بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Günä işlerden daşda duran adama ölümden gorkmagyň hajaty ýokdur.

Başy » Yslam.info » MAŞGALA-AHLAK » Maşgala bagty üçin altyn kanunlar

Är-aýal söýgilerini her sebäp bilen hemişe bir-birlerine bildirmelidirler. Uly ýa-da kiçi säwliklerinde gynandyryjy ya-da göwne degiji tankytlardan ähmiýetlik bilen uzak durmalydyrlar.

Tejribeleri netijesinde alymlaryň we psihologlaryň maşgalalaryň batgly durmuşa eýe bolmagy üçin belläp geçen käbir çärelerine göz gezdireliň:

1- Gysga aýralyklar maşgala bagyny güýçlendirip biler. Uzyn aýralyklar bolsa, maşgala üçin ýykylyşa sebäp bolup biler, şol sebäpli, uzyn wagtlygyna aýralyklardan uzak durmak has amatly;
2- Şadyýan durmuş üçin her iki tarap bir-birlerini ruhy we pikir taýdan örän oňat bilmeli, duýgy, ynanç, ahlak we häsiýetleri taýdan çuňňur tanamalydyr. Diňe şeýle ýagdaýda maşgalany bozup biljek säwliklerden goranyp bileris;
3- Hiçbir özara düşünişmezligiň uzyn dowam etmegine rugsat bermeli däl . Iň gysga wagtda hoşamaýlyk bilen meseläni çözmeli we taraplar ylalaşmalydyr;
4- Öňki sözlüsi ýa-da ýanýoldaşy-bulardan haýsydyr biri bolsun, tapawudy ýok, olar bilen bolan tejribedir wakalardan hiç-hili söz etmeli däl;
5- Aşa idealist (özdiýenli, hakykatçyl, gözi beýiklerde we ş.m.) bolmaly däl, adaty ýaşamaly we ýoldaşyňdan mugjyzalara (adatdan daşary başarnyk we ýagdaýlar) garaşmaly däl;
6- Är-aýal söýgilerini her sebäp bilen hemişe bir-birlerine bildirmelidirler;
7- Gynanja boýun egmezlige gaýrat etmeli, durmuşa hemişe umyt bilen seredip, güler yüzli boluň;
8- Uly ýa-da kiçi säwliklerinde gynandyryjy ya-da göwne degiji tankytlardan ähmiýetlik bilen uzak durmalydyrlar;
9- Özara başlan gohdur galmagaly ilki bada çykanja ýerinde we sebäbinde saklamaga çalyşmaly, şol mowzuga öňden galan başga-da meseleleri goşup, ýagdaýy has hem giňişletmäň! Düşünişmezligi öz elinizde(kontrol) tutuň, çyzykdan çykmagyna rugsat bermäň;
10- Ýersiz we çeşme taýdan takyk bolmadyk gysgançlyk, gaýgy we şübheleriň ýykyjy täsirleri bardyr, zannyňa(çak) we aýdylanlara(gyýbat) görä hereket etmäň;
11- Ýanýoldaşyňa hem özüňe, hem-de özüne guwanmagyny ünde. Oňa guwanýanlygyny görkez;
12- Bagtly bolmak üçin, oňat biri bilen durmuş gurmagyň ýeterlik däldir, özüňiziň hem mynasyp ýanýoldaş bolmagyňyz gereklidir;
13- Tämizlik imanyň ýarysy we mydamalyk söýginiň iň gerekli şetlerinden biridir;
14- Durmuşdaky ýoldaşyň bilen bagtly bir durmuş yaşamak üçin, özüňden bir parça halyna gelen käbir endikleriňizden yüz öwürmeli bolup bilersiňiz;
15- Öz göwnüň üçin isleýan oňat zatlaryňy ýoldaşyň üçin hem isle, özüň üçin edýän aladalaryňy onuň üçin hem et;
16- Almagy bilşiň ýaly, bermegi hem bil. Hemişe öz bereniňden köp mukdarda ýa-da hiç-hili bermän almaga synanyşmaň, özdiýenli(egoist) bolmaň;
17- Her erkek öz aýalynyň hemme ýagdaýlarda öz elinden geleniniň iň oňadyny eden, gyzgyn söýgüsi we hoşamaýlygy bilen özüni razy eden ideal(iň oňat) ýanýoldaş bolmagyny islär; her bir zenan maşgala-da öz äriniň doly ýýagdaýda ynamdar we güýçli häsiýetlere eýe, her-hili mätäçliklerine razy etjek ýagdaýda çäreler tapan biri bolmagyny islär. Her iki tarap hem bu iň oňat ýagdaýa görä hereket etmek üçin gaýrat görkezmelidirler;
18- Durmuşda hemişe bolýan säwlikdir kynçylyklarda derrew ýanýoldaşyňy günäkärleme, ýagdaýa ynsaply serediň;
19- Diňe bugüniňizi ýaşaň, geçen günlerde bolan gynançly wakalary we entäk gelmedik geljekki gaýgylary bugüne getirmäň! Mümkinçilikleriň serhedini geçmän ýaşajak boluň;
20- Nika kanunynyň örän mukaddes bir bag we Allaha berlen bir sözdügini bil! Bu babatda geljekde puşman etjek bir ädimi ätmäkaňiz müň gezek pikir ediň!
21- Maşgala ýagdaýy üçin yşk we söýgi möhüm bomak bilen birlikde, maşgalanyň diňe bu ýagdaý bilen aýakda galjagyny pikir etmäň! Ryzyk, terbiýe, ynanç, ynam, her-hili goldaw we ş.m. başga-da birnäçe ýagdaýlaryň hem wajyplygyny ýatdan çykarmaň;
22- Ýanýoldaşyňyza hemişe görelde boljak häsiýetleri görkeziň, oňat adamkärçiligiňizi diňe bir diliň bilen däl, eýsem-de bolsa, özüňizi alyp barşyňyz bilen hem görkeziň;
23- Biderek ýere goňşydyr garyndaşlaryňyzyň araňyza girmeklerine pursat we rugsat bermäň, mümkin boldugysaýyn, maşgala içindäki hoş bolmadyk ýagdaýlary öz araňyzda çözüň;
24- Ýanýoldaşynyzda säwlik hökmünde görýän käbir zatlaryňyzy derrew düzetmäge synanyşmaň, üýtgemegi üçin belli bir wagta mätäç bolunýan häsiýetler bolup biler. Kiçijek säwlikleri bolsa ulaltmaň;
25- Maşgala jogapkärçiliklerini we yüküni göwün hoşlugy bilen kabul ediň we doly ynanç bilen öz üstüňize alyň;
26- Özara düşünişmezlik we goh-galmagaldan mümkin boldugyça uzak duruň;
27- Geljekde örän şat ýatlamalara we öz araňyzdaky bagyň has güýçlenmegine sebäp boljagy üçin, ýanýoldaşynyz bilen bile işler etmäge wagt aýryň;
28- Ýanýoldaşynyza özüni iň oňat ýagdaýýda beýan etme we dürli oňat ukyplaryny ösdürme pursadyny beriň! Hiç bir wagt oňa ýaňsylaýjy sözler aýtmaň;

