýakasynda. Gözümi açyp seretsem, bir goç derýanyň garşysynda duran eken. Ol goçyň iki sany uzyn şahy bar eken, olaryň biri beýlekisinden uzynyrak. Ol goç günbatara, demirgazyga we günorta tarap şahly kellesi bilen hüjüm edýärdi we hiç bir haýwan onuň garşysyna durmaga milt edip bilmeýärdi, ilaty onuň elinden halas eder ýaly hiç bir adam tapylmanlygy üçin, ol öz islegi boýunça amal edýärdi we ulalýardy. Men muny görüp, çuň oýlandym. Görsem, bir teke günbatar tarapdan ýeriň ýüzüni tutup gelýärdi. Ol tekäniň gözleriniň ortasynda bir uly şahy bardy. Bu tekäniň ýaňky garşysyndaky iki şahly goça tarap gelýänini gördüm. Ol gazap bilen goça tarap ylgaýardy. Görsem, ol teke gelip, goça hüjüm ýetdi we iki şahyny urup döwdi, goç onuň garşysynda durup bilmedi, teke ony ýere ýykyp basdy we öldürdi, hiç kim goçy halas ýetmäge ýürek edip bilmedi”. (“Danýalyň sapary”, 8-nji bap №1 we soňkular).

Şundan soň edil şu kitap Daniýalyň dilinden Jebraýylyň oňa görnüp we onuň düýşüni ýorandygyny şeýle beýan edýär: “Gören iki şahly goçuň Mediýa we Fars hökümdarlarydyr we endamy gylly teke bolsa ýunan (grek) patyşasydyr, gözleriniň ortarasyndaky ýeke-täk şah-da birinji patyşa diýmekdir”

Şu görlen düýşde Mediýa we Fars ýurdy iki şah görnüşde bolup, şol iki ýurduň birleşip, bir we ýeke-täk ýurt emele getirmekliginiň ýakynlaşanlygy üçin onuň patyşasy iki şahly goç şekilinde tesfir edilipdir, şu ýurdy we soltanlygy ýok edip, ahamenidleri ýa-da keýan şalaryny aradan aýyran Isgender Makadony (Aleksandr Makadonskiý) bir şahly tekäniň şekilinde görkezilipdir (“Karn-şah” sözüniň arap we ybry dillerinde bir manyda gelýändigini nazara almalydyr).

Ýahudylar (ýewreýler) Daniýalyň düýş görüp, buşlan sözlerinden şeýle düşünýärler; Olaryň ýesirlikden gutulyp, täze durmuşa başlamaklary şol iki şahly goçuň ýurdy, ýagny Mediýa we Fars patyşasynyň aýaga galyp, Wawilon patyşasyna hüjüm edip, ony ýeňmegi we ýahudylary ýesirlikden halas etmegi bilen baglanyşykly bolmaly. Şeýlelikde, ol patyşa ýahudylaryň (ýewreýleriň) ybadathanalaryny abadanlaşdyrmaly we Beni-Ysraýyly öz hemaýaty astyna almaly.

Şu düýş görmekden birnäçe ýyl geçenden soň, Eýranda beýik patyşa Kuroş häkimete geçýär.Grekler ony Saýros we ýahudylar Huros atlandyrýarlar. Kuroş iki ýurt bolan Mediýa bilen Farsy birleşdirip, şol ikisinden bir beýik imperatorlyk emele getirýär. Şondan soň Babyla (Wawilona) hüjüm edýär we hiç hili kynçylyksyz ol ýurdy eýeleýär. Daniýalyň düýşinde bir goçuň öz şahlaryny günbatara, gündogara we demirgazyga uruşuny görüşi ýaly, Kuroşda şol üç tarapda birnäçe uly ýeňişler gazanýar. Ilki Günbatara eden ýörşünde ýeňiş gazanýar, ikinji gezek Gündogarda üstünlige eýe bolýar. Olardan soň Günortada (ýagny Wawilonda) ýeňiş gazanyp, ýahudylary (ýewreýleri) azat edýär we olary Palestina öwrülip gelmeklige rugsat berýär. Kuraşdan soň onuň ýerine geçenler-de ýahudylara hemişe mähribanlyk edipdirler.

“Daniýalyň saparyndan” başga Isiýahyň we Ýermiýahyň saparlarynda-da bu barda birnäçe öňden görüjilikli sözler aýdylypdyr we Kuroşuň ady “Isiýahyň saparynda” aşakdaky ýaly açyk beýan edilýär:

“Sen halas ýediji hudaý… Ýahudylaryň bina eden şäherlerine barasyňyz we onuň harabalyklaryny dikeldersiňiz”. Kuroş hakynda: “Ol meniň çopanymdyr we hemme şatlygymy tamamlap, Urşalyma aýdaryn: bina edilersiň we heýkeliň dikeldiler…” Hudaý öz sadyk bendesi Kuroş hakda şeýle diýýär: “Onuň garşysynda dürli taýpalar ýeňiler ýaly, men onuň sag elinden tutdum. Ol patyşalaryň bilinden tutdy. Men derwezeler ýapylmaz ýaly, onuň öňünde gapylary açaryn. Men seniň öňüňden gidip, depleri-päsgelleri ýer bilen ýegsan ederin we misden ýasalan gapylary döwüp, demir zynjyrlary para-para ederin. Saňa garaňky ýerdäki hazynalary we gizlin baýlyklary bererin. Seniň adyňy tutup, saňa ýüzlenýän men Hudaý we Ysraýylyň Hudaýydyryn. Öz bendäm Ýakubyň we öz saýlap tutan bendäm Ysraýylyň hatyrasyna seni öz adyň bilen ýatladym…” (Isaýahyň kitaby”, 44 we 45-nji baplar, №24,28,1 we soňkular).

Şu kitabyň başga bir ýerinde Kuroşy gündogaryň bürgüdine meňzedip, şeýle diýilýär:

“Gündogar bürgüdimi we ol parasatly ynsany daş ýerden çagyrýaryn…”

Şunuň ýaly-da, “Ýermiýahyň(IÝeREMII)kitabynda” şeýle diýilýär:

“Taýpalaryň arasynda beýan edip, eşitdiriň, tugy galdyryp, gulak salyň we gizlemän aýdyň: Wawilon ýeňildi, “Bil” utandy we “Merduk” döwüldi (“Bil”, “Merduk iki sany meşhur Wawilon butunuň atlary). Çünki oňa demirgazykdan bir kowum çozup, ýurduny şeýle bir weýran eder, hatda bir adamda ol ýerde galmaz. Adamlar we haýwanlar göçüp giderler (“Ýermiýah kitaby”, 50-nji bap, №1 we soňkular).

Şeýlelikde, ýahudylaryň (ýewreýleriň) dini kitaplaryndan “Zülkarneýin şol Kuroşdygy mälim bolýar. Kuroşuň şahsiýeti ýahudylaryň (ýewreýleriň) garaýşynda möhüm pozisiýa eýeleýär. Olar Kuroşy özleriniň halas ýedijileri hökmünde bilipdirler. Bu ýatlananlarda başga Uzaýra degişli hasaplanýan gadymy döwürüň (ähdi-atygyň) bir kitabynda şeýle diýilýär: ýahudylar (ýewreýler) öz pygamberleriniň öňden görüjiliklerini Kuroşa beýan edýärler we aýdýarlar: Hudaý seniň adyňy öz kelamynda ýatlapdyr we seni Beni-Ysraýylyň halasgäri edipdir. Olaryň sözleri Kuroşa çuň täsir edýär, netijede ybadathanalaryny täzeden salmaklyga perman berýär. Kuroş Wawilony basyp alanda, şeýlede onuň ornuna geçenler ýahudylara (ýewreýlere) rehimdarlyk edipdirler we käbir ýahudylar (ýewreýler) olaryň köşgüne ýakynlaşypdyrlar. Bu barada şek-şübhe ýok. Grek taryhçylaryda şuny tassyklaýarlar. Şu wakalar taryhyň hökmany faktlaryndan bolany sebäpli, ýahudylaryň (ýewreýleriň) dini kitaplarynyň öňden görüjilik bilen ýazanlarynyň şu meselede täsirli bolandygyna şek-şübhe galdyrmaýar. Emma Daniýalyň öňden görüjiliginiň Isgendere degişli käbir bölekleriniň soň goşulandygyna garamazdan, Kuroşa degişli ýerleri hökman oňa habar berilen bolmaly we ol patyşada ony oňat kabul eden bolmaly. Biz mundan soň Eýranda geçirilen gazuw işleri netijesinde tapylan Kuroşyň daş heýkeli barada aýdarys. Hut şu heýkel meseläni çözer we anyklar.

Ýahudylaryň Kuroş baradaky dini we kowmy garaýyşlary.

Isiýahyň, Ýermiýahyň we Daniýalyň kitaplarynyň ýahudylaryň (ýewreýleriň) dini we ylhamy kitaplaryndandygyna şek-şübhe ýokdyr. Ýahudylar (ýewreýler), şu kitaplaryň ähtibarly mazmununa görä Kuroşyň Hudaý tarapyndan Beni-Ysraýyly halas etmek we olaryň ybadathnalaryny täzeden dikeltmek üçin belländigine ynanypdyrlar. Şuňa görä “Ýeşyýahyn kitabynda” Kuroş hudaýyň çopany, onuň sadyk bendesi we hudaýyň erkini ýerine ýetiriji hökmünde ýatlanypdyr. Danýalyň gören düýşünde bolsa Kuroş iki şahly şekilinde görünipdir. Şonuň ýalyda, Isiýah ony Gündogaryň bürgüdi görnüşinde görüpdir. Şonuň üçin ýahudylaryň Kuroşy “Zülkarneýin “(iki şahly) şekilinde pikir edendiklerine şübhe galmaýar we onuň peýda bolmagyny-da öz pygamberleriniň buşlan habarlarynyň dogrudygynyň şaýady diýip bilipdirler.

