بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

«Alymlar we Hakyň ýolunda göreş alyp barýanlar derejesi boýunça pygamberlere iň ýakyn adamlardyr»

Başy » Yslam.info » HEKAÝALAR » Bir sagatjyk

Gapyny açyp öýe girdi. Eýýäm sagat, gör, näçe bolup gidipdi. Bu täze başlygam ýaman kelle agyry bolup başlapdy. Şerekediň köp işleriniöň oňa ynanylmagy, aslynda, gowam bolsa öýe giç gelmek ýokuş degýärdi birneme.. Ýadawlyk başga bir tarapy, ýadawlyk bilen bir hatarda dreyän gaharam beýleki erbet tarapydy meseläniň. Köwşüniň bagjyklaryny çözüp başlanynda, alkymyna gelip duran gyzyny gördi. Yüzi ýadaw we ukuly görünyärdi gyzjagazyň. “Henizem ýataňokmy?” diýip, gygyryp jogap berdi onuň “Hoşgeldiň, kakajan!” sözlerine.. Gyzjagaz tisginip gitse-de, azajyk gorky bilen garysyk mylaýym sesi bilen: “Kakajan sen bir sagatda näçe pul gazanýaň? diýip sorady.
“Hany boldy et.. Ýumruk ýalyjak bolup soraýan soraglaryň dagyn nähili? 20 müň manat.. Boldumy? Bäh, bu gyzy.. Bar, derrew ýeriňe geçip ýat.. Seniň samsyk soraglaryňa jogap berer ýaly wagtym ýok.. Ýadaw men..” diýip, gahar bilen aşhana ugrady.. Bir gyrada suw içip oturşyna gyzynyň “maňa 10 müň manat karz beräý?” diýmegine gaharlanyp başlady. Naäme etjekkä onça puly, indiki çagalar näteňet bolup başlady.. Hudaý saklawersin.. Günde näçe manat sowalga berýärin, näme edýärkä onça pullary.. Ejesi hem çaltrak geläýbilsedir.. Ýas bolanda näme üç günlük gitme-de diýdim welin, şumjaryp başlansoň rugsat beräýdim-dä.. Ol bolan bolsady gowy bolardy.. Ol eýden bolýar, beýden bolýar, “ballym” diýen bolýar, gusum diýen bolyar, garaz, ugruny tapýar bu bihepbe gyzyň.. Men basaramok beýle zatlary, men kaka, men işleýän, işdäki wakalar meni täsir astyna alýar, ahyryn..
Ol yene birneme ozuçe gaharlanyp oturşyna yarym sagat çemesi wagt geçdi. Yadawlyk azaldy, kosesdi.. sowady birneme gahary.. Indi bolsa eyjejik gyzjagazyna nebsi agyryp başlady.. Ozunin sowuk jogaplaryna garamazdan nahili mahirli gurleşyardi kakasy bilen.. Ol entek gor nahili kicijekdi. Nahili mahir we soygi bilen doludy eyjejik yuregi.. Birhili yylgyryp gitdi yatlamalarynyn arasyna gireninden.. Gyzjagaz kakasyny at edip, arkasyna munup heziller edyardi onun keypi kok wagty.. Sadyyan gulkusi nahili yakimlidi onun. Yone sonky wagtlar isinden gic gelenson beyle wakalar azalypdy gyzjagazyn durmusynda..
Eden herekedinin yalnişdigina dusundi, ahmyr edip başlady.. Bat bilen yerinden turdy-da gyzynyn otagyna girdi. Otag garankydy. Eyjejik gyz bolsa yassygy kellesinin ustune basyp aglap yatirdy. Sojap-sojap aglayan sesi nahili nayinjar çykyardy. Usullyk bilen onun yanina oturdy. Yassygy ayirdi, gul çyrany yakdy. Gyzynyn aglamakdan yana cym-gyzyl bolup giden gozlerini gorup ozunin agysy tutup gidipdi. Gozlerinden gayta-gayta ogsap bagryna basdy mahribanyny.. Ine indi onun ozi hem aglayardy, gyzyndan otunc sorayan jumleleri gaytalayan dodaklary bilen bir hatarda gozleri hem dek durmayardy.. Bir tarapdan bagyşla gyzym, samsyk kakany bagyşla mahribanym!! diyyar beyleki tarapdan bolsa ka onun yumsajyk yanaklaryndaky gozyaslaryny supurse, kate bolsa ony berk bagryna basyardy.. Gyzjagaz bolsa kicijek eljagazy bilen kakasynyn agzyny tutmaga calişyar we şol bolşuna-da men kakama samsyk diyme diyip mahirli yilgiryardy..
On minut çemesi dowam etdi bu taryhy pursat. Sonunda gyzjagazam onun samsyk kakasy hem koşeşdi.. Sonra name uçindir jubusinden 10 mun manat cykardy ol we gyzynyn ayasyna gysdyrdy.. Gyzjagaz seyle bir begendi welin begenjinden yana incecik sesi bilen gygyryp goyberdi. Kakasynyn apet gollary arasyndan sypyp yassygynyn aşaklaryny dorjelemage başlady kakasynyn gen galyjy seredişlerine uns berman.. Bir yerlerden akja yaglyk cikardy gyzjagaz, emay bilen eplenip goylan akja elyaglyk.. Seresaplyk bilen yagligin arasyny açyp başlan gyzjagazyn begenjini gormage goz gerekdi şol wagt. Kakasy bilesigelijilik bilen yaglygyn arasyndan çykan bir topar mayda pullary gorup birhili gen galdy. Içinden oylanmaga başlady: Munca puly bar bolsa name uçin menden pul soradyka diyyardi..
Gyzjagaz sowalgalaryndan tygşytlandygy derrew bildirip duran mayda pullarynyn arasyna sonky on mun manady hem goşdy-da, yeniş gazanan bir serkerdan hereketlerini yatladyan gadamlar bilen kakasynyn yanina gelip ona uzatdy:
- Al kakajan! Goni 10 mun manat yetenokdy, ony hem senden karz aldym. Indi bu pul 20 mun manat boldy. Sen 1 sagatda 20 mun manat gazanyan diyipdin-a.. Bir sagatjygyny men yanimda geciray-da..