بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Rebbiňi görmek üçin göz däl-de, imana ýugrulan ýüregiň, sagat düşünjäň we dury akylyň bolmalydyr.

Başy » Yslam.info » MAŞGALA-AHLAK » Zalym bolsa-da ärimiň jähenneme gitmegini islämok

Okuýjylarym bilen esasanam kitap sergilerinde görüşýän we dertlerini dinläp maslahat bermäne synanşýan. Olaryn gürrüň berýän zatlaryndan sapak alynjak kop zat bar. Ynha yene bir waka, görüň nähili zalym ärler we wepaly aýallar ýaşaýar bu dünýäde:
- Bagyşlaň , derdim agyrdyr mana bir yol görkez! - diýip başlady söze 3 çagaň enesi aýal. We şeýle dowam etdi:
- Ärim köp içýär, gijaň ýaryna çenli meýhanada içýär. Gijän ýary gelip gapyny ýumruklamana başlaýar, menem çagalar tuaýmasyn diýip açýan. Bir islegin barmy diýip soraýan, kämahal nahar isleýär, agşamdan galan nahary gyzdyryp öňüne goýýan, bu saparam bu naharlary aýyr täzeden bişir diýýär.

Çagalar gykylygyna turaýmasyn diyip täzeden nahar bishirýän. Arkamdan gelip bişiren naharyma seredip men bulary iýmen , başga nahar ýokmy diýip gykylyk turuzmana başlaýar. Menem gazanan pulum bilen dine şu nahary bişirip bilýän, egerde senem kömek etsen islänini ederdim diýenimden apy-tupan turýar. Gazananyňy başyňa kakýaň diýip gap-çanak howada uçmana başlaýar. Men ýene sesimi çykarmaýan, çagalar turýar aglaşyp başlaýalar.

Gen galyp soradym:
-Äriňiz nirede işleýär?
- Nämäň işlemesi , gijesini meýhanada geçiren adam gündiz iş edip bilermi, agşama çenli ýatýar, agşam täzeden gidýar şol ýere.
-Onda öýi kim ekleýär, diýip soradym.
- Ärimden umyt kesilenson , men goňşularymyň öýlerini arassalap birazajyk pul gazanýan. Ärimiň ýagdaýyny bilenler sag bolsunlar öý işlerini mana etdirýäler. Hatda ärimiň çykdaýjylaram menden gidýär.
- Ýene geň galyp soradym, meýhana çykdaýjylarynam sen berýäňmi?
- Gynansamam men berýän. Çykyp barýarka pul soraýar bermesem öý başyma ýykylýar.

Name diýjegimi bilmedim, bokurdagym doldy, özümi zordan sakladym. Ynha şol bada meni şok eden ýene bir söz aýtdy. Şeýle diýdi:
- Bu zatlaryň hiç biri möhüm däl meniň üçin. Men goňşularyň arassaçylygyny etmänede taýýar, Hudaýa şükür elim aýagym işleýär.
-Ýene soradym, seni urmasyny hem gaty göreňňokmy?
- Gaty göremok diýdi. Urulsamam 1-2 sagat son ajysyny ýatdan çykarýan.
- Onda menden name soramak isleýäň diyip soradym.
Serediň beren jogabyna. Şeýle diýýär:
- Ärimiň bu haly ony Jähenneme alyp gider, ynha men muňa razy bolup bilemok, ony Jähennemden alyp galmanyň bir ýoly ýokmy? Işläp gazanan pulumdan ärimiň adyna sadaka bersem peýdasy degermi? Name diýsenem ol meniň çagalarymyň atasy. Ýykylana hemmeler depýär, birem men depmäýin diýýän.

Mundan artyk daýanyp bilmedim. Öňümdaki stolda ýazan kitabymdan 30 sanysy dur. Gol çekdirip ýagşy dileglerimi almak, elimi öpmek üçin garaşyp duran okuýjylarymam garşymda. Aýaga turup olara seslendim:
-30 kitaba gol çekjek elimi öpüp, ýagşy dileglerimi almak üçin garaşyp duran okuýjylarym! Ýalnyş adresde dursyyz. Ynha size eli öpüljek ynsan we ýagşy dilegleri alynjak ýylyň maşgalasy. Dogry adres ynha oldyr. Geliň görüň sabyr name, wepalylyk name, ýaman gün dosty kim, wepaly maşgala nahili bolunýar?..

* * *

Näme diýýäňiz hanymlar! Siziň sabryňyz, wepaňyz hem şeýlemi? Siz hem sabyr gahramanlgyny gorkezip bilýäňizmi? Ýada size halyňyza şükretmek düşýärmi?

Çeşme: Maşgala ylmyhaly,Ahmet Şahin,S:11-13