Şu hakykata ünüs bermek bilen, ýahudylaryň Zülkarneýin barada beren soraglaryndan maksatlarynyň Kuroşdan başga adam däldigi tebigydyr. Çünki “karn” sözi ybry we arap dilleride bir (“şah”) manydadyr. Şu soragy öňe süren ýahudylaryň (ýewreýleriň) we araplaryň Kuroşy “Zülkarneýin” atlandyrandylaryna şek-şübhe galmandyr. Diwar (sedd) saldyrmak barada öň ýatlap geçen rowaýatymyzda şu pikiri tassyklaýar. Çünki şol rowaýatda ýahudylar (ýewreýler) Zülkarneýiniň ady “Töwratda” diňe bir gezek ýatlanypdyr diýip beýan edilipdir. Biz hem bilýäris, iki şahly goç diňe bir gezek, ol-da “Töwratda”—“Daniýalyň saparyda” ýatlanypdyr. Şeýlelikde Zülkarneýiniň taryhy şahsiýeti doly suratda äşgär we takyk bolýar.

Kuroşyň daş heýkeli.

Zülkarneýin barada beýan eden şu tefsir-düşündirişim ilknji gezek “Daniýalyň saparyny” okan mahalymda ýadyma düşdi. Şundan soň ýunan (grek) taryhçylarynyň ýazgylaryny derňäp görenimde, şu pikiriň dogrydygyna ynandym we göz ýetirdim. Emma grek taryhçylatynyň sözleri şu lakamyň pelsepesini doly aýdyňlaşdyrmaýardy we “Töwratdan” başga şu nazary tassyklaýan aýry bir tassyklama elde ýokdy. Emma birnäçe ýyldan soň Eýranyň gadymy ýadygärlikleriniň arasynda Kuroşyň daş heýkelini gördüm. Şol möhüm taryhy eseri görenimden soň, öz garaýyşymyň dogrydygyna ýene bir gezek doly ynandym.

Şu heýkel, Diýolafoýyň sözlerine görä, gadymy döwürde daşyň ýüzüne gazyp heýkel ýasamak hünäriniň örän gymmatly nemunasy we iň gözel grek heýkelleri bilen deň durup biljek Aziýa sungatynyň ýeke-täk nusgasydyr(Diolafioý—fransuz arheolog). Ol 1883-1884-nji ýyllarda Eýran şasy Nasretdin şadan Şuş şäherinde gazuw işlerini geçirmek üçin rusgat alýar we bir delegasiýa ýolbaşçylyk edip Eýrana gelýär. Ol bir näçe gazuw işlerini geçirip, ençeme gymmatly ýadygärlikleri toplaýar we açyşlar edýär, birnäçe ýadygärlikleri bolsa Pariže alyp gidýär.

Kuroşyň şol daş heýkeli Istahryň (Şiraza golaý) ýakynynda “Murgap” derýasynyň kenarynda tapylypdyr. Onuň tapylmagy taryhy we sungat jähetden şeýle bir ähmiýete eýe bolupdyr, hatda Germaniýanyň birnäçe alymlary ýörite şony görmek üçin Eýrana sapar edipdirler. Bu heýkel ynsan boýuna barabar bolup, Kuroşy iki gapdalyndan bürgüdiňki ýaly iki ganat ýazylyp duran şekilde görkezýär we kellesiniň ýokarsynda goçuň şahlary ýaly iki sany şah bar. Sag eli bilen öňe tarap yşarat edýär hem-de ýegnine Wawilon we Eýran patyşalarynyň geýýän geýimleri ýaly geýim geýipdir.

Bu heýkel Zülkarneýin sözünüň manysynyň göz öňüne getirilşiniň Kuroşyň pikirine täsir edendigini şeksiz subut edýär. Şonuň üçin ol bu heýkelde hut şu görnüşde görkezilipdir.

Daniýalyň gören düýşünde onuň gözüne görünen goçuň kellesinde iki şahy bolupdyr. Emma beýleki goçlaryňky ýaly däl. Eýsem ol şahlaryň biri beýlekisiniň yzynda diýip beýan edipdirler. Şu beýan ediliş edil Kuroşyň heýkelindäki şahlara gabat gelýär. Emma heýkelde görünýän iki ganat Kuroşy gündogaryň bürgüdi atlandyrylan Isiýahyň gören düşünüň mazmununa deň gelýär. Şu sebäpli, Kuroşyň heýkeli “murg” (“guş”) ady bilen şöhratlanypdyr. Onuň aýagynyň aşagynda akyp ýatan derýa “Murgap” (murg+a:b) (guş+suw) atlandyrylypdyr. Taryhy nukdaý nazardan üns berip, derňew geçirilen halatda bu heýkeliň Ardeşeriň döwründe ýasalyp, dikeldilendigi mälim bolýar (Ardeşir—ahamenidler döwürünüň patyşasy. Ol “Uzyn el” ady bilen meşhurdyr. 424 ýyl biziň eramyzdan öň aradan çykan).

Ahaminidleriň dinastiýasy we Kuroş.

Indi taryhy ylymlaryň Kuroş barada geçiren derňewlerine üns bereliň we şol derňewleriň nä derejede “Kuranda” beýan edilen faktlara gabat gelýändigini görüp geçeliň.

Eýran taryhynyň üç döwüri.

Häzirki zaman taryhlary Eýranyň gadymy taryhlaryny üç döwüre bölünýär: Birinji döwür: Isgender Makadonskiniň (Aleksandr Makadonskiý) Eýrana hüjüm etmezinden öňki döwür. Ikinji döwür: “Mülk et-towaýyfy”, ýagny taýpa başlyklarynyň häkimet eden döwri. Üçünji döwür: Sasany dinastiýaysynyň döwri.

Eýran öz taryhynyň birinji döwründe iň beýik ösüş derejesine ýetipdir. Şu döwrüň esasyny goýan beýik Kuroşdy. Nebsimiz agyrsa-da, şu döwür barada dogry we takyk maglumatlary ele salmak örän kyn. Biziň şu döwür barada bilýän zatlarymyzyň köpüsi ýunan (grek) çeşmelerinden toplanan maglumatlardyr (resminamalary Aleksandr Makadonskiý Eýrana hüjüm etmegi zerarly düýüpden ýok edilipdir. Şol döwürden galan ýeke-täk ýadigärlikleriň biri Darýuşuň (Dariniň) myhy (çüý) hat bilen ýazylan daş ýazgylarydyr. 19 asyr alymlary ol ýazgylaryň “syryny” açypdyrlar, beýleki ýadigärlik bolsa Kuroşyň heýkelidir. Ol bitinligine saklanyp galypdyr.

Fars we Midiýa.

Eýran ýurdy 560 ýyl biziň eramyzdan öň iki bölege bölünipdir. Ýurduň günorta tarapy Fars we demirgazyk tarapy-da Madiýa ýa-da Midiýa atlandyrylypdyr. Şol döwürde Aşur (Assiriýa) we Babyl (Wawilon) hökümetleri örän gudratly bolandyklary sebäpli, Eýranyň iki bölegi-de olaryň gysyşy astynda bolupdyr. Eýranda bolsa taýpa başlyklary we emirler häkimeti edipdirler. Şonda soň, 612 ýyl biziň eramyzdan öň Assisiriýanyň we Wawilonyň paýtagty Neýnewa şäheri weýran edilipdir. Assiriýanyň patyşalygy aradan aýyrylýar we Eýranyň Mad atlandyrylýan demirgazyk tarapynyň emirleri Assiriýanyň täsirinden halas bolýarlar we özbaşdak ýurt döredýärler. Şunuň ýaly-da, fars kabylalary hem dörän amatly pursatdan peýdalanyp, öz ýurtlarynda “inşan” atly özbaşdak hökümet döredýärler. Emma şu iki döwletiň ýeterlik güýç-kuwwatlary bolmanlygy sebäpli, näbelli bolup galypdyrlar. Hususan-da, Wawilonyň ýagdaýy Neýnowa weýran bolandan soň täze döwüre geçip, öz güýjüni we işjeňligini artdyrypdyr we Wawilonyň patyşasy Bohtonesser (Nabukad-nassar) günbatar Aziýanyň boýdan-başa öz täsiri astyna alypdy.

Kuroşyň döremegi.

Eýranyň ýagdaýy şunuň ýaly dowam edýärdi. Şeýlelikde, biziň eramyzdan öň 559-nji ýyl ýetip gelýär. Şol ýyl dünýäniň ünsüni özüne çeken bir geň we aýlantgy şahsyýet döreýär. Şol şahsiýet ahamenidler dinastiýasyndan bolan Kuroş atly ýigitdi. Grekler oňa Saýros diýýärler. Fars emirleri oňa öz hökümet başlyklary edip saýlaýarlar. Kuroş az wagtyň içinde Mad (Midiýa) ýurduny eýeleýär we Farsa goşýar. Şeýlelikde, birinji gezek Eýranyň iki böleginden ýeke-täk bir ýurt emele gelýär we günbatar aziýada täze bir imperatorlyk döreýär. Şu seneden başlap, Kuroşyň ýeňişleri, elbetde, mal toplamak we ýeňişe buýsanmak maksady bilen däl-de, howupsyzlygy, haky, adalaty ýaýbaňlandyrmak, sütem görenlere kömek bermek, sütemkär zalymlaryň zulumynyň öňüni almak niýeti bilen dowam etdirýärler. Entek Kuroşyň häkimeti başyna geçenden on iki ýyl geçmänkä tä Balh sährasyna çenli oňa boýun ýegýärler.