Zenan maşgalalara degişli ýagdaýlar:

Gurhanda:”Ýatladyň! Ýatlatmak mömine peýda berer!” (Zariýat, 51/55) diýilýär.

29- Maddy ýagdaý boýunça hormat goýulmaly we bu asla unudylmaly däl, sebäbi düşünişmezlikleriň esasy sebäplerinden biri hem şu ýagdaý;
30- Mümkin bolsa daşky kynçylyklardyr gaýgyňyza ýanýoldaşynyzy goşmaň, özüňiz çäre tapmaga çalyşyň, yöne begençleriňizi onuň bilen paýlaşmagy hijem ýatdan çykarmaň;
31- Maslahatlaşmak maşgala durmuşynda möhüm esasdyr. Her iki tarap hem maşgala durmuşynda özüni jogapkär hasaplap, bu babatda özüniň bir kenara taşlananlygy ýaly pikirdir ýagdaýlardan uzak durmaly;
32- Maşgala durmuşynda bagtly bolmak diýmek, öýde hiç-hili kyn ýýagdaýlar bilen yüzbe-yüz bolmazlyk däl, eýsem-de bolsa, duş gelen kynçylyklaryň hötdesinden gelmek, düşünişmezlikleri çykan ýerinde çäkli tutup bilmek we ýanýoldaşyňyz bilen bagyňyza erbet täsir etmegine pursat bermezligie baglydyr;
33- Kynçylyklardan gaçmak, aýratynam, öýi terketmek hiç-hili çäre däl! Iň amatlysy dury bir huş bilen pikirlenip, kynçylygyň çözgüdine derrew başlaň;
34- Düşünişmezlik çykanda, ýanýoldaşyňyzyň oňat taraplaryny we gözel ahlagyny hem ýatlamaga synanyşyň, halamaýan taraplaryň onuň ähli oňat häsiýetlerini örtmegine pursat bermäň;
35- “Gylyç ýarasy geçer, ýöne dil ýarasy geçmez!” Maşgala taýdan düşünişmezlik çykannda, ynjydýan sözlerden gaça duruň, ýogsam kiçijek bir mesele sebäpli, ýanýoldaşyňyzyň söýgi we höwesini dolulygyna ýitirip bilersiňiz;
36- “Namysym”, “güýjim” ýaly sözler şeýtanyň köplenç duzak hökmünde ulanýan sözleridir. Düşünişmezlik çykan ýagdaýynda, şeýtan bulary ulanyp, öz ýalňyşyňyzy gowy görkezer we ýaraşma ýoluny ýapmaga synanyşar, şol sebapli-de şol ýagday we sözlerden uzak duruň;
37- Çagalaryňyzyň ýanynda ýanýoldaşyňyzyň bilen özara düşünişmezliklerden we sesiňizi beýgeltmekden uzak duruň, sebäbi çagalar terbiýe taýdan öz ene-atalaryny görelde alyp ulalarlar. Şeýle erbet ýagdaýlar geljekde çagalaryňyzyň hem ulanyp biljegi çäre halyna geler we erbet täsirini görkezer;
38- Zenan maşgala ýanýoldaşynyň goş birikdirmage örän amatly biridigin, onuň üçin guwanç duýýanlygyny bildirmeli;
39- Özara sowgat alyň, çünki söýginiziň artmagyna sebäp bolar. Şatlyga we bagta sebäp boljak bu ýagdaýy adat halyna getiriň;
40- Akylly zenan maşgala, gerek özi üçin, gerek bolsa-da çagalary üçin gerekli ätiýaçdyr isleglerini bildirmek hem-de ýanýoldaşynda bar bolan erbet häsiýetdir ýagdaýlary düzetmek üçin iň oňat pursat we iň oňaýly wagta garaşar. Kämahal oňaýlydyr öýden wagtyňyz, aslynda, bolman biler. Oňat pikirlenilmelidir;
