بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Omar (r.a.) aýtdy: «Deňiziň dört görnüşi bardyr: 1) şöwketparazlyk (haramlyklara bolan güýçli isleg) – günäleriň deňzidir; 2) nebis – hyjuwlaryň deňzdir; 3) ajal – ömürleriň deňzidir; 4) gabyr – ökünçleriň deňzidir».

Başy » Yslam.info » Alymlar » Hz.Bişr-i Hafi(r.a)

Ol tabiinden bolan we Medinede ýaşap, soňam Mara (köne Merwe, ýagny, häzirki Baýramaly şäheriniň golaýlaryna) gelip ýaşaýar we wepat edýär. Onuň barada gysgajyk bir hekaýa:

Ýene bir gün agşam öýüne dolanyp gelýärdi. Adatdakysy ýaly, bu gijede serhoş bolupdy we üsti-başy sallam-sajak bolup, öýüne sary gidip barýardy. Ony gören mähelläniň ynsanlary onuň hakynda oňat zatlar pikir etmeýärdi. Hiç kim bilen işi bolmazdy. Ol ýol boýunça ýöräp gelýärka, ýerde palçygyň içinde ýatan bir kagyz bölegini gördi. Endiginiň tersine ol bu gezek şol kagyzy egilip alyp, näme ýazylanyny okajak boldy. Şonda ol kagyzyň üstünde “Allah” ýazgysyny görüp, birhili boldy we gynandy. Ol derrew kagyzyň palçykly ýerlerini öz ýeňi bilen tämizläp, şol kagyzy ynsanlaryň ýetip bilmejegi beýik bir ýerde goýdy we öýüne tarap ýoluna dowam etdi. Gelen badyna surnugan bedeniniň yzasyna kän çydam edip bilmän, derrew ýatmak bilen boldy. Ol şol gije düýşünde mübärek bir şahsyýet tarapyndan şeýle manyda bir habar bilen buşdulandy:”Eý, Bişri, sen bu agşamky eden haýyrly amalyň üçin, ýagny, üstünde “Allah” ýazylan kagyz bölegini öz ýeňiň bilen tämizläp ýokarda goýanyň üçin, Allah hem seniň günäleriňi Gafur ady boýunça bagyşlap tämizlär, eden tobalaryňy Tewwab ady boýunça Kabul eder we Muçib ady boýunça seniň eden hemme haýyr dilegleriňi Kabul eder, hem-de ynsanlaryň içinde saňa beýik we hormatly bir orna miýesser eder!” Bu düýşi görüp, hopugyp oýanan Bişri derrew aglap, eden günäleri üçin toba etmage başlady, gije-gündiz diýmän ybadatlarynyň hiç birini sypdyrman ýerine ýetirdi, elinden gelşi ýaly ynsanlara haýyr(kömek) etmäge çalyşdy we gysga wagtyň içinde şol ýerdäki ynsanlaryň hem geň galmagyna hem-de oňa örän oňat hormat goýmaklaryna Biribaryň hem islegi boýunça sebäp boldy. Ol örän garyp ýaşaýardy we üstündäki eşiginiň ýekeligi we köneligi sebäpli, halkyň içine çykmaga utanardy, şol sebäpli hem halkdan köplenç gizlenip gezerdi. Şonuň üçin ynsanlara oňa “Bişri Hafi(gizlenýän Bişri)” adyny berdiler. Ol öz garyplygy sebäpli, örän az iýer, birje eşigini ýamap we ýuwup geýer, aýagy hem ýalaňaç gezerdi. Onuň ýalaňaç aýak bilen köçelerde gezýänligi sebäpli, ne ynsanlar, ne-de haýwanlar onuň ýaşaýan ýerini hapalardy, elbetde, munyň ýeke-täk sebäbi Biribaryn oňa bolan nazarydy. Ol Pygamberimiziň:”Meniň(Yslamyň) nam-y Jelili(mubarek ady) günüň dogup batýan her ýerinde duýular!” hadysy boýunça, özüne düşen paýy ýerine ýetirmek üçin ýola rowana boldy. Onuň iň soň gelip duran ýeri, Seljukly Imperiýasyny guran Türkmenleriň paýtagt şäheri Merw boldy. Ol şol ýerde ýaşap, ynsanlara hakykaty öz amallary bilen görelde bolup, düşündirmäge we olary hakykata çagyrmaga dowam etdi! Ony gysga wagtda Türkmenler hem hormatlap, onuň maslahatlaryna eýerip başlapdylar. Merwde hem ynsanlar hem-de haýwanlar onuň ýalaňaç aýak bilen gezýänligi sebäpli, ýollary we ýerleri pisledenokdylar(hapalanokdylar).

Günlerden bir gün ynsanlar bir haýwanyň ýeri hapalanyny gören wagty:”Eý, wah, Bişri Hafi hezretleri wepat etdi, diýmek!?” diýmeklerine sebäp boldy, hakykatdanam, ol wepat eden ekeni. Ol öz düýşi we tobasyndan soň hemişe Biribaryň biz musulmanlar üçin çyzan çyzgylarynyň içinde ýaşady, bize amallary bilen görelde boldy we hakykaty aňlatdy!
Biribar ondan razy bolsun we amal taýdan onuň ýaly mübärek bendeleriniň hatarýna goşsun!