Kuroşuň ilkinji goşun çekişi we Lidiýany basyp alyşy.

Lidiýanyň patyşasy Krezus Kuroşyň garşysyna baş göterip başlan ilkinji patyşady. Ahamenid patyşasy onuň gozgalaňyny ýatyrmak üçin goşun çekýär, ony ýeňýär we ýurduny eýeleýär. Şunlukda, Eýranyň günbatar tarapynda Kuroşyň ilkinji ýeňişi amala aşyrylýar.

Lidiýa Kiçi Aziýanyň demirgazyk tarapynda ýerleşýärdi, häzirki wagtda şol ýer “Ýenezol” atlandyrylýar. Lidiýanyň häkimeti şol döwürde grekleriňkä meňzeýärdi. Kuroş bu uruşda ýeňýär. Şol döwürde bolsa, ýeňilen ýurduň täleýi horluk we ölümdi. Emma ýunan (grek) taryhçylarynyň biragyzdan tassyklamaklaryna görä, şular ýaly hadysalar şol ýeňişde ýüze çykmandyr. Kuroş ýeňilen Lidiýanyň halky bilen örän mähirbanlyk edýär we Lidiýanyň patyşasyny tä ömürünüň ahyryna çenli hormatlap, rahatlykda saklaýar we özünüň şu hoş gylygy arkaly öňki patyşalaryň dowam etdirip gelen zulum, sütem, öldürmek we weýran etmek ýaly ýaramaz däplerini aradan aýyrýar.

Kuroşyň ikinji gezek goşun çekmegi.

Kuroşyň ikinji goşun çekişi gündogara tarap bolupdyr. Çünki “Gidrosiýa” we “Bakteriýa” etraplarynyň wagşy kabyllary gozgalaň turuzup başlan ekenler. Kuroş ýurdunuň howupsyzlygyny gorap saklamak uçin, näalaç şolaryň üstüne goşun çekýär.

“Gidrosiýa” Eýranyň günorta tarapy bilen Sindiň aralygndaky teretoriýanyň adydyr. Häzirki wagtda şol teretoriýa Mukran we Bulujystan atlandyrylýar. “Bakteriýa” bolsa häzirki zaman Balhyň ýerleşýän ýeridir. Çak edilşine görä, şu hüjüm biziň eramyzdan öň 540 we 545-nji ýyllaryň aralygynda ýüz beripdir we Kuroşyň Balha girmegi Gündogaryň iň ahyrky bölegine giren hökmünde hasaplanypdyr. Hakykatda has ýakyn çaklama Kuroşyň şu ýörişde “Sindiň” şäherlerini basyp almagydyr we Eýranlylara Sinde Hind at beripdirler. Şonuň üçin Darýuşuň daş ýazgylarynda Hindiň ady-da basylyp alynan ýigrimi sekiz ýurduň arasynda agzalýar.

Wawilonyň basylyp alynmagy.

Edil şu senede (545 ýyl biziň eramyzdan öň) Wawilonyň emirleri we atly-abyraýly adamlary Bil Şazar atly patyşalarynyň zulum-süteminden bizar bolupdyrlar. Şol sebäpli, olar özlerini halas etmek üçin Wawilona gelmegini ondan haýyş edýärler. Çünki Wawilon imperatolygy Neýnowanyň harabalygynyň üstünde täzeden dikeldilip, çaltlyk bilen daş-töweregindäki ýerleri basyp alýardy, patyşalary Bohtennesser örän zalym we birehim, özüniň täsirini töwerege ýetirmäge çalyşýardy. Şol sanda Şam bilen Palestina ençeme çozup, talaňçylyk edipdi. Ol özüniň iň soňky hüjüminde ýahudylaryň (ýewreýleriň) galan kowumet ýaşaýyşlaryny büs-bütin aradan aýyrýar. Şu pajyganyň eserleri entegem Hyzkylyň, Ýermiýanyň we Isiýahyň kitaplarynda saklanyp galypdyr. “Töwrat” şu pitnede ýok edilýär. Ýahudylaryň (ýewreýleriň) köp sanly adamlary öldürilýär, galanlary-da ýa ýesir alynýar, ýa-da dünýäniň dürli künjeklerine gaçyp gidýärler. Şu ýagdaý ýetmiş ýyllap dowam edýär. Ahyrsoňy Bohtennesser ölýär we Wawilonyň dabarasyda pese düşýär. Onuň deregine Bil Şazar tagta çykýar. Oňa ilat “pyssy-pujurlaryň we şeriň heýkeli” diýip at beripdirler. Munuň zulumdanda halk bizar bolýar.

Şu pursatlarda Kuroşyň adalat dabarasy dag aşyp, bütin dünýä ýaýrapdy. Şonuň üçin Wawilonyň ýaşulylary özlerini halas etmek maksady bilen oňa ýüzlenipdirler.

Kuroş olaryň çagyrşyny ýerine ýetirmek üçin Wawilona ugraýar, ýoldaky ýurtlaryň hemmesini özüne boýun ýegdirýär we Wawilonyň beýik diwarlaryna çenli baryp ýetýär. Şäheri gabaýar. Meşhur grek taryhçysy Gerodotyň rowaýatyna görä, Kuroşyň goşunynda ýol görkeziji-belet höküminde hyzmat eden Wawilonyň ozalky häkimi “Gub Ryýas” şäheriň ortasyndan geçýän Dejle (Tigr) derýasynyň ýoluny baglap, ownuk ýaplar arkaly onuň suwuny başga tarapa sowýar we Kuroşyň hüjümi üçin ýol taýýarlaýar. Gijäni penalap, goşunlar şol ýoldan şähere girýärler we ony eýeleýärler.

Ýahudylaryň ýesirliginiň soňy we olaryň ybadathanalarynyň täzeden dikeldilmegi we şu barada olaryň garaýyşlary.

Öňde beýan edilişi ýaly, ýahudylaryň (ýewreýleriň) mukaddes kitaplary Kuroşyň peýda bolup, Wawilony aljakdygyny hudaý tarapyn bir zat diýip bilýärler. Hudaý ony ýahudylary (ýewreýleri) ýetmiş ýyllyk ýesirlikden azat etmek we Urşalymyň (Iýerusalymyň) binasynyň täzeden dikeldilmegi üçin iberipdir diýip hasap edýärler. Ýeşyýah bir ýüz altmyş we Ýermiýah altmyş ýyl şu wakanyň ýüze çykmagyndan öň ol barada habar beripdirler. Ýahudylaryň (ýewreýleriň) gadymy dini kitaplarynyň mazmununa laýyklykda Beni-Ysraýyl pygamberleriň öňden görüjilik bilen aýdanlary Wawilon alynandan soň, Kuroşyň nazaryna ýetirilýär. Ol bolsa şondan soň ybadathananyň Bohtennesser tarapyndan talanyp alnan hemme tylla-kümüş gap-gaçlaryň gaýtarylyp berilmegine perman berýär, ýesir ýahudylaryň-da Palestina gaýdyp gelmeklerine rugsat berýär we weýran bolan öz şäher we ybadathanalaryna täzeden dikeldilmegini tabşyrýar (bu hakda “Azra” kitabyna serediň!). Kuroşdan soň Ardeşir we ahemenidleriň beýleki patyşalary-da ýahudylar bilen edil şeýle gatnaşyk etmeklgi dowam etdiripdirler. Ýahudylaryň taryhy çeşmeleriniň rowaýatlaryna görä, Daniýal, Azra, Nahmyýah, Heji Kuroşyň, Darýuşuň we Ardeşiriň köşükleri bilen ýakyndan gatnaşyk saklapdyrlar.

Kuroşyň üçünji gezek goşun çekmegi.

Ýunan (grek) çeşmeleri Kuroşyň taryhynda başga-da bir goşun çekişligi beýan edýärler we bu goşun çekişlik Mad (Midiýa) ýurdunuň araçäk işlerini düzmek maksady bilen geçirilipdir diýip düşündirýärler. Şu hüjüm ýurduň demirgazyk tarapynda amala aşyrylypdyr. Çünki Mad Eýranyň demirgazyk bölegi bolup, şol ýerdäki daglardan tä Gara deňize çenli baryp ýetýärdi. Soň-soňlar bu ýer Kawkaz atlandyrylypdyr. Häzirki zamanda Kawkaz şäherleri şu daglaryň derelerinde ýerleşýär. Kuroş şu hüjümide şol wagtdan häzir bu güne çenli Saýros, ýagny Kuroş atlandyrylýan bir derýa baryp ýetýär. Ol özünüň şu goşun çekmekligine daglyk ýerde ýaşaýan bir kowum bilen sataşýar. Şol kowum Kuroşa Ýajuj we Mäjüjyň edýän talaňçylyklaryndan şikaýat edýärler. Kuroş-da şolaryň haýyşy boýunça, geçýän gädiginiň öňünde demir diwar saldyrýar (ol hakda aşakda aýdyljakdyr!).

“Kuranda” ýatlanýan Zülkarneýin we Kuroş .

Ýokarda aýdylanlary nazara almak bilen, “Zülkarneýin” lakamynyň meselesi doly suratda çözülen diýip hasaplamak boljak. Hatda eger ýahudylaryň gadymy döwür dini kitaplarynyň tasyklamaklaryny göz öňünde tutmasak-da, Kuroşyň daş heýkeli biziň pikirimiziň hakykatdygyna güwä geçýän iň oňat we aýdyň şaýatlardyr.

Indi bir zady anyklamak gerek. “Kuranyň” “Zülkarneýin” barada beýan eden sypatlary Kuroşyň sypatlaryna gabat gelýärmi ýa-da ýok?

“Biz Zülkarneýin ýer ýüzünde häkimet we güýç-kuwwat bagyş ýetdik”.

1. “Kuranda” Zülkarneýin barada birinji wasp ediliş şeýle başlanýar: “Inna: mekkenna: lehufil-ýearz-i we a: teýna: ho min kull-i şeýin sebeba:”

( إِنَّا مَكَّنَّا لَهُ فِي الْأَرْضِ وَآتَيْنَاهُ مِن كُلِّ شَيْءٍ سَبَبًا “Kähf” süresi, 18.84-nji aýat),

ýagny: “Biz dogurdan-da, oňa [Zülkarneýin] ýer ýüzünde (öz häkimiýetini pugtalandyrmak we ýeňişlerini tamamlamak üçin) her bir zatdan bir sebäp-tutarlyk onuň eline berdik”.

Şu ýerde bir zady nazara almaly. Ol-da bolsa “Kuranyň” ýörite bir aýratynlygydyr. “Kuran” her bir adamyň ünüsini, täsirini we häkimetini hudaýa degişli hasap edende, okyjylaryň ünüsini şoňa çekmek isleýär we şol wakanyň uly ähmiýete eýedigini, tötänden ýüze çykaran we adaty zatlaryň täsirindendigini nygtamagy göz öňünde tutýar. Şonuň üçin bu waka bagyş eden zadyna degişli hasap edilýär. Meselem “Kuranyň” “Ýusup” süresinde şeýle diýilýär: “We kezälike mekkenna: li Ýusufe fil-arzd…” (21-nji aýat bölek), ýagny: “Biz şeýlede Ýusuby [Müsür] topragynda ýerleşdirdik”. Şeýle beýan edilmegiň sebäbi Ýusubyň adaty bolmadyk geň ýagdaýda Müsürüň hökümetine etmegidir. Şu asyla görä, “Kuran” onuň işini hudaýa degişli edip goýýar. Şeýdip, bu wakany ol barada hudaýyň beren ýörite nygmatlaryndan biri diýip, görkezmek isleýär. Hudaý ony zyndandan boşadyp, hökümet tagtyna galdyrýar. “Kuranyň” Zülkarneýin barada beýan ediş usuly-da edil şunuň ýalydyr. Şoňa görä, Zülkarneýiniň etmegi-de bir adaty ýagdaýda bolan zat bolmaly däl. Munuň özi Hudaýyň oňa aýratyn merhemet nazaryny salypdyr diýen pikire gabat gelýär.

Kuroşyň işjeňligine şu nukdaý nazrdan seretsek, şeýle özboluşlylygyň doly suratda onuň sypatlary we bitiren işleri bilen deň gelýändigini görüp bilýäris. Çünki ol öz durmuşunuň geň hadysalaryndan doly bir muhytda-töwerekde (sredada) we örän adatdan daşary ýagdaýda başlanypdyr, hatda onuň şeýle durmuşy ol hakda ençeme rowaýatlaryň ýüze çykmagyna sebäp bolupdyr. Şol rowýatlarda aýdylşyna görä, Kuroş dünä inenden başlap, babasy (ýejesiniň kakasy) onuň bilen tüýs duşman bolýar we ony öldürmegi ýüregine düwýär. Emma Kuroşy öldürmäge buýruk alan adam oňa rehimi gelýär we ony ölümden gutarmak isleýär. Şeýlelikde, Kuroş tokaýlarda, çöllerde we daglarda çopan eşiginde näbelli halatda ulalyp başlaýar. Şeýle ýagdaýda tötänden uly bir özgeriş ýüze çykýar, Kuroş özünde adatdan daşary bir güýç duýup, aktiw (işeňňir) tagalla edip ugraýar. Ahyr soňunda ol hiç hili garşylyksyz Madyň (Midiýanyň) häkimetini eýeleýär.

Görüşümiz ýaly, adaty ýagdaýyň häsiýeti beýle bolmaýar. Kuroşyň başdan geçirenlerini örän geň we seýrek duş gelýän wakalardyr.“We hemme ösüş we ýeňiş serişdelerini oňa bagyş ýetdik”

Öň görüp geçişimiz ýaly, “Kuranda” “biz hemme sebäp-tutaryklary, (ýagny ösüş we ýeňiş serişdelerini) oňa bagyş ýetdik” diýilýär.

Şu beýan edilen pikir durmuş hakykaty bilen, Kuroşyň ýaşaýşy bilen doly gabat gelýän faktdyr.

Düýnki näbelli bir çopan bolup ýören ýigit bu gün patyşalyk tagtyna çykýar we üstünlige gerek bolan serişdeleri hiç hili kynçylyksyz ele getirýär!

Grek taryhçylarynyň ýazmaklaryna görä, Fars kabylarynyň hemmesi öz-özünden Kuroşyň buýruklaryna boýun bolýarlar. Taryhda birinji gezek birleşen fars we Mad ýurdy emele gelýär. Şondan soň öň görülüp-eşidilmedik beýik goşun Kuroşyň ygtyýaryna geçýär.

Ilkinji ajaýyp öňe gidiş.

2-Şundan soň “Kuran” Zülkarneýin üç sany möhüm öňe gidişiň nesip edendigini beýan edýär. Şolaryň birinjisi “Günüň günbataryna” tarap öňe gidişidir. Elbetde, “Günüň günbataryndan” maksat biziň gözümize görünýän Günüň ýaşýan ýeridir, ýagny şol günbatar tarapy bolup, Günüň hakyky ýaşan ýeri däldir. Çünki şeýle ýer ýokdur we bolup-da bilmez. Dünäniň hemme dillerinde günbatar we gündogar sözleri “Günüň batýan” we “Günüň dogýan” ýeri diýip düşündirilýär. Meselem, “Zekeriýanyň kitabynda” şeýle diýilýär: “Leşgerleriň hudaýy şeýle diýýär, indi öz kowumymy Gündogardan we Günüň batýan ýerinden halas ederin” (“Zekerýanyň kitaby” 8-nji, bap, №7), ýagny Beni-Ysraýyly Müsürden Wawilondan halas ederin. Çünki Müsür Palistina garanda, onuň günbatarynda we Wawilon bolsa, şol ýere garanda gündogar hasaplanýar.

Munuň özi, elbetde, sada we aýdyň bir meseledir. Emmakäbir müfessirler-düşündiriş ýazyjylar adatdan daşary geň zatlara kowalaşyp, şeýle hyýal edipdirler, göýä Zülkarneýin Günüň hakykatdan-da batýan bir ýerine baryp ýetipdir.

Şu gürrüňüň netijesi şeýle: Kuroşyň ilkinji möhüm goşun çekişi günbatar tarapda bolupdyr we bu goşun çekişligiň maksady Lidiýanyň üstüne hüjüm etmekdigine şek-şübhe ýok. Çünki her kim Eýranyň demirgazyk tarapyndan Kiçi Aziýa tarap ugrasa, doly suratda, gös-göni günbatara tarap gitdigi bolýar. Kuroş Farsy we Mady birleşdirip ýeketäk döwlet döredip patyşalyk täjini başyna goýan mahalynda tötänden, duýdansyzlykda Lidiýanyň patyşasy Krezusuň hüjümi başlanýar. Bu barada biz öň beýan edipdik. Krezus goşunlaryny araçäk şäheri bolan Petriýa girizýär. Kuroş alaçsyz galyp, onuň çozuşunyň öňüni almak üçin Madyň paýtagty Ikbatandan hereket edýär, Petriýada we Sardizde iki gezek uruşup ol ýerleri eýeleýär. Geredotyň ýazmagyna görä, Aziýanyň boýdan-başy Şam deňizinden tä Gara deňze çenli bolan ýurtlar Kuroşyň permanyna boýun bolýar. Emma Kuroş öňe gidişini dowam etdirýär we günbataryň ahyrky bölegine, ýagny deňiziň kenaryna baryp ýetýär we şol ýerde saklanýar. Ol güniň deňiz kenaryndaky aýlak çeşmede ýaşýandygyn görýär. Şol ýer, şübhesiz, Kuroş duran ýerine garaňda “Gunüň günbatary”, ýagny günbataryň ahyrky çägi bolupdyr.“Zülkarneýin Güni gördi, ol Gün bir bokur suwly çeşmä girip gidýärdi. Şol çeşmäniň ýanynda ol bir kowum gördi”.

Haçan-da, Kiçi Aziýanyň günbatar kenarynyň kartasyny öz öňümizde goýup seretsek, kenaryň uly böleginiň kiçijik aýlaglara baryp direýändigini, hususan-da Izmiriň ýakynynda aýlagyň çeşme görnüşündedigini görüp bileris.

Sardiz şäheri günbatar kenaryň ýakynynda, häzirki Izmir şäherinden uzakda bolmadyk ýerde ýerleşipdir. Şoňa görä, Kuroş bu şäheri alandan soň, öz ýörüşini dowam etdirip, Egeý deňziniň ýakasynda Izmiriň ýakynynda bir ýere baryp ýetýär. Şol ýerde ol kenaryň çeşmä meňzeş görnüşdedigini hem-de onuň palçygy we laýy zerarly suwuň garalandygyny we Günüň ýaşýan wagtynda şu çeşmä girip gidýändigni Kuroş görýär. “Kuran” şu ýagdaýa yşarat edip şeýle diýýar: “Wejedeha: tažrobo fi aýnin hamiýetin” (“Kähf”, 86-nji aýatdan), ýagny “Gün bir bokur suwly çeşmä çümýän ýaly bolup göze görünýärdi”. Elbetde, Günüň mahsus bir ýerde ýaşmaýandygy belli zat. Emma haçan-da, bir adam deňiz kenarynda durup seretse, Günüň ýuwaş-ýuwaşdan deňze çümýandigni görer.

Gündogara goşun çekişi.

3-Kuroşyň ikinji goşun çekişi “Günüň gündogaryna”, ýagny gündogar tarapa bolupdyr.

Taryhçylar Geredotyň we Tisiýazyň ikisi-de Kuroşyň şu gündogar hüjüminiň Lidiýany basyp alandan soň we Wawilony ýeňmeginden öň bolandygyny ýatlaýarlar. Şu iki grek taryhçysynyň beýan edenleriniň gysgaça mazmuny şeýle: “Käbir wagşy we çölde gezýän kabylalaryň baş götremegi Kuroşy şu hüjümi geçirmäge mejbur edipdir”.

Şu aýdylanlar “Kuranyň” aýdýň beýan edenlerine gabat gelýär. Onda şeýle diýilýär: “Hatda: izä: balaga matlina` şşemsi wejedeha: tetlio` ala: kawmin lem neja`l lehom min du: niha: sitren”

( حَتَّى إِذَا بَلَغَ مَطْلِعَ الشَّمْسِ وَجَدَهَا تَطْلُعُ عَلَى قَوْمٍ لَّمْ نَجْعَل لَّهُم مِّن دُونِهَا سِتْرًا “Kähf”, 90-nji aýat).

(Terjimesi: “Tä gündogar topragyna baryp ýetdi, şol ýerde bir kowum duş geldi. Biz olar bilen Günüň arasynda örtgi goýmadyk”), ýagny Zülkarneýin haçan-da, gündogaryň soňuna baryp ýetende, şol ýerde bir kowum görýär, şol kowumyň üstüne Gün doganda, olaryň Gün yssysyndan goranmaga saýabanlary ýok eken. Bu sözlerden maksat şeýle, ýagny ol kowum çarwa bolup, şäherde oturumly däl ekenler we jaý salyp ýaşamaýan ekenler.

Gündogaryň çarwa kabylalary.

Grek taryhçylarynyň käbir açyklamalaryndan görnüşine görä, şu çarwa kabyllary “Bakteriýa”, ýagny Balh kabylalary bolupdyrlar. Eger biz gadymy Eýran kartasyna göz aýlasak, Balhyň şol döwür Eýranyň uzak Gündogary hökümindedigini görüp bilýaris. Çünki şondan soň daglyk başlanyp, ýol baglanýar. Görnüşine görä, “Gidrosiýa” kabylalary şol wagtda Balhyň gündogar etraplarynda topalaň turuzup, pyssy-pujurlyk edip başlapdyrlar. Şu sebäbe görä, Kuroş paýtagtdan Balha tarap ýola düşýär we ol ýeri eýeleýär. “Gidrosiýa” diýilýän ýer bolsa şu günki Mukran we Bulujystan weleýatlarydyr.

Kuroşyň üçünji goşun çekişi we Ýajuj-Mäjuj diwary.

4-Kuroşyň ýene bir goşun çekişi daglyk şäherlerine bolupdyr. Şol ýerler Ýajuj we Mäjuj toparlary hüjüm edip, talaňçylyk edýän ekenler. Kuroş şol ýerde diwar saldyrýar.

Bu ýöriş Kuroşyň üçünji gezek goşun çekişidir. Şonda ol Hazar (Kaspi) deňzii sag tarapynda galdyryp, Kawkaz daglaryna tarap ugraýar we iki dagyň arasyndaky geçelgä baryp ýetýär. “Kuran” bu habary şeýle beýan edýär:

“Hatda: izä: balaga beýn ýes-seddeýni wejede min du:nihima:kawmen la:ýeka:du:ne ýefkahu:na kawlä”

( حَتَّى إِذَا بَلَغَ بَيْنَ السَّدَّيْنِ وَجَدَ مِن دُونِهِمَا قَوْمًا لَّا يَكَادُونَ يَفْقَهُونَ قَوْلًا “Kähf”, 93-nji aýat),

“ýagny Zülkarneýin öňe gidişini dowam ýetdirip, iki dag diwarynyň arasyna baryp ýetýär. Şol ýerde bir kowum sataşýar, ol kowum dile düşünmeýän ekenler”.

Şu aýatdaky iki diwar Kawkaz daglarynda bolan bir geçelgedir. Kawkazyň sag tarapynda Hazar deňzi ýerleşýär we onuň gündogar tarapynyň ýoluny baglaýar. Sol tarapyna bolsa, Gara deňiz ýerleşýär, ol-da ýolyň günbataryny ýapýar we iki deňiziň arasynda beýik dag gerişleri bar. Ol daglar tebigy diwar emele getiripdirler. Şeýlelikde, şu daglaryň arasyndaky geçelgeden başga demirgazykdan hüjüm edýänlere hiç hili ýol galmaýar. Kuroş şu geçelgede bir demir diwar saldyrýar we talaňçylaryň ýoluny baglaýar. Şu diwar arkaly diňe bir Kawkaz sähralarynyň ilatyny asuda we howupsyz ýetmän, belki onuň saldyran diwary bütin günbatar Aziýanyň şäherleriniň asudalygy üçin mäkäm we gulplanan gapy höküminde hyzmat edipdir hem-de günbatar Aziýanyň hemme ilatyny demirgazyk tarapdan abadan howupdan gorap saklapdyr.

Karta seredeniňde, günbatar Aziýa aşakda, Hazar deňzi ýokarda, Gara deňzi sag gapdalda we Kawkaz daglary iki deňiziň arasyny baglaýar. Şonuň üçin Gara deňiz we Hazar deňzi we Kawkaz daglary tebigy bir diwary emele getirýär. Bu diwar bolsa, ýüzlerçe mil dowam edýär we şu tebigy diwarda demirgazykdan çozýan kabylalar üçin şol geçelgeden başga ýol bolmandyr. Hut şunuň üçin Kuroş şu geçelgäni demir diwar arkaly baglapdyr, şunuň bilen-de günbatar Aziýany demirgazyk şäherlerden jyda edipdir.

Emma Zülkarneýiniň şol ýerde gören medeniýetsiz we pähimsiz kowumy ýunan (Gresiýa) taryhynda “külşi” we Darýuşyň daş ýazgylarynda “kuşniýa” atlandyrylan kowum bolmagy mümkindir. Şu kowumyň adamlary Ýajuj we Mäjüjiň hüjüm edýänligi zerarly Zülkarneýine şikaýat edýärler. Olar medeniýetden paýsyz bolandyklary üçin “Kuran” olar barada şeýle diýýär: “…La: ýeka: du: na ýefkahu: na kawlä” (“Kähf” süresiniň 93-nji aýadyndan bölek), ýagny olar söze düşünmeýärdiler we örän wagşydylar”.

“Kuranda” Zülkarneýiniň ahlak sypatlarynyň waspy.

5-Zülkarneýiniň “Kuranda” beýan edilen ilkinji ahlak sypaty onuň adyllygy we halky goldamaklygydyr. Indi şu sypatyň nä derejede Kuroşa gabat gelýändigini görüp geçeliň.

“Kuran” Allatagala Zülkarneýin günbatarynda sataşan kowumlary barada şeýle diýdi diýip habar berýär: “Imma: ýek töazzibe we imma: ýek tettahyza fi: him hoska:” (şol ýerde 86-nji aýatdan bölek), ýagny “bu kowum häzir seniň gudratly goluňda, şoňa görä, sen olara azap berip bilersiň. (Eger iman getirmeseler) ýa-da olar bilen oňat gatnaşyk saklap bilersiň” (Eger iman getirseler). Şu kowumdan maksat Lidiýa ýurdyndaky grek ilatydygyna şek-şübhe ýok. Şularyň patyşasy hiç-hili sebäpsiz we Kuroş bilen şertnamasynyň we ýakyn gatnaşygynyň bardygyna garamazdan, onuň üstüne hüjüm edýär, şunuň bilende kanagtlanman, üstesine öz döwürüniň hemme güýçli döwletlerini oňa garşy aýaga galdyrýar. Elbetde ýeňilenden soň, Kuroş ony şeýle gabahat iş edenligi üçin jezalandyrmaga haky bardy. Eger şeýle eden bolsa, hiç-hili gürrüň hem bolup biljek däldi. Şu ýagdaýy “Kuran” şeýle düşündirýär: “ýa olary gynap, azaba duçar edip bilersiň ýa-da olar barada hoşgylyk bolup bilersiň”.

Emma Zülkarneýin aýdýar: Belki men olar bilen hakykat ýoly arkaly gatnaşyk ederin, çünki men zulumy gowy görýänlerden däldirin:

“Ýemma:men zalama fesawfa noazzibohu summe ýoreddu ila: rebbihi, fe ýoazziboho aza: ben nukro. We ýemme; men Ýemene we amila sa; lihen fe lehujeza; ýenilhusna; we seneku; lo leho min emrina; ýusra;”

(“Kähf” 87-88-nji aýatlar),

ýagny “Emma sizlerden her kim zulum we sütem eden bolsa, ony jezalandyraryn. Ondan soň, ýagny ölenden soň ol hudaýa tarap öwrülüp barar, şonda hudaýda ony ýerbet jezalara duçar eder. Emma her kim hudaýa iman getirse we oňat işler etse, iň oňat jeza alar we biz onuň işini ýeňilleşdireris (we her jähetden oňa rahatlyk dörederis)”.

“Kuranyň” şu beýany Kuroşyň gylyk häsiýetleri barada grek taryhçylarynyň giňden ýazan zatlarynyň gysgaça mazmunydyr. Häzirki zaman taryhçylaryda ony bir taryhy hakykat hökmünde kabul edipdirler. Grek taryhçylary Kuroşyň Lidiýany basyp alandan soň şol ýurduň ilaty bilen eden gatnaşygy diňe bir aýdyň adyllyk bolman, Eýsem boýdan-başa merhemet, sahylyk we sypaýylyk bolupdyr diýip, biragyzdan belläpdirler, çünki jenaýatkär we günäkär duşmana jeza bermek adyllylykdyr. Şuňa garamazdan, Kuroş diňe bir jeza bermekden saklanyp, adyllylyk görkezmek bilen kanagatlanman, belki şu amaly arkaly ynsanyýetiň adamkärçiligiň iň beýik derejesine ýokary galypdyr.

Grek taryhçysy şeýle ýazýar: Goşunlar urşujylardan başga hiç kime gylyç çekmesinler diýip, Kuroş buýruk berýär we duşmanyň her bir esgeri eger öz naýzasyny ýere tarap aşak egse, ony öldürmeli däl diýip tabşyrýar. Ýeňlen patyşa Krezus barada “hiç kim oňa azar bermeli däl, hatda eli ýaragly birine hüjüm etse-de” diýip perman çykarýar. Kuroşyň goşuny onuň permanlaryny doly ýerine ýetirýärler. Netijede halk köpçüligi uruş kynçylyklaryny duýmaýarlar, ýurt we patyşa ütgeýär, emma halkyň ýagdaýy özgerişe sezewar bolanok.

Kuroşyň umumy ahlagy.

Kuroş barada sözlenende, göz öňünde tutmaly bir zat bar. Ol-da bolsa, Kuroşyň taryhyny ýazan üç sany taryhçynyň onuň watandaşlary hem-de onuň kowumyndan däldikleri we onuň dinindäki adamlar bolmandyklarydyr. Olar ýunanyň (Gresiýanyň) graždanlarydyr. Gresiýanyň ilaty bolsa Kuroşa dostlukly nazar bilen garamaýardylar, çünki Lidiýanyň Kuroş tarapyndan basylyp alynmagy Gresiýanyň milletine we olaryň Hudaýlaryna uly ýeňiliş hasaplanýardy. Munuň üstesine-de, Kuroşdan soň Darýuş (Dariý) we Ardeşir birnäçe gezek Gresiýa hüjüm edipdirler. Şunuň üçin iki halkyň arasyndaky duşmançylyk örän güýçlenipdi. Şol üç sany grek taryhçysy öz esgerlerini Ardeşiriň döwründe ýazypdyrlar, ýagny grekleriň milli duýgularynyň has güýçlenip öwç alan asyrda. Hut şu döwürde grek şahyrlary iň ýiti esgerlerini Eýran milletine garşy gönükdiripdirler. Emma şu aýratynlyklara garamazdan, şol üç taryhçy Kuroşyň hetdenaşa beýikligini we ahlak jähetden artykmaçlyklaryny boýun alypdyrlar, hatda Geredot ol barada şeýle ýazypdyr: “Kuroş keremli, eli açyk, sahy we örän mylaýym we mähriban patyşady, beýleki patyşalar ýaly mal toplamaga höwesi ýokdy, belki sahylygy we bagyşlamagy ýykgyn edýärdi. Sütem görenlere adyllylyk görkezýärdi we ynsan haýry ugrunda bolan işleri söýýärdi”.

Şunuň ýaly-da, Zinafon şeýle ýazýar: “Kuroş akylly we mähriban patyşady, patyşalaryň beýikligi, danalarň sypatlary onda jemlenipdi. Güýçli erki we ýeňişi we sahylygy bardy, şygary ynsanaýete hyzmat etmek we gylygy adalatdy. Onuň tebigtynda (wüjudynda) kiçi göwünlilik we jomartlylyk ulumsylygyň we öwünjeňligiň ornuny eýeläpdi”.

Häzirki zaman taryhçylary-da şu garaýyşlary bilen doly ylalaşýarlar. Meselem, Oksford uniwersitetiniň mugallymy gadymy döwür taryhynyň spesalisti Grandi özüniň “Eýranyň uly uruşy” atly kitabynda şu meselä bagyşlap, ýörite bir bap ýazypdyr. Şol babyň ruhy-mazmuny we gysgaça beýany “Kuranyň” Zülkarneýin hakynda aýdanlaryna doly gabat gelýär.

Zülkarneýiniň akyda-ynançlary.

“Kurandaky” Zülkarneýiniň iň möhüm sypaty onuň ybadat Hudaýa bolan yhlasy we ahyretdäki ýaşaýyşa bolan imanydyr. Geliň, indi göreliň, Kuroş barada şu aýdylan sypatlar nä derejede hakykata deň gelýär!?

Öň aýdyşymyz ýaly, Beni-Ysraýyl pygamberleriň dini kitaplary we aýdan sözleri Kuroşy Hudaý Tarapyndan bellenen we Hudaýyň dogruçyl päk bendesi bilýärler we Hudaý ony öz hökümlerini ýerine ýetirmek üçin iberipdir diýip ynanýardylar. Şeksiz Beni-Ysraýylyň pygamberleri butparaz we Hudaýyň şärigi bar hasaplaýan adam barada şeýle pikir edip bilmezdiler. Şunlukda, Kuroşyň ýalňyz hudaýa ynanyçly adam bolandygy hökmanydyr. Munuň üstesine-de, onuň ornuna patyşa bolan Darýuşuň döwründe galan eserler we daşyň ýüzüne gazylyp ýazylan ýazgylar bu hakykaty delillendirýär. Çünkişol ýazgylaryň birinde şeýle ýazylypdyr: “Beýik Hudaý Ahuramazda şol Asman bilen ýeri ýaradan we hoşbagytlylyk ýollaryny ynsanyň ýüzüne açan Hudaýdyr”. Başga bir ýazgyda şeýle gazylyp ýazylypdyr: “Darýuş hemme ilata yglan edip bildirýär-Ahuramazda öz rahmeti we yhsan-berimi arkaly patyşalygy maňa bagyşlady we men onuň kömegi bilen parahatçylygy we ýeriň ýüzünde asudalygy berkarar ýetdim. Men öz Hudaýymdan isleýärin, maňa, meniň maşgalama we häkimligine bellän ýurdumyň boýdan-başa öz mähribanlyk nazary bilen garasyň. Eý Taňrym, meniň dogamy kabul edeweri!”.

Şu ýazgy Kuroşyň doganoglany Darýuşyň buýrugy boýunça ýazylypdyr we Darýuş Kuroşyň ölüminden sekiz ýyl soň onuň ornuna geçipdir. Ol öz hemme ýeňişlerini we patyşalygyny Allatagalanyň merhemeti, kömegi we berimi arkaly diýip belleýär. Şu pikir Zülkarneýiniň “Kurandaky” sözlerine muwapyk gelýär. Şol ýerde ol “Hä:zä:rahmetun min rebbi:” (“Kähf”, 98-nji aýatdan bölek) diýýär, ýagny “Bu meniň Hudaýymyň tarapyndan bir rahmetidir”.

Ýajuj we Mäjuj diwary.

Ýajuj we Mäjuj diwaryny kesgitlemek üçin “Kuranda” iki sypatyň oňa degişlidiginiň beýan edilýändigini nazara almak gerek. Birinjiden, şol diwar iki sany dagyň arsynda bina edilen bolmaly, ýagny mekany daglyk geçelge bolmaly. Ikinjiden, ol diwaryň gurluşugynda demir listler we eredilen mis ulanylypdyr. Şeýlelikde, şu diwary daglyk geçelgeden agtarmaly. Galyberse-de, ol demirden bolmaly, daşdan ýa-da kerpiçden bolmaly däl. Mundan hem başga, ol diwar daglyk geçelgäniň ýoluny ýapan bolmaly. Şu aýratynlyklara ünüs berilse, “Kuranyň” Zülkarneýin diwary diýmekden maksadynyň Hytaý diwaryna we şoňa meňzeşlere gabat gelmeýändigi mälim bolýar. Çünki Hytaý diwary daglyk geçelgede bina edilmändir we ony salmakda demir işledilmändir, belki ol daşdan salnan diwar bolup, özi-de ýüzlerçe mil dowam edýär.

Ýajuj we Mäjuj .

Ýajuj we Mäjuj diwaryny tapmak üçin, ilki bilen Ýajuj we Mäjujyň özüni agtaryp tapmak gerek.

“Kuran” iki sürede şu kowmy ýatlapdyr. Biri “Enbiýa” (“Pygamberler”) süresinde. Şonda şeýle diýilýär: ”Hatta:izä:fotihat Ýa`ju:jo we Mä`ju:jo we hum min kulli hedebin ýenselu:n” (“Ýenbiýa” süresi, 96-nji aýat), ýagny “Tä Ýajuj we Mäjujyň ýoly açylýança we olar her beýik-peslikden çaltlyk bilen aşak inýänçäler”. Beýlekisi “Kähf” süresinde, onda bolsa Zülkarneýin kyssasy giňden beýan edilýär.

Görnüşine görä, “Ýajuj we Mäjuj” sözi ybryça bolmagy mümkin, Emma olaryň asly ybryça däl, belki beýleki dillerden şoňa geçipdir we häzirki görnüşine giripdir. Çünki bu iki söz grek dilinde Gog we Magog şekilinde aýdylýar we “Töwratyň” terjimesinde-de şu şekilde gabat gelýär. Ýewropanyň beýleki dillerinde hem şu suratda ýaýrapdyr.

“Magog” ilkinji gezek “Töwratyň” “Safary-Tekwin” bölüminde dünýä milletleriniň Nuh pygamberiň neslinden dörändigi hakda gürrüň ýerinde şeýle ýatlanypdyr: “Ýafesiň ogullary Gumer, Magog, Mady, Ýawan, Tubal, Meşk we Tiras”, şondan soň ýahudylaryň (Ýewreýleriň) beýleki gadymy dini kitaplarynda hem ýatlanypdyr. “Hyzkylyň kitabynda” hem aýdyň beýan edilip (bu hakda aşakda durulup geçiljekdir).

Bar bolan köp sanly taryhy diller Ýajuj we Mäjujyň demirgazyk gündogar çöllüklerinde ýaşan wagşy kabyllar bolandyklaryny subut edýär. Olar taryhdan öňki döwürden tä 19-asyra çenli sil ýaly bolup, günbatar we günorta şäherlerine tarap dökülüpdirler. Şol kabylalaryň bir bölegi häzirki asyrda Ýewropada “Miger” we Aziýada “Tatar” atlandyrylypdyr. Olardan bir toparynyň biziň eramyzdan 600 ýyl öň Gara deňiziň kenarlaryna ýaýrandygy şübhesizdir. Olar Kawkaz daglaryndan aşak inip, günbatar Aziýa hüjüm edipdirler, grekler olary “sithiýen” atlandyrypdyrlar. Hut şu at Eýranyň Istahyr diýen ýerindäki Darýuşyň (Dariniň) daş ýazgylarynda hem gabat gelýär we daglyk ilatyň şolaryň çapawulçylygyndan Kuroşa şikaýat edendikleri hökmandyr. Kuroş bolsa olaryň öňüni almak niýeti bilen diwar saldyrypdyr.

Mangol we Ýuweşi kabylalary.

Ýer togalagynyň demirgazyk gündogar tarapy “Mongolystandyr”. Ol ýerde ýaşaýan halk “Mangol” atlandyrylýär. Hytaý çeşmeleri “Mangol” sözüniň asly “Mongog” ýada “Manjog” diýip belleýärler. Şu iki görnüşde bu söz aýdylyşy jähtden ibriça “Magog” we grekçe “Migag” sözlerine ýakyndyr. Şunuň ýalyda, Hytaý taryhynda şu ýurtda bolan ýuweşi atly başga bir kabylanyň adyda tutulýar. Şu maglumatlaryň jeminden şeýle netije gelip çykýar: Şu söz dürli dillerde üýtgäp, ahyr soňy “Ýajuj we Mäjuj” görnüşinde gelipdir.Mongolystan gadymy kabylalaryň sallançagy we kowumlaryň dörän ýeridir.

Ýer togalagynyň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän we häzirki wagtda Mongolystan we Hytaý Türkistany atlandyrylýan beýiklik bölegi gadym döwürde köp sanly kabyllaryň we kowumlaryň dörän sallançagy bolupdyr. Şol ýer adamzadyň gaýnap joşýan çeşmesi höküminde köp kabyllaryň dörän ýygnanan mekanyna öwrülipdir. Olar has köpelenlerinden soň günbatar we günorta tarapa inipdirler. Hytaý şol ýurduň gündogar böleginde, günbatar we günorta Aziýa onuň günbatarynda we günortasynda ýerleşýär. Ýewropa bolsa günbataryndadyr.

Şu ýurtdan dürli kabylalar we kowumlar sil ýaly akyp, olaryň käbiri Orta Aziýada orun alypdyrlar, başga bir topary bolsa ýörişlerini dowam etdirip, Ýewropa tarap öňe gidipdirler ýa-da günbatar we günortada ýerleşipdirler. Şu kabylalar öz önüp ösen ýerlerinden çykyp gaýdanlaryndan we täze ýerlere gelip watan tutanlaryndan soň ýuwaş-ýuwaşdan özleriniň ilkinji aýratynlyklaryny elden berip, täze watanlarynyň özboluşly häsiýetlerini kabul edipdirler hem-de wagtyň geçmegi bilen özbaşdak bir topar emele getiripdirler. Olaryň asyl watanlarynyň ýagdaýy bir halda galany üçin, ol ýerden ýenede täze kabylalar çykyp başga ýerlere ýaýrapdyrlar. Ýokarda aýdyşymyz ýaly, ol ýurduň ýagdaýy öňküsi ýaly wagşyçylykly halda galypdyr, Emma göçüp giden kowumlar wagtyň geçmegi bilen medenetli bolupdyrlar we daýhançylyk, hünärmentçilik bilen meşgulanypdyrlar. Emma olaryň asyl watanlarynda galan doganlary öňki ýagdaýlarynda galyp, şu jähekden medenetli halklar üçin howuply kölege hasaplanypdyrlar.

Ýajuj we Mäjüjyň peýda boluşunuň ýedi döwüri.

Şu kabylalaryň peýda boluşlaryny ýedi döwüre bölüp bilýäris:

1-Taryhdan öňki döwür. Şu döwürde bu kabylalar demirgazyk gündogardan göçüp, Orta Aziýa ýaýran ekenler.

2-Taryhyň ikinji döwüri. Şu döwürden iki hili ýaşaýşyň alamatlary mälimdir. Şolaryň biri göçüp-gonma ýaşaýşy we beýlekisi oturumly ýaşaýyş. Şu döwürde göçýän kabylalar asudalyga we bir ýerde orun tutmaklyga meýil edipdirler we daýhançylyk bilen meşgullanýan ekenler. Emma göçýän kabylalaryň sil ýaly akyp gelýän täze tapgyry gündogar tarapdan dowamly inip durupdyrlar. Bu döwürüň mütdeti 1505 ýyl biziň eramyzdan öň tä müň ýyl biziň eramyzdan öňe çenli dowam edipdir.

3-Üçünji döwür müň ýyl biziň eramyzdan öň başlanýar. Bu döwürde bir wagşy kowum Hazar deňiziniň we Gara deňiziň kenaryndaky şäherlerde peýda bolýarlar, birnäçe wagtdan soň bolsa, dürli atlar bilen ýüze çykýarlar. Şondan soň “sithiýen” kabylalary ýedi ýüz ýyl biziň eramyzdan öň taryh sahnasynda äşgär bolýarlar we günbatar Aziýa hüjüm edýärler.

Şu taryhda Aşur (Assiriýa) siwilizasiýasy özüniň iň ýokary beýik derejesine ýetipdi we Neýnewa, Wawilon şäherleri Aziýanyň boýdan-başa hökümet edýärdi.

Gerodot şeýle ýazýar: “Aşuryň (Assiriýanyň) demirgazyk araçäkleri mydama “sithiýen” kabylalarynyň çapawulçylygyna sezawar bolýardy we şu araçäkler tä Ermenistan daglaryna çenli dowam edýärdi. "Sithiýen" kabylalary Kawkaz geçelgesinden geçýärdiler we sähralaryň ilatina yzgiderli hüjüm edýärdiler, hatda olardan köp toparlar biziň eramyzdan 620 ýyl öň Neýnewa şäherine çenli öňe gidipdirler we olaryň ýol ugrunda bolan Eýranyň demirgazyk etraplaryny derbi-dagyn edipdirler. Grek taryhçylarynyň nazaryna görä, şu waka Neýnewanyň ýykylmagynyň iň möhüm sebäpleriniň biri bolupdyr.

4-nji döwür bäş ýüz ýyl biziň eramyzdan öň we Kuroşyň dörän döwürine gabat gelýär. Şu senede Madyň «Madýanyň» we Farsyň birleşen hökümeti döredilýär , birdenkä ýagdaý özgerýär we günbatar Aziýa «sithiýen» kabylarynyň hüjümlerinden dynyp asuwda bolýar.

5-Bäşinji döwür wagşy kabylaryň hüjüm edýän döwürine gabat gelýän biziň eramyzdan öňki 3 asyr. Şu döwürde mongol kabylarynyň täze bir topary Hytaýa tarap süýşüpdirler; Hytaý taryhçylary bu kabylalary Hiýungnu « Hingnu» atlandyrypdyrlar . Bu söz soňra özgerip «hun» şekiline geçipdir.Şu döwürde Şin-huwang –ti / Hytaý diwary/ ady bilen meşhur bolan beýik diwary edil şu çapawulçy kabylalaryň hüjüminň öňini almak üçün ýasadýar. Ol diwar häzir bu güne çenli saklanyp galypdyr . Onuň salynyp başlan taryhy 364 ýyl biziň eramyzdan öňdür. Bu diwar 20 ýylyň dowamynda salynyp gutarylypdyr. Şondan soň ol kabylalar täzeden orta Aziýa hüjüm edip başlapdyrlar .

6-Altynjy döwür şu wagşy kabylalarynyň hüjüm edýän döwüri 6-njy asyra degişlidir. Bu döwürde şu kabylalar özleriniň beýik ýolbaýçylary Atilanyň baş tutanlygynda baş göterip Rum imperatorlygyny we onuň siwlizasiýasyny ýok edipdirler.

7-Ýedinji ýa-da soňky döwür 12-nji asyrdyr. Bu döwürde şol kabylalaryň uly topary Mongolstanda toplanyp, Çingiz hanyň başlyklygynda yslam we arap ýurtlaryna uly çozuş geçirip, Bagdada çenli baryp ýetýärler .Şu hadysalary nazara alanymyzda, günbatar aziýanyň uly böleginiň alty asyr biziň eramyzdan öňden başlap, mydama «sithiýen» mongol kabylalarynyň hüjümi astynda bolandygy äşgär bolýar we bu çozuşlaryň birdenkä kesilen wagty edil Kuraýşyň döwrüne gabat gelýär. Şuňa görä, Ýajuj we Mäjuj Zülkarnaýynyň (ýagny Kuraýşyň) olaryň hüjümüniň öňüni almak üçün demir diwar saldyran şol (sithiýen) kabylaladyr. Ol şeýle etmek bilen şol wagşy kabylalaryň günbatar Aziýa çozuş edýän ýolaryny baglapdyr. Şondan soň bu kowumlaryň şu ýerelere hüjüm edenligi ýeşdilmändir . Grek taryhlarynyň ýazmagyna görä, mongol kabylarynyň hüjüm edýän ýoly Kawkaz daglarynyň geçelgesi bolupdyr we uzak döwürlerde şu ýol; talaňçy kabylalar üçün açyk bolup, Kuraş bolsa günbatar Aziýany şolaryň talaňçylygyndan gorap saklamak maksady bilen, şol ýoly ýapmaga mejbur bolupdyr we demir diwar saldyrmak arkaly şu işi ýerine ýetiripdir.

Hyzkyl pygamberiň öňünden görüjiligi we Ýajuj we Mäjuj

Hyzkyl pygamber Beni-Ysyraýlyň ýesirlikde bolan döwürlerinde Wawilonda özünüň pygamberligine başlapdyr we ýehudlaryň hakyky taryhynyň mazmunyna görä, Bohtennesser Hyzkyly Beni-Ysyraýyl ýesirleriniň ýany bilen Wawilona göçüripdir.Ol Kuraýşyň zamanyna çenli Wawilýonda galypdyr . "Hyzkylyň kitabynda" dürli kowumlara ýüzlenmek höküminde onuň aýdan birnäçe öňden görjilikleri bar, şol sanda Hyzkylyň Ýajuç we Mäjuj barada öňden görjülikli aýdan sözleri mazmuny şeýle "Hudaýyň sözleri maňa şeýle mazmunda gelip ýetdi: Eý adamyň perzendi , ýüziňi Magogyň , Maşkyň we Tubalyň ýurdynda Goga tarap öwür, onuň garşysyna pygamberlik et we hudaý şeýle diýýär diýip aýt; Indi eý Gog, Moşk we Tubal, men seniň garşyňdadyryn, seni yzyňa gaýtararyn we öz çeňňegimi eňegiňe goýup, seni we hemme goşunlaryňy – atlaryňy , kämil geýinen atlylaryňy we köp sanly gylyç dakynan we galkanly adamlaryňy daşary çykararyn, olaryň ýany bilen galkanly we demir telpekli farslary kuşlary we kutlary – da" (Hyzkylyň kitaby ; 38-39-njy baplar). Şundan soň şu öňden görjülikde Gog hakda giňden durlyp geçilýär. Şonuň gysgaça mazmuny şeýle. Gog demirgazykdan gelýär we köp weýrançylyk edýär. Emma Gog kowmunyň özi deňiziň gündogarynda ýerleşýän "Ýolagçylar çölünde" kynçylyga uçrap heläk bolýarlar jesetleri porsap, uzak wagtlap şol ýerde galýar . Şondan soň ilat ýoly açmak üçün ol jesetleri ýygnap jaýlaýarlar . Hyzkylyň öňünden görmelerinde Gog Maşkuň we Tubalyň başlygy höküminde atlandyrylýar. Şu öňden görijilikli göýä "sithiýen" kabylalarynyň mekanyny we olaryň gegrafiki pozisýasyny aňladýan ýaly bolup görünýär, çünki : Maşyk ; häzirki wagytda "Moskwa" atlandyrylýan ýerdir we Tubalda Gara deňiz töwereginiň beýiklik ýerleridir. Görşiňiz ýaly Hyzkyl öz öňden görmelerinde "Saňa gerdiş bererin" ýagny yzyňa gaýtararyn diýýär . Munuň özi Kuroş tarapyndan ýerine ýetirilen işlere gabat gelýär . Çünki ol ýörite diwara saldyrmak bilen "sithiýen" kabylalarynyň ýoluny baglap olary yzlaryna gaýtarýar. Şondan soň şeýle diýýär: "Magogyň hemme goşunlary daşary çykýarlar, şunuň ýaly-da , fars goşunlary hem daşary çykýar. "Kut" we "Gal-da" şolara goşulýarlar we Magog kowmy "Ýolagçylar çölünde" heläk bolýar . Munuň özi Darýuşuň Ýewropa ýurtlaryna eden hüjüminde ýüz beren wakalarydyr. Çünki "sithiýen" kabylalarynyň hemmesi onuň bilen uruşmaga we göreşmäge galýarlar. Emma Darýuş olary uçtantutma agyr jezalandyrandan soň, Danuba tarap öňe gidýär, öldürilen adamlaryň meýitleri çölde galýar we Gara Deňiziň kenarynda porsap ýatýar.

Şu aýdylanlaryň hemmesi "Hyzkylyň kitabynda"onuň öňden görijiligi hökmünde beýan edilipdir. Emma birnäçe häzirki zaman tassyklaýjylary bu zatlary soň goşulan zatlar hasap edýärler we Darýuşyň hüjiminden soň we şol wakalar ýüz berenden soň "Hyzkylyň kitabyna" goşulypdyr diýip bilýärler. Häzirki döwürde "Töwrata" düşündiriş ýazan bir topar müwessirler "Magog" kabylalaryndan maksat şol "sithiýen" kabylalary diýip ynanýarlar. (seret: Britan ýensiklopediýasy, "Gog" sözi hakdaky makalada)

Ýajuj we Mäjuj diwarynyň mekany.

Indi Kuroşyň saldyran diwarynyň mekanynyň nirededigini görüp geçeliň. Kaspi deňzi bilen gara deňziň arasynda ýerleşýän ýerde Kawkaz daglary tebigy bir diwary emele getirýär we şu daglyk diwar demirgazyk we günorta ýollaryny baglaýar. Diňe bir açyk ýol bar, ol ýol bolsa şol daglaryň arasynda bolan bir geçelgedir. Ol demirgazyk bilen günortany biri-birine baglanyşdyrýar. Şu geçelge häzirki asyrda "Dariýal geçelgesi" atlandyrylýar we bar bolan kartalarda ol Wladikawkaz bilen Tiblisiň arasynda görkezilipdir. Şol ýerde şu güne çenli gadymy demir diwar saklanyp galypdyr. Şu demir diwaryň hut Kuroşyň saldyran diwarydygyna şek-şühbe bolup bilmez. Çünki "Kuranyň" Zülkarneýin diwary barada beýan eden sypatlary doly şoňa gabat gelýär. "Kuranda" aýdylyşy ýaly, onuň gurluşygynda demir listler işledilipdir we demir listleri biri birine seplemek üçin eredilen mis ulanylypdyr we iki daglyk diwaryň arasynda bina edilipdir. Şu häsiýetleriň hemmesi "Dariýal geçelgesinde" bar. Munyň özi bir degerli dokument hökmünde "Kuranyň" beýan eden zatlarynyň taryhy hakykatdygyna güwä geçýär. Şu pikiri subut edýän möhüm dokumentleriň ýene biri ermeni ýazgylardyr, çünki şu ýazgylar Ermenistanyň şol ýere ýakynlygy sebäpli, bir ýerli şaýat hasaplanýar

Gadymy ermeni ýadygärliklerinde şu diwar "Bahak Guraýy" diýilip atlandyrylypdyr. Bu sözüň manysy Kuraşyň geçelgesi diýmekdir. Bu dokument hem şu diwary saldyranyň Kuroşdygyny aýdyň görkezýär . Mundan başga ýene-de bir şaýat bar onuň ähmiýeti we gymmaty ýokarky dokumentlerden kem däl. Bu bolsa, Gürjüstanyň, ýagny Kawkaz ilatynyň diliniň şaýatlyk etmegidir. Çünki bu geçelge gürji dilinde gadym döwürlerden bäri "demir gapy" diýilip atlandyrlypdyr we türklerde öz dillerinde demir "demir gapy" terjime edipdirler.

Gadym döwür taryhçylaryndan şu diwary ilkinji gezek ýatlan meşgur syýasatçy Ýusupdyr. Ol birinji asyr miladyda ýaşap geçipdir. Ondan soň 7-nji asyrda şol ýeri gören belli taryhçy Prokopisdir. Ol şol diwar barada birnäçe ýazgy galdyrypdyr. Galybersede şu wagta çenli şu at bilen saklanyp galan "Saýros" ýagny "Kuroş" derýasy şol etrapda ýerleşýär we 18-nji asyrda şol region (sebit) üçin düzilen hemme kartalarda şu derýanyň ady aýdyň görkezilipdir.

Bellik.

Şu ýerde bir zady ýörite belläp geçmek gerek. Olda bolsa Kuroşyň saldyran şu diwary "Derbent" atlandyrylan we sasanylar döwründe hazar deňziniň kenarynda bina edilen we arap dilinde "Babyl ebwan " (Gapylaryň gapysy ) diýilip terjime edilen uzyn we beýik diwardan başgadyr. Çünki Beýzawy ýaly käbir müwessirler- düşindiriş ýazanlar Kuroşyň saldyran diwaryndan habarlary bolmansoňlar Zülkarneýin diwaryny hut şu diwar diýip güman edipdirler. Emma "Kuroşyň" beýan edýän sypatlarynyň hiç biri bu diwarda ýok. Darýal geçelgesiniň diwary we "Derbent" diwary biri-biri bilen golaýrakda bolany üçin, şeýle ýalňyşlyk ýüze çykypdyr. Şonuň üçin, käbir häzirki zaman taryhçylarynyňda şeýle säwlige uçrandyklary geň zat däldir. Emma Hazar diwary ýa-da "Derbent" diwary islam taryhçylary tarapyndan subut edilşi ýaly, Anuşyrwanyň permany bilen bina edilipdir, şuňa görä birnäçe asyr Anuşyrwandan öň ýaşap geçen Istail syýahatçysy Ýusubyň Anuşyrwanyň saldyran diwary hakda söhbet edenligini kabul etmek mümkin däl. Şunyň ýalyda Darýal geçelgesiniň diwaryny we Hazar diwaryny Aleksandr Makedonskä degişli hasaplamakda bir ertekiden başga zat däl, çünki hiç bir taryhy dokument ony tassyklanok we Aleksandryň şeýle diwary saldyrmagyna hiç hili sebäp bolmandyr.