41- Özüňize degişli bolmadyk meselelerde ýanýoldaşyňyza sorag sorap bizar etmäň! Size açmak islemeýän syrlaryny erjellik bilen öwrenjek bolmaň;
42- Öýde bir gyra çekilip, ýeke özüňiz oturmagy endik halyna getirmäň! Mümkin boldugyça ýoldaşyňyz bilen hemdem boluň, gepleşiň;
43- Işleýän bir zenan esasy jogapkärçilikli wezipesiniň öz öýüligini ýatdan çykarmaly däldir. Öýüniň we iş ýeriniň işlerini bir-birinden aýry tutmalydygy bilinmelidir;
44- Ýanýoldaşynyň garyndaşlary gezmäge gelende, hoşnut dälligini görkezmeli däl, tersine olary örän oňat garşy alyp, oňat myhmandarlyk etmekde säwlik görkezilmeli däldir;
45- Aýratyn ýagdaýda gaýyn eneňe hormat ediň, oňa maşgala däp-dessurlaryna görä iň oňat ýagdaýda ýüzleniň! Onuň bilen düşünişmezlige girmäň! Geljekde öz gelniňiziň size özüni nähili alyp barmagyny isleýän bolsaňyz, onda oňa-da özüňizi şeýle alyp baryň;
46- Pygamberimiz goňşy hakyna:”Özi dok bolup, goňşusy aç bolan bizden däldir!” diýmek bilen örän ähmiýet beripdi. Goňşularyňyza kömek etmek, begenç we gynançlaryna goşulmak, olara özüňizi gowy alyp barmak dinimiziň buýrugydyr;
47- Hemişe pikir aýralygy wagtyň geçmegi bilen köňül aýraalygyna sebäp bolup biler, şol sebäpli, kämahal razylaşmasaňyz hem ýanýoldaşyňyzyň pikirlerine goşulyň, elbetde, edilen iş Allaha garşy gelýän hilden bolmazlyk şerti bilen;
48- Öýde ýanýoldaşyňyzyň mätäç bolan ümsümlik ýagdaýyny çagalaryňyzy zehinlerini ösdüriji oýunjaklar bilen güýmäp, kömek edip bilersiňiz;
49- Çagalar bu dünyäde Allanyň ynsanlara beren iň uly nygmatlaryndan biridir. Olara üns bermän, oňat terbiýe etmän ya-da haysydyr bir başga zada has köp ähmiýet berip, olar üçin az alada etmek bilen bu nygmaty özüňiz üçin azap halyna getirmäň;
50- Çagalar seretmek we olary terbiýe etmek babatda gerekli we ýeterlik sagdyn hem-de takyk bilimdir maglumatlara eýe bolmaly, şeýlelik bilen olara nirede we haçan näme etmelidigiňizi oňat bilersiňiz. Munyň netijesinde bolsa, hem ruhy hem-de beden taýdan örän sagdyn çagalar ýetişerler;
51- Ahyret işlerinde her iki tarap bir-birine kömek etmelidir. Dünýäni isleýşiňiz we oňa ähmiýet berişiňiz ýaly, ahyreti-de isläp, oňa gerekli bolan ähmiýeti görkeziň;
52- Pul sowmaklykda isrip maşgala bagtynyň bozulmagyna sebäp bolar. Allanyň nygmatyny ýok eder. Allah isrip edenleri söýmez. Bu babatda seresap we tygşytly boluň, şeýlelik bilen garyplyk ýüzi hem görmersiňiz;
53- Oňat niýet we duýgydaşlyk bahanasy bilen hem bolsa, tanyşlaryňyzyň siziň hususy durmuşyňyza goşulmagyna rugsat bermäň;
54- Öýňüziň syrlaryny ne dostuňlaryza, ne-de garyndaşlaryňyza aýtmaň!


Doç.Dr. Abdulaziz Hatip
Çeşme: www.ailem.com.tr (san:12 Gorkut aýy, 2004)