بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Pygamber alaýhyssalam: «Alymlar pygamberleriň mirasdüşerleridir»

Başy » Yslam.info » Alymlar » Mewlana Jelaleddin Rumy

Mewlâna 30 Ruhnama 1207 yylynda bugünki Owganystanyn içinde yerleşyan Horasan Ülkesi'nin Belh şaherinde dogulyar. Mewlânanyn kakasy Belh Şehrinin tanymal ynsanlaryndan bolup, Sultânü'l Ulemâ ("Alymlaryn Soltany") adyny alan Hüseyin Hatibînin ogly Bahâeddin Weled'dir. Ejesi bolsa Belh Emiri Rükneddin'in gyzy Mümine Hatyn'dyr.

Kakasy Sultânü'l Ulemâ mongollaryn cozuşlary sebapli, 1212-1213 yillarynda Belhden Nişapur'a, ol yerden Bagdada, sonra Kûfe yolu bilen Kâba hereket edyar. Hajdan sonra, yzyna gelyarka Şama degip gecyar. Şamdan sonra Malatya, Erzincan, Siwas, Kayseri, Nigde yoly bilen Lârenda (Karaman) geldiler. Karamanda Subaşy Emir Mûsânyn gurdyran medresesine yerleşdiler.

1222 yylynda Karamana gelen Sultânül-Ulemâ we maşgalasy bu yerde 7 yyl galdylar. Mewlâna 1225 yylynda Şerefeddin Lalanin gyzy Gowher Hatyn bilen Karaman'da oylenyar. Onun Soltan Weled we Alâeddin Çelebi adynda iki ogly bolyar. Gowher Hatyn wepat edyar, son Mewlâna bir çagaly dul bolan Kerrâ Hatyn bilen goş birikdiryar. Mewlânanyn ondan Muzaffereddin we Emir Alym Çelebi adynda iki ogly we Melike Hatyn adynda bir gyzy dünya gelyar.

Bu yyllarda Anadolynyñ uly bolegi Selçuklu Dewleti'nin golastyndady. Konya'da bu dowletin baş şaheridi. Konya sanat eserleri bilen bezelip, bilim adamlary we sanat ussatlarynyn merkezi bolupdy. Gysgacasy, Selçukly Dowleti in parlak dowruni yaşayardy we Dowletin hokümdary Alâeddin Keykubâddy. Alâeddin Keykubâd Sultânü'l-Ulemâ Bahaeddin Weledi Karamandan Konyaya cagyrdy we Konya yerleşmegini isledi.

Bahaeddin Weled soltanyn cakylygyny kabul etdi we Konya 3 Magtymguly 1228-de maşgalasy we dostlary bilen geldiler. Soltan Alâeddin olary hormat bn garşy aldy we Altunapa (Yuplikçi) Medresesini olara berdi.

Soltânü'l-Ulemâ 12 Turkmenbaşy 1231 yylynda Konyada wepat etdi. Mazar yeri hokmunde Selçukly Sarayynyn Gül Bakjasy seçildi.


Durmuşyny Çygdym, bişdim(ýetişdim), ýandym" sözleri bilen şygar edinen Mewlâna 17 Bitaraplyk 1273 ruh güni Hakyň rehmetine gowuşýar.

Mewlâna ölüm gününi tazeden dogluş güni hokmunde kabul edyardi. Ol ölen wagty soygulisine, yagny, Allah'a gowuşjagyny bilyardi. Şonun uçin Mewlâna ölüm gününe toy güni ya-da gelin gijesi manysyna gelyan "Şeb-i Arûs" diyyardi we dostlaryna ölüminin son ah-ah, wah-wah edip aglamazlyklaryny wesyet edyardi.

"Ölümimizden soňra mazarymyzy ýerde gözlemäň!
Biziň mazarymyz akyldarlaryň köňüllerindedir"

Onuň iň meşhur sözlerinden biri hem:
”Gel, gel, ýene-de gel, kim bolsaňam gel! Otparaz bolsaňam, dinsiz bolsaňam, putparaz bolsaňam gel! Tobaňy ýüz gezek bozan bolsaňam gel! Bu ýeri umydyň gapysy, her näme bolsaňam gel!(Ynsanlary söýdük, Ýaradandan ötüri!)”

Mewlanadan altyn öwütler:

1-Jomartlyk we kömek etmekde akýan suw ýaly bol;
2-Şepagat we merhemetde gün ýaly bol;
3-Başgalarynyň günäsini örtmekde gije ýaly bol;
4-Gahar we gazapda öli ýaly bol;
5-Kicigöwünlilikde ýer ýaly bol;
6-Hoşniýetlilikde deňiz ýaly bol;
7-Ýa bolşuň ýaly görün, ýa-da görnüşiň ýaly